06:02
Kitap
KITAP

Kitapda niçeme adam ýaşaýar,
Olar gülüp aglaýarlar, diñýärler,
Kitapda niçeme adam ýaşaýar,
Ömür sürüp, gara ýere siñýärler.

Kitapda niçeme adam ýaşaýar,
Niçeleri söýgüsine wepasyz.
Niçeme betbagt, niçe bagtly,
Ömür sürýär, sapaly hem sapasyz.

Kitapda han-begler, ahun, mollalar...
Ýaşaýar halk, ýaşaýar halk merdany.
Şonuñ üçin harlamañ siz kitaby,
Kitap bir milletiñ, bir halkyñ jany.

Kagyzlar otlanýar, jan otlanmaýa,
Jan otlanman uçup gidýär asmana.
Şoñ üçin kitaby harlamañ hergiz,
Mundan bela-beter inýär ynsana...

Allaýar ÇÜRIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Dag we Asman / Goşgular - 10.11.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Hat gatnadýan kepderi / Goşgular - 08.02.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
Dostum / Goşgular - 25.03.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Gara pişigiň gözleri / Goşgular - 11.11.2021



Всего комментариев: 4
0
3 sjsoho63   [Материал]
Mähribanlar, men öň saýtda awtordym emma harby gulluga gitdim. Häzir ony üstünlikli tamamladym emma yzymda el adresimiň dannylary ýatdan çykarlypdyr. Eger mümkin bolsa admin bilen habarlaşmany öwredäýiň. Uly hormat bilen Maksat Seýitliýew

0
4 Haweran   [Материал]
Ýitdi diýip gynanyp ýördüm. Sag-aman sowup gelen bolsañ bolýar, işiñde-durmuşyñda üstünlik. Awtorlyga goşdum. Galan ýeriñden dowam edibermeli. Janyñ sag bolsun.

0
2 Haweran   [Материал]
Ahmal. Allaýar aganyñ bu goşgusy ilki "Esger" gazetinde çykdy. Ýalñyşmasam, Aýgül hem şol gazetde işleýär, goşgulañ köpüsi oñ elinden geçýän bolmaly, soñ olam özi bilmezden ýaşulydan pikir kopiýalamasyny geçirip biler (bu hemmämizde bolýan zat). :)

0
1 Gulya   [Материал]
Şuña meñzeş bir goşgyny radioda diñläpdim. Aýgül Garaýewa okaýady öýdýän.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]