08:39
Kagyz uçar
KAGYZ UÇAR

Kagyz uçar
Ak kagyz borsuñ başda
Özüñden ganat ýasap
Ýüzüñe çekip keşde
Bat bererler, uçurarlar.
Her kim güýji ýetdiginden
Seni serden geçirerler.
Onsoñ olar ulalarlar
seniñ weli gadryñ gaçar.
Kagyz uçar, kagyz uçar!

Wagt geçer, seni başga
bir gögele uçurar.
Kä ýere kä laýa go:nup
Hapa borsuñ belli-külli,
Aklygyñam ýitirersiñ.

Köneleñsoñ täze-täze
Kagyz uçar ýasanarlar.
Sen bolsa şol laý halyñda
Ýeri garbap ýatybirsiñ
Käbirleri seni alyp zibil gaba
Atybirler.
Soñ uzakda bir ýerlerde
Ýakybirler.





Категория: Goşgular | Просмотров: 121 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Hatlar / Goşgular - 26.05.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Göwün goşgusy / Goşgular - 11.02.2021
Yşk hem aýralyk / Goşgular - 08.02.2021
Bagtly bolduñmy? / Goşgular - 15.02.2021
Durmuşdan duýgular / Goşgular - 07.01.2021



Всего комментариев: 12
0
12 Tumarly   [Материал]
Bähh.

0
11 mango   [Материал]
meňli hanym....
bilmedim, men-ä şu goşgudaky "kagyz uçara" gynanmadym.
tersine, soňy bir zibil gabyna atylyp, soňam ýakylmak bolanam bolsa, ol şony gazandy -diýesim gelip dur.
sebäbi, "başda ak kagyz" haldaka "özüñden ganat ýasap ýüzüne çekip keşde" uçar bolmagy höwes etse-de ol... ýene-de öz erkine uçýan bir uçar bolmady. (aslynda, erkine uçýan bir uçar barmyka? (guşlar başga))
kimler oňa "bat berip, uçuran" bolsa, şolaryň kontrolynda, şolaryň zonasynda uçar...
elbetde, bir günem "gadryñ gaçar".
seniň ýeriňe eýýäm edil seň ýaly uçmagy arzuw edýän "täze-täze kagyz uçarlary ýasandyrlar".
senem bir ýerlerde "aklygyny ýitiren, laýa batan" gereksiz uçarlygyňa ahmyr edip "ýeri garbap ýatybirsiñ".
soň - zibil gap.
soň - gyzyl ot.
geregi.

2
10 Pero   [Материал]
Ýöne goşgy düýbünden başga zat hakda. Añansyñyz. Şonda-da goý,her kim özüçe düşünsin! Bu bolmaly zat.

1
9 Pero   [Материал]
Çagalar nähilidir bir zada has mähir berip imrinse,özüm-ä gowy görýän Mango! Biziñ körpejelerimize ýetmeýän zat, geljegi barada,kim bolmak isleýänligi hakda şahsy pikirlerleriniñ kemlik edýänligi. A ol oglanjyk bolsa eýýäm uçar bilen gyzyklanýa,nähili gowy! Diýmek,uçar hakda eýýäm ol oglanjykda pikir bar.

1
8 Pero   [Материал]
Ilki bilen-ä Nurdan,köp wagtdan soñ seni saýtda hoş gördük!

1
7 Nurdan   [Материал]
"Oglanjyklar" her oýnasy, "uçarman" bolasy gelende täze kagyz zaýalaman, başky ýasananyny oýnap bolup, ýygnap, soñ ýene şony oýnaberse, "uçarman" bolmagy gadagan etmeselerem bolar....

1
6 Nurdan   [Материал]
Üýtgeşik şygyr, kagyz uçaryñ soñky haly biderek...

2
5 mango   [Материал]
bir oglanjyk ýada düşdi.
birinji-ikinji klas okuwçysy mekdepde kän okuw bilen höwesi ýok.
ol diňe kagyzdan samolýöt (uçar) ýasap uçurup oýnaýamyş klasda....
ýazmaga, boýamaga paýlanan ak kagyzyny mugallymyň gözi üçin bir zatlar çyzyp-pozan bolýamyş. soňam..... ünsden sypdygy derrew kagyzyny epleşdirip uçar edip uçuryp göýberýämiş...
ahyry, muny ejesini mekdebe çagyryp şikaýat edýäler....
çagaňyz, diňe uçar uçurýar-diýip.
ejesiniň jogaby:
-wah, belet. ýöne men näme edeýin.
öýde-de şeýle.... bir gezek samolýotda ýolagçylykda, ol bizden sypyp gidip, lýötçikleriň kabinasyna giripdir, bizden habarsyz....
munuň bar höwesi - uçarmanlyk....
----
mekdep mekdepdir, tertibem tertipdir welin... ýöne ol oglanjyga kagyz uçar uçurmagy gadagan etmeli däl öýdýän....
bilmedim... siz nähili pikirde?

2
4 Pero   [Материал]
Özüñ boluber, Aksary, özüñ boluber. Her kim boljak bolsañ ýüregiñ götermez!

2
3 Aksary   [Материал]
"jigeriñe bataýýa". Dogry aytdyñ, okamak, diñlemek görmek bir basga bolşy ýaly käbir naçarlar bilen gürrüñdeş bolýañ welin, şoñ ýerine özüñ bolasyñ, gynanjyny paýlaşasyñ, ýitgisiniñ öwezin dolasyñ gelýär, ýöne ol aýdanlarymyz bolaýýamy, diñe baş ýaýkamak bilen oñaýýañ...

2
2 Pero   [Материал]
Hawa,"kagyz uçarlara" bolan "gynanjyñ" jigeriñe bataýýa

2
1 Aksary   [Материал]
Borlaý Meñli hanym , näme dìyeli, indikilere sapak (diýäýmesek). Jiger azabydygam bildirip dur.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]