11:53
Kelemiñ döreýşi / hekaýa
KELEMIÑ DÖREÝŞI

Nurana ertirleriñ birinde Hudaý gülleri ýaradypdyr. Ine, şol täze ýaradylan bägülleriñ iñ ajaýypdan ajaby, patyşasy päkizelikden gyzaryp duran dodaklaryny ilkinji gezek Günüñ mährine çoýdy. Edil şol pursatda Iblis peýda boldy. Ol güle seredip, içki pikirini daşyna çykardym
- Sen nähili owadan!
- Hawa! - diýip, bägül jogap berdi.
- Saña seretdigimçe seredesim gelýär. Sebäbi bu dünýäde sen ýeke-täk owadanlyk! - diýip, Iblis dowam etdi. - Nähili ajaýyplyk, nähili ajaýyp reñkler, nähili janperwer yslar! Ýöne...
- Ýönäñ näme?
- Ähli daragtlaryñ güllerinden misil tut, ol güller soñundan miwä öwrülýär. Siziñ welin, hiç-hili miwäñiz ýok. Siziñ ömrüñizde many ýok. Bäri seret - bu agajyñ şahalary gozalardan düzüm-düzüm. Ýokarky başynyñ owadanlygyna söz ýok, ýöne ol ýeterlik däl. Bu agaç diñe bir ýüzlerçe jandara öý bolman, eýsem olara iýmitem berýär. Ýöne seniñ owadanlygyñdan ne peýda?!
Bägüliñ peýdaly bolasy geldi. Onuñ şol islegi şeýle bir güýçlüdi welin, ol ondan ýaña ap-ak boldy.
Ertesi Hudaý baga gezelenje çykdy.
- Eý, dünýäniñ hökümdary! - diýip, gülleriñ patyşasy ygşyldap, owadanlyk saçyp, oña ýüzlendi. - Meniñ bu dünýäge peýda getiresim gelýär!
- Peýda getir, çagajygym, - diýip, Hudaý jogap beripdir we gülüñ islegini kanagatlandyrypdyr.
Şeýdip bu dünýäde kelem döräpdir.

Ruben DARIO.

Terjime eden: Akmuhammet HEMIDOW.





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 121 | Добавил: Haweran | Теги: Ruben Dario | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Kobay / hikaye - 07.01.2022
Iñ soñky hekaýa - 23.05.2022
Enemiň haty / hekaýa - 17.05.2022
Teselli / hekaýa - 17.05.2022
Майоры / рассказ - 24.01.2022
Salam / mini-hekaýa - 23.05.2022
Asylzada / hekaýa - 10.01.2022
Üzülen kiriş / hekaýa - 11.05.2022
Ýetmiş güne durýan iñ uly gije / hekaýa - 24.04.2022
Не стоит слез / рассказ - 18.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]