11:44
Kakamjan
KAKAMJAN

Sen barkaň arkamda göýä dag bardy,
Gözüň ýumduň, dünýäm doňdy, kakamjan.
Ejemiň gidenem ýetýärdi bize,
Sen bir taşlamaý-da bizi, kakamjan.

Oýan kyblam seniň sözleň gurbany,
Ejiz ýüregimiň sendiň dermany,
Her ýylgyrşyň aňladýardy bir many,
Gözüň açda, gepleşäý-dä, kakamjan.

Diýsene: "Gyzymjan maňa çaý getir"
Öýkelemen, gaharly sözleňden ýetir,
Monça borduň ýazyp bilsem bir setir,
Ýene buýsanç bilen bakaý, kakamjan.

Durmuş dillen! nädip beýle zalym sen,
Ilki ejemi , soňra kakmy aldyň sen,
Maýyrdyňla, öň bir bagtly gyzdym men,
Ykbalym ýylgyrsyn geläý, kakamjan.





Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Mahremlik | Теги: Aýna Amangeldiýewa | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Eje / Goşgular - 15.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Seret, Aýna hanym, kakasy barada Suraý hanym nähili ýazýar.
Ilki okap gör (belki okansyňam).

KAKA...

Kaka!!!

Bu sowuk güýz gününde
benzin ysy siňen elleň
ysy bar, kaka,

mellegmizde bolsa
äpet ädikleň
yzy bar, kaka,

seň gözlerňi,
sözleriňi
ömür unudyp boljakmy?!

Bil, kakamjan!!!

Seni öläýse-de unutmajak
gyzyň bar, kaka!

KAKAM MAŞYN USSASYDY...

Kakam maşyn ussasydy.

Bir günem..
maşyny döwülen nätanyş bende
gelip kakamy sorady.
"Indi kakam ýok" diýdim.
Men ony aldadym...
Kakam bardy aslynda...
Meň natuwan gursagymda.

Suraý BABANYÝAZOWA.

—-

Suraý öz kakasyny gürrüň berende edil ol meniň kakam barada aýdýan ýaly:
“benzin ysy siňen eller”, “mellekdäki äpet ädikleň yzy”… bu detallar hem täsirli, hem diňe bir şahsy hem däl-de umuma-da öwrülip dur…
Düşündiribem bilemok.
“Kakam maşyn ussasydy”-da hekaýajyk bar.
Ýogalan kakasyny soraýar müşderiň biri (habarsyz).
"Indi kakam ýok" diýip aldadym diýýär. Aslynda aldanok, gahryman kakasyny gursagynda ýaşadýar…. Umuman, şahsy hasraty ile aýdyp bereňde biraz sungat, söz sungatyna “batyryp çykarmaly”….
Ýazyp düşündirmek kynda….
Onda-da synanyşdym.
Göwnüňi belent tut.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]