22:13
Kellesi bulaşyk iki tanşym
KELLESI BULAŞYK IKI TANŞYM

Hepdäniñ ahyry... Türkiýäniñ belli ýerli telekeçilerinden bir maşgalanyñ iki agzasy bilen gürründeş boldum. Olaryñ söwdasy öñräk mazaly pese düşdi, konkordat yglan etmäge mejbur boldylar.
Olar şeýle diýýärler:
- Kemal Derwiş, Ali Babajan, Mehmet Şimşek döwründe işlerimiz erbet däldi...
Berat Albaýrai iş başyna geldi welin, batyp başladyk, walýutanyñ galmagy bilen önümçilige edýän çykdajylarymyzam ummadan aşdy...
Diñe işewür tanyşlarymyñ däl, jemgyýetde köpçüligiñ pikiri umuman şular ýaly. Jemgyýetde adamlary öz isleginden daşgaryn pikir edip, islemedik görnüşinde täsir etmek üçin döredilen tagallalara we işlere kabul etdirme (восприятие) operasiýasy diýilýär.
Bu bolsa eýýäm takyk maglumatlara däl-de, duýga esaslanýan pikir etme formasy bolýar...
Tanyşlaryna jogap berjegem bolup durmadym. Ýurdumyzdaky duýguçyllyga esaslanýan şular ýaly garşylyklary ýykmak añsat däl. Mysal üçin, osmanly ykdysadyýetini weýrançylyga iteren - iñlisler bilen baglaşylan 1838-nji ýylyñ Baltalimany söwda-"eksplutasiýa" şertnamasy we yzysüre gelen Tanzimat permany häli-häzirlerem bilim programmalarynda "öñdebaryjy-oñyn" hereketler hökmünde okadylýar!
Maddy çykdajysy ýokary prosentler bilen daşardan karz pul almaga esaslanýan sistemany ýykmak islän Sadrazam (baş wezir) Mahmut Nedim paşany agdarmak üçin Fatih we Beýazit ploşadlarynda protest çykyşlaryny etdiler. Russiýa golaý durýan daşary syýasaty sebäpli adyna "Nedimof" diýlen baş weziri wezipesinden gider ýaly etdiler we daşarky bergiler öñküsindenem artdy...
Ýokary prosentli daşarky bergiler bilen emele getirilen importa esaslanýan "ýalançy ýazlara" umuman aldandyk. Atatürk döwrüni hasaba almanymyda, Günbataryñ we içimizdäki ýaranlarynyñ maliýeden-kagyzdan ummasyz girdeji gazanýan 200 ýyla golaý wagtlyk kolonial sistemasy hemişe dowam etdi gitdi...
Senagaty we iş üpjünçiligini ýok eden/ “kagyz eksplutasiýasy” düşünjesine gowy düşünilmese ýalñyş garaýyşlar dowam eder durar...

• AH, NÄÇE GYNANSAK-DA...

Iki telekeçi tanşym Babajandan Şimşege çenli uzaýan bergä batma syýasatyna nädip aldandy? Ýüz ýyllyk taryhy bolan şereketleriniñ konkordato yglan etmeginiñ düýpli sebäbini nirden gözleýärler?
Importa daýanmaýan osmanly söwdagärlerini tapawutlanmaýandyklaryny bilenoklarmyka? Import önümleri bilen nämüçin bäsleşip bilmediler? Dürli sebäpleri bar, emma düýp sebäbi şudy:
Türk lirasy aşa hümmetlidi!
Türk lirasy hümmetini ýitirmesin diýip dowamly ýokary prosent bilen daşardan karz pul alyndy. Bu bolsa öz gezeginde Günbatarda prosentleriñ aşa pesde bolmagy sebäpli daşary ýurtdan soñuny gaýgyrman alynan pullar ullakan boşlugyñ emele gelmegine getirdi.
1 dollaryñ 1 türk lirasyna deñ bolmagy mümkin däldi, çünki heniz güýçli ykdysadyýetimiz ýokdy. Bu “deñ kurs keseli” yzygiderli alynýan karzlar bilen edildi.
Import önümler bilen ýerli önümleriñ bahasy deñleşdirildi. Ara mahabat we ş.m. psihologiki wagyz ediş çäreleri girdi welin, sarp ediji ýüzüni import harytlara gönükdirdi.
Hytaý munuñ tersine hereket etdi - arzan önümleri öndürip, dünýäniñ iñ uly ykdysady güýçleriniñ hataryna girdi.
Hakykat bilen ýüzleşip oñarmaly - türk lirasyny daşardan alynan karz puluñ hasabyna hümmetli etjek bolmakdan el çekmelidiris.
Görüp otyrys: türk lirasy hakyky hümmetine deñleşdi welin, import harytlara bolan isleg azalmaga başlady.
Köpbilmişsireýän ykdysatçylarymyz kejeñeklik bilen şäher legendasyny dilinden düşürenok: "Önümçiligiñ 70%-ini import düzýär!" Bu dogry däl. OECD-iñ görkezijilerine görä bu diñe 16.4% bolýar.
Ah, näçe gynansak-da... Günbatar kellesi bilen ýetişen birnäçe ykdysatçymyz ýurtdaky ýaramaz garaýyşlaryñ çeşmesi bolup durýar...

• HÖTJETLIK BILEN SORAÝARYN

Gelmek islenen ýol şu bolmaly:
Ýarym işlenen önümler bilen birlikde arzan önümçilige geçip, eksport etmeli bolarys.
Milli kapitalymyzy kagyzdan pul gazanma añsatlygyndan halas edip, önümçilige gönükdirmeli. Gürrüñsiz, döwlet hemişe ýerli telekeçileriñ arkasynda dag bolup durmaly, dowamly goldamaly.
Iki tanşym şuña düşünmeli: konkordat yglan etmekleriniñ sebäbi: Günbataryñ islän Derwiş-Babajan-Şimşegiñ ýokary prosentli bergä esaslanan ykdysady garaýyşydyr. Nämüçin netije gatnaşygy meselesinde kelleleri bulaşyk: kabul etdirilmäni (восприятие) hakykatdyr öýdýärler!
Ýogsam bolmasa şu günki öndürenlerini ertir içerki we daşarky bazarda has arkaýyn satmaga mümkinçilikleri bar. Çünki türk lirasy häzir hakyky bolmaly hümmetinde dur, arzan. Wagtyñ geçmegi bilen ýarym işlenen önümleriñ ýerli önümçiligi bilen türk harytlary uly bazarlara aralaşyp başlar.
Netijede:
Importa esaslanýan gözboýagçylykly bol-elinlik diñe döwleti däl, sarp edijilige bolan werzişlikler bilen ildeşlerimizi-de bergi batgalygyna batyrdy.
Tutuşlygyna galkynyş strategiýasyna mätäçligimiz bar, karz pul alma syýasaty - düzgüni beýle dowam edip bilmez.
“Görünmez el” - Günbataryñ görünýän kagyz elidir aslynda! Günbataryñ "soñsuz syrlar buleb doly" diýip ýuwtdurýan pul syýasatlaryna (mysal üçin Londondaky kurs spekulýatorlaryna) boýun bolmakdan el çekmelidiris.
Hawa, daşara garaşly bergi batgalygyndan çykjak bolmaly. Munuñ syýasy tarapy-da bar, bokurdagyna çenli bergä batan ýurda şantaž edip (mysal üçin ruhany Bransonda bolşy ýaly) isläniñi almak añsat!
Hötjetlik bilen altyly tegelek stola "ykdysady maksatnamañyzy mälim ediñ" diýýänim şudur.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 20.04.2022 ý.





Категория: Maliýe we ykdysadyýet | Просмотров: 72 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Maliýe we ykdysadyýet bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]