13:01 Kakama | |
KAKAMA Eger bu ýaşaljak ömrüm berilýän bolsa Bererdim men hijem çytman gaşymy. Meni hemişelik söýýän Ýüreklerim bar Dilegleri bilen goran daşymy. Dünýäniň şeýle bir owadanlygyny Görüp bilýän... Görýämiň?! Men dünýäde iň bir bagtlylaň biri Hakydamda galan ýagşy ýatlamam Diýerdiň: "Meň gyzym aklyň öýjügi". Mährem Kyblam siz bilen Nurludyr ertäm. Ýagty gelejege alyp Ak patam... Barlygyňyzdaky ullakan bagty, Berip bilmez asla hiç hili bagtam. ♢ ÝAR-ÝAR (Halk döredijiliginiň äheñinde) Adymy dilleneñde, Gyzdy ýüzüm, nar-nar. Saña ýollan salamym, Barman eken, ýar-ýar. Ýüzüklerim kökenmiş, Köýnegim gül ketenmiş. Yşkyñ ýoly kötelmiş, Merdi saýlar, ýar-ýar. Bu durmuşyñ aly kän, Diýmeginiñ saly kän. Ýaşamakda many nä, Söýmedige, ýar-ýar. Arkama dag-gaýasyñ, Hemram bol, men Saýadyñ. Keşdä salyp gaýadym, Seniñ adyñ, ýar-ýar. Boýuñ meñzär derege, Goýun bakdyñ derede. Joram Ogulgerege, Söz gatypsyñ, ýar-ýar. Gülýakamyñ gaşy bar, Gözlerimiñ ýaşy bar. Gara gözli gaşly ýar, Wepañ nirde, ýar-ýar. 2017 ý. Bilbil KAKABAÝEWA. | |
|
√ Manuskript / Goşgular - 16.01.2022 |
√ Daglar meni hüwdüledi / Goşgular - 20.01.2022 |
√ Men Aý bilen söhbet etdim / Goşgular - 11.01.2022 |
√ Руфь / Goşgular - 18.01.2022 |
√ «Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022 |
√ Сила звуков / Goşgular - 18.01.2022 |
√ Новогодний тост / Goşgular - 15.01.2022 |
√ Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022 |
√ Oýlanyş / Goşgular - 23.02.2022 |
√ Pederime / Goşgular - 18.01.2022 |
Всего комментариев: 0 | |