01:51
Keçe
KEÇE

Enem her tomusda edende keçe,
Goýun ýüñün güne serip goýardy.
Çalja, mele, akly-gara ýüñleri,
Saýgyç bilen mazalyja saýardy.

Soñra boýap gyzyl, sary, ýaşyla,
Darakdişde darap,sümek ederdi.
Gülli keçäñ nagyşlarna niýetläp,
Emaý bilen sarap, ýumak ederdi.

"Bissimilla"- diýip, başlansa keçä,
Ejem täsin edip oña çeker gül.
Dokalan gymyşa salnan keçeni,
Ilki geler çekişmäge Çepergül.

Biz bilen deñine hemme begener,
Şowhunly bolardy şo gün köçämiz.
Hem inine hem boýuna "Basylyp",
Goluñ güýji bilen "Bişer" keçämiz.

Ine şeýdip täze keçeli borduk.
...El halysyn welin aýardy enem.
Ony "Zenan" atly mukaddesligiñ,
Arzyly parçasy saýardy enem.

Olaryñ düşegi keçedi, emma,
Gözeldi ahlagy haly mysaly.
Şol tämiz ýörelge undulmawersin,
Ykbaly keç keçäñ undulşy ýaly.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 129 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gutlaglar / Goşgular - 19.01.2022
«Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022
Bolar / Goşgular - 19.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Сфинкс / Goşgular - 20.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Men Aý bilen söhbet etdim / Goşgular - 11.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022



Всего комментариев: 12
0
12 Taryhçy   [Материал]
Keçe galdymyka indi bir?

0
9 Gumlygelin   [Материал]
Okanyñyz üçin sag boluñ gadyrdanlar!

0
8 Gumlygelin   [Материал]
Başdarak, dokmadarak, ýüñdarak... Bizde ýüñdaraga darakdiş diýlerde... Darakdan geçen ýüñden pişgejikler ýasalardy. Oña köpler pişge diýerdi. A enem dagy sümek diýerdi...

1
10 Nurdan   [Материал]
Ýüñ daralýan gural ýüñdarak. Darakdiş bolsa ýüñ daralyp sap ýüñ pişge alynandan soñ, guralyñ dişleriniñ arasynda galýan galyndysyna aýdylýar bizde. ,

0
11 hoşowaz   [Материал]
Sümek [sümök] I, at. Egirmek üçin pişgeden süýri görnüşde süýlüp goýlan ýüň.
Pişge [pişğe], at. Darakda daralyp, egirmäge taýýar edilip goýlan bir düýrüm ýüň.

0
7 hoşowaz   [Материал]
DARAK, at. 1. Saç daramak üçin ulanylýan diş-diş
gural, başdarak, şana. Daragyny alyp bukja saldy
(Görogly). 2. Dokma dokalanda çitilen çitimleri,
geçirilen argaçlary berkleşdirmek üçin kakylýan demir
dişli saply gural, dokma senedi. Dokma daragy. 3. Ýüň
daramak üçin üçburç enjamyň ýokarsyna iki setir uzyn
dişler oturdylan gural, ýüň darak. Ejesi ýene ýüň
daragy öňüne alyp daramaga başlady.
4. Tara
dokalanda matanyň syk bolmagy üçin ulanylýan gural,
saz. 5. Bäşataryň, sapançanyň birnäçe okuny saklaýan
guta meňzeş bölegi.

0
6 hoşowaz   [Материал]
DARAKDIŞ [darakdi:ş], at. Ýüň daralanda
daragyň dişlerinde galýan galyndy.

0
5 Mähriban   [Материал]
Gelnejemjan, aktual tema. Gowy meňzetmeler. Üstünlikler hemraňyz bolsun!

0
3 Nurdan   [Материал]
Elleriñi tendirip soñ oñ agyrsyna çydamagy diýsene, azapdy, Ejem, güýz ýüñinden girmesi gowy bolýar diýerdi, ýaz ýüñi girmezek bolýar diýerdi, onsoñ ýaz ýüñini halyñ çitimligi, ýerligi üçin ulanardy, Güýz ýüñinden keçe, hem halyñ erşini taýýarlardy, ýomut keçeleri, halylary..
mekdep döwrümiz keçe ederdi, boýdaşym bilen "el" alyşardyk, keçe basanymyzda bir birimizden galyşmajak bolup bay ellermizi tendirip awunardyg-a. Indi obada-da keçe edýän ýok bolmaly..
Gyzykly çagalygy, mähribanlarmyzy bir bir göz öñüne getirden goşgyñ üçin SAGBOL Gelinleriñ Ajaby, Ynsanlaryñ Gözeli

0
4 Aziza   [Материал]
...

0
2 Yusup   [Материал]
Yuni yuwmaly guratmaly son darakdan gecirmeli. Her renke boyamaly yene guratmaly. Keshde cekmeli, bishirmeli. Bay azaply ish. Eger dushek edip yazman dolap goyjak bolsan guyeden goramaly. Men ucuna "modadan" gacany gowy.

0
1 Yusup   [Материал]
Goshgy yashlygy yatlatdy. "Kece modadan gacdy" diyen yaly indi kece edyanem yok. Gunortanyn ot yssysynda iki oglanjyk bolup yup bn cekerdik. Sho dowur mana in ejirli ishdi. Bay yigrenerdima. Shu wagt oylanyan ayal -gyzlarynky bizin ishimizdenem has kyn ekeni.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]