02:58
Käbäm sen

KÄBÄM SEN

Gapysyndan gelin bolup gelsem-de,
Gyzy deýin gujak geren käbäm sen.
Mähribanym, mährem ejem mysaly,
Giñ kalbyndan orun beren käbäm sen.

Teşneligmi mähriñ bilen gandyryp,
Diri günüñ hemdem bolduñ kalbyma,
Ýoklugyñda seni küýsäp zarlasam,
Düýşe girip diýýãñ: "Gelin aglama".

Düýşlerimde giñlik berip dünýäme,
Diri ýaly gelip dursuñ ýanyma.
Indi meñem bir maksadym mähriban,
Gelniñ bolup meñzäp bilsem gaýnyma.

Señ söýşüñ deý söýüp bilsem balamy,
Señki ýaly bişip dursa çöregim.
Eziz ogluñ, ýassykdaşym, ýarymy,
Ähli zatdan eziz görse ýüregim.

Seniñ ruhuñ rahat ýatar bakyda,
Dowamatyñ dowam etsin salamat.
Meniñ bolsa seni görýän düýşlerim,
Eneleriñ bakylygna alamat.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 Gumlygelin   [Материал]
@mango sag boluñ.Diýjek bolýan zadyñyza düşündim.Bašarsam synanşyp görerin.Başararmykam...
Sizden haýyşym:Maña bellik etmeli bolsa hiç eliñiz titremesin:-).

0
4 menliasyrowa91   [Материал]
Mango,"başga usul ulanmak" pikiriñize menem goşulýan. Gyzylgül genjäñ özi näme diýerkä?

0
3 mango   [Материал]
bagyşlanyp ýazylan goşgulara bir zat diýmeli bolsa..... elim titräp duran bolupdyryn (arada biri ULY HARPLAR BILEN gaty erbet käýýänsoň....).
ýöne, onda-da sersaplyk bilen aýdasym gelýän zatlary aýdaýaýyn.

Gyzylgül hanym, gowy goşgy, umuman...
gowy zatlary ýürekdenemem aýdýaňyz....
aýtjaklarym tehnika barada öýdýän...
goşgyny şeýle realistik däl-de.... başga bir usul ulanyp, başga bir del, öwrenişilmedik usul bilen ýazylan bolaýsa.... diýjek bolýanymy doly düşündirmek kyn.
garaz gönümel däl-de, aýlawlymy-nämemi.... başgarak usulda ýazylan bolaýsa diýdim.

bir goşgy oklaýyn. eje barada ýazylan.
awtoryň saýlan usulyna, tutanja momentine ünsüňi çekmek isleýän.
başda awtor 40 ýaşynda ejesiniň suratyna bakyp: fotografiýa aldaýar. meniň ejem hiç haçan beýle garry däldi..." diýýär...
soň 70 ýaşyna ýetip ýene ol suraty synlap, özüniň ýaşajyk ejesiniň pikirini edýär....
kontrastlar. gyzykly dälmi 40 ýaşda adam pahyr ejesini gartaşan görýä.... soň özi gartaşyp täzeden özüniň ýaşajyk ejesine bakýar....
---
diýjek bolanym, Gyzylgül hanym täze formalary, usullary gözlemeli, ulanmaly,
dogry düşüneweriň....
ine-de ol diýýän goşgym.

* * *

Фотография лжёт. Моя мама
Никогда не была такой старой.
С тех пор как мне стукнуло сорок,
Она обгоняла меня
Всего на несколько месяцев –
Если не считать
Мудрости и доброты.

Сегодня я, почти семидесятилетний, –
Смотрю на свою молодую маму,
Которая старше меня
Всего на одну смерть.

МАРЕК ВАВЖКЕВИЧ

0
2 menliasyrowa91   [Материал]
Gelin-gaýyn gatnaşygy meñ üçin-ä elmydama gyzykly. Köplenç bu babatda "dürli oñşuksyzlyklar" hakda eşidilýär. Emma şeýle bir gaýynlar bar,ejäñ ornuny doly manyda tutup bilýärler. Muña özümem janly şaýat. Şeýle gelinler bagtly! Sizem bagtly Gyzylgül genje! Iki taraplaýyn düşünişip şeýle gowy görnüşip bolýa. Bu gyzlara,ýaş gelinlere görelde alarlyk!
Gowy tema ýüzlenipsiñiz,goşgyny haladym. Perişde ýaly gaýyn eneñiz henizem sizi goraglap,alada edip ýör diýseñizläñ?! Täsirli!

0
1 Aksary   [Материал]
Gaýynenä ýüzlenilen.

Gowy bolupdur genneje.üstünlik.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]