21:04
"Jenaýat we jeza" romanynda jenaýatyñ psihologik beýany we onuñ moral netijesi

F.DOSTOÝEWSKINIÑ "JENAÝAT WE JEZA" ROMANYNDA JENAÝATYÑ PSIHOLOGIK BEÝANY WE ONUÑ MORAL NETIJESI

1845-nji ýylyñ maý aýynda Dostoýewskiý heniz uniwersitetde okap ýörkä ilkinji eseri bolan "Biçäreler" romanyny ýazyp gutardy. Romany ilkinji nobatda ýazyjynyñ ýakyn dosty D.W.Grigorowiç we meşhur şahyr Nekrasow okapdyr. Olar bu esere haýran galypdyrlar we göni şol döwrüñ meşhur tankytçysy W.Belinskiniñ ýanyna gidipdirler.
"Biçäreler" talapkär tankytçy Belinskiniñ hem göwnüne diýseñ ýarapdyr we ol begenjini:

“…Gogoly hem ozdurar… mundan owalky ähli edebiýaty tozanyna garyp biljek ägirt uly zehin garşymyzda dur" diýen sözler bilen beýan edipdir.
"Biçäreler" 1846-njy ýylda neşir edilýär.
Bu roman okyjylar köpçüligiñ gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdyr. (roman türkmen dilinde hem neşir edildi. - t.b.).
Has soñra "Jenaýat we jeza" romanynda garyp-gasarlara, biparh adamlara we durmuşyñ tragiki pursatlaryna bolan pikirini beýan etmegi bilen ýazyjynyñ ussatlygy hasam öñe saýlanypdyr.
• Ýazyjynyñ ömri we döredijiligi hakynda kelam agyz

Dünýä edebiyatynyñ genial ýazyjylaryndan bolan Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý 1821-nji ýylyñ 30-njy oktýabrynda Moskwada, lukman maşgalasynda dünýä inýär.
1843-nji ýylda Peterburgyñ inženerçilik mekdebini okap gutarýar, bir ýyl soñ harby inženerçilik hünärini taşlaýar we döredijilik bilen meşgullanmagy ymykly niýetine düwýär. Munuñ yzysüre 1844-nji ýylda Balzagyñ “Ýewgeniýa Grande” eseriniñ Dostoýewskiý tarapyndan edilen terjimesi neşir edilýär.
1847-nji ýylda ýazyjy utopiýaçy sosialist Petraşewskiniñ toparyna goşulýar. Toparyñ agzalary wagtal-wagtal jemlenişip, ýazýan makalalaryny we goşgularyny okapdyrlar, ylmy we filosofiki pikirler boýunça jedele giripdirler. Bu toplanşygyñ birinde Dostoýewskiý Moskwada eline düşen we gizlin ýagdaýda ýaýradylan haty okaýar. Bu hat Belinskiniñ Gogola ýazan hatydy.
Dostoýewskiý we toparyñ beýleki agzalary 1849-njy ýylyñ 23-nji aprelinde patyşa Nikolaý I-iñ polisiýa organlary tarapyndan tussag astyna alynýar we sekiz aýa çeken gizlin sud prosesiniñ netijesinde ölüm jezasyna höküm edilýär.
1849-njy ýylyñ 22-nji dekabrynda Sernýonow brigadasynyñ türgenleşik meýdanyna getirilýär. Jeza çäresini ýerine ýetirmek üçin ilkinji üç adamyñ agaja saralyp duran wagtynda günäsiniñ geçilendigi mälim bolýar.
Dostoýewskiniñ jezasy dört ýyl gazamada we bäş ýyl sürgüne çalşylýar. Ýazyjy dört ýylyny Omskiniñ türmesinde geçirýär, sürgünlik ýyllaryny bolsa Semipalatinskdäki harby bölünde hatarçy bolup gulluk edýär.
Jeza möhletini gutaran badyna Peterburga gelen ýazyjy döredijilik işini dowam etdirýär.

"Ak gijeler", "Stepançikowo obasy we onuň ýaşaýjylary" eserlerinden soñra yzly-yzyna saldamly romanlary ýazmaga başlaýar. "Kemsidilenler we ýekirlenler", "Zyndandan ýazgylar", "Jenaýat we jeza",  "Humarbaz", "Tentek", "Arwahlar", "Ýetginjek", "Doganlar Karamazowlar"... ýaly romanlar olaryñ diñe birnäçesidir.
Genial ýazyjy 1881-nji ýylyñ 28-nji ýanwarynda aradan çykýar.
Dostoýewskiý 1840-nji ýyllarda giñden ýaýran utopik sosializm taglymatynyñ täsirinde galdy. Ýöne gazamat we sürgün durmuşy onuñ bu täsirini köp derejede özgerdipdi. Ýazyjy türmedekä we sürgündekä şol döwrüñ çeper eserlerinde ýygy-ýygydan duş gelýän roman obrazlaryndan düýbünden tapawutly adamlar bilen bile bolupdy: olar oba adamlary we harby gullukçylardy.
Aralarynda bolanam bolsa, olary "garamaýak halk" diýip atlandyran ýaş ýazyjy bu adamlaryñ ruhy dünýäsine aralaşmaga böwet bolýan galyñ diwar bilen garşyma-garşy geldi.
Şol döwrüñ rus progressiwleri bilen ýönekeý halkyñ arasyndaky üzñelik soñky ýyllarda Dostoýewskä çuññur täsir etdi. Bir tarapdan bu ýagdaý onuñ ömrüniñ ullakan tragediýasydy.
1850-nji ýyllarda tutuş Ýewropany lerzana salan yza gaýdyşlyk tolkuny Dostoýewskide rewolýusiýanyñ amala aşjagyna bolan şübhe döretdi we 60-njy ýyllarda onuñ Çernyşewskiý ýaly rewolýusioner demokratlaryñ garşysyna gitmegine sebäp boldy.
1861-nji ýyldaky daýhanlar reformalary geçirilýän döwründe we şondan soñ agasy bilen çykaran "Время" we "Эпоха" žurnallarynda halky patyşa režimine garşy göreşe çagyrýan 60-njy ýyllaryñ rewolýusion-demokratlaryna garşy alyp baran işlerinde, öz öñlerinde durýan iñ uly wezipäniñ halk köpçüligi bilen progressiwleriñ we dworýanlaryñ bir-birine ysnyşdyrmakdygyny nygtapdyrlar.
Dostoýewskiniñ 1860-70-nji ýyllarda ýazan romanlarynda-da aýdyñ görünen bu syýasy pozisiýasy, onuñ şol bir wagtyñ özünde Çernyşewskiý, Saltykow-Şedrin ýaly halk  demokratik hereketiniñ öñdebaryjy wekilleri bilen çaknyşmagyna getirdi.
Aslynda bu hereketiñ wekilleriniñ özi hem Dostoýewskiý ýaly halk bilen progressiw adamlaryñ bir-birine ysnyşmagyny üpjün etjek ýoluñ gözlegindediler. Emma olar Dostoýewskiden tapawutlylykda çykalgany halk köpçüliginiñ arasynda demokratik düşünjäniñ artmagynda we halkyñ progressiwler bilen güýç birikdirip, patyşa režimine garşy aýaga galmakda we munuñ gutulgysyzlygynda görýärdiler.
Mahlasy, F.Dostoýewskiý öz döwrüniñ sosialistleriniñ we rewolýusion demokratlarynyñ wagyz edýän ideýalaryna garşy gelen çapraz pikirleriniñ çeper teswirini "Jenaýat we jeza" romanynda suratlandyryp bilipdir.

▶ "JENAÝAT WE JEZA"

“Jenaýat we jezany" okanymda ilkinji gezek öz ýazyjylyk ukybyma şübhelendim we çynym bilen döredijilikden daşlaşmagyñ ýoluny gözledim”.

A.Kamýu.

“Jenaýat we jeza" 1866-njy ýylda neşir edilýär. Bu döwür möhüm jemgyýetçilik wakalarynyñ we moral sarsgynlaryñ bolup geçen döwrüdir. Romanyñ baş temasy ~ şol wagtyñ Russiýasy. Baş gahryman ~ şol döwrüñ adamy, ol şol döwrüñ ähli dert-aladasyny, kynçylygyny içine salyp, gert edip ýören ýaş talybyñ biri. Dostoýewskiý 1865-nji ýylda M.N.Katkowa ýazan hatynda bu barada:

“… wakalar biziñ günlerimizde bolup geçýär, has takygy edil şu ýylyñ özünde” diýýär.
Bu ýyllar ýazyjynyñ özi üçinem agyr geçýär. Ol bu ýyllarda kän-kän gezek ýeke galmaga, agyr we aýgytly kararlar almaga mejbur bolupdyr. 1864-nji ýylda onuñ ýakyn adamlary yzly-yzyna aradan çykýar: aýaly Mariýa Dmitrýewna, dogany Mihail Mihaýlowiç, jana-jan dosty şahyr we tankytçy Apollon Grigorýew…

Romany ýazan döwürleri Peterburgda bolýan raýony ýönekeý gullukçylaryñ, talyplaryñ, aýlygyna zordan gününi dolaýanlaryñ ýaşaýan raýonydyr. Ýazyjynyñ özü-de eseriñ baş gahrymany Raskolnikowy "ýaşadan" ýerine golaý salgyda ýaşapdyr.
Şol wagtlar iki tüýsli Peterburg bolupdyr. Biri görenleri häli-häzirlerem haýrana goýýan ajaýyp binaly, seýilgähli we suw çüwdürimli köşk Peterburgy. Beýlekisi çañ basan köçeli, tikinçilik ussahanaly, jerçi söwdagärli, meýhanaly, ownuk dükanly garyplaryñ Peterburgy. Dostoýewskiý iki Peterbıırgy hem gowy bilipdir. Inženerçilik mekdebinde okaýan döwründe mekdebiñ binasy tomusky seýilgähiñ golaýyndaky köşkde ýerleşensoñ, köşk Peterburgyny ýakyndan synlamaga mümkinçilik tapypdy. Bu Peterburg edil romanynyñ gahrymanyna bolşy ýaly, onuñ özüne-de hiç zat berip bilmeýärdi. Ýazyjynyñ ýüregi beýleki Peterburgdady.
"Jenaýat we jezanyñ" süññüni XIX asyryñ ähli realistik edebiýatyna mahsus problema düzýär. Bu problema XVIII asyryñ fransuz rewolýusiýasyndan soñky Günbatar Ýewropada we 1861-nji ýylyñ ýer reformasyndan soñky Russiýada emele gelen täze şertlerde şahsyýet hökmünde kemala gelmegiñ ýollarynyñ problemasydyr.
Täze jemgyýetçilik gurluşygynyñ çaprazlyklaryny heniz görmäge ýetişmedik reformist progressiw ýazyjylar
absolýutizmiñ ýok bolup gitmeginiñ adamyñ köp taraplaýyn kämilleşmegi ugrunda oñyn netijeleri berjekdigine ynanýardylar. Emma buržuaziýanyñ ýeñişinden soñra "her kimiñ her kime garşy" ýekebara göreşine esaslanýan jemgyýetçilik şertlerinde şahsyýetiñ erkin we sazlaşykly ösüşiniñ boş arzuwdan başga zat däldigine çalt göz ýetirdiler.
Balzak, Stendal, Dikkens, Tekkereý, Flober ýaly birnäçe ýewropaly ýazyjy buržuaz jemgyýetiñ şahsyýetiñ galkynmagyna ýol açmak bilen birlikde onuñ kemala gelmegi üçin neneñsi uly päsgelçilikleri döredýändigini, şahsyýeti maddy we ruhy taýdan näderejede ýok edýändigini ussatlyk bilen beýan etdiler.
A.Puşkinden soñky XIX asyryñ rus ýazyjy-şahyrlary hem günbatarly döwürdeşleri ýaly şahsyýetiñ erkin ýagdaýa kemala gelmegini gazanmak üçin alnyp barýan göreşiñ tuguny hasam belende galdyrdylar.
A.Puşkin “Syganlarda”, “Ýewgeniý Oneginde", "Kapitan gyzynda" egoist durmuşyñ pelsepesi bilen egoist ahlagyñ adamzada garşy we durmuşdan üzñe ahlakdan ybaratdygyny görkezdi.
Puşkinden bärki rus edebiýatynda göräýmäge biri-birine gapma-garşy bolup görünýän, hakykatda bolsa ikitaraplaýyn ýagdaýda biri-birine baglanyşykly we biri-birine sazlaşykly iki tema öñe saýlandy:

Olaryñ birinjisi şahsy hukuklaryñ goralmagy, ikinjisi bolsa buržuaz filosofiýasynyñ we ahlagynyñ ~ “diñe özi üçin erkinlik" isleýän we adam ahlagynyñ tankydy temasy.
“Jenaýat we jezada" bu iki temanyñ organiki bitewiligi bu eseriñ çuññur gumanizme ýugrulan joşgunyny, şol wagtyñ we geljeguñ hemişe we hökmany suratda bolmaly gymmatyny kesgitleýän iñ ähmiýetli prinsipdir. Dostoýewskiý ömrüniñ ahyrky ýyllarynda ýönekeý bir ynsan we ýazyjy hökmünde iñ uly arzuwynyñ Russiýada we bütin dünýäde eksplutatirlenýän (ezilýän) adamlara kömek etmekdigini hem-de "añ-düşünje we aýdyñlanma ýurduna" alyp barýan ýoly tapmakdygyny ýazypdy.
Tutuş XIX asyryñ realistik edebiýatynda şular ýaly batyrgaý, şular ýaly güýçli ýazylan, giñişleýin beýan edilen eserlerde garyplygy, halkyñ horlugyny, sosial deñsizligi, eksplutasiýany "Jenaýat we jezadaky" ýaly suratlandyryp bilen başga bir romanam ýokdur.
Emma Dostoýewskiniñ bu romany diñe ezilýän gatlagyñ we jemgyýetiñ wawwaly ýaralarynyñ tragediýasyny suratlandyrmak bilenem çäklenmeýär. Bu şol bir wagtyñ özünde iñ ýokary jogapkärçilik organy hökmünde adamyñ wyždanyna we aklyna ýüzlenmedir.
Dostoýewskiý hem baş gahrymany bilen birlikde garyplygyñ we hor-homsulygyñ her jemgyýet üçin gutulgysyzlygyny, munuñ adamzadyñ üýtgewsiz takdyrydygyny öñe süren şol döwrüñ akyldarlaryna, olaryñ öñe süren dini häsiýetli ideýalaryna gazaply garşy çykypdyr. Beýik ýazyjy özüñi pes saýmaklyga, başa näme gelse kaýyl bolmaklyga razy bolman, gaýtam tersine durky bilen sosial deñsizliklere garşy aýaga galan, adalatsyzlyk bilen ylalaşmaýan adamyñ ahlak belentligini uly joşgun bilen wasp edipdir.
XIX asyryñ birinji ýarymyndaky romantik ýazyjylar "ortagürp" durmuşa, durmuşyñ "adatylyklaryna" garşy adamyñ edýän her dürli garşylygyny mahabatlandyrýardylar.
XIX asyryñ ikinji ýarymynda has bulaşyk taryhy şertleriñ içinde ýaşan Dostoýewskiý bolsa, diñe romanyñ gahrymanyny gurşap alan daşarky dünýä şertleriniñ däl-de gahrymanynyñ hereketlerine hyruç beren esasy şertleriñ hem pelsepewi we filosofik çözgüdini çykarypdyr. Bu ýagdaý "Jenaýat we jezanyñ" ýazyjysyny ilkibaşlarda bular ýaly köptaraplaýyn we kesgitli görnüşde agzalmadyk birnäçe problemalary ilkinji bolup agzanlaryñ biri bolmagyna getirdi.
Dostoýewskiý "Jenaýat we jezada" özüne we daş-töweregine gabat gelmeýän sosial deñsizliklere garşy gazaply ýigrenç duýupdur, ol dürs, düşünjeli we öñdebaryjy ýaş ýigidiñ köptaraply portretini janlandyrypdyr. Ýöne buržuaz jemgyýetde şahsy we sosial deñsizliklere garşy gitmegiñ oñyn taraplary bilen birlikde oñaýsyz taraplary hem bar. Şahsy bähbidini nazarda tutmaýan birnäçe garaýyşlar sosial deñsizlikleriñ düýp sebäplerini we bulara garşy göreşmegiñ ýollaryny gönükdirmäge hemişe ýeterlik bolubam durmaýar. Jemgyýetçilik gysyşyñ we sütemiñ şinelän ýerinde ýekirlen adamlara bolan joşgunly söýgi, olaryñ derdini ýeñletmek we hukuklaryny goramak üçin içinde ýaşalyp ýörlen jemgyýete garşy ýekebara, umytsyz we anarhistiki aýaga galmalar hem bolup biler. Ynha, Dostoýewskiý hem romanynda has soñky döwürde hakykat ýüzünde bolup geçendigi tassyklanan ~ şular ýaly düşünjelerden ýola çykypdyr.

Raskolnikow  adaty jenaýatçy däl. Ol  eden jenaýatyny kämilleşdirýän añ-düşünjesiniñ hem-ä öz gözünde, hemem başgalaryñ gözünde dogrulygyny delillendirmek üçin özüne mahsus sosial-psihologik tejribe hökmünde görýär. Bu nukdaýnazardan jenaýat etmezden öñ we soñ jenaýatkäriñ düşen ýagdaýynyñ psihologik çözgüdi Raskolnikowyñ  filosofiki teoriýasynyñ analizi bilen birlikde berilýär. Bu ýagdaý Dostoýewskä düşünje we ahlak yza gaýdyşlyklaryny, hususanam şäherlerdäki her dürli synpy gatlaklardan bolan demokrat ýaşlaryñ başdan geçiren bimaksat, durnuksyz, galagoply ýagdaýyny suratlandyrmaga mümkinçilik beripdir.
Raskolnikow  akyl-paýhasly, progressiw, dogruçyl ýigit. Ol Peterburgyñ horaşa raýonynda ýaşaýar. Daş-töweregindäki garyp-gasarlaryñ hal-ýagdaýy içgin synlamak bilen diñe özüniñ däl, başga müñlerçe adamyñ hem bu düzgüniñ täleýine goýan zatlarynyñ gutulgysyzlygyny garyplykda, keselçilikde, bimahal ölümlerde görýär. Bu bolsa onuñ añyny çuññur öwrülişiklere, gözleglere ugrukdyrýar. Ol hemişe gözlegde we ýeke gezýär. Adamlardan gaçýar. Meselesini özbaşdak we öz güýjüne daýanyp çözmek isleýär.
Ol görüp ýören sosial deñsizlikleri barada pikirlenýär: Taryhyñ ähli döwründe köpçüligiñ agramly bölegi her dürli deñsizlige, adalatsyzlyga boýun egmäge mejbur bolýarka, käbir adamlar her dürli sosial kada-kanunlary depgiläp, jemgyýetiniñ ugruny üýtgedipdirler. Olar adatdan daşary adamlardyr we öz döwürlerinde günäkär hasaplanypdyr, ýazgarylypdyr. Emma soñky nesiller olary gahryman we adamzadyñ halasgäri hökmünde görüpdir.
Öz-özüni güýe ýaly iýip barýan ýalñyzlykdan iren egoist Raskolnikowda sosial mazmunly anarhistik düşünjeler "Men bitmi ýa adammmy?" diýen sorag döredýär. Ýogsam bolmasa Raskolnikow geçen döwürlerde we öz ýaşan döwründe millionlap ýekirlen adamlaryñ sosial deñsizliklere neçün aýaga galmaýandygyna ýeterlik we çynlakaý ünsem berip durmaýar.  Ezilýän adamlaryñ geçmişde bolşy ýaly, häzirem boýunsunujylyk bilen gezip ýörüşleri onda gahar-gazap we sussupeslik döredýär. Şonuñ üçinem ol özüni halk köpçüliginden we "adaty" adamlardan has ýokarda görýär. Raskolnikowyñ ahyrky gelen netijesi ~  galkynyş we halas boluş ýoludyr. Şol sanda ol özüni özüne we hemmelere taryhdaky "adatdan daşary" adamlar ýaly adamdygyny, "adaty" adamlaryñ we ýönekeý halkyñ eldegrilmesiz hasap eden düýp ahlak kadalaryny tankyt astyna almaga bolan hukuklarynyñ bardygyny subut etmek isleýär... Onuñ tapan bu çözgüdi özüniñ "adatdan daşarylar" toparyna girendigini, ýa bolmasa beýleki ähli ejiz adamlar ýaly boýunsunujylardandygyny anyklamak üçin tejribe hökmünde gören jenaýatyny etmäge iterýär.

Raskolnikow  meýilleşdiren jenaýatyny amala aşyrýar. Ýöne onuñ baş goşan tragiki “synagy” garaşylan netijäni bermeýär. Hem tejribeleri arkaly, hemem  Lužin,  Swidrigaýlow,  Sonýa Marmeladowa ýaly tanyşlarynyñ özüni alyp baryşlary arkaly Raskolnikow özüniñ hiçem "adatdan daşary" adamlardan däldigine kem-kemden göz ýetirip başlaýar. Şol sanda gep onuñ meselesi ilkibaşda göz öñüne getirşi ýaly özüniñ Hezreti Muhammetden (s.a.w)  ýa-da  Napoleondan has ejizdigi baradaky meselede-de däldir.
Raskolnikowyñ halaýan zenanynyñ agzyndan eşiden hakykaty düýbünden başgaçadyr: 

“Yalñyşlyk gözbaşdan başlaýar, “adatdan daşary” adamlar diýen teoriýanyñ özi ýalñyş. Käbir adamlar ýaşaýan jemgyýetinde öz maksatlaryna ýetmek üçin gözüni gyrpman başgalaryñ ganyny içip bilýär". Netijede onuñam eden işi arasynda gezip ýören jemgyýetiniñ agalyk ediji synplarynyñ gündelik diýen ýaly edýän işlerinden tapawutlanybam duranok. Şol sanda Raskolnikow öz tejribeleri arkaly adamçylyga ters gelýän režime garşy aýaga galmagyñ hem adamçylygyñ çygryndan çykmaklykdygyny, munuñ ösüş we özgeriş taýdan hiç bir aýratynlygynyñ ýokdugyny, gaýtam tersine ahlak çökgünligine we şahsyýetiñ dargamagyna getirýändigini ~ ilki tüýs ýüregi bilen, soñra akyl-huşy bilen, iñ soñunda bolsa tutuş durky bilen hakykaty syzýar. Mundan beýläk Raskolnikowyñ gözüne hakyky gözelligiñ we ahlagyñ nusgasy bolup özlerini başga adamlardan ýokarda görýänler däl-de, açlygyñ we hor-homsulygyñ iñ agyr şertlerinde-de, durmyşa we adamlara bolan ynamlaryny ýitirmän saklaýan, moral strukturasynda dyrnak ýaly gyşyklyk bolmadyk, etmişleriñ we zulumyñ her görnüşine garşy çuññur ýigrenç duýýan Sonýa ýaly adaty adamlardyr.
Raskolnikow jenaýat etmezden öñ hemme zady mazaly oýlanyp-ölçerendirin öýdýär, ýöne ol bu babatda ýene ýalñyşýar. Durmuş hakykaty onuñ düşünjesinden düýpgöter başga zat bolup çykýar. Birinji süýthor  aýalyñ jigisi bigünä Ýelizawetany hem öldürmäge mejbur bolup, göz öñünde tutulmadyk başga bir jenaýaty amala aşyrýar. Mundan soñ özüni dürsemänkä polisiýa gitmek gerekkä, ol ýerde jenaýat bilen baglanyşyklylykda özünden özi şübhelenip başlaýar. Ýöne onuñ esasy ýalñyşan ýeri ~ etjek jenaýatyny jikme-jik meýilleşdirmänliginde-de däldir. Raskolnikow özi babatda jenaýatdan soñ daşarky dünýä bilen baglanyşyynyñ kesilmejegune, has dogrusy jenaýatyñ adamlar bilen gatnaşygyny üýtgetmejekdigine ynanyp ýalñyşlyga ýol berýär. Eden etmişinden diñe özüniñ moral jogapkärçilik duýýandygyny, başgalaryñ ýazgarmalarynyñ hiç hili ähmiýetiniñ ýoklugyny pikir edip, öz-özüni gorpa itekleýär.
Dostoýewskiniñ ussatlyk bilen teswirleýşi ýaly, XVIII asyryñ  rasionalist garaýyşlaryñ öñe sürýän zatlarynyñ tersine, öz başyna gezip ýören adam hiç haçanam “ýalñyz” däldir. Adam diñe belli bir jemgyýetde ýaşamak bilen we edýän her bir işinde başga adamlara garaşly bolmak bilen çäklenmeýär, "Jenaýat we jezanyñ" süññüni bir jenaýatyñ psihologik beýany bilen onuñ moral netijeleri düzýär.
Ýöne romanyñ gahrymany şol bir wagtyñ özünde jemgyýeti öz ruhy dünýäsinde, öz ýüreginde göterýär. Ol jemgyýete birinji gezek seredende görüp bolmaýan, hakykatda bolsa ony daş-töweregi bilen ýygjam gatnaşyk saklaýan nämedir bir zat bar. Bu zadyñ ýolunmagy şahsyýetiñ hem maddy, hemem ruhy taýdan dargamagyny añladýar. Başgaça aýdylanda, bu öz-özüñe kast etmekdir. Ynha, Raskolnikowyñ jenaýat edenden soñ çuññur gaýgy-hasrata çümüp jemgyýetden çetleşmek duýgusyny başdan geçirmeginiñ sebäbi hem şudur. Iñ ýakyn hossarlary bolan ejesini we uýasyny-da özünden daşda, hatda keseki hasaplaýar. Garyplaryñ ganyny sorýan, itden beter ýigrenilýän bir süýthory öldürmek  isleýär. Emma ol  “özüni” öldürýär. Şonça wagta çeken göreşden soñ özüni ahlak taýdan hakly çykarmaga çalyşýar. Sonýanyñ maslahatyna eýerip polisiýa özüniñ barmagy hem şu sebäplidir.

Dostoýewskiý eseriniñ baş gahrymanynyñ üsti bilen şahsyýet-jemgyýet gatnaşyklary problemasyny özüne mahsus şekilde analiz edýär. Raskolnikowyñ şahsy  "düşüncejesi" we eden jenaýaty ony daş-töwereginden jyda düşürýär. Jemgyýetden daşlaşmagyna, sütemhorluga we eksplutatorçylga garşy şonda gahar-gazap besleýändigine garamazdan, Lužinleriñ, Swidrigaýlowlaryñ, süýthor Alýona Iwanownalaryñ  we  halky gysyp saklaýan, eksplutatirleýän beýleki ähli  "ynsapsyzlaryñ" pikirdeşine öwürýär.
Başga bir tarapdan Dostoyewskiý jenaýat edensoñ agyr güzabyñ astynda jöwlan urýan Raskolnikowyñ wyždanyny jenaýatyñ beren netijesine döz gelmäge rugsat bermeýän, halkyñ ahlak prinsiplerine eýerip biljek we özi ýaly güzapda gezip ýören adamlar bilen bile täzeden güýç birikdirip has çugdam we sagdyn başlangyç ýa-da çykalga hökmünde görýär. Raskolnikowyñ jenaýatdan soñky çekýän azaplary ýazyjy aýtmyşlaýyn, gahrymanyñ moral taýdan çökmegine we ýok bolmagyna iterýän hem-de ony halkdan çetleşdirýan şahsy arzuw-isleglere we ruhy azaşmalara garşy onuñ zannynda bar bolan jemgyýetçilik-sosial ýakynlygyñ üstün çykmagyny şertlendirýär. “Jenaýat we jezanyñ" döwrümiziñ jemgyýetçilik we ahlak ideallarynyñ üstün çykmagy ugrunda göreşýän döwürdeş okyjylarymyzyñ gözüne ähmiýetli görkezýän çuññur pelsepewi özeni hem hut şundan ybaratdyr.
Romanyñ epilogynda ýazyjy Raskolnikowyñ bir gün säher bilen Sibir sährasynda, derýanyñ boýunda ýeke özüniñ oýa batyp oturşyny suratlandyrýar:

“Raskolnikow ýatakhanadan çykyp göni derýanyñ boýuna geldi, ol ýerde toýrylanan bolwankalaryñ üstünde oturdy, ýaýylyp ýatan ümsüm derýany synlady. Bu belent kenardan gözýetimiñ iñ soñky çägine çenli uzalyp ýatan sähra görünýärdi. Derýanyñ uzakdan görünýän beýleki kenaryndan üzlem-saplam aýdym eşdilýärdi. Ol ýerde Günüñ nuruna gark bolan uç-gyraksyz sährada kiçijik gara nokatlara meñzäp duran çarwa çadyrlary göze ilýärdi. Ol ýerde erkinlik bardy. Ol ýerde bärdäkilere meñzemeýän düýbünden başga hili adamlar ömür sürýärdi…"

Romanyñ ahyrky sahypalarynyñ iñ soñky setirleri bolan bu sözlerde Dostoýewskiniñ we onuñ gahrymanynyñ erkin adamlaryñ bagtyýar durmuşyna bolan biçak uly küýsegi ýañzydylýar. Beýik rus ýazyjysy ömrüniñ ähli ýyllarynda agyr gaýgy-hasratlara gark bolup, şolar ýaly azat ýaşaýyşa uzaýan ýoly gözläpdi.
Siññinden siññin we içini tutup gözlän zadyny tapmajagyny onuñ özem bilýärdi. Eserinde baş gahrymanyna doly ýagdaýda ahlak dolanşygyny etdirip, ony "has täze durmuşyñ" bosagasynda goýmagynyñ sebäbi hem şudur.
Raskolnikow özüne we özgelere dogruçyl bolmagy başarýan adamdyr. Hatda ol jenaýat edensoñam şol dogruçyllygyny saklap galýar. Ynha, şol sebäp bilenem  Dostoýewskiý baş gahrymanynyñ kyssasyny bir işigaýdanyñ bagtynyñ şora çöküşiniñ beýany däl-de, ahlak taýdan belende galşynyñ beýany hasaplaýar. Ýalñyşlyk goýberen we eden ýalñyşlygyna doly düşünýän Raskolnikow öz ýalñyşlygynyñ labyrynyñ aşagynda mynjyrap ýok bolup gidibermeýär, gaýtam ol özünde özüni täzeden ýugrup-ýasajak ruhy güýç-kuwwat tapýar, adamçylyga ters gelýän "düşünjesiniñ" şowsuzlyga uçrap  ýok bolup gitmegi, onuñ şahsyýetinde düýbünden täze adamkärçilik sypatlarynyñ kemala gelmegine getirýär.
Dostoýewskiniñ romanynda janlandyrylan sahna diýseñ düşnüksiz we içgysgynçdyr. Emma bu içgysgynçlygyñ içinde-de nirdendir bir ýerlerden syzylýan yş bar. Bu Raskolnikowda adamlara hakykatdanam hyzmat etmegiñ ýoluny we serişdesini tapyp biljek moral güýjüñ, batyrgaýlygyñ we aýgytlylygyñ bardygyna okyjylarda döreýän ynamdyr. Sebäbi Raskolnikow bar bolup geçen zatlara garamazdan "Adamlygyny" saklap galýar.
Adam añynyñ döreden naýbaşy eserleriniñ biri bolan bu romanyñ iñ soñky sahypasyny okap, kitaby ýapan wagtyñyzda ruhy dünýäñizde uçguna çalymdaş duýgularyñ ýalpyldap gidendigini duýmagyñyzyñ sebäbi hem hut şunda bolsa gerek.

Taýýarlan: © H.Türkmen.






Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 773 | Добавил: Нawеran | Теги: Fýodor Dostoýewskiý | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

"Sumbar mukamynyñ" owazy - 07.04.2021
Hakykatyñ gözleginde - 02.04.2021
"Berekete" bellikler - 13.04.2021
Roýuñ niçik, rubagy?! - 06.04.2021
Şygryýetde Galkynyşyñ ruhy - 07.04.2021
Как писать после коронавируса? - 30.06.2021
Почему в Таджикистане не читают книги - 24.06.2021
Täze şygyr - 25.06.2021
Türkmen edebi tankydynyñ taryhy - 16.03.2021
Edebiýat arkaly akmaklaşdyrmak - 28.03.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Camilla   [Материал]
beee haýran galdym we kitaby okamak duýgysy öňkilerdende güýçlendi saýtkitaphanada barmyka şu kitap?

makale gaty gowy terjime edilmiş

0
2 Garaýolly   [Материал]
Romanyň analizini inçelik bn teswirleýan makala.

0
1 Şahymerdan   [Материал]
Gaty gowy makala. Yerlikli bellikler edilyar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]