21:32
Kakar
KAKAR

Remezan aýynda on tördi gije
Gözeller üýşerler, bir zyban kakar.
Garaşarlar, geler soltany täji,
Ýasawul aýlanyp, bir perman kakar.

Balyk ýüzebilmez suwa girende,
Guş pessaýlap düşer ýüzün görende,
Keibler hoş salamyn berende,
Başy asman ýeter, şol zaman kakar.

Göwher ýata bilmez suratyn bakyp,
Utana, aglaýyr derýadan çykyp,
Peek ot gorsamaz yşygyn ýakyp,
Eger ki meýl etse, bir lerzan kakar.

Bilbil gonmaz höwes eýläp gülüne,
Lal bolar, bir sözün almaz tiline,
Gazlar ýüzebilmez, batar kölüne,
Sallanyp ýörese, ol aýan kakar.

Gördüm, aý dogmady, bagty garadyr,
Gül uklady diýdim, bagry ýaradyr,
Ýyldyzlar dogmazlar, bu ne çäredir?
Ýar yşkynda bakyp, al asman kakar.

Zülpleriñ bir ujy lamekan gitdi,
Pelekler dyrmaşdy, asmana ýetdi.
Nepes neressäni goýdy, unutdy,
Yşkynda zarlaýyp, ol destan kakar.

Mollanepes.





Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Haweran | Теги: Mollanepes | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022
Туркменистан / Goşgular - 25.02.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Вечер / Goşgular - 20.02.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]