20:31
Jemalym
JEMALYM

Ençe gyzlañ içinden, saýlap-seçip alanym,
Gara gözli, galam gaş, nogta saçly Jemalym.
Gülüp, oýnap, dalaşyp, boýnyna gol salanym,
Gara gözli, galam gaş, nogta saçly Jemalym.

Sala salmaz, soramaz, hergiz eden işini,
Gyzyl diýip harlady, sadak dek ak dişini.
Jüwdek alyp eline, ütdi kirpik, gaşyny,
Gara gözli, galam gaş, nogta saçly Jemalym.

Bir gün saçyn kesdirip, "medeniýet-moda" diýdi,
"Dyrnak boýap, gaş ütmek, häzirki kada" diýdi.
"Meñ edenme däl diýme, men asylzada" diýdi,
Dodaklary gyrmyzy, jotda saçly Jemalym.

Reñk görse sypdyrmaz, sary, gara, ak diýmez,
Çyrşar alyp ýüzüne, ýaşyl, gyzyl, gök diýmez.
Doýdumy ýok del zatdan, goýmaga ýer ýok diýmez,
Gözi, gaşy sürmeli, jotda saçly Jemalym.

Duşan günümden bäri dökdi dogduk etimi,
Hiç bir ynsan çekmesin meñ çeken hupbatymy.
Gan ýuwtduryp igletdi, işikdäki itimi,
On barmagy hynaly, jotda saçly Jemalym.

Hudaýberdi GURBANDURDYÝEW.

"Tokmak" žurnaly, 1993 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 29 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hudaýberdi Gurbandurdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Deñizçiniñ aýdymy / Goşgular - 13.03.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Ýodajyk / Goşgular - 08.02.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Degmäñ! / Goşgular - 30.05.2021
Bazara gidemok / Goşgular - 14.04.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 22.02.2021
"Alyslardan alyslarda galan ýar" / Goşgular - 08.02.2021
Gyzyl alma berdi bir gyz / Goşgular - 10.01.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]