00:09
Kaka
KAKA

Müň gaýgyly bu durmuşda,
Perzendiňdir pikriň, derdiň.
Dostum ýaly bir sözde däl,
Arkam tutup goltgy berdiň.

Iň ýakyn dost söweşemde,
Uzaklardan kesekleşýär.
Kaka, senden asgyn gelip,
Aý-Gün bile gezekleşýär.

Öwretdiňiz, ýol bolmany,
diňe dogry,
galplygy däl.
Diýerdiňiz, bilmek kyndyr,
Dünýe mekdep harplygy däl.

Başymyza pena wagtyň
Müýn duýmadyk jinnek ýaly.
Suw deý mähir guýduňyz siz,
Ömrüňizden kündük ýaly...

Dag gerşinde galyň garlyk,
Sarsgyn bolsa göçýär eken.
Emma, ata bar ömrüni,
Perzent diyip geçýär eken.

Ahmet ARAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 151 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022



Всего комментариев: 14
0
14 Ahmet   [Материал]
Minnetdar, Aksary, Nurdan, mango!

0
13 mango   [Материал]
Küdükli mähir guýýan ýerini halamadym.
Estetik däl.
Hemem “kündigi” “jinnege” sazlamak üçin ulanypsyň.
Jinnek - az, kündük - kän manyda ulanan ýalam bolsa…. kündigem beýle bir bol mähir saklajak gap däl. Derrew gutarjak ýaly ol kündikden akýan mähir.

0
11 Hyýalkeş   [Материал]
Ol-a şeýle Serdar aga. Soragymda-da çala ýalñyşlyk bar: Şol iki ýagdaýyñ haýsysy erbediñ gowusy? diýip soramalydym.
@Nurdan, men-ä dogrusyny aýtmak gerek bolsa maşgalada "kaka" diýlen agza aslynda hiç bolmaly däl ýalydyr öýdýärdim kiçikäm. Şoñ üçin birhili, başda bolup soñ ýitirsem agyr düşäýjek ýaly.

0
10 Nurdan   [Материал]
Hyýalkeş, siziñ soragyñyz şeýle pursady ýatlatdy maña: Dädem aradan çykandan iki gün soñ oglan jigim dünýä inipdi. Soñ ol ulalyp ugranda bizden Dädem barada sorardy, ýatladasy gelerdi, bir gün ondan uly jigim ikimiz "Dädem eýle diýerdi, , beýle diýerdi.." diýip kakaly günlerimizi ýatlap otyrkak, oglan jigim gözjagazlaryny ýaşdan dolduryp: " indi ýatlamañ şony, men ondan öýkeledim, gelmedi, gelmedi, siz oñ nähili adamdygyny bilýäñiz, oñ sesini eşitdiñiz, men oñ nähili adamdygyny asla gözöñüme getiribem bilemok" diýip aglap başlady, Bay ony köşeşdirmek kyn bolupdy şol gün.. Şonda meñ bir zada beter gyýyldym, ol çaganyñ ahmyry biziñkiden has çökderdi..

Ähli Kakalaryñ, ejeleriñ, perzentleriñ ömri uzak bolsun!

Bu goşgyñ Awtoryndan teswirde şahsy gürrüñler agzanym üçin ötünç soraýan.
Kakañyz size guwanyp salamat ýaşasyn!

0
8 Hyýalkeş   [Материал]
A mende bolsa hiç bolmandy :(
Bir zadyñ hiç bolmazlygy gowymyka ýa başda bolup soñundan ýitirilmegi?

0
9 Bagabat   [Материал]
Ikisem erbet, jigim.
Ýöne, ýene-de öňem biri aýtmyşlaýyn: "bolman öleniňden bolup öleniň ýagşy" diýäýmeseň.
Hemmämize Özi giňlik bilen sabyr-kanagat bersin-dä.

0
6 Aksary   [Материал]
Iň ýakyn dost söweşemde,
Uzaklardan kesekleşýär.
Ýagny awtor durmuş bilen söweşýär onuñ söweşdäki iñ ýakyn dosty kakasy we ol bu ýerlerde ýok, ýöne uzaklardan kesekleşýär (kesekleşmegiñ göçme manysy, habarlaşmak gepleşmek..

Kaka, senden asgyn gelip,
Aý-Gün bile gezekleşýär.
Bu iki setiriñize menem düşünibilmedim, ömrüñ bolsun awtor.

0
7 Nurdan   [Материал]
Aksary, tüweleme, manyny gowy açypsyñyz, sagboluñ

0
12 Aksary   [Материал]
Sizem sagboluñ,òmrüñiz bolsun

0
4 Nurdan   [Материал]
Beýleki ýerleri kanagatlanarly, haladym, üstünlik Size!

0
3 Nurdan   [Материал]
Goşgudaky:
"Iň ýakyn dost söweşemde,
Uzaklardan kesekleşýär.
Kaka, senden asgyn gelip,
Aý-Gün bile gezekleşýär."

Şu bentde bir düşünişmezlik barmy, ýa men düşünmedim i?! Uzakdan kesekleşýän iñ ýakyn dost bolup kaka kesekleşýärmi ýa durmuşdaky iñ ýakyn dost kesekleşýärmi, , şol ýerini aýyl saýyl edip almaly ýaly goşgyñ,
Aý-Günüñ Kakadan asgyn gelip gezekleşmegem gümürtik, sorag döredip biljek okyýjyda

0
2 Ahmet   [Материал]
Minnetdar! Kakaňyzyň jaýy jennetde bolsun. :((

0
5 Nurdan   [Материал]
Amin, Alla ýalkasyn

0
1 Nurdan   [Материал]
Jemleme gowy jemlenipdir, Kakalaryñ ömri uzak bolsun, meniñ 9 ýaşamandym, özi-de 38 ýaşamanka ýogalypdy, ol ýagdaý maña juda agyr degipdi, mydam Onuñ geljegine ynanyp ýaşapdym, meni ýaşadan Onuñ ruhydy, ganyma siñen mertligidi..
Kakañyzyñ ömri uzak bolsun

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]