06:13
Käşgä...
KÄŞGÄ...

Görýän diýmegi däl-de,
Görmegi başarsadyk.
Söýýän diýmegi däl-de
Söýmegi başarsadyk.

Başarsadyk eger-de
Bagtly borduk şeýle bir
"Bagyşla" diýmegi däl
Göwne degmän gezmegi.

Özgäniñ ýazygyna
Gözümiz ýumup bilsek.
Özümize tankytdan
"Ymarat" gurup bilsek.

Eger goýsak erkine
Guramazam, kim biler
Bary ýogy bir pasyl
Ýolman geçsek gülleri.

Inkär etmek däl netim
Ýadyñ nepi uludyr
Ýöne käte kä zady
Başarsadyk unudyp.

Kaksak kalplañ gapysyn
Galmagy başarsadyk
"Ýazýan" diýmegi däl-de
Ýazmagy başarsadyk.

Mahym NURGELDIÝEWA.

19.10.2021 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021
Gözler gözellikde eglensin / Goşgular - 02.02.2021
Аlysda galan çagalyk / Goşgular - 30.03.2021
Sen meniñ dünýämdiñ? / Goşgular - 22.02.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Bagtly bolduñmy? / Goşgular - 15.02.2021
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..." / Goşgular - 11.04.2021
Gar ýagyp dur... / Goşgular - 12.02.2021
Ara / Goşgular - 18.03.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
romantiki arzuw...
bir ýerlerine bir bet, seňseledýän удар ýetenok (ýaly)...
üstünlik, mahym hanym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]