18:20
Kaka
KAKA

Teselli berenok bermezem indi,
Ahmyr bolup, aýdylmadyk sözlerim.
Ykbal seni aramyzdan ir aldy,
Ençe ençe ýaşlar dökdi gözlerem.

Käteler durmuşdan iren pursadym,
Çagalyk ýyllarma gidesim geldi.
Ýüregimde bir ömür galan gussalam,
Ýene-de bir saña aýdasym geldi.

Kän ýykyldym, kän azaşdym ýollarda,
Bu durmuşyñ oýunlarna düşünmän.
Hiç kimsesiz galdym alys illerde,
Bu ýerlerde men şeýle bir üşeýän.

Perman HALGYLYJOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 68 | Добавил: permanh2206 | Теги: Perman Halgylyjow | Рейтинг: 3.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Николай Тихонову / Goşgular - 02.04.2021
Alla hem şahyr / Goşgular - 25.03.2021
Hat gatnadýan kepderi / Goşgular - 08.02.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
"Nätanyş zenan" atly suratdaky zenana / Goşgular - 12.02.2021
Söýün aga / Goşgular - 29.05.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021



Всего комментариев: 3
1
3 Hyýalkeş   [Материал]
Bägüliñ boýun alyşy güldürdi.

-1
Üşeyän. Üşeyändigiñi boyun al ýalñyz zenan. Boyun alyan, ufff üşeyän

1
1 Mähriban   [Материал]
Ýüregimde bir ömür galan gussalam,
Ýene-de bir saña aýdasym geldi.

Hawa, gussaňy ejeňe aýtsaň ejeň haly hasam teň bolýar. Şoň üçin merdana ynsany-kakany küýseýär göwün. Ýöne biz-perzentler bir gezek üşese ejeler iki gezek üşemezmi, Perman? Şondan ötri adam pahyr gizlenip aglamaly bolýar (goşgy ýazyp, aýdym aýdyp, ýer depip, keşde çekip...) Aglamak bolsa... Erkek adam aglasa welin... Garaz-garasaý, şeýle.
Umuman, ýazyp duruň! Bizem okaly, sizem Uly Şahyrlardan känräk okap duruň! Üstünlik hemraňyz bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]