03:48
Kalbymdaky çagajyk
KALBYMDAKY ÇAGAJYK

Dirimi sen,
Kalbymdaky çagajyk?
Oýnaýaňmy?
Surat çekýäňmi?
Aýdym aýdýaňmy?
Jykyr-jykyr gülýäňmi?
Bag astynda uklaýaňmy?
Gizlenpeçek oýnaýaňmy?
...

Gaharlanýaňmy göreňde
Tilki bilen oýnaýanmy,
gapanyň suratyn çekýänmi,
düşnüksiz dillerde aýdym aýdýanmy,
ýasama gülýänmi,
agymyň ýarysyn aglap,
ýarsynam içime salýanmy,
Ol-a bagyň saýasymyş
Ýer ýüzüne sygmaýanmy,
bar dünýeden gizlenýänmi, ...?

Eger çala janyň bolsa
Derýa okla, oýar meni,
ýüzüme suw sep ýa hiç bolman
suw damdyr agzyma azajyk!
Halas et dünýämiň ýalanlaryndan,
Kalbymdaky çagajyk!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 124 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022
Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Agam / Goşgular - 14.01.2022
Майор / Goşgular - 24.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
Debýut / Goşgular - 21.01.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 8
0
8 Mähriban   [Материал]
Köp sag boluň!

0
7 Taryhçy   [Материал]
Kimiñ kalbynda çagajyk ýok. Suraý jigi hemmeleriñ aýdymçysy bolmagy başarýar. Zehiniñi aýa. Bizi gowy goşgularyñdan binesip etme

0
6 mango   [Материал]
iki ýerde "dolanyp gelmek" usuly ulanypdyr.

1-nji dolanyp gelmek.
birinji bölegiň başynda we üçünji bölegiň başynda "dirilikden" söz açýa, gaýtadan dolanyp.

Dirimi sen,
Kalbymdaky çagajyk?
...

Eger çala janyň bolsa

2-nji dolanyp gelmek.
birinji bölegiň soňundaky "bag we gizlenpeçek oýnuna" ikinji bölegiň soňunda täzeden dolanyp gelýär.

Bag astynda uklaýaňmy?
Gizlenpeçek oýnaýaňmy?
...

Ol-a bagyň saýasymyş
Ýer ýüzüne sygmaýanmy,
bar dünýeden gizlenýänmi, ...?

----
aslynda, başgada kän ýaly....
çagalygyndaky häsiýetleriň ululukda garşylaşdyrylýan ýerleri...

Dirimi sen,
Kalbymdaky çagajyk?
Oýnaýaňmy? (Gaharlanýaňmy göreňde, Tilki bilen oýnaýanmy,)
Surat çekýäňmi? (gapanyň suratyn çekýänmi,)
Aýdym aýdýaňmy? (düşnüksiz dillerde aýdym aýdýanmy,)
Jykyr-jykyr gülýäňmi? (ýasama gülýänmi, agymyň ýarysyn aglap, ýarsynam içime salýanmy,)
Bag astynda uklaýaňmy? (Ol-a bagyň saýasymyş Ýer ýüzüne sygmaýanmy,)
Gizlenpeçek oýnaýaňmy? (bar dünýeden gizlenýänmi, ...?)

----
ýöne, gahryman şübhelenýär, kalbyndaky çagalygynyň diriliginden....
öldüräýdikmikäk...?
şeýle boldy öýdýän...

0
5 Edebiyatcy   [Материал]
Gowy goşgy bolupdyr, ýöne entegem käbir ýerleri goşga salnan bolsa has gowy bordy. Ýogsam prozalaç okalýar

0
4 Bilbil   [Материал]
Şeýle bir owadan goşgy. Tüweleme!

0
3 Gumlygelin   [Материал]
Suraýjan täsin pikirli, juda aýlawly, oýly-pikirli goşgulañ höwri köp bolsun! Tüweleme!

0
2 Mähriban   [Материал]
Taňryýalkasyn!

0
1 Aksary   [Материал]
agymyň ýarysyn aglap,
ýarsynam içime salýanmy,

Seýrek eşdilýän setirlerñiziñ höwri köp bolsun.gowy goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]