22:16
Kär we pul hakynda hekaýat
KÄR WE PUL HAKYNDA HEKAÝAT

Iki dost ýaşapdyr gadym bir zaman,
Biri kärli, beýlekiniň puly kän.

Pully öwünipdir kakyp döşüne,
«Bitirip bilýärin islän işimi».

Kärli aýdan: «Söýýärin men kärimi,
Kärim bilen görkezerin zorumy».

Wagt geçip, sowulyp, gutarypdyr pul,
Näderini bilmän, aljyrapdyr ol.

Söýgüli kärini ýöreden dosty,
Durmuşynda ýokmuş, jinnek deý kösti.

Soňra kömek sorap dosty ýüz tutan,
«Ýalňyşdym men, munda sen bolduň utan!

Menem seniň ýaly edineýin kär,
Goý, maňa-da bolsun şowlulyklar ýar!»

Tutup isläpdir ol bir käriň başyn,
Rysgal gelip, tutan ak bagt guşun.

Pul sowular gider, bolar ol geçen,
Kär hiç ýitmez, rysgal tapar her haçan.

Eziz YKBAL.
Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Eziz Ykbal | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]