14:55
Ol hem
OL HEM

Bir Dost görmüşdim, bagüftar, köñle düşdi ýagtysy,
Kengany Ýusup şekilli nurana eken ol hem.
Synagyna sütem bermiş, takdyr kylmyş darkaşy,
Takady Ýunus dahylly sabrana eken Ol hem.

Çar paslyny hoşnut kyla, Bagda saýran "Balaýman,"
Suwy ýalñyzlyga dözmeý - gönderilen Süleýman,
Dergähinde Bylkys tagty.
Neml dagyna myhman,
Göýä Süleýman hökümli permana eken Ol hem.

Baş jygamyñ göwher gaşy, janlaryñ Jananasy--
Hormatyna bar bolunan Ahmediñ hemsaýasy,
Dost sözünden ylham alan Nur köñlüniñ kyssasy,
Hyzmaty gaýym bakymly, merdana eken Ol hem.

02.09. 2021 ý.

© Kalba NUR.





Категория: Goşgular | Просмотров: 150 | Добавил: Pero | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 3.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Mynajat / Goşgular - 27.03.2021
Keramat bar bu toprakda / Goşgular - 05.02.2021
Bir ýerlere gitsem... / Goşgular - 19.01.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
Года мои! Не судите меня строго / Goşgular - 17.03.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021



Всего комментариев: 36
0
36 Pero   [Материал]
Ay, yok, bu zatlardan awtoryñ habary bardyr öydemok. Ol bu gosgyny öñ maña okap gör diyip ugradanda men özüm goyayyn diydim, oñ näme üçin girmeyänini bilemok. Gosgyny goyan günüm okandygyny aytdy, sonda üytget diyipdi, undypdyryn, ondan soñ habarlasamok,

1
34 Pero   [Материал]
Awtor öñ maña "görmüs" "sözüni" "bermis" et diyip hayys edipdi. Üýtgetdim.

0
35 Hаwеrаn   [Материал]
Wiý, hawa-la, ýogsa-da ol aýnanyñ añyrsynda teswirçileri synlap, özi gelmän durmasy näme, eýgilikmi? Özi seslenip, ýa özi paýlaşyp bilenokmyka goşgularyny, öñ-ä goýýady. Özi geljek dälmi indi?! Ýa araçy tutsañ gyzykly bolýamyka? :)

0
33 Pero   [Материал]
Synagynda sütem bermis, takdyr kylmys darkasy,
Takady Yunus dahylly, sabrana
Bu yerde Yunusa takatlylygy emr eden sabranalygyny aytjak bolyar, Synagynda Yunus dahylly edip sabyrlylygy öwreden manyda

0
32 Myhman0430   [Материал]
öňem biri (Hassan Sabitdi öýdýän) "men sözlerim bilen Muhammedi öwmedim, Muhammet (içinde agzanym üçin) meniň sözlerimi bezedi" diýen manyrakda söz diýipdir.
(bu kommentime epigraf)

bu kommenti ýazamda @Bagabadyň esere tankyt ýazmak baradaky aýdanlaryny (13-nji kommentde) iki elläp gollaýanymy, şoňa göräräk boljak bolýandygymy aýdaýyn. hem meň tankytçy däldigimi, edebiýatdan başymyň çykmaýanyny, awtory düýbünden tanamaýanymy aýdaýyn.

okyjyň hersi birhili düşünse-de, awtoryň özi "Ol" diýende kimem bolsa birini ýa nämede bolsa bir zady gözöňünde tutandyr.

onsoň şulaň biri bolýar
1. ýa şahyr genyý, okyýjylar (hemmesi) tupoý hasaplanmaly bolýar;
2. ýa şahyr aýdyp bilmändir;
3. ýa okyjylaň biriniň aýdanyny tutup "hä, hä, howwa, men şony diýjek boldum" diýmeli (beýtse ýene käbir soraglar çykjagy belli, şoňüçin etmez)

goşgyny ýene bir gezek okap gördüm. "Ol" nämede bolsa bir zat däl-de, kimem bolsa birine meňzeýä.

orta atylan çaklamalar:

Köp çaklamany şu Hormatyna bar bolunan Ahmediñ hemsaýasy setir bilen ýalňyş edip bolýa.

1. meň aýdanym - hz Alymyka?

eger awtor şuny tutsa "şeý diýjek boldum" diýip, onda... öz aýdan zadym hakynda gürläsim gelenok.

2. @Bagabadyň birinji çaklamasy (göni aýtmasa-da) "Alla bolaýmasa diýen ýaly"

eger awtor şuny tutsa "şeý diýjek boldum" diýip, onda... däldigini @Bagabadyň özem bilen bolmaly pikirini üýtgedipdir.

3. @Bagabadyň ikinji çaklamasy (dogrusy doly düşünmedim) Mekke ýa Medinemi, awtoryň özümi, ýa başga bir Mekke, Medinede jan teslim eden birimi

eger awtor şuny tutsa "şeý diýjek boldum" diýip (@menliasyrowa91: "awtor şu dogry diýýä" diýdimi?) onda birinji bilen "Ol dost" kim? Mekkemi, Medinemi, haj parzyny berjaý edýän kişimi, Mekkede ýa Medinede jaýlanan birimi, ýa awtoryň özümi. haýsy bolanda-da "şahyr aýdyp bilmändir" diýen netije çykaýmasa.

şulaň birini tutsaň bir setir dogrulasa beýleki ýalanlar. mysal üçin
eger şäher bolsa (Mekke ýa Medine) bolsa dogrulajak setirler kän, ýöne şu setire näme diýjek

Synagynda sütem görmüş, takdyr kylmyş darkaşy,

şäheriň synagy bolmasy birtüýsli.

0
31 Pero   [Материал]
Bagabat, şu jümläñe like goýdum:
Meň pikirimç-ä, islendik eserde-de awtoryň diýjek bolan zady däl-de, okyjylaň düşünen, kabul eden (belki-de, öz oýlap tapan) zady wajyp bolaýmasa.

0
29 Pero   [Материал]
Elbetde Kalba Nur hanym muny özi bilmän ýazmandyr. Men manysyna oñly düşmän soramda ol Serdar akgañ düşündirişindäki zatlary aýtdy

0
27 mango   [Материал]
bu zatlardan meňli hanymyň habary barmyka?
"men-a beý diýjek bolmadym, eý diýjek boldum" diýäýse...

0
28 Bagabat   [Материал]
@mango, saňa-da: "bu sowalyň jogabyny 28-nji teswirden okaýsana, şo bir zady göçürip oklap oturmaýyn" diýäýmesem.
Meň pikirimç-ä, islendik eserde-de awtoryň diýjek bolan zady däl-de, okyjylaň düşünen, kabul eden (belki-de, öz oýlap tapan) zady wajyp bolaýmasa.
Kim üçin ýazylýar?
Ýa-da has dogrusy: "Näme üçin ýazylýar?".
Okatmak üçin.
Diýmek, ýazanyň näme ýazany däl-de, ýazylany "nähili" okanlary esasy bolýar.

0
26 Pero   [Материал]
Tüweleme,Serdar akga daş edipsiñiz düşündirişi. Gowy maglumatlary getirýäñiz. Alla sizde yrza bolsun!

0
30 Bagabat   [Материал]
Taňryýalkasyn.

0
22 Bagabat   [Материал]
Kalba Nur hanym, özüý-ä iş berdiň welin, ahyry düşündim-aý!
Öňem-ä bir ýerde okan zadym ekeni welin, bü deşik bedrä dönen kelle inni gatybir hezil bermejek bo:p du:.
Goşgudaky: "Ahmediñ hemsaýasy" diýen jümle nämäni aňladýar?

Abu Hatim Muhammet ibn Hibban at-Tamymy ad-Darymy al-Busti atly, milady ýyl hasaby boýunça 883-965-nji ýyllarda ýaşap geçen, musulman ulamasy, hadymy, muhaddisi, taryhçysy, "Horasanyň şyhy" tahallusyna eýe bolan, Pygamberimiziň hadyslarynyň ygtybarly teswirçileriniň biri Muhammet Alaýyhssalamyň bir hadysyny getirýär:
"Kim-de kim haramlaň birinde (Mekgede ýa-da Medinede) amanadyny tabşyrsa, Magşar Gününde Ýaradan ol adamy rahatlykda duranlaň arasynda direlder. Kimde-kim maňa uýup, Medinä gelip, meniňkä görme-görşe gelse, onda Magşar Gününde ol adam meniň goňşym bolar".

Bu hadysy tassyklaýan ýene-de bir delil, Mahmyt Zamahşaryň "Ýagşyzadalaryň bahary" kitabynyň 1-nji jildiniň 324-nji sahypasynda şeýle maglumat bar:

"Zamahşary 1118-nji (hijri 512-nji) ýylda, ýagny 45 ýaşlarynda erbet bir kesele duçar bolup, güýç-kuwwatdan, ysgyn-mydardan gaçýar. Ol bu hassalykdan sagalansoň, özüne indi hiç haçan soltanlara we döwlet işgärlerine medhiýe ýazmazlyga, olardan wezipe we haýyr-yhsan hantama bolmazlyga söz berýär.
Soň dünýewi soltanlary wagtlaýyn taşlap, soltanlaryň soltany bolan Allatagala ýönelip, oňa goňşy bolmak üçin Mekgä gidýär"
.

Diýmek bu goşgyň, ýaňky setirinde liriki gahryman haj parzyny berjaý edip, Medine-de Pygamberimiziň guburyna zyýarata baryp, Magşar Gününde Hezreti Pygamberimize "goňşy" bolmak bagtynyň özüne miýesser etmegi hakynda arzuw edýär.

0
23 Hаwеrаn   [Материал]
Serdar aga, iş edinip, janygyp gözel maglumatlary bir ýere üýşüreniñe sagbol-a, awtor bu goşgusyna şonça many berjek bolup jan edendir diýsegem, bu edebiýatlary bileniñ, okanyñ, düşünenin bilen: Sopy Allaýar bolmaly, Bahaweddin Nagyşbendi bolmaly, Ýunus Emre bolmaly, Baýezit Bestamy bolmaly, Nesimi bolmaly, Mansur Hallaç bolmaly, Magtymguly bolmaly diýip düşünýän.

0
25 Bagabat   [Материал]
Wah, @Haweran, ýazýan adam üçin köplenç bu zatlary jikme-jik bilmegiň hajatam ýokmuka diýýän.
Ýaňy, birinji teswirimde aýtdym ahyry:
4. Awtoryň aýdasy gelen hem-de köplenç özem bilmän aýdan ideýasyndan.

Orazguly aga (Orazguly Annaýew) bilen bir gezek şunuň ýaly okumyşlyk-dällik, öz şygryňda diýjek bolan zadyň bilen okyjyň düşünen zadynyň aratapawudy hakda gürrüň çykanda, onuň aýdany sözme-söz ýadyma düşmeýär welin, şeýleräk manyly bir zat diýipdi: "Kä wagt käbir okyjy saňa öz ýazan zadyňy şeýlebir çintgäp, aýdyňlaşdyryp düşündirýär welin: "Bäh! Dogrudanam men beý diýäýipdirin ekenim-aý!" diýeniňi duýman galýaň".

0
14 Bagabat   [Материал]
"An-Neml" süresiniň 44-nji aýatyny mysal getirip, Bylkys melikäň musulman bolşuny aýtmakçy bolupdym welin, ýaňy ýadymdan çykypdyr. Ine şol aýat:
27:44

قِيلَ لَهَا ادْخُلِي الصَّرْحَ فَلَمَّا رَأَتْهُ حَسِبَتْهُ لُجَّةً وَكَشَفَتْ عَن سَاقَيْهَا قَالَ إِنَّهُ صَرْحٌ مُّمَرَّدٌ مِّن قَوَارِيرَ قَالَتْ رَبِّ إِنِّي ظَلَمْتُ نَفْسِي وَأَسْلَمْتُ مَعَ سُلَيْمَانَ لِلَّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ

Kylýa Lýahadhilus-Sarha falýamma Ra'athu Hasibathu Lýujatan Ýa Kaşafat' An Sakaýha Kalýa Innahu Sarhun Mumarradun Min Kawarira Kalýat Rabbi Inni Zalýamtu Nafsi Ýa Aslýamtu Ma'a Sulýaýmana Lilläh Rabbil-Älemin.

Oňa (Bylkys melikä terjim.) aýtdylar: "Gir şu Köşge". Ol ony (köşgi, terjimeçi) görüp, ony suw düýbi hasap etdi we dyzyny ýalaňaçlady. Ol (Süleýman pygamber, terjimeçi) aýtdy: "Bu ebgineden sünnälenen Köşkdür". Ol aýtdy (Bylkys melike, terjimeçi): "Allahym! Men özüme adalatsyz bolupdyryn. Men saňa - dünýäleň Hudaýy - Allahyma Süleýman bilen bilelikde tabyndyryn".

Terjimäň nätakyklygy üçin Allam günämizi geçewersin!

0
13 mango   [Материал]
çözdiň!
ýöne owadanlygyny ýusuba deňände, birhili ýusup has owadan ýalam görünýär....
o meselänem özüňçe delillendiripsiň... onda-da...
belki - gözelligiň şöhlesini ýusupda, sabryň söhlesini yunusda (belki-de eýýupda) gördüm - ýalyragam bolsa boljak eken ýaly....
-----
....Ahmediñ hemsaýasy,
hemsaýa goňşy dalmi, "söhbetdeş" diýiipsiň welin?

0
15 Bagabat   [Материал]
Dogry aýdýaň, @mango! Ýalňyşypdyryn "hemsaýa" - duldegşir goňşy diýmek ekeni. Men "hemsöhbet" bilen bulaşdyrypdyryn.
Diýmek, onda ýene-de sorag galýar:
Muhammet Alaýyhsalamyň goňşusy kim?!

0
16 Bagabat   [Материал]
Ýunus pygamber hakda-da belligiň dogry. Ýunus pygamber balygyň garnynda gezýär. Sabyr-kanagatyň nusgasy hökmünde bolsa, hemme malyny-halyny, bala-çagasyny, öý-öwzaryny ýitirip, özem tenini kyrk ýyllap gurt iýip ýatsa-da imanyny kör etmedik, Şeýtanyň alyna gitmedik Eýýup pygamber hasaplanýar.
Ýöne şol bir wagtda-da Ýunus pygamberem Kurany Kerimiň 37-nji "as-Saafat" süresinde Allaha wepadar hökmünde beýan edilýär.

0
12 Bagabat   [Материал]
Çünki Allatagalaň ýene-de bir ady: “EN-NURU” – “Nurdan doludyr”.
Köňül ýagtysam Allaň nurunyň bir ülüşjigidir.
Soňra bu şygryň liriki gahrymany, öz "Dostunyň" waspyny öňküsi dek şertli-syrly dilde beýan edýär hem-de şol bir wagtda Oňa bolan Yşkynyň, Mähribanlygynyň, nädip, näme üçin dörändigini aýdýar:
"Kengany Ýusup şekilli nurana eken ol hem."
Ynsanlaň içinde iň owadanlarynyň biri "husny-jemaly aýa meňzeş" Ýusup pygamber bolupdyr. Olam näme üçin şol derejede gözel keşpli?
Allaň eradasy bilen.
Diýmek, liriki gahrymanyň Dosty-da "Kengany Ýusup" deý nurana. Elbetde, liriki gahryman Dostunyň gözelligini Ýusup pygamberiňkidenem artyk saýýar, ýöne deňeşdirmäge ölçeg ýok. Sebäbi oňa barça bellisi Ýusup pygamberiň gözelligi. Şoň üçinem, Ol "Ýusup deý owadan" diýmeýär-de, "nurana" diýýär. Şekiliň owadanlygynyň ýa-da dälliginiň ölçegini "Nur" bilen aňladýar.
Goşgyň ikinji topbagy, Kurany-Kerimiň 27-nji "An-Neml" (Garynja) süresine salgylanma berýär. Bu sürede ilki bilen-ä Musa Kelamulla hakda, oň käbir mugjyzalary barada, onsoňam Dawut we Süleýman pygamberler hakda, Süleýman pygambere diňe bir adamlaň däl, eýsem, jynlar bilen guşlaň üstündenem hökmürowanlygyň bagyş eýlenendigi beýan edilýär. Şoň ýaly-da bu sürede Salyh bilen Lut pygamber hakda aýatlar hem bar.
Şoň ýaly-da, bu sürede Bylkys melikäni (hristianlarda, царица Савская) Süleýman pygamberiň ýeke-täk Allaha uýmaga ynandyrandygy hakda aýat bar:

27:23
إِنِّي وَجَدتُّ امْرَأَةً تَمْلِكُهُمْ وَأُوتِيَتْ مِن كُلِّ شَيْءٍ وَلَهَا عَرْشٌ عَظِيمٌ

Inni Ýa Jattumra' atan Tamlikuhum Ýa Utiýat Min Kulli Şaýýin Ýa Illýaha' Arşun Azyým.

Men ol ýerde olaň üstünde patyşalyk edýän zenany tapdym. Oňa hemme zat berildi we onuň beýik tagty bar.
Goşgyň bu topbagynda ulanylýan "Neml dagy" diýen söz düzümi bolsa hut Kurany-Kerimiň 27-nji "An-Neml" (Garynja) süresine, salgylanma, açarjyk-adalga bolup durýar.
Galyberse-de, hut şu suraň 88-nji aýatynda-da dag agzalyp, Haktagalaň gudraty bilen "daglaryň bulut deý herekete girjekdigi" beýan edilýär.
Bu topbakda ulanylýan ýene-de bir köpmanyly jümle: "Bagda saýran "Balaýman"," bolup durýar. Bu jümläň özboluşlylygy, "balaman" atly guş, ýyrtyjy guşlaň maşgalasyna degişli, aw guşy bolup durýar. Onsoň sorag döreýär:
Heý-de ýyrtyjy guşam bir saýrarmy?
Ol jokurdaýar ahyry!
Emma, bu sözüň türkmen dilinde aňladýan ýene-de bir manysy, üflenip çalynýan şeýle saz guraly bar we ol gadymy döwürlerden bäri ykrar edilip gelinýän ýetmiş iki saz gurallarynyň sanawyna girýär.

Şygryň üçünji topbagy bolsa, liriki gahrymanyň öz Dostuna bolan ymtylyşyny jemleýär. Ýöne, şahyra-hanym goşgyň jemlemesinde-de, şertli-syrly aňlatmalary ezberlik bilen ulanmagy başarýar.
Mysal üçin: "Hormatyna bar bolunan Ahmediñ hemsaýasy".
Ahmet kim?
Hezreti Pygamberimiz Muhammet Alaýyhssalamyň ajaýyp atlarynyň biri Ahmet!
Pygamberimiziň hemsaýasy (söhbetdeşi) kim?
Käbirleri: "Jebraýyl perişde" diýmegi ähtimal.
Ýöne, Jebraýyl perişde Kimiň sözlerini getirýär? Ol Kimiň çapary?
Diýmek, pygamberimiziň Esasy Söhbetdeşi - Allatagala!
Bu setirdäki: "Hormatyna bar bolunan" diýen jümle bolsa, Nasyreddin Rabguzyň "Kysasyl Enbiýa" kitabynyň 1-nji jildindäki awtoryň giriş sözünde-de getirilen, Muhammet Alaýyhssalama ýüzlenilip diýlen: "Eger sen bolmadyk bolsaň, men älem-jahany ýaratmazdym" diýen söze salgylanma berýär.

3.Goşgyň mazmunynda beýan edilýän pikir we duýgy, onuň sýužetinden hem-de beýan ediliş stilinden gelip çykýar.
Sopuçylyk, Allany Dost tutunmak, Onuň Yşkynda joş urmak, şol Yşkdan, şol gözlegdenem özüňe ylham, güýç-kuwwat almak.
Bir bellemeli ýagdaý, bu goşgyň liriki gahrymany üçin - Dost hakda pikirlerem, şonuň bilen bagly duýgularam, kitapda ýazylan owadan söz däl-de, durmuşy hakykat. Sebäbi liriki gahryman Onuň bardygyny, hemişe ýanyndadygyny duýýar. Şonuň şeýledigini beýlekilere-de aýan etmek üçin hut şu stilde "geplemegi" saýlap alýar.

4.Goşgyň ideýasy:
Adamda ýeke çyn Dost bar! Alla! Kyn günüňde söhbetdeşligem, derdinişmegem, güýç-gaýratam şonda gözle!
Wessalam - gep tamam.

0
11 Bagabat   [Материал]
Döredijligiň her bir miwesini - isle surat, isle şygyr, isle kyssa ýa-da kinemotografiýa eseri bolsun - edebi-çeper tankyda sezewar etmekçi bolsaň ýa-da seljermek isleseň, şol seljremäňde-de eseri (ýa-da oň awtoryny) "ýere sokmak" niýetinden ugur alman, obýektiwligi saklamak maksadyň bar bolsa, her bir esere indiwidual çemeleşmeli bolýa.
Sebäbi, döredijilik - bu ilkinji nobatda subýektiwlikden gelip çykýar. Her bir eser aýratynlykda gaýtalanmaz hem-de özboluşly häsiýetlere eýe bolýar. Eserler biri-birine hernäçe meňzeş bolsa-da, bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly olar biri-birinden tapawutlanýarlar. Şeýlelikde, edebi tankyt meselesinde uniwersal usul tapmak kyn. Tarapgöýlükde ýa-da urdumşalykda aýyplanmazlyk üçinem obýektiwligi saklamak zerur. Bu paradoks - subýektiw zat barada obýektiw seljerme geçirmek. Ýöne hut şu paradoksda-da edebi tankydyň özeni ýatyr.
Ýöne, muňa garamazdan, islendik eseri tankydy nukdaýnazardan seljermek üçin, käbir ýönekeýje uniwersal (hemme eser babatda ulanmaga ýaramly) edebi-derňew serişdejiklerini kesgitlemek bolarmyka diýýän.
Ýazuw eseri (proza, poeziýa, drama, esse, epistolýar eser, publisistika we ş.m.) nämeden ybarat?
1. Tekstden;
2. Çeper eser ýa-da oçerk bolsa - sýužetden;
3. Mazmunynda beýan edilýän pikirden (liriki eser bolsa, duýgudanam);
4. Awtoryň aýdasy gelen hem-de köplenç özem bilmän aýdan ideýasyndan.

Şeýlelik-de, islendik ýazuw eseri boýunça doly möçberde tankydy seljerme geçirmekçi (ýa-da gysgaça aýtmakçy) bolsaň, seljerýän eseriň şu dört düzüm böleginiňem artyk/kem taraplary barada agzamalymyka diýýän. Ýogsa, tankydy seljerme, eseriň awtorynyň (oňa duýgudaşlyk bildirýänleň ýa-da edebiýata, tankyda düşünýänleň) gözünde, şu aşakdaky epitetlere mynasyp bolýandyr diýip çaklaýan:
1.Gömelteý;
2.Ýarpy-ýalta;
3.Çalasowat;
4.we ş.m., we ş.m...

Indi, şygryýet meselesinde çalasowat bolsam-da, bu ugur bilen azda-kände gyzyklanýan adam hökmünde, "Kalba nur" tahallusy bilen şahyra-hanym tarapyndan ýazylandygy mese-mälim bu goşgyň düzüm bölekleri hakda käbir pikirlerimi aýdaýyn:

1. Goşgyň tehnikasy (kapyýasy, düzüm gurluşy, setirleň akgynlylygy, sözlemleň düzülişi, söz gorunyň baýlygy):

a) goşgyň düzülişi: nusgawy (klassyky) gündogar şygrynyň stilinde, 11 bogunlyk aruz ölçeginden tapawutlykda, 15 bogunly "agyr" düzülen dört setirden ybarat, meň bilşimçe, murapbag gazal görnüşinde.

b) goşgyň söz gory - baý, türkmen diliniň şireli sözleri köp ýerde jaýdar ulanylypdyr. Mysal: Çar paslyny hoşnut kyla, Bagda saýran "Balaýman,";

ç) setirleň içki ritmi-de, setirsepleşik ritmi-de gowy saklanan, akgynly okalýar. Muň ýaly endigan akgynlylyk bolsa, ýene-de bir gezek gaýtalasak, esasan gündogar şygryýetiniň nusgawy görnüşlerine mahsus;

d) goşgyň kapyýalarynda täzelik ýok, häzirki zaman gündelik türkmen dilinde ulanylmaýanam bolsa, köplere mälim adaty sözleriň, içki bogun, aýdylyş gurluşyndan ugur alnyp, çatylan sözler: nurana, sabrana, permana, merdana, balaýman, Süleýman, myhman, jananasy, hemsaýasy, kyssasy... . Maýakowskiýniň ýa-da Gurbannazar Ezizowyň şygyrlaryndaky ýaly täze, geň galdyryjy kapyýalar ýok.

2. Goşgyň sýužeti:
Gündogar sopuçylyk akymynyň şygyrlaryna çalymdaşlykda, Allatagala bolan Ylahy yşkyň, Ony özüňe Dost, Hemsaýa (söhbetdeş), Mähriban saýmagyň şertlendirilen syrly görnüşde beýan edilmegi.
Ynsanyň Ýeke-Täk Dosty kim?
Allatagala.
Oň 99 gözel adynyň ençemesi hem gönüden-göni Keremli Hakyň hut şu häsiýeti bilen bagly. Mysal üçin:
“EL-WUDUDU” – “Orän dosty köpdür”;
“EL-WALIÝU” – “Hemaýatçydyr we dostdyr”;
“EL-MOHASSI” – “Öz töweregine jemleýändir”;
“EL-KAÝÝUMU” – “Hemmeleri saklaýjy we goraýjydyr”;
“EL-WAJEDU” – “Hemmeleri baglaýjydyr”;
“ER-RAUFU” – “Hoşgylyk we mähribandyr”.
Bu barada goşgyň ilkinji setirinde açyk aýdylýar hem-de sopuçylyk tarykatyna salgylanma berilýändiginiň açary goýulýar:
"Bir Dost görmüşdim, bagüftar, köñle düşdi ýagtysy,".
Ynsan kim bilen hemişe, hatda amanadyny tabşyrandan soňam "bagüftar" bolýar, ýagny sözleşýär? Nädip sözleşýär?
Köňül ýagtysynyň üsti bilen.

0
17 sabyrly   [Материал]
@bagabat, "Al- mohassi" ady Allatagalanyň 99 adynyň içinde barmy-ka? Pars dilinde bir söz ýaly.

0
18 Bagabat   [Материал]
ALLA TAGALANYŇ 99 Mübärek ady:
1. “ALLAHU” – “Älemi döreden Perwerdigäriň hut öz ady”;
2. “ER-RAHMANU” – “Örän rehimlidir”;
3. “ER-RAHIMU” _ “örän mähribandyr”;
4. “EL-MÄLIKU” – “Hakyky Patyşadyr”;
5. “EL-KUDDUSU” – “Hemmeden päkdir we pähimlidir”;
6. “ES-SALAMU” – “Onuň aýby ýokdur”;
7. “EL-MOMINU“- “Iman we rahatlyk bagyşlaýjydyr”;
8. “EL-MOHIMINU” – “Penaýlaýjydyr”;
9. “EL-AZIZU” – “Hemmäni ýeňijidir”;
10. “EL-JEBBARU” – “Hemmeden başarjaňdyr”;
11. “EL-MOTAKABBIRU” – “Ägirt we beýik hojaýyndyr”;
12. “EL-HALIKU” – “Ýaradyjydyr”;
13-14. “EL-BARU - EL-MOSAWWIRU” – “Jan we keşp berijidir”;
15 . “EL-GAFFARU” – “Geçirimlidir”;
16. “EL-KAHHARU” – “Hemmeden üstündir”;
17. “EL-WAHHABU” – “Hemmeden jomartdyr”;
18. “ER-RAZZAKU” – “Hemmelere rysgal berijidir”;
19. “EL-FATTAHU” – “Kynçylygy aýryjydyr”;
20. “EL-ALIMU” — “Ylmy Onuň giňdir”;
21. “EL-KABIZU” – “Yrsgaly bermäge-de, almaga-da ukyplydyr”;
22. “EL-BASITU” – “Yrsgal köpeldijidir”;
23. “EL-HAFIZU” – “Kiçeldijidir”;
24. “ER-RAFU” – “Beýiklendirijidir”;
25 . “EL-MOIZZU” – “Hezzet berijidir”;
26. “EL-MOZILLU” – “Zelel berijidir”;
27. “ES-SAMIU“ – “Hemmeden zady eşidijidir”;
28. “EL-BASIRU” – “Hemme zady görüjidir”;
29. “EL-HAKAMU” – “Doly hökümdardyr”;
30. “EL-ADULU” – “Adyl we kämil ynsaplydyr”;
31. “EL-LATIFU” – “Bütinleý mähriban we keremlidir”;
32. “EL-HABIRU” – “Bilijidir we habarlydyr”;
33. “EL-HALIMU” - „Örän sabyrlydyr”;
34. “EL-AZIMU” – “Örän beýikdir”;
35. “EL-GAFURU” – “Örän rehim-şepagatlydyr”;
36. “EL-ŞUKURU” – “Gadyrdandyr”;
37. “EL-ALYÝU” – “Aly jenapdyr”;
38. “EL-KABIRU” – “Örän ýokarydyr”;
39. “EL-HAFIZU” – “Hemmäni goraýjydyr”;
40. “EL-MOGITU” – “Edermenlik we gaýrat berijidir”;
41. “EL-HASIBU” – “Hemmeleri kanagatlandyryjydyr”;
42. “EL-JELILU” – ‘Beýik mertebelidir”;
43 . “EL-KARIMU” – “Örän keremlidir”;
44. “ER-RAKIBU” – “Bütinleý goraýjydyr”;
45. “EL-MAJIBU” – “Namazy kabul edijidir”;

0
19 Bagabat   [Материал]
46. “EL-WASU” – “Hemme giňişligiň hojaýynydyr”;
47. “EL-HAKIMU” – “Hemmeden dana we hakykatçydyr”;
48. “EL-WUDUDU” – “Orän dosty köpdür”;
49. “EL-MAJIDU” – “Örän beýlkdir”;
50. “EL-BAISU” – “Merhumlary dirileýjidir”;
51. “EŞ-ŞEHIDU” – “Ol hemme ýerde häzirdir we sylaýandyr”;
52. “EL-HAKGU” – “Ol Hakdyr”;
53. “EL-WEKILÜ” – “Hemme uly işleri çözüjidir”;
54. “EL-KAWIÝU” – “Güýç çeşmesidir”;
55. “EL-MATINU” – “Ägirt güýjüň eýesidir”;
56. “EL-WALIÝU” – “Hemaýatçydyr we dostdyr”;
57. “EL-HAMIDU” – “Tarypa mynasypdyr”;
58. “EL-MOHASSI” – “Öz töweregine jemleýändir”;
59. “EL-MOBADIU” – “Ilkinji ýaradyjydyr”;
60. “EL-MOIDU” – “Ikinji gezek ýaradyjydyr we döredijidir”;
61. “EL-MOHAÝÝI” – “Direldijidir”;
62. “EL-MOMIÝETU” – “Ölüm ugradyjydyr”;
63. “EL-HÄÝÝO” – “Hemişe diridir”;
64. “EL-KAÝÝUMU” – “Hemmeleri saklaýjy we goraýjydyr”;
65. “EL-WAJEDU” – “Hemmeleri baglaýjydyr”;
66. “EL-MALIDU” – “Belent mertebelidir”;
67. “EL-WAHIDU - WE - EL-AHADU” – “Ol ýeke-täkdir”;
68. “ES-SAMADU” – “Ol garaşsyzdyr”;
69. “EL-KADYRU” – “Güýçli we gudratlydyr”;
70. “EL-MOKTADIRU” – “Ägirt kuwwatyň eýesidir”;
71. “EL-MOKADDAMU” -
72. “EL-MOAHHIRU” – “Durmuşy ilerledip-de, pesede gaçyryp bilýändir”;
73. “EL-AWWALU” – “Hemmeden beýikdir”;
74. “EL-AHIRU” – “Hemmeden ahyrdadyr”;
75. “EZ-ZAHIRU” – “Oňa hemme zat äşgärdir”;
76. “EL-BATINU” – “Syry äşgär däldir”;
77. “EL-WALI-U” – “Hökmürowandyr”;
78. “ЕЬ-МОТАLI” – “Hemmelerden belentdir”;
79. “EL-BARRU” – “Ajap ahlagyň eýesidir”;
80. “EL-TOWWABU” – “Tobany çalt kabul edýändir’;
81. “EL-MONTAGIMU” – “Aryňy alyp berýändir”;
82. “EL-AFUWWU” – “Örän geçirimlidir”;
83. “ER-RAUFU” – “Hoşgylyk we mähribandyr”;
84. “MALIK-OL-MOLK” – “Ýerde, asmanda ähli zat onuňkydyr”;
85. “ZULJELALI WAL-IKRAM” – “Saheb jelal we keremlidir”;
86. “EL-MOKISIT” – “Adyl we ynsaplydyr”;
87. “EL-JAMIU” – “Hemme zatlary jemläp bilýändir”;
88. “EL-GANIÝU” – “Mätäç däldir”;
89. “EL-MUGNI-U” – “Mätäç etmez”;
90. “EL-MAANI-O” – “Gudratyň eýesidir”;
91. “EZ-ZAARRU” – “Zelel ýetirip bilýän güýji bardyr”;
92. “ENNAFI-U” – “Peýda ýa-da nep berýän güýji bardyr”;
93. “EN-NURU” – “Nurdan doludyr”;
94. “EL-HADI-U” – “Rast ýoly görkezijidir”;
95. “EL-BADI-U” – “Ol taýsyz ýaradyjydyr”;
96. “EL-WARASU” – “Ol bakydyr we ondan başga baky ýokdur”;
97. “EL-BAKI” – “Howpdan-hatardan aman saklar”;
98. “ER-RAŞIDU” – “Hakykady we ýagşylygy eý görýändir”;
99. “ES-SABURU” – “Sabyr-Takadyň eýesidir”.

0
20 Bagabat   [Материал]
@sabyrly, 58-nji mübärek ada seret!

0
21 mango   [Материал]
bagabat daýy.
seniň goýan esmai-hüsna-ň aýdylyşynyň bize has düşnüklisini şu adresden alyp goýýan: http://ylmyhal.narod.
ru/iman_esaslary
/allaha_iman/ism.html

Hadyslarda aýdylyp geçilen atlar şulardyr:
1. Allah,
2. er-Rahman,
3. er-Rahym,
4. el-Melik,
5. el-Kuddus,
6. es-Selam,
7. el-Mü’min,
8. el-Müheýmin,
9. el-Aziz,
10. el-Jebbar,
11. el-Mütekebbir,
12. el-Halyk,
13. el-Bari,
14. el-Musawwir,
15. el-Gaffar,
16. el-Kahhar,
17. el-Wehhab,
18. er-Rezzak,
19. el-Fettah,
20. el-Alim,
21. el-Kabyz,
22. el-Basyt,
23. el-Hafyd,
24. er-Rafi,
25. el-Mu’yz,
26. el-Müzil,
27. es-Semig,
28. el-Basyr,
29. el-Hakem,
30. el-Adl,
31. el-Latyf,
32. el-Habir,
33. el-Halim,
34. el-Azym,
35. el-Gafur,
36. eş-Şekur,
37. el-Aliý,
38. el-Kebir,
39. el-Hafiz,
40. el-Mukyt,
41. el-Hasib,
42. el-Jelil,
43. el-Kerim,
44. er-Rakyb,
45. el-Mujib,
46. el-Wasi’u,
47. el-Hakim,
48. el-Wedud,
49. el-Mejid,
50. el-Bais,
51. eş-Şehid,
52. el-Hakk,
53. el-Wekil,
54. el-Kawiý,
55. el-Metin,
56. el-Weliý,
57. el-Hamid,
58. el-Muhsi,
59. el-Mübdi,
60. el-Mu’id,
61. el-Muhýi,
62. el-Mümit,
63. el-Haýý,
64. el-Kaýýum,
65. el-Wajid,
66. el-Majid,
67. el-Wahyd,
68. es-Samed,
69. el-Kadyr,
70. el-Muktedir,
71. el-Mukaddim,
72. el-Muahhyr,
73. el-Ewwel,
74. el-Ähyr,
75. ez-Zahir,
76. el-Batyn,
77. el-Wali,
78. el-Mute’ali,
79. el-Berr,
80. et-Tewwab,
81. el-Müntakym,
82. el-Afuw,
83. er-Rauf,
84. Malikül-Mülk,
85. Zül-Jelali wel-Ikram,
86. el-Muksit,
87. el-Jami,
88. el-Ganiý,
89. el-Mugni,
90. el-Mani’u,
91. ed-Darr,
92. en-Nafi’u,
93. en-Nur,
94. el-Hädi,
95. el-Bedi’u,
96. el-Baky,
97. el-Waris,
98. er-Raşid,
99. es-Sabur.
---
58. “EL-MOHASSI” diýeniň "el-Muhsi"... ikisem dogry
biri arabyň ýa farsyň aksentinde, beýlekisi türkileň aksentindemika?

0
24 Bagabat   [Материал]
Sag bol.

1
10 edebiyatteswiri   [Материал]
Kalba Nuruň şu goşgusynyň manysyny Osman aga - Osman Ödäýew bolan bolsady hemmämize düşündirerdi. Kalba Nur gaty zehinli zenan. Onuň bu şygrynda pelsepewi şahyrana pikir ýöretmeler bar. Bu pelsepewi şahyrana pikir ýöretmelere diňe edebi kitaplary okamagy hemişelik endigine öwren okyjy düşünip biler.

Kalba Nur galamyň ujy ýiti bolup, liriki eserleriň höwri köp bolsun

1
9 Pero   [Материал]
Bolýa Tumarly,nesipli bir gün goýaýaryn.

-1
8 Tumarly   [Материал]
Meñli òz goşgularyñyzy goýsañyzlañ

1
7 Aksary   [Материал]
Mert...

-3
6 Sergezzan   [Материал]
Siz maňa söymegi öwredin, menem size nadip goşgy yazmalydygny öwredeyin

1
3 Myhman0430   [Материал]
hz. Alymyka?

0
2 Pero   [Материал]
Siziñçe,kimkä Mango?

1
4 mango   [Материал]
ýewreýler soraga sorag bilen jogap berýä....
biz olardanam geçirdik öýdýän :-)
---
ol Ahmet diýjek bolýan welin - ol "Ahmediň hemsaýasy" diýýäň...
imanyň gürrüňimi?

1
5 Myhman0430   [Материал]
a. Bir Dost
b. Ýusup şekilli nurana
ç. Synagynda sütem görmüş
d. Ýunus dahylly sabrana
e. Süleýman hökümli permana
ä. janlaryñ Jananasy
f. Ahmediñ hemsaýasy
g. Dost sözünden ylham alan
h. Nur köñlüniñ kyssasy
i. Hyzmaty gaýym bakymly, merdana

a, b, f, h-lardan başga haýsylary iman hakda bolup biler?

1
1 mango   [Материал]
Ol kim?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]