20:17
Jigime nesihat
JIGIME NESIHAT

Jigim dinle! Saňa diýjeklerim bar,
Durmuşda mydama dogry saýla.
Ajy söz çykmasyn hiçem agzyňdan,
Süýji sözüň gysganman illere paýla.

Ýalan söz çykmasyn seň zybanyňdan,
Ynam bilen baksyn saňa adamlar.
Daş düşme hiç haçan öz ynsabyňdan,
Ynamly basylar şonda gadamlar.

Bir gözeli söýseň ýürek bilen söý,
Birin taşlap ertir başga tapmagyn.
Şolar ýaly bulaşaaýjak bolsaňam,
Sende-de uýa bar şonam ýatlagyn

Oka, öwren, döret!
Peýdaň degsin seňem öz Watanyňa.
Şu diýenmi unutman berjaý edäýseň,
Duýmarsyň ömrüňe bal gatanyňy.





Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Mahremlik | Теги: Aýna Amangeldiýewa | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýetginjek / Goşgular - 15.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Mahremlik   [Материал]
Aý meň kelläme gelen sözler şolar boldy şu temadan menem ýazaýyn diýdim inniki beýleki duýgularymam paýlaşaryn.
Sag boluň köp köp !

0
3 sabyrly   [Материал]
Aýna, dogry, özüňden kiçilere öwüt-nesihat bermelidir,ýöne bu temada goşgular ýetig-ä. Başga duýýan zatlaryňy hem ýazyp bilerdiň.

Üstünlik ýaranyň bolsun!

0
2 Mahremlik   [Материал]
Howwa bir söz galdyrypdyryn bilmändirin ilki familýamy ýazyp ýöremsoň endik edipdirin inni düzederin.
Durmuşda mydama dogry ýol saýla . Galdyran sözüm şol

0
1 Aksary   [Материал]
Tegiñi doldurañda ilki adyñ soñra familýañy ýazmaly

Durmuşda mydama dogry saýla.
Harp gaçyrmalar bar ýaly

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]