09:54
Käte düşünmeseñ bolýan zatlara...
"KÄTE DÜŞÜNMESEÑ BOLÝAN ZATLARA..."

"Öýke" goşgusyna wariasiýa

Käte düşünmeseñ bolýan zatlara,
Ynamsyzlyk aralaşsa kalbyña.
Öýke aksa gözleriñden syrygyp
Meni saldym diýip aldym-berdime
Gynanyjy bolma, sebäbi seniñ
Ýaz ýagyşy ýaly mylaýym kinäñ,
Alyp barýar bizi gözümiz baglap,
Süýji wysallaryñ pynhan ýurduna.
Başyñdaky elwan seçekli öýmäñ
Hyrujyñdan barha beleñläp, galgap
Eginleñ üstünde pasyrdap dursa...
Duýsañ meni şonda özüñki ýaly
Çalymdaşlyk görseñ ruhy düñýäñde
Ömürbaky melul edip taşlajak,
Gysganyjy bolma, mähirden doly
Howur çabyraýan pyşyrdylarñy.
Ökünýänem bolsañ maña bildirmän,
Häzir diñlemersiñ höre-köşämi
Ahmyrdanmy, armandanmy horkuldap
Çaga ýaly akdyrarsyñ ýaşyñy.
Derdiñi deñ çekip bilmesem-de men
Ejeñ señ daşyñda bolar perwana
Wah, ol naçar nirden bilsin meñ üçin
Galanyñy ýersiz ýere armana.
Şire duşan jeren kimin galpyldap
Uýalarsyñ aýdyp bilmän arzyñy.
Garabagyr ene alnyñy sypap
Doga-dileg bilen oña:r terziñi.
Owarra urarsyñ şonda bar zady
Unudarsyñ şübhe bilen jepañy.
Meniñ az salymda är ömrüne deñ
Gursagyña üfläp salan wepamy
Arzyly güne çen saklasañ aýap,
Men joşgunly derýa, tolkuny tereñ
Boşan hanalarña dolaryn bada.
Mämeleñde gaýmak mysaly uýap
Süýt şekline giren muhabbetiñi
Saña "Eje!" diýjek,
Maña-da "Däde!",
Naşyja perzendiñ sokjap alanda
Göwüsleñ mazaly syzlar, 
eziler,
Şonda maña bolan öýkäñ ýazylar...





Категория: Goşgular | Просмотров: 454 | Добавил: Нawеran | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 4.5/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
Bagyşla / Goşgular - 14.01.2022
Adamyň maksady / Goşgular - 16.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Gumlygelin   [Материал]
Ajaýyplyk...

0
2 Raziýe_Soltan   [Материал]
Ahyry ozinize menzediniz Has Turkmen. Seydine yogsam Garlawacdan son beyle lezzetli zatlar okamokdym.

0
1 Garaýolly   [Материал]
Täsirli şygyr. Liriki gahryman maşgala mukaddesliginiñ aýdymcysy. Şahyr şygryñ mazmunyny okyjynyñ añyna siññitli ýetirýär.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]