04:14
Jigimjana
JIGIMJANA

Oňa birje manat gerek,
Piňine däl dünýäň humy.
Hem ikije ganat gerek,
Hol ak guşdan ýokdur kemi.

Ol – oýunçy, ol – çynlakaý,
Ähli zada gyssanar ol.
Ýanynda bolsa ejesi
Kän özge dost islemez ol.

“Ulalyp kim boljak” diýseň,
“Adam boljak” diýer gider.
Döwüp berseň bir döwüm nan,
Begenipjik iýer gider.

Aglanda-da çyny bilen,
Boýur-boýur gözýaş döker.
Eline bir gural berseň,
Hem-ä düzer, hemem söker.

Palawdyr söýýän nahary,
Söýmeýänem ýokdur onuň.
Dünýäniň ýazy-bahary,
Diýen sözi hakdyr onuň.

Göwünjigi bize meňzeş,
Gülejikdir, aglajykdyr.
Başga nä gözlejek, gardaş,
Bagt – mähriban çagajykdyr.

2019 ý.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Seniñ adyñ / Goşgular - 29.01.2021
Sensiz / Goşgular - 10.04.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Аlysda galan çagalyk / Goşgular - 30.03.2021
Taк / Goşgular - 04.04.2021
Dag we Asman / Goşgular - 10.11.2021
"Ýat itiñ guýrugy..." / Goşgular - 15.02.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021



Всего комментариев: 5
0
5 Revo   [Материал]
Gurbannazar Ezizowyň "Bagty gelen" goşgusyny ýatlatdy. Berekella, gowy goşgy bolupdyr.

0
4 mango   [Материал]
“Ulalyp kim boljak” diýseň,
“Adam boljak” diýer gider.

eliňde däl zatlar bolýar, mysal üçin dogulmak.
adam bolup dogulýarys (dogurýarlar).
indi, ber habary, adamlygymyzy saklanmakdan, adam bolup galmakdan....
bir zady gazanmakdan ony gorap saklamak has kyn eken.
adam bolmagam aňsat däl welin, adamlygymyzda adam ýaly saklanmak has kyn eken.
jigimjan: ulalamda adam boljak- diýýär.
enşalla, ulalaňda adam bolarsyň, adamlygyňada galarsyň.
sen "ahseni takwim - iň gözel şekilde" ýaradyldyň ahyryn.
ýöne, pese düşmek howpunyňam bardygyny unutmaly däl.
eger, iman we salyh amallara dowam etseň.... adamlaygyňa-da dowam diýmek.
---
"Tin" süresinden bölek:

4. Biz, gerçekten insanı en güzel bir biçimde yarattık.
5. Sonra onu, aşağıların aşağısına indirdik.
6. Ancak, iman edip salih ameller işleyenler başka. Onlar için devamlı bir mükafat vardır.
---
4. Mы coтвopили чeлoвeкa лyчшим cлoжeниeм,
5. a пoтoм вepнeм eгo в нижaйшee из низкиx (cocтoяний),
6. кpoмe тex, кoтopыe yвepoвaли и твopили дoбpыe дeлa, - им нaгpaдa нeиcчиcлимaя!

-1
3 Hyýalkeş   [Материал]
Super!

0
2 SüleýmanHAÝDAR   [Материал]
Bagtly bol..!

0
1 Aksary   [Материал]
Gowy goşgy,ömrüñ bolsun

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]