05:32
Kakamyň düýşümde aýdan sözleri
KAKAMYŇ DÜÝŞÜMDE AÝDAN SÖZLERI

Gyzym, biz gideli
Güneşiň ak bolýan ýerine,
Ýagşyň köşeşýän ýerine,
Ýagtylygyň äleminde
Keýikleriň agaýana güneşleýän ýerine.

Biz gideli
yzda galdyryp tüm adasyn,
saýlap ýollaň sadasyn,
iň gülgüzar ýodasyn.

Men saňa görkezjek
mähriň, söýgiň hem yşkyň
günsaýy güýjeýän ýurduny,
bu wagtyň, bu giňişligiň
tamamlanýan ýurduny,
Perişdeleň ýaşaýan mekanyn,
Melikeleň ýaşaýan mekanyn,
Ak ganatly bulutlaň
herýan uçýan ýerini,
hüýr perileň ak gülaba
reňgi düşýän ýerini.

Ýene kän zady görkezjek,
ýöne sen olary
köňül gözi bilen görewer, gyzym!
Hany, dogumlyja gyzymdyň-a sen,
Gorkma,
Ýör, gyzym!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 112 | Добавил: Mähriban | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Magtymgula nezire / Goşgular - 19.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
«Белый, белый, белый, белый...» / Goşgular - 18.01.2022
Деревенская любовь / Goşgular - 20.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Gelsene... / Goşgular - 19.01.2022
Meni saklap bilermiň sen? / Goşgular - 15.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Bentler / Goşgular - 24.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 mango   [Материал]
Men saňa görkezjek

bu wagtyň, bu giňişligiň
tamamlanýan ýurduny,

Ýalňyşmasam, wagt diýen zat jennetde ýok.
Wagt - bize bu dünýede
bedenimize täsir edýär,
garradýar.
Wagt - bize bu dünýede
ruhumyza täsir etmeýär,
garratmaýar.
Şo sebäpden
beden garrasada ruh garramaýar.
Ruh - wagtyň ýok ýerinde juwan ýaşda galar (bolar).

Hemmämiz wagtyň ýok mekanyna mynasyp bolalyň.

0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Bu dünýäde niçik taparsyň karar,
Ah, Jenneti gören bisabyr ruhum

0
2 Mähriban   [Материал]
Hawa.

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Kä düýşler syrly, kä düýşler oraşan bolýa. Kä düýşler bolsa bizi ukudan oýarýan oýalyk mysaly bolýar...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]