22:56
Kiçijik gülüň aýdymy
KIÇIJIK GÜLÜŇ AÝDYMY

Atdym daş maňlaýma gaçdy. Dökdüm ýaş gözlerme düşdi. Bäş (...) atdym bir boldy. Näçe atsamam, atmasamam bir boldy.
Daş - meň doganym.
Ýaş - meň doganym.
Bäş - meň doganym.
Dünýä - doganym.
Barlyk - doganym!
Geliň eý doganlam dost bolaýalyň!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 108 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 8
0
8 Mahremlik   [Материал]
haa o diyyaniñizem-ä dogry islendik zat bilen dost bolup bolar köp-köp sag boluñ düşündirişiñiz üçin

0
7 Mähriban   [Материал]
Hawa, şeýle bolsun! Sogap ýükümiz ýetik bolsun, ylaýym!

0
5 Mähriban   [Материал]
Bäş (...) atdym bir boldy. Näçe atsamam, atmasamam bir boldy.

Bäş (...) atmak näme?
... - daş, ýaş, manat (teňňe), oba, etrap, welaýat, ýurt, umman, materik, ýyldyz we ş.m.
Bölseň bölüner, bölekleri birleşdirseň bitewi bolar, bir bolar. Agzy bire Taňry berer, agzy a:ladan gaňryp alar, Oguzhanyň tymsalynam bilýäs agzybirlik, bitewilik barada. Galanam ş.m. düşünjeler..., men doganlygyň, dostlugyň tarapdary. Isleseň dogan bile dost bolup bolar, it bilen, bag bilen, ýyldyz bilen, asman bilen, ... dost bolup bolar diýip hasap edýän.

Oýlanma ýazmak aňsat eken, oňa düşündiriş ýazanyňdan :-) .

0
4 Gumlygelin   [Материал]
Hawa Suraýjan. Durmuş guranlara nika gyýylmagnyñ säbäbi hem olary doganlykdan aýyrmak bolýar öýdýãn. Diýmek nikalaşmadygymyzdan özge ãhli kişi doganymyz.

0
3 Mahremlik   [Материал]
Bagyslan welin menem bäş atmagyn namedigine dusunmedim

0
2 Mähriban   [Материал]
Mango dogan, bir filosofiýa bar eken, manysy şeýleräk: tutuş barlykdaky ähli zatlar dogan diýýär. Ahmal, dogry däldir, belkem, dogrudyr. Ýöne öz prinsiplerime gabat geleni üçin şol filosofiýany kabul etdim. 1. Gan doganlygy; 2. Din doganlygy. 3. Adam hökmündäki doganlyk; 4. Janly-jandar doganlygy; 5. Barlyk hökmündäki doganlyk.
Hiç zady bir birinden aýryp bolmaýar, hemme zat bitewi, Birlige subutnama. Onsoň 5 nedir, 50 nedir?!

Ýagşylyk etseň - ýagşylyk, ýamanlyk etseň - ýamanlyk. Sebäbi adam ýagşylygam, ýamanlygam özi üçin edýän bolmaly.
Size (goşgujyklaryma, oýlanmajyklaryma berýän ýokary ünsüňiz, ýazýan synlaryňyz, tankydy bellikleriňiz üçin) köp sag bolsun aýdýaryn, Mango dogan. Ömrüňiz uzak bolsun! Alladan gaýtsyn!

0
6 mango   [Материал]
(mähriban) suraý hanym. doganlyk filosofiýaňyzy açyp görkezmegiňizden, düşündirmegiňizden soň "mango dogan" diýip ýüzlenişiňiziň gymmatyny has beter duýdym. sag boluň.

"Size (....ýazýan synlaryňyz, ....bellikleriňiz üçin) köp sag bolsun aýdýaryn, ....Alladan gaýtsyn!" - diýen sözüňizden soň hyýalyma geldi:

ol aljyraňňy gün, her kim sogaba mätäçkä....
birden deňizden üstü sogap-ýükli gämiler (gämi däl, gämiler) gelýär.
senem sorarsyň: kimiňkikä bu üsti sogap-ýükli gämiler?
diýerler: bu gämiler seniňki.
– mende munça ýük ýokdy, ýalňyşlyk bar bolaýmasyn....
– bu sogaply-ýüki suraý doganyň iberdi. bu ýük seniňki.

... käşgä şeýle garaşmaýan ýüklerimiz, garaşmaýan wagtymyzda, hat-da garaşmaýan adamlarymyzdanam gelsedi.
muny isleýän bolsaň, onda özümizem birilerine ol ýüki iberip durmagy endik etmeli.
şuny okaýanlaryň hemmesine, hemmäňize salam iberýän, Alla size merhemedini bol etsin.

(aklyllam ekenimaý, tüweleme :-))

0
1 mango   [Материал]
Dogandan dost bolarmyka?
Dost bilen dogan okaşýalar, ýöne dogan bilen dost okaşanoklar öýdýän.
—-
Ýerde - atylan daş maňlaýa gaçar.
Kosmosda - dökülen ýaş gözlere düşer.
—-
Bäş atmak- näme?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]