03:05
Kakamjanyň erikleri
KAKAMJANYŇ ERIKLERI

Birhili sowuk-la şu gün,
Endamym jümşüldäp gidýär.
Kakamyň eken erigi
Şemala ygşyldap gidýär.

Ätlämok agyl tarapa,
Mallaň başam amandyr-la.
Serim sämeýär o ýanda
Daglaň başam dumandyr-la.

Birhili sowuk-la şu gün,
Geýdim pagta ýeňsizimi.
Aýlap otyr çarhy pelek
Gamlysyny, gamsyzyny.

Kakamdan galan kepje-de
Aýaguçda dymyp ýatyr.
Kyblamy gören suwly ýap
Bugdaýlyga eňip ýatyr.

Garagol bolduk nämüçin,
Çagalykda oýnanmyzda.
Kakamjanyň erikleri
Gülläp otyr gaýramyzda.

2019 ý.

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 135 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watan / Goşgular - 25.03.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Syr / Goşgular - 01.06.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
O ýer.. / Goşgular - 07.02.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Söýgi söhbeti / Goşgular - 19.03.2021
Arzanladyş / Goşgular - 11.04.2021



Всего комментариев: 14
0
13 Mähriban   [Материал]
Okaýanyňyz we seslenýäniňiz üçin köp-köp sag boluň!

1
12 Gumlygelin   [Материал]
Gussaly hem juda ýakymly ýatlamalar...

1
10 Aksary   [Материал]
Ýene de

"Kakamjanyñ erikLERi"
goşgynyñ ady köplükdi
Birinji topbagyñ üçünji setiri birlik eken

Şonuñ ýerine goşgynyñ adyn salsañ gelişäýjek ýaly

1
8 Aksary   [Материал]
Gowy goşgy.Ýöne

KepJe mi?
KepÇe mi?

1
11 Alaýabyly   [Материал]
Kepje dogry

1
5 Alaýabyly   [Материал]
"Kakamjanyň..." diýen söz nähili gowy eşidilýär

1
Sen daglara gelmeli Suraý. Ähli şahyrlar paytagtda. Gel senem

1
4 mango   [Материал]
ine, peýdaly maslahat.
şu gezek ýelena hanym bilen doly ylalaşýan.

1
6 Hаwеrаn   [Материал]
Bägül, ýeke özüñi bilmän ildeşiñe ugur-ýol salgy beräýmeli eken. Daga ýeke özüñ çykmaly däl. :)
Elbetde, çyn zehinler gyra-bujakda galmasa, elýeterde bolsa gowy. Ýogsa "göwher kül içinde-de göwherdir", nirde bolanda-da sesini eşitdirer welin..

1
Men şu wagt eger kellejigiñi işledip bilyän bolsañ eďil şony etdimdä. Menä gel diyyan beyleki şahyr dostlarymada3.yöne maña cemelişişleri yaly boĺsama onda görmedik bilmedik bolup dymyp yörerdim.

1
Hawa gyra bujakda galmasyn. Elyeterlilik bize bagly zat däl. Hasap edeniñ däl nesip edeni bolar Hawerish. Menä sana Süleyman atly hekayamdan " ol diñe erkinligìñ azatlygyñ adamlary dogry yola saljakdygyna ynanyardy. Mejbur edilmesizden... saylamagyna garaşyardy " diyen bölegi okamagy maslahat berjek

1
14 Aksary   [Материал]
"daglara git diýmesene...

1
2 mango   [Материал]
suraý hanym.
o eriklerden kakaň haýyr tapýandyr.
sebäbi, agaç ekene sogap bar.
onuň miwesinden hat-da guşlar, gurçuklar peýdalansa-da ony ekene elmydam sogap barar durar diýip eşidipdim.
many:
köpçüligiň ulanyp biljek bir haýyrly zady galdyryp bilseň, onuň haýryndan kyýamata çenli paýyň boljak.
isle, erik galsyn, isle goşgy....
haýyrly döredijilikler, suraý hanym.

1
1 Garayolly1936   [Материал]
Ine, ene~ataa bolan mähriň ,, oýunlary". Gaty gowy goşny

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]