12:53
"Kim aýdýar aýralyk ajy zat diýip..."
"KIM AÝDÝAR AÝRALYK AJY ZAT DIÝIP..."

Kim aýdýar aýralyk ajy zat diýip?
Dogry, agyr zatdyr, ýegşerer gerden.
Emma, süýji zatdyr, kijijek pursat,
Ömür möhürlenip kalbyña, aña,
Ykbal manysyna öwrüler her dem.

Şatlyk baýramyñda kemis zadyñydyr,
Gaýgyly mahalyñ süýji ýatlamañ.
Käte-de bu dünýäñ baryndan geçip,
Ýeke ädim ädip, kesip, ölçerip,
Galýan ädimiñdir soñun ätlemän...

Şonda hem arzuwlañ çyrpynar ýene,
Emma, ertäñ ýollaryña kerepdir.
Agalp unutmaga synaşsañ-da sen,
Öçürmäge dem alamazlyk gerekdir.

Dogry,
Gözden ýitirse-de seni ummanda,
Boýun al, gark etmän saklaýan salmy?
Kim aýdýar aýralyk ajy zat diýip,
Kalbyñda öçmejek yz goýup giden,
Bu ömrüñ iñ süýji pursady dälmi?

Ahmet ARAZOW
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 100 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 3.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Öten agşam / Goşgular - 26.03.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Iki bende sygan ömür / Goşgular - 03.06.2021
Bahar / Goşgular - 13.03.2021
Biz hakda / Goşgular - 08.02.2021
Keramat bar bu toprakda / Goşgular - 05.02.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Aýralyk / Goşgular - 22.02.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Всего комментариев: 3
0
3 asadullayewbabajan   [Mowzuga geç]
[size=6][color=gray]gouja

0
2 Aksary   [Mowzuga geç]
Aglap unutmaga synaşsañ-da sen,
Öçürmäge dem almazlyk gerekdir.

Gowja bolupdyr Ahmet aga üstünlik!

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Awtor kä ýerlerde harp ýalñyşlyklary galypdyr.Göz aýlaýyñ.
Goşgy barada aýtsam çuñluga tarap barýanyñyzy añdym.Kämilleşme bar.Jemleme super bolupdyr
"Kim aýdýar aýralyk ajy zat diýip
Kalbyñda öçmejek yz goýup giden
Bu ömrüñ iñ süýji pursady dälmi?"
Super paradoks.Pikriñiz bilen ylalaşyp ylalaşmazlyk her kimiñ öz elinde.Menä ömrüñ iñ sûýji pursady ol dälmikä diýýän.Süýji pursady söýgiden agtarsak onda ol aýralykdan öñki başdan geçirmeler bolaýmasa.
Ýöne ýañam aýdyşym ýaly maña ýaran zat pikriñ çuñluga gidişi.Dogry ýa da nädogry.Her kimiñ öz gelen netijesi.
Üstünlik!Galamyñyz ýiti bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]