20:30
Keçjal gyz
KEÇJAL GYZ

Derýa owsun atýa,
çyrpynyp derýa.
Kenarda bir peri
saçyn daraýa.

Ýuwýar gyz ýüzüni
derýañ suwuna.
Gözi gidýär derýañ
ýeriñ guwuna.

Derýa barýan ýodañ
üsti ýalazy.
Suwda tolkun atýar
gyzyñ ýañagy.

Gatnaýar gyz derýa
sypdyrman günün.
Lak atýan ýigitleñ
çekjek diýp gümün.

Söýgiden gözlänok
ol gözel bagtyn.
Akyp ýatan derýa
açýar oñ şähtin.

Ketjal gözel her gün
syryp ýodany.
Derýañ suwna basýar
näzik dodagny.

Her gün lowurdaýar
derýada keşbi.
Özge uly bagty
çekmeýär keşti.

Joralarnyñ hersi
söýüp bir ýigdi.
Ol gyzlar ýigitleñ
gujagna sygdy.

Şeýdip dag gerdenleñ
gujagy dolýa.
Keçjal gyza bolsa,
ýeten zat derýa.

Durdymuhammet GURBANOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Haweran | Теги: Durdymuhammet Gurban | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Magtymguly / Goşgular - 04.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022
Монахиня / Goşgular - 12.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Adamyň maksady / Goşgular - 16.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 MмС   [Материал]
Ýaşkomda tankydy makalalaram köp bolmaly şu awtoryň. Aýatdamyka?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]