19:27
Jüneýit hanyñ döwleti

JÜNEÝIT HANYÑ DÖWLETI

Häzirki wagtda ekologik dowzahda «gülläp ösýän» Daşhowuz etrabynyň hepbik ýaly halky bar. Emma birinji mümkinçlikde welin olaryň özbaşdaklyk, döwletlilik ugrundaky göreşi tutuş Orta Aziýany sarsdyrypdy. Eýsem gadymy Hywa döwletiniň iň soňky patyşasy, iň soňky Jüneýt han hakynda kim eşitmedi? Özbekleriň we türkmenleriň şärikli döwleti bolan Hywa hanlygynda türkmenleriň paýyna şu hili iş 一 döwleti goramak işi, özbekleriň paýyna bolsa hojalygy ýöretmek işi düşýärdi. Döwleti, ýurdy goraýandyklary üçin türkmenler salgyt tölänokdylar, ýap, haşar gazlyşygynda işlänokdylar. Bu işleri hojalyk bilen meşgullanýan özbekler edýärdiler. Şeýdip, iki halk asyrlar boýy bir şärikli döwletde oňşup ýaşap gelýärdiler. Diňe dişine çenli ýaraglanyp gelen ruslar hanlygy basyp alyp, wassallaryna öwrenlerinden soň indi arkasyny ruslara direýän Hywa hany öňden gelýän däbi bozup, türkmenlere agyr salgytlar salýar, agyr işlere çekýär. Rus generallaryna daýanyp, özbekleriň atly-abraýly adamlarynyň 300-sini tussag edýär. Bularyň hemmesi 1912-nji ýyldan soň türkmenleriň 2 gezek gozgalaň turuzmaklaryna we ikisinde hem Hywa goşunyny derbi-dagyn edip, Isfendiýar hany ýesir almaklary bilen gutarýar. Diňe ýaşuly adamlaryň töwellasy bilen han öldürilmän galdyrylýar. Tizden ruslaryň jeza beriji otrýady gelip, türkmenlerden öç alýar. Jüneýt han Owganystana aşyp gidýär. Ýöne Nikolaý II ýykylan badyna ol yzyna öwrülip gelip, Isfendiýary agdarýar we häkimýeti öz eline alýar. Russiýanyň wassaly Hywa döwleti ýene erkinlige geçip, garaşsyzlyk gazanýar. Ýöne Jüneýdiň hanlyk etmeginde gadymy Harazmin döwletine garaşsyz ýaşamak bagty bary ýogy üç ýyl nesip edýär. Näme diýeniňde, 1920-nji ýylda rus bolşewikleri goşun sürüp, ýurdy basyp alýarlar. Gadymy Hywa döwleti ýaşamagyny bes edýär.
Jüneýt han şondan soň Hywanyň garaşsyzlygyny dikeltjek bolup Jelaleddin mysaly ýene 8 ýyllap göreşdi. Emma işi şowlaman, ahyry 1928-nji ýylda dagdan ilerik aşýar. 1930-njy ýyllarda Owganystanda ýogalan hanyň ölemzinden burun (öň) aýdan sözleri barada şeýle gürrüň bar: «Men ölsen, jesedimi ene topraga aşyryp jaýlaň. Eger eltdirmeseler, pul beriň, adam pul görelse durup bilýän däldir. Eger bu-da bolmasa,jesedimi hol akyp ýatan derýa taşlaň 一 diýip, garry han Jeýhuna nazaryny dikýär. 一 Men türkmen iline derýa bilen bararyn, bolmanda jesedimi iýen balyklar bilen bararyn».
Hawa, gadymy Hywa döwletiniň iň soňky hany Jüneýt han, ine, şeýle diýip, jan berýär.

Çeşme:
Gutlyýew Täçgeldi. Soýuz hem Garaşsyzlyk: Publisistika 一 A.: «Altyn guşak» Türkmen filialynyň Aşgabat bölümi, 1992. 21 - 22-nji sahypalar.

Категория: Publisistika | Просмотров: 64 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Täçgeldi Gutlyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]