10:17
Kalbyňda sakla meni
KALBYÑDA SAKLA MENI

Bolsa bolsun aýralyk,
Kalbyňda sakla meni.
Ýat etdigim saýraýyp,
Kalbyňda sakla meni.

Ýollaryňa bakardym,
Yşk jebrini çekerdim,
Söýgi bolup akardym,
Kalbyňda sakla meni.

Ýatlap seni biregne,
Gezdim söýgime sygna,
Teselli bor ýüregme,
Kalbyňda sakla meni.

Ummanlarda sal bolar,
Teşnelikde sil bolar,
Azaşaňda ýol bolar,
Kalbyňda sakla meni.

Arzuwlar boldy gaýyp,
Ýörmedim ile ýaýyp,
Syrly hazynaň saýyp,
Kalbyňda sakla meni.

Şasenem HUDAÝBERDIÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 108 | Добавил: Nurdan | Теги: Şasenem Hudaýberdiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Gysga şygyrlar / Goşgular - 27.02.2022
Dykma serdar / Goşgular - 30.01.2022
Söwdügim / Goşgular - 26.01.2022
Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Halas et! / Goşgular - 12.01.2022
Стихи / Goşgular - 25.02.2022
Как падший ангел / Goşgular - 04.02.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]