20:10
Jeñ
JEÑ

Men jeñ,
Ýenjen
Ençäñ garabaşyny,
Jenjel ýok ýerinde görkezýän ýeñsäm.
Şowhunly şäherleñ galabasynyñ
Gabarasyn etdim ýer bilen ýegsan.

Men jeñ.
Meñ dilime dünýä düşünýä,
Men näçe gowgany başdan geçirdim.
"Ganly ýekşenbäni" getirdim dünýä,
Ganly ýekşenbäni dünýä getirdim.

Men ne ula, ne-de çaga dözerin,
Bir derýa men, gark ederin kenarym.
Şöhraty men şadyr şazadalaryñ,
Hasraty men şahyr bilen enäniñ.

Gojalara ýer astyndan ýer berdim,
Juwanlary geljeginden aýyrdym.
Aýyrdym men atasyndan perzendin,
Gelinleri gerçeginden aýyrdym.

Hatar-hatar tabytlardan, ölümden
Ýadap ýatardym men,
Ýöne nökerler
Göre girsem çekerdiler golumdan,
Göge galsam aýagymdan çekerler.

Soramazlar meñ meýlimem, islegmem,
Derläp söweşleriñ gyzgyn deminden.
Bir gün Nedir çapar, bir gün Isgender,
Bir gün Bismark,
Hatda agsak Temirleñ

Zarbyndan titredip halaýyk baryn,
Har heder, hak-hundan heder etmeýen.
Soñra çalşar bütin adam ykbalyn
Buhar bazarynda bir çelek meýe.

Köp gördüm men şeýle elhenç etmişi,
Indi berin degmäñ meniñ degnama.
Meñ geljegim - ynsanýetiñ geçmişi,
Meñ geçmişim - tükeniksiz jeñnama.

Gylyçmyrat KAKABAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 80 | Добавил: Haweran | Теги: Gylyçmyrat Kakabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Стихи / Goşgular - 25.02.2022
"Diýýärler agydyr ölüm bezegi..." / Goşgular - 28.01.2022
Göwün / Goşgular - 27.01.2022
Балладе о Виттингтоне / Goşgular - 16.02.2022
«Фаусту прикидывался пуделем...» / Goşgular - 18.01.2022
Uçur meni / Goşgular - 10.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Men daglaryň reňkin söýdüm / Goşgular - 19.02.2022
«Любовь ушла...» / Goşgular - 24.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Материал]
Hawa, jeñ tupanynyñ turuzyan äpet gomlary deñizleriñ ynjalygyny gacyrÿar. Dünÿani çepbe çöwrup, goja zeminiñ ÿuzüne gan çaÿkayar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]