10:17
Jelaleddin -4/ powestiñ dowamy
Ikinji bap

YŞK HESERI

1.

"On ikimden gitdim, on üç ýaşyma
On dördümde heser urdy başyma.
On bäşimde gyzlar girdi düýşüme
On altymda gaýnap joşan günlerim."
Magtymguly.


Aradan iki ýyldan gowrak wagt geçdi. Jelaleddin on bäşini dolduryp barýardy. Oglanyň görmegeýligi gyzlaryňkyça nygtalyp, arşa göterilip öwülmese-de, Jelaleddini görenler aňk bolup seredýärdi. Şar-gara saçly, dag maralyňky dek balkyldap duran uly owaly, şar-gara gözli, ýaňak bilen burnunyň düýbi hally Jelaleddine göz-dil deger diýen gorky Aýjemalyňam, hatda, Muhammet soltanyňam ýüregini bükgüldä goýup, galagopluga salýardy. Şonuň üçinem, Aýjemal pire dem saldyran dogasyna düýe ýüňden alaja bag edip, ony-da oglunyň köýneginiň iç ýüzünden, ýakasyndan dakdy.
Soňky ýyllarda Jelaleddiniň işi-pişesi, “oýnawajy” gylyç bilen naýza boldy. Ol Mälik daýysynyň öwredişi ýaly uruş tilsimleriniň tärlerini ele almaga çalyşýardy. Ol günde-günaşa nökerleri bilen ikiýaşar atyna atlanyp, galanyň ilersindäki meýdana çykardy. At üstünde gylyçlaşmaga, ýaý atyp nyşana urmaga, naýzalaşmaga werdiş edýärdi.
Onuň ak ýumurtga ýaly, Akguş atly aty-da bir diýenini iki gaýtalatman, Jelaleddiniň el-aýagynyň hereketi bilen ýöreýärdi, ýorgalaýardy, gulagynyň deňinden şemaly şuwladyp, öňe ok bolup atylýardy. Janwaryň endamy gyzlaryň ak alkymyny ýada salyp, güneş galkanda ýüpek kimin lowurdaýardy. Jelaleddin ony bir ýyla golaý mundan ozal giden süriniň içinden saýlap-seçip alypdy. Ilki ol tasygyp, elde-aýakda durman, diriň-diriň asmana böküp, aýazda ýalaňaç galan çagajyk ýaly, endam-jany sadyr-sandyr edip, barmagyň degse, uçaýjak bolýardy.
Emma ony üç günde amana getirdiler. Ilkinji gün çeýe çapyksuwar, agyzdyryk salyp, üstüne atlananda, Akguşuň gözleri peträp, hanasyndan çykaýjak boldy. Ol ýagyrnysyndaky ömürinde görmedik bi agyr zady, şol halat zyňyp taşlamakçy bolup, çar ýaňa çarpaýa galdy. Emma çapyksuwar ylla, gara bürgüdiň ak towşanyň bykynyndan demir penjeleri bilen gysyşy ýaly, dyzlary bilen mäkäm hursekläp, uýany dartyp göýberende, polat agyzdyryk tasdan Akguşuň ernini ýiripdi. Gözlerinden ýalpa ot çykan sarç mal ümdüzine ok bolup atylyp gitdi. Ol arkasynda peýda bolan “beladan” dynmak üçin, ýüzin salyp, şol çapyp barýardy, çapyp barýardy. Bagyr-öýkeni hyrlaýan bokurdagyndan, parlaýan burnundan çykyp giderli göründi. Emma iki bykynyndan gysaç ýaly gysyp, janyňy alyp barýan demir aýaklardan, üstündäki agyr “beladan”, şunça gaçsa-da dynyp bilmedi. Onuň gözleriniň öňi ümezläp, başy aýlandy, aýaklary öňki ýyndamlygyny ýitirdi. Ilki gulaklarynyň ýeňsesi, butlarynyň arasy, soň-soň bütin endamy gara dere batdy. Şondan soň ýene-de jany aram tapyp, bedenine gowşaklyk aralaşdy. Akguş Jelaleddin dagynyň ýanyna gelende, dört aýagyny zordan süýräp alýardy. Öňki terligi, diriň-diriň uçup-gonup durmasy ýok janwaryň. Ol öňüne dökülen gülli ýorünja meýil etmän, başyna düşen ahwalaty ýatlaýan ýaly, dört aýagynyň üstünde zordan durýardy.
Ertesi gün şol waka ýene-de gaýtalandy. Üçünji gün Jelaleddin münmäge höwesek boldy. Çapyksuwar Akguşuň boýnundan uzyn ýüpi dakyp, Jelaleddini oňa atlandyrdy, özi-de ýüpüň bir ujundan tutup durdy. Jelaleddin ýüpüň ýetýän uzynlygyna çeli çapyksuwaryň daşyndan aýlanmaga başlady. Soňabaka Jelaleddin nirä sürse çapyksuwar ýüpüň ujuny bilegine orap, olaryň deňinde loňkuldap gitdi. Şeýde-şeýde, Akguşuň täleýiniň başgaça döwri başlandy. Mundan beýläk ol bu ykbalyna kaýyl bolmaly boldy. Emma Jelaleddin bilen öwrenişip gidenden soň, Akguş indi başga durmuşy göz öňüne getirip hem bilmeýän ýalydy. Belki-de, indi olar biri-birinden aýra ýaşaşybam bilmez. Olar iki gumry ýaly şeýle bir berk ysnyşypdyrlar, hiý, ýöne goýaý.
Jelaleddin häzirem Akguşuň dim-dik gamyş gulaklaryna seredip, oňa münüş öwredilişiniň ilkinji günlerini ýatlap barýardy.
Bu gün ol “nökerler” bilen awa-şikäre çykypdy. Hanberdi şazadasynyň deňinden atyny bir ädim yzyrakdan sürüp barýardy. Tüýs aw awlamaly günleriň biridi. Ol günden bäri adamlar “ýazdan bir gün galan ýaly” diýişip, eginlerindäki gyş eşiklerini ýeňledipdiler, goja kişiler tamlarynyň kuýaşyna çikişip, müçenekdir mykraz bilen sakgallaryny rejeleýärdiler.
Günorta golaý gyrymsy jeňňelik bilen gum depeleriniň serhedine ýetdiler. Ýumşak çägelikden takylyga düşen atlaryň aýaklary ýeňlän ýaly boldy. Jelaleddin ýuwaşlyk bilen Hanberdä geňeş saldy.
— Biraz düşläp, çaý içsek, atlaram oňa çenli dem-dynjyny alsyn. Onsoň awyň ugruna çyksak nädýär?
Jelaleddiniň maslahat salmagy sesiniň ýuwaşdan saldamly çykmasy, kakasynyňka meňzäp gitdi. Muny özi-de ilkinji mertebe gönüne getirip, böwrüni diňledi.
— Lepbeý şazada! Oglanlar öňräk gidip, oňaýly ýer bellesinler, bizem assa-ýuwaş bararys— diýip, Hanberdi yzdan gelýän hyzmatkärlere — jylaw tütýän nökerlere Jelaleddiniň pikirini mälim etdi. Olar atlaryny debsiläp, öňe çapyp gitdiler.
Hoşboý ysly gyzgyn suw Jelaleddin dagynyň bedenlerini ýumşadyp, argyn süňňüni guş ýaly ýeňletdi. Bişirilen günorta naharynyň isini aldymy nämemi, bir garga tümmek depäniň üstüne gelip, gagyldamaga oturdy. Aw keýpi tutan Jelaleddiniň gözleri ýitelip, dyzynyň golaýyndaky peýkamy aldy-da, gar garga çenedi. Onu törekläp, gepe güýmäp oturan oglanlaryň birbada demi tutulan ýaly, seslerini tapba kesip, käsi ýaýdan uçup gitjek oka seretse, käbiri aşak-ýokary boýnuny kakyp gagyldaýan gargadan gözüni aýryp bilenokdy. Özüne gelýän syrly şuwwuldydan heder eden garganyň gyssanmaç uçmaga taýýarlanyp, ganatyny açanam şoldy, ýaýdan uçup giden ok göz ilmez çaltlykda onuň petekesinden girdi.
— O... aw ganly— diýip, oglanlaryň biri garga tarap ylgap gitdi.
Jelaleddin Hanberdi ýene-de olaryň ýanynda galan iki nöker biraz goşuň ýanynda güýmenýänçäler, hyzmatkärler — nöker, oglanlar ikä bölünip, olaryň üstüne sülgündir towşanlary kowup getirmäge gitdiler.
Az salymdan nökerleriň biri Akguşuň jylawyndan tutup, Jelaleddiniň ýanyna getirdi. Çerkez-çetili, ýylgynly, sazakly jeňňeligiň çöp çalamyna ilteşmez ýaly, atyň guýrugy, ýallary gyzlaryň saçyna meňzedilip öwrülipdir. Onam düwensoňlar, gyýrugyň çykan ýerinde goşa ýumruk ýaly ak ýumak sallanyp durdy. Olar atlara atlanyp, töwerek-daşa ser salmaga ýöneldiler. Tazylar inçe tumşuklaryny hams öňe süýndürip ýylgynlaryň, garaklaryň topak topak düýplerini ysyrgaşdyrdy. Guşlaryň pysyrdylaryna, her bir çybşylda durup, gulaklaryny üşertdiler.
Ine-de üç sany towşan birden peýda boldy. Tazylar Jelaleddin dagydan öňürtdi. Olaryň biri her ýerden bir towsup, towşanlaryň söbügüne düşdi. Haý diýmänem, biriniň yzyndan ýetdi-de, gabyrdadyp basyp, ýeňsesinden agyz saldy. Boz towşan ýürek gyýyjy çygyrdy, tazy soňra nökerleriň biri barýança towşanyň bilinden basyp durdy.
Jelaleddin öňünden keseläp gaçan towşany gözden salman, Akguşuň jylawyny gowşatdy. Ot-çöpleriň, topbak garaklaryň arasynda käte gözden ýitýän towşanyň dikgerýän gulaklary görnüp-görnüp gidýärdi. Akguş towşan bilen aralygy barha ýygryp barýardy. Jelaleddin indi onuň hiç ýerik sypmajagyny bilýärdi. Ol uýanyň ujuny eýeriň zer çaýylan gaşyna iltäp, iki eli bilen peýkamdir ýaýy tutdy-da, towşana çenedi. Emma şo halar towşan ýere girdimi asmana uçdumy, bir ýerlerik zym-zyýat boldy.
Jelaleddin towşanyň iň soňky görnen ýerine ýetip-ýetmänkä, aýagynyň ökjesi bilen iki bykynyndan gysdy. Bu emele düşüp Akguş sakga durdy. Towşan nirede? Ol haýsam bolsa, bir tarapa towsup gizlenen bolmaly. Eli peýkamy Jelaleddin eýeriň üzzeňisine basyp ýerinden turdy-da, iki tarapyna ünsli garady. Hä..! On bäş, on alty ädim sag tarapdaky garagyň arasynda gizlenen towşanyň gulaklary sandyrap görünýärdy. Bakra göz kime al saljak bolýaň. Jelaleddin aýyny onuň gulagynyň düýbünden çenedi. Şuwlap uçan okuň yz ýanyndan towşanyň ýikary böken göwresi hem-de çygyrmasy eşidildi. Jelaleddin ökjesi bilen Akguşuň böwrüne dürtüp, towşanyň ýanyna bardy. Peýkamyň oky onuň iki gulagynyň düýbünden ötüp, ýere çümüp gidipdir. Gulaklaryndan bendi bolan towşanyň gözleri öňküsinden bakralyp, hanasyndan çykaňkyrlapdyr. Ol atdan düşüp özüne ýönelen Jelaleddini gören badyna, şeýle bir sandyrady-da, aýaklarynyň bar güýji bilen ýer peşap dyzady. Okuň ujy öljümek gury ýere dürtülensoň, onuň badyna ýerden sogruldy-da, towşan ýaarym gulaç oky boýunturyk edip ökjäni göterdi. Jelaleddin peýkamy ýene-de çenedi, emma atmady.
Bir ajaldan sypdy, ýaşamak nesibi bardyr. Goý gitsin!
Akguşa atlanansoň towşanyň giden tarapyna seredip ikinji sapar atmadygyna gynandy. Sebäbi, towşan bu jeňňeligiň içinde arkaýyn gezip biljek däldi. Gulagyndaky keseligine duran ýarym gulaç peýkamyň oky oňa erkana gezmäge ýol berjek däldi. Şeýdibem, bir ýerlerde ilteşip, ejir çekip, möjek-şagala şam bolandan, özi atyp alan bolsa gowy boljakdy.
Jelaleddin towşanyň giden ugrunda aýlaň-çaýlaň edip ýörkä, öň ýanyndan bäş-alty sülgün güsürdäp uçdy. Ilki ýokary galan, garamtyl gyzyl-ot sülgüniň horazyny, Jelaleddin şo bada atyp gaçyrdy. Hanberdi dagy bilen ýetip gelen tazy çetileriň arasyna sümüp, ýaraly sülgüniň ganatyndan tutup, bularyň ýanyna getirdi. Olar şol aw awlap ýörüşlerine, günüň ýaşaňkyrlanyny hem duýmadylar.
Ýatmaga çemeli ýerde uly ot ýakylyp, hyzmatçylar tutulan towşandyr sülgün, käkiliklerden drüli-dümen nahar bişirmäge başladylar. Oda ýapylýan kebaplaryň, ýylgynyň syrdam gyzylymtyl şahalarynda pyrlanyp jyzyrdýan çişlikleriň ysy bürkürüp, daş-töweregi gaplady.
Tazylarry ýallap, agşam üşemez ýaly arkalaryna ýörite ýapylýan ýapynjalaryny örtüp, oduň golaýynda ýatyrdylar. Günuzyn selkildap, sütüni süýnen tazylar gözlerini süzgekledip, gum depeleriniň üstünde köpleýän san-sajaksyz ýyldyzlara seredip ýatyşlaryna, awçylaryň degişme-gülkülerine diň salýardylar. Häli-şindi oduň üstüne taşlanýan garry igdeleriň, guran ýylgynlaryň kösükdir şahalary şatyrdap ýanýardy, asmandaky ýyldyzlara meňzeş uçgunlar tüm-garaňkylyga baka uçup gidýärdiler.
Golaýda daňlyp öňlerine ot dökülen atlaryň burunlarynyň parryldysy, käbirleriniň aýaklarynyň dükürdüsi eşidilýärdi.
Olar ertir saz berende, keýikleriň suwa injek ýerlerini garawullamagy wadalaşyp, ýatmak bilen boldular. Jelaleddin özi üçin oduň golaýynda gurulan çadyra baryp girdi. Ol diňe daşyndaky donuny, kellesindäki telpegini, aýagyndaky ýaşyl ädigini çykaryp, goýun derileriniň üstüne taşlanan silkme possunyň arasyna girdi. Ol ýadawlygyny indi duýup başlady, gurşup syrkyraýan aýaklaryny uzadan-da, on iki süňňüni meýmirediji rahatlygyň duýgulary jemlenip gabaklaryna agram saldy. Şazada jadyra girensoň, oduň başynda galan hyzmatkärleriň çalaja pyşyrdap gürleşýän hümürdileri ýeriň astyndan çykýan uky getiriji sesler ýaly bir zat bolup eşidilýärdi.
Beýewan çöl bilen giden jeňňeligiň arasyndaky jülgäniň dym-dyrs gijesi ony uky dünýäsiniň gujagyna dolap aldy.
Emma Jelaleddin ýeriniň täzeligindenmi ýa-da birki sany atyň horguranyndamy, gije ýarymdan agansoň, biri “Tur” diýen ýaly, gözlerini ýalpa açdy.
Şazada eşiklerini geýip, possunyny ýelbegeý atynyp, çadyrdan çykdy. Çadyryň golaýyndaky oduň öňki ýaly gabaraly ýalny bolmasa-da, töňňeler çalarak ýanyo durdy. Oduň başynda iki dyzyny gujaklap, irkiljiräp oturan goja, şazadanyň çadyrdan çykanyny şo bada aňyp, gözlerini açdy, ellerini gujaklap oturan dyzyndan aýryp, çalaja ardynjyrady-da, öz golaýyndaky keçäniň üstüne deri taşlady. Şazda ol deriniň özi üçin taşlananyny bilip, üstüne baryp oturdy.
— Naýzaly aga, sizem uklaňyzokmy? — diýip, Jelaleddin ilki habar gatdy.
— Oglum Jelal, bu ýaşdan soňra bizlerde uky bolýarmy? Gözüňdäki uky, dyzyňdaky kuwwat, kelläňdäki hu ýaşyň ötüşdigiçe, adamdan gaçýan ekeni. Sen näme üçin beýle ir turdyň?
— Bilmedim, düşegim täzelenendemi, garaz oýandym... Siz bir gürrüňçi— dilewar adam. Bir ertekidir rowaýat aýtsaňyz, hä diýmän daň saz berer.
— Men näme aýdyp bersemkäm... Ä... Hawa... Sen öz kakaňyň — Muhammet soltanyň bi yranmaz döwleti — Horezmin adynyň nireden, nämeden gelip çykanyny eşidipmidiň?
— Ýok, eşidemok.
— O... Ho... Horezm diýen adyň ýörite gelip çykyşy bar. Goý, onuň — Horezmin döwletine soltan bolan her bir gerçegiň güýç-kuwwaty şonuň batyrlygyna — ýagny Horezminiň adyna mynasyp bolsun, enşalla. Onda, gulak goý, Horezm diýen at, ine, şundan galan.
... Gadym zamanlar Ürgenç patyşanyň şalygyna ýagy çozupdyr. Şonda gaty köp adam heläk bolupdyr, ýöne gumuň içine gaçyp gidenleriň sany-sajagy has köp eken. Jeň bäş gije-gündizläp dowam edipdir. Altylanjy gün ýaraşylypdyr.
Ýagy şähere çozanda, iki sany oglanjygyň hossarlary ölüpdir. Oglanlar mundan beýläk nähili gün görjeklerini bilmän, köp aglapdyrlar. Olar beýleki bosgunlar bilen guma gaçypdyrlar. Adamlar ýetimlere dözmän, iň soňky döwüm çöreklerini bile paýlaşypdyrlar. Ýaraşyk baglaşylandan soň, olar oglanlary jem oba alyp gelipdirler.
Obaçylygyň gutaran ýerinden hurma jeňňeligi başlanyp, onuň aňyrsynda bolsa köl bar eken. Bir garyp bende oglanlara şol jeňňeliň içinde ýerkume gazyp, üşemesinler diýip, köneje ýorganyny hem ýetimlere beripdir. Ol kölde balyk tutup ýören balykçylara: “Her gün tutan awyňyzdan oglanlara-da emläweriň, ýagşylygyňyz üçin sizi Allatagala ýalkar” diýipdir.
Oglanjyklar heniz mana düşmeýän gögele çaga wagtlary eneden-atadan jyda düşüpdirler. Olar ýerkümede ýaşaýan döwürleri biri-birleriniň atlaryny hem bilmändirler, şonuň üçin hem “Eý” diýip ýüzlenipdirler. Olar ese-boýa galan mahallary, özleri at dakynmagy ýüreklarine düwüpdirler. Uly oglanjyk kiçisine: “Men saňa Hebeşi diýenin, senem meniň adymy Horezmin diýip tut” diýipdir. Olar biri-birini şeýle atlandyrypdyrlar.
Oglanlar ýetginjek çykypdyrlar. Ýaýdyr peýkam ýasanypdyrlar-da, tiz-tizden towşan hem guş awlamaga gidipdirler, balyk tutmagy öwrenipdirler. Wagtal-wagtal şol ýerkume gazyp beren garyp bende hem oglanlaryň halyndan habar alyp durupdyr. Ol oglanlara köne-küşül geýim getirip beripdir-de: “Ogullarym, ertir pylany kes baý toý edýär, garnyňyzy doýurmaga baryň” diýipdir. Oglanlar toýa barypdyrlar, ýöne köne geýimlerinden utançlaryna bir çetde çugutdyryp oturansoňlar, aç galypdyrlar.
Doganlar ahyry jahyl çykypdyrlar. Olar ezber awçy bolupdyrlar, baý bolmasalar hem, il deňinde emläk edinipdirler. Hebeşi ýigirmi ýaşapdyr, Horezminiň ýaşy bolsa ýigirmi bire ýetipdir.
Bir gün Ürgenç patyşanyň ýanyna eýmenç aždarha gelipdir. Onuň boýy iki urgança, kellesi gazança, agzy tamdyrça, dişi azalça, döşi gaýaça bar eken. Ol:
— Men siziň baryňyzy ýuwutmaga geldim —diýipdir.
Patyşa hem onuň nökerleriniň gorkularyndan ýaňa dilleri tutulypdyr. Olar özlerini dürsänlerinden soň, aždarha ýalbarmaga başlapdyrlar.
— Isleseň saňa ähli malymyzy, gyzyl-kümüşimizi bereli— diýipdirler.
— Ýok, meniň ynsan etini iýesim gelýär. Eger maňa her gün bir gyz berseňiz, size hiç zat diýmäýin — diýip, aždarha eýmenç çekiräp gülüpdir.
Patyşa oňa bir gyz beripdir-de, bir günlükçe halas bolupdyr. Ertesi gün aždarha ýene gelipdir, oňa ýene bir gyz beripdirler. Ata-eneleri dady-perýat bilen öz gyzlaryny aždarhanyň huzuryna ugradypdyrlar.
Aždarhanyň ene-atalara rehimi inipdir. Şonuň üçin hem:
— Men gyzlary şäheriň içinde iýjek däl. Şäheriň daşynda, alaňyň eteginde bir uly garagaç bardyr, siz gyzlaryň gözüni daňyp, şol ýere eltiň. Men olary şol ýerde iýjek— diýipdir.
Şeýlelikde, her gün aždarhanyň salgy beren ýerine gözi daňylgy bir gyzy eltipdirler, aždarha bolsa olary ýeke-ýekeden ýalmap-ýuwutmaga başlapdyr. Teýahyry şäherde patyşanyň gyzyndan başga ýekeje-de gyz galmandyr. Bu ýagdaýy patyşanyň özüne habar beripdirler. Ol:
— Başga çäre ýok, meniň gyzymy hem aždarha eltip beriň, ýogsa biziň hemmämiz heläk bolarys — diýipdir.
Nökerler patyşanyň gyzyny äkidip, garagaja daňyp gaýdypdyrlar.
Indi habary Horezmindir Hebeşiden alalyň.
Ir bilen Horezmin çaý başynda Hebeşä ýüzlenip:
— Inim, sen bu gün balyk tutmaga gitmekçimi? — diýipdir.
— Hawa, balyk tutmaga gitjek, sen bolsaň guma awa git — diýip, Hebeşi jogap beripdir.
Horezmin sagdagyna alty sany peýkam salyp, gumuň içine awa ugrapdyr. Ol az ýöräpdir, köp ýöräpdir, ahyrsoňy garagaja saralgy duran gyzyň üstünden barypdyr. Ol haýdan-haý:
— Sen kimiň gyzy bolarsyň, bu ýerde näme işleýäň? — diýip, gyzyň halyndan habr sorapdyr.
— Men patyşanyň gyzy. Meni bu ýerde aždarha iýdirmek üçin daňyp goýdular — diýip, gyz jogap beripdir.
Gyzyň ýüzi jylk-sary bolup gidipdir. (Il içinde näsag adama “Ýylana goýlan” ýaly diýmekleri ýöne ýere däl bolsa gerek) . Ýigidiň gyza rehimi inipdir. Ol “Başyma her näme düşse-de şu gyzy halas edeýin” diýip içini gepledipdir. Ol pyçagy bilen çukur gazynypdyr-da, şonda ertire çenli aždarha garaşyp oturypdyr. Ertesi Gün ýerden örküni üzeninden soň, aždarha ýolda görnüpdir. Horezmin aždarha ýüz ädim golaýyna gelýänçä gymyldaman oturypdyr. Aždarha gyza gözi düşeninden, başyny galdyrypdyr-da, süýşmesini gataldypdyr. Şol wagt Horezmin oňa birinji peýkamyny atypdyr. Peýkam onuň edil agzyndan girip, kellesine çumup durupdyr. Ikinji peýkam onuň bedeninden parran geçipdir. Ýylan agyra çydaman, diriň-diriň böküpdir, janhowluna towlanypdyr. Horezmin galan peýkamlaryny hem aždarhadan atyp, ony öldüripdir. Ol bilindäki pyçagy sogrup, ýylanyň gerşinden tasma alypdyr-da gyza uzadypdyr/
— Sen aždarhadan halas bolduň, me şu tasmany äkit-de kakaňa ber — diýipdir.
Gyz öýüne gelse, ähli kowum-tiçleri ýasyny tutup oturan ekenler. Şäheriň bütin mähellesi köşgüň öňünde ýygnanypdyr. Gözina gözi düşen patyşanyň neden zähresi ýarylan eken. Onuň gyzy bolsa aždarhanyň gerşinden alynan tasmany kakasynyň öňüne oklapdyr-da:
— Awçy Horezmin aždarhany öldürip meni halas etdi. Ol şu tasmany saňa gowşurmagy tabşyrdy — diýip, şadyýan gürläpdir.
Patyşanyň begenjiniň çägi bolmandyr. Ol:
— Beýle bolsa, Horezmini tizräk alyp geliň! Men oňa sowgat-serpaý edeýin! Heý, nökerler, eşidýäňizmi siz! Horezmini şu ýere alyp geliň.
Emma nökerlerem, köşk emeldarlaram Horezmini tanamaýar ekenler.
— Ä-heý, daýhanlar, siziň içiňizde Horezmini tanaýanyňyz ýokmy? — diýip, patyşa jar çekdiripdir.
Mähelläniň içinden telim ses çikipdir.
— Biz ony taýarys şahym! Ol ýetim doganlaryň ulusy bolmaly. Olaryň hossarlary şäherimize ganym dökülende wepat bolupdyrlar.
Şondan esli wagt geçeninden soň, Horezmin patyşanyň huzurynda häzir bolupdyr.
— Aždarhany öldüren senmi? — diýip, patyşa ýigitden sorapdyr.
— Hawa, men— diýip, ýigit jogap beripdir.
— Muňa iň gymmat bedewi getiriň, egnine iň gymmat serpaýy ýapyň, iki batman hem tylla teňňe beriň — diýip, patyşa perman beripdir.
Patyşanyň gaznaçysy iki batman tylla teňňe getirip, Horezminiň öňünde goýupdyr. Horezmin içi gyzylly humy ýokaryk göteripdir-de, başyndan baýlap daşyň ýüzüne urupdyr. Hum çym-pytrak bolup, teňňeler pytyrap gidipdir.
— Bu näme etdigiň? — diýip, patyşa gaharlanypdyr.
— Bu awy hem zäher— diýip, Horezmin jogap beripdir. Eger-de sen patyşa hem halkyň howandary bolýan bolsaň, unutma, jeň mahaly meniň hossarlarym wepat boldy. Jigim ikimiz ýetim galdyk. Şonda birimiz ýaňy dört ýaşymyzdadyk, beýlekimiz bolsa üç ýaşymyzy doldurupdyk. Biz ýetimlikde hor-homsy ýaşadyk, emma senden jinneklik kömek bolmady. Häzir sen ähli teňňäni ýygnap bilersiň, bize seň zadyň gerek däl. Biz öz zähmetimiz bilen günümizi göreris. Bize seň baýlygyň gerek däl. Men aždarhany öldürip, gyzyňy halas etdim. Emma ýene aždarhanyň barlygyny hem unutmaň, ol siziň gyzlaryňyzy ýalmap-ýuwdany bilen oňmaz, siziň özüňizi hem doýmaz-dolmaz holtumyna atar. Entek howpuň ulusy öňdedir.
Horezminiň sözlerini eşiden patyşanyň zähersi ýarylara gelipdir. Ol köşk hadymlaryny daşyna ýygnapdyr. Onsoň hemmesi bilelikde Horezmine ýalbarmaga durupdyrlar. “Saňa islän zadyňy bereli, bizi şu beladan dyndarsaň bolýar” diýipdirler.
— Maňa siziň zadyňyz gerek däl. Ýöne maňa elli metrlik tanap, almaz gylyç, iki tamdyr çörek hem suw alar ýaly gap beriň! Başga zat bilen işiňiz bolmasyn — diýip, Horezmin jogap beripdir.
Patyşa Horezminiň soran zatlarynyň hemmesini tapyp bermegi buýrupdyr. Doganlar şol aýdan zatlaryny göterip, gorkuly garagaja tarap ugrapdyrlar. Olar garagajyň ýanynda ölüp ýatan aždarhaanyň ters yzyny alyp ugrapdyrlar. Doganlar üç gije-gündizläp ýol ýöränlerinden soň, ahyry uly gowagyň agzyna ýetipdirler. Ol uly guýy ýaly çuň çukur eken. Gowagyň agzynda täze yz görmänsoňlar, doganlar ene aždarhanyň hiniň içinde garaşyp ýatandygyny çak edipdirler. Horezmin töweregine garansa, bir süri goýun otlap ýören eken. Ol süri aždarha getirilen goýunlar bolmaga çemeli.
— Häzir tanapyň bir ujyny bilimize daňyp, gowaga gireli. Isleseň sen gir; ýogsa-da men gireýin — diýip, Horezmin teklip edipdir.
— Men gireýin — diýip, Hebeşi göwünjeň bolupdyr.
—Bolýar giräý, eger aždarhany ýeňip bilseň, abraý alarsyň, bardy-geldi çekinseň, tanapy dart, men seni ýokaryk çakararyn — diýip, Horezmin berk sargapdyr.
Hemeşi tanapyň bir ujuny biline daňypdyr-da, aşak sallanyp ugrapdyr. Gowagyň düýbüne ýetmäge bäş-alty metr galanda, Hebeşiniň gözi uklap ýatan aždarha düşüpdir. Gowagyň düýbi gaty giň eken, aždarha ortarada guýrugyny uzadyp ýatan eken. Ol ölen aždarhadan iki esse dagy uly eken. Iklap ýatan läheňiň gapdalyndaky gyz elindäki ýaglyk bilen aždarhanyň ýüzüne gonan siňegi kowýar eken. Ol gyz ýokarda bir şygyrdy eşidip, başyny galdyrypdyr. Şonda eli gylyçly ýigidiň tanap bilen aşak sallanyp gelýänini görüp:
— Wah, işi gaýdan, tiziräk yzyňa dolanaweri! Bu eýmenç läheňiň ýanynda diňe men galaýyn— diýip, gyz zarynlapdyr.
Hebeşi gorkusyna tanapy sylkypdyr, Horezmin ony dessine ýokaryk çykarypdyr.
— Sen ol ýerde näme gördüň? — diýip, Horezmin sorapdyr.
— Ol ýerde seniň öldüren aždarhaňdan iki esse ulusy ýatan eken. Onuň gapdalynda bir gyz siňegini gorap otyr. Ol maňa: “ Tiziräk yzyňa dolan, aždarha oýanaýsa seni iýer, bu ýerde diňe men galaýyn diýdi” — diýip, Hebeşi jogap beren.
— Päheý inim, sen gorkupsyň. Hany tanapyň ujuny bärik al— diýip, Horezmin ýüpi biline daňyp, aşak sallanyp ugrapdyr.
Ol gowagyň düýbüne ýetmäge ýekeje gulaç galanda, ýokarda Hebeşiniň ýanyna bir gojajyk gelip, şeýle diýipdir.
— Wah, maňlaýy gara Hebeşi, sen bu ýerde näme işleýäň? Aždarha eýýam Horezmini ýalmap-ýuwudandyr. Tanapy taşlada-da, göter ökjäni bu ýerden, ýogsa aždarha senem iki üzüp, bir ýalmar.
Hebeşi gorkusyna tanapy göýberipdir-de, gowagyň agzyndan ökjäni göteripdir.
Horezmin aždarhadyr gyzyň üstüne güpürdäp düşüpdir. Onuň güpürdisine aşdarha burnundan azajyk tüsse göýberip, beýlesine öwrülipdir-de, öňküsi ýaly ýatyberipdir. Horezmin aždarhanyň damagyny çalypdyr. Ol bar güýji bilen guýrugyny tapyrdadypdyr, onsoň daş-töwerek huýt gara bolupdyr. Horezmin ikinji gezek gylyjyny aždarhanyň kellesinden salypdyr. Soň bolsa ýylanyň ýedi ýerinden çapypdyr. Ol aždarha öleninden soň, gyza ýüzlenipdir-de:
— Sen kimiň gyzy? — diýip, sorapdyr.
— Men gassabyň gyzy — diýip, gyz jogap beripdir.
— Aždarha seni näme üçin iýmedi?
— Aždarha meniň kakamyň kimdigini sorady. Men oňa kakamyň gassapdygyny aýtdym. Ol “Onda sen goýun soýup bilýänsiň?” diýip sorady. Men gorkujygyma “Soýup bilýän” diýdim. “Adamlar goýun etinden süýji kemap bişirýärlermişin? Senem bişirip bilýäňmi?” diýdi. Men: “Bişirip bilýän” diýdim. “Eger maňa kebap bişirip berseň, uklamda siňegimi gorasaň seni iýmäýin” diýdi. Menem gorkujygyma razy boldum. Ine şondan bäri aždarha üçin kebap bişirip, onuň siňegini gorap ýörşüm.
— Aždarha näme bilen meşgul bolýardy? — diýip, Horezmin gyzdan sorapdyr.
— Aždarha bir oturyşyna ýedi goýnuň etini iýip, soňam ýedi günläp galman ýatýardy. Ol haýsy dagda hem haýsy galada altyn-kümüş bardygyny düýşünde görýärdi. Oýanandan soň şol altyn-kümüşleri getirip öz ýerzemininde ýygnap goýýar. Beýleki aždarha bolsa her gün bir gyz bilen bir süri goýun alyp gelýärdi. — diýip, gyz jogap beripdir.
— Onuň ýerzemininiň açary nirede? — diýip Horezmin sorapdyr.
— Hol aşakda gňk pişik ýatandyr, açar şonuň boýnundan asylygydyr. Häzir ol pişik ukuda, oýanaýsa welin eýgilik tamasyny etme — diýipdir.
Horezmin usullyk bilen pişige golaýlaşyp, gylyjyny aýlap, ony iki çapypdyr. Soň pişigiň boýnundaky açar bilen ýerzemini açypdyr. Görse, dünýäniň bar genji-hazynasy şol ýere toplanan eken. Horezmin iki batmanlyk humy tylladyr dolduryp, ony tanap bilen daňypdyr. Soňam gyza ýüzlenip:
— Men ýokaryk çykyp, altynly humy ilki çekeýin, soň seni çykararyn. Ýöne häzirlikçe maňa çykmaga kömek et — diýipdir.
Horezmin gowagyň diwaryna dyrmaşyp ýokaryk çykypdyr, soňam altynly hum bilen gyzy çykarypdyr. Olar ýokarda nahar edinipdirler-de, ýola düşüpdirler. Tokaýyň duşundan geçip barýarkalar, Hebeşi gapdallaryndan çykypdyr.
— Sen näme üçin gaçdyň? — diýip, Horezmin ondan sorapdyr.
— Meniň ýanyma bir goja gelip, aždarhanyň seni eýýam ýalmap-ýuwudandygyny aýtdy, tizräk gaçmasaň, senem iýer diýdi. Men gorkyma ökjäni göterdim. Men oňa Hydyr atadyr öýtdüm, emma ol goja şeýtan eken— diýip, Hebeşi gürrüň beripdir.
Horezmin Hebeşini naharlapdyr, olar şondan soň ýene ýola düşüpdirler. Üç gün ýol ýöränlerinden soň, iki dogandyr gassabyň gyzy şähere ýetip, patyşanyň köşküne giripdirler!
— Indi menden näme isleseň diläber — diýip, şady-horram bolan patyşa Horezmine ýüzlenipdir.
— Maňa seniň zadyň gerek däl. Meniň öz baýlygym hem tükener ýaly däl. Eger maňa ýagşylyk edesiň gelse dört sany daýaw ýigit bilen otuz düýe ber, men öz baýlygymy getirmekçi — diýip, Horezmin jogap beripdir.
Patyşa onuň soran zadyny beripdir, onsoň Horezmin aždarhanyň ähli baýlygyny alyp gelipdir. Şol döwürde patyşa şäherde gala gurdurýan eken. Ol kyrk günläp işlänleri üçin gurluşykçylara bir altyn pul berýän eken. Horezmin ony görüp, patyşadan ar almak isläpdir. Şeýlelikde ol hem, gala gurdurmaga başlapdir.
— Patyşa size kyrk günde bir altyn berýär, men size her günde bir altyn bermekçi — diýip, Horezmin jar çekdiripdir. Onsoň Horezminiň guran galasynyň deňi-taýy bolmandyr, gaty owadan gala bolupdyr. Patyşanyň gurduran galasy onuň ýanynda towuk keteginden ybaly görünmändir. Gala taýýar bolanda, Horezmin uly toý tutup. Garyp-gallaçylara altyn paýlapdyr.
Şondan esli wagt geçeninden soň, Horezmin ýene-de adamlary galasyna çagyryp, olara öýlenmekçi bolýandygyny aýdypdyr. Şonda Ürgenç patyşa oňa:
— Men gyzymy Horezmine bermekçi, gelinlik gözläp ýörmäň— diýipdir.
— Menem gyzymy Hebeşä berýärin — diýip, gassap dillenipdir.
Kyrk gije-gündizläp toý tutupdyrlar. Şol toýda garyplara altyn-kümüş paýlapdyrlar. Toýdan kän wagt geçmänkä patyşa näsaglapdir, ol ölüminiň öňinçäsi köşkdäkilere ýüzlenip:
— Meniň oglumyň ýokdugyny bilýänsiňiz. Men öläýsem yzymda Horezmin patyşa bolsun — diýipdir. Onsoň biziň ýurdumyzyň ady-da ýok. Horezmin biziň halkymyzy ölümden, ýok bolmakdan halas etdi. Goý, biziň ýurdumyzyň adam “Horezmin” bolsun diýenmiş.
Ine şondan bärem bi ýurt Horezmin diýip atlandyrylyp gelýär.
Ertekiçi goja Naýzaly aga öz rowaýatyny tamamlansoň, daşrakda duran gara tüňçeleri oda golaýlaşdyrdy:
— Indi oglanlary turzaýsagam borla, bir käse, bir käse çaý içip, aw etjek bolsaňyz, turuşmak gerek. Daňam saz berip ugrady— diýip, goja ýatan oglanlary ukudan oýarmaga başlady.
Jelaleddin şatyrdap ýanýan oda seredip, oýa çümüpdi. Oduň ýalny hälki gojanyň rowaýatyndaky, özleriniň geçmişiniň adyny göteren Horezminiň söweşen aždarhasynyň agzyndan çykýan ýaly bolup görünýärdi. Hamana diýersiň, şu lowlap asmana galýan ýalnyň içinden eli almaz gylyçly Horezmin çykagada, aždarha bilen aldym-berdimli söweşe giräýjek ýalydy. Eger-de, Gurhanda ýazylyşyna görä, bu ýagty jahandaky adamzat Adam ata bilen How eneden bina bolan nesil bolsa, näme üçin bir döwletiň ady bir gerçek batyryň adyny göterip bilmez. Diýmek, Horezmin ady deňiz, derýanyň, dag, çölüň ady däl-de, halkyny uly betbagtlykdan, ýer ýüzünden at-sorsuz ýok bolup gitmeklikden saklap galan gerçek batyryň ady ekeni-dä.
Lakyrdap gaýnan tüňçäniň agzyndan ýokary böküşýän düwmejikler, daşyna üýşürilen közüň üstüne towsup düşýärdi-de, pys-pyslap bugarýan gyzyl közleri gara kömre öwürýardi. Goja elindäki tutawaç bilen gara tüňçäni öz öňüne çekdi. Goja nagyşlary könelişen haltasyndan guradylan ysly otlaryň iki çümmügini tüňçä oklap, otdan daşrakda demine goýdy.
— Siz düýş ýorup bilýäňizmi? — diýip, Jelaleddin gojadan sorady.
— Düýş gördüňizmi? Erenler ýorgudy bolsun. Hany, aýdyň, ýorjak bolup synanyşaýyn.
Jelaleddin gören düýşüni ýuwaşjadan gürrüň bermäge başlady.
— Meň häzirki Akguşum taýçanakmyşyn. Özi ýaly ýene-de iki taýçanak bilen giň sährada erkana otlap ýören ekeni. Men olaryň ýanyna bardym. Akguşy gören badyma, ondan gözümi aýryp bilmän, biri-birimiziň ýüzümize seredip durduk. Birdenem Akguşum adam dilinde zybana geldi. Arman, onuň bilen näme diýip gepleşenim ýadymda ýok. Bir seretsem, Akguş ýaňaklaryny egnime oýkap gözlerinden ajy ýaş dökýär. Menem onuň nalasyna çydap bilmedim, gözümden katra ýaş döküldi. Soňra men onuň boýnundan gujaklap ýallaryny sypadym. Şo halat gündogar tarapdan gara bulut ýaly bolup, bir süri ýyrtyjy guş gelýärmiş. Men Akguşa atlandym, olam ylla Aly Şir-Hudanyň Düldüli ýaly asmana göterildi. Biz näçe çalt uçsak-da, ýyrtyjy guşlar yzymyzdan galmady. Soňra men olar bilen asmanda söweşe girdim. Gylyjymy her salgamda iki-üçüsiniň kellesini alýan, emma olary gyryp gutarar ýaly däl. Ýyrtyjylar azalyp ugraýarlar. Akguşum has belende göterilýär. Olar ýadap, ganatlaryny zordan kakýarlar, şonda-da bize topulýar. Ine şeýdip, asmanda söweş gurup ýörkäm, Akguşuň hokranmasyna oýanypdyryn. Bu düýş nämäniň alamatyka?
Jelaleddin soragly göreçlerini goja dikdi. Ol eline bir çöpi alyp, gyradaky öçüp barýan közleri dörjeläp oturuşyna, indi nobatyň özüne ýetini bilip, çalaja ardynjyrady, agrasdan akylly gözlerini Jelaleddine aýlap göýberip, ýene-de çöpi bilen közleri dörjeläp, aýdyp ugrady.
— Gaty gowy düýş görüpsiň, Jelal ogul. At ýigidiň maksat-myrady, döwleti bolýar. Ýigidiň maksadam näme, ilki oňat gyza öýlenmek, soňra durmuş gurmak. Megerem, sen üç sany juwan gyza duçar bolup, şolaryň birine aşyk bolarsyň. Ol gözel gyz ilki saňa ynanmaz, sebäbi sen beýik soltanyň ogly, şazada. Ata atlanmak bolsa, tagta çykmak bolýar. Megerem, beýik soltanyň yzyny dowam etdirjek, tuguny göterjek sen bolarsyň. Hawa, nirede şalyk-soltanlyk bolsa, o ýerde dostluk-duşmançylygam bar. Ýyrtyjy guşlaram näme, elbet-de, duşmanlaryň bolmaly...
Gojanyň gaşlary çalaja çytylyp gitdi. Ondan gözlerini aýyrman synlap oturan Jelaleddin muny şo bada aňdy.
— Aýdyberiň, ajy-da bolsa, dogrusyny aýdyň. Menden syr gizlemäň. Belkem, bu maňa sapak bolar— diýip, Jelaleddin dil ýardy.
— Duşmanlar, megerem, köplük bolara çemeli, sen bolsa ýeke. Näme üçindir, sen ýeke... Muny bilip biljek däl... Ynha, oýlanmaly, sapak edinmeli ýeriň... Ýöne... Ýöne... bir gowy tarapy, seniň at-owazyň gitdigiňçe arşa göterilýär... Ine, bi gowulygyň alamaty. Duşmanlar aşakda galýar, sen bolsa Akguşuň bilen ýene-de arşa göterilýärsiň. Megerem, at-owazyň alyslardaky köp-köp ulus-illere ýaýrajak. Ine, ogul, seniň düýşüň ýorgudy. Al, bir käse nabatly gyzgyn suw iç— diýip, goja onuň öňüne käsäni süýşürdi.
Daň agardygyça, jeňňeldäki guşlar pysyrdaşyp, dürli owazly sesler çykyp başlady. Al-asmanda gargalar gaýyşyp gagyldaşýarlar.
— “ Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz” diýipdirler— Goja agaryp ugran asmana seredip göýberdi— Gargalar heşelle kakayşýa welin, gaý turar alamaty bar. Seret, olaryň belende galyp, oýun edişlerini. Gaýly ýel olaryň perleriniň arasyna girip, endamlarynyň gijilewügini aýyrýar. Şoň üçin ýel tursa, olaryň göhi gelýär.
Jelaleddin ýokarysyna seretdi. Çalaja ýel öwüsse-de, howada üýtgeşik alamat görmedi. Emma, gara gargalar hamana diýersiň garlawaçlara öýkünýän ýaly, ganatlaryny kakman, dik asmanda eýläk-beýläk ok kessirim uçuşyp, şady-horram bolýardylar.
Daň mazaly agaranda olar dury çeşmäniň boýundaky jeňňeligiň uky ýerinde ornaşyp, suw içmäge geljek keýikdir jerenlere, marallara garaşmaga başladylar.
Ýeliň ýuwaş-ýuwaşdan, biliniksiz güýjeýändigini, jeňňeliň ösgün agaçlarynyň çür başlarynyň yraň atyşy habar berýärdi. Olar ýaňy üwrelip, bat alyp barýan sallançaga meňzeýärdi, käte ýuwaş, käte sykylyk çalýan şemakyň ýelli burny bir apy-tupanyň turjagyny aňlatsa-da, kelleleri awa gyzan jigitleriň küýi-pikiri awdady. Ýöne gadymkylar aýtmyşlaýyn, bir betbgatlygyň bir şatlygam barmyşyn. Onsaňa, jigit başy gowgaly, dag başy dumanly bolmasa ondanam bir jigit bormy, dag bormy. Dumanam diňe beýik-beýik daglaryň başynda bolýar, pessejikleriniň depesinde eglenmeýär.
Ösgün söwüdiň depesindäki garawul jigitden “gelýäler” diýen nyşan gelýänçä, Jelaleddin gören düýşy hakda, gojanyň ýorgudy hakda oýlanýardy. Emma şondan soň hemme zat ýatdan çykdy. Akguşa atlanyp oturan Jelaleddinden başlap, özgelerem herekete geldiler. Az salymdan şahalary burum-burum jeren, keýikleriň serkerdesi ulumsylyk hemem özüne göwni ýetijiklik bilen uly depäniň üstüne çykyp durdy-da, çar ýanyna ser saldy. Ýel keýikdir jerenler tarapdan öwsensoň, ol hüşgär janwar ne adamzadyň, ne-de beýlekiniň ysyny alyp biljekdi. Şonuň üçinem niçe eserdeň, niçe hüşgär bolsa-da, bu sapar keýikleriň serkesi ahmal galyp, sürüsiniň başyny çeşmä tarap çekdi. Beýikden aşak inen daýaw serkerdäniň yz ýanyndan, sähel salym geçip-geçmänkä bir süri keýik depä çykdy. Olar öňlerindäki serkerdä ynanansoň, hiç zadyň galawudyny edenokdylar. Serkerde keýik çeşmäniň boýundaky depä çykyp, ýene-de durdy, ýene-de çar ýanyna ser saldy. Soňra jeňňelige gözlerini dikip, yzyna öwrüldi, belkem, öz dillerinde rugsat eden bolmaga çemeli bir süri dury çeşmä güsürdeşip indi. Serkerdäniň depäniň üstünde şol bir durşy-durşudy. Ol howlukman pähimlilik hem ulumsylyk bilen töweregini synlaýardy. Ol hamana diýersiň beýik depede tugdyr çadyryny dikip, söweşe göýberen urşujylarynyň sagy-solundaky, ortadaky ganatlaryny synlap duran pähimli goşun serkedesine çalym edýärdi. Şeýle güýçli hem ýyndam serkerdeleri janlaryny goraýarka hiç zatdan wehim etmeýän, öz syratlaryna dury suwda aşyk bolup, kiçijik tolkunjagazlara ýumşajyk tüýli dodajyklarynyň gyjygy tutýan keýikler, dury suwdan endigan ganmaga çalyşýardylar. Olaryň käbiri eýýam suwdan ganyp yza çekilipdi.
Jelaleddiniň bu eýjejik, ejizje janawarlary synlap durşuna haýpy geldi. Belkem, şonuň üçindir, ol Hanberdä ýuwaşja pyşyrdady-da, telpeginiň gaýyş sapagyny eňeginiň aşagyndan ildirdi.
— Her kim birden artyk awlamasyn.
At aslan jigitleriň telpekleri görnüp-görünmänka, gapyl galan serkerde keýigiň gany şahynyň, düýbüne urup, bir sandyrady-da, duran ýerinde bir böküp, sürini yzyna tirkäp, ümdüzine tutdurdy. Jelaleddin heniz bukuda durka, dury suwuň tolkunynyň suraty endamynda oýnaýan keýigi awlamagy ýüregine düwüpdi. Ol şonuň yzyna düşdi. Guma tarap ökjäni göteren keýikleriň toýnagy ýere degýärmi ýa howadan uçýarmy, belli däldi. Akguş Jelaleddiniň nazarlan keýigi bilen arany barha ýygjamladýardy. Hamana, onuňam awa kellesi gyzan ýaly, öz ýüwrükligini keýiklere subut etjek bolýana meňzeş uçup barýardy. Jelaleddiniň gulagynyň ýanynda garşydan ösýän şemalyň diňe şuwwuldysy eşidilýärdi. Ine, şu ýerde ýene bir zat ýüze çykdy. Duýdansyz başlan harasadyň batmanlap köwsarlaýan ak çägeleri keýik bilen akguşuň aralygyna gum diwar bolýardy. Şonda-da Akguş burnuny bir tarryldadyp, ýene-de öňe süýnýärdi. Apy-tupan birden güýç alyp, asman-zeminiň arasy gapyşan ýaly boldy. Ak çäge asmandan ýere dökülýärmi ýa ýerden asmana sowrulýarmi — düşüner ýaly bolmady. Jelaleddin bir salym atynyň jylawyny çekdi-de, gözleriniň öňüne bilegini gabatlap, yzynda adam-gara barmy, ýokmy seretjek boldy, emma gözlerini açyp bilmedi. Ol ýeňsesini şemalyň garşysyna öwrüp, atyny ýuwaşja sürdi. Emma bir depeden aşsa, şemal ýene-de öňüne geçdi. Indi köwsarlap towlanýan çäge ýaly ýeliňem nireden nirä öwüsýänini biler ýaly bolmady. Jelaleddin Akguşuň jylawyny erkine göýberdi. Çöl-beýewanda, şunuň ýaly pursatda haýwan adama görä ýol tapgyç bolýandyr diýlen gürrüňler onuň ýadyna düşdi. Akguş kellesini sähelçe aşak egip, bir tarapa göwünjeňlik bilen ýöremäge başlady. Az salymdan gaý-tupan birden turşy ýaly birdenem ýatdy.Sazak sözenlerde sykylyk çalýan zaryn ses tapba kesilensoň, gumuň içi dym-dyrslyga döndi. Hälki harasat-tupanyň sesi indi gumdan dykylan gulaklaryň içinde güňleç ýaňlanýardy.
Jelaleddin gapdaldaky gum depesiniň gerşine çykyp, hälki süriniň serkerdesi ýaly, töwerege ser saldy. Aňňat-aňňat gum depelerinden özge yns-jyns, göze kaklyşýan zat bolmady. Ileri-gaýranyň ugruny bileýin diýse, günem çykanok. Ol Akguşdan düşüp, üsti-başynyň, telpeginiň gumlaryny kakyşdyrdy.
“Oglanlar meni ýer ýykyp gözleýändir”.
Bu pikir kellesinden hiç aýrylmaýardy.
“Olar meni gözläp, özleri-de azaşar. Hemmesine-de sen günäkär, Akguşum. Sen beýle ýyndam bolmasaň, olaryň atlaryny bir menzilde taşlap gaýtmazdyk”.
Ol Akguşdan göwni galan ýaly bolsa-da, oňa guwanyp telpeginiň ösgün tüýleri bilen atynyň ýüzündäki, ylaýtada gözleriniň töweregindäki gumlary ýelpeşdirdi, süpürişdirdi, hatda eýerinide aýryp, ýüpek düşekçäniň aşagyna düşen çägedir owunjak daşjagazlaryny kakyşdyrdy, gaýym göwüsbendindäki gymmatbaha göwher daşlaryň çaňlaryny süpürdi. Ol ýene-de atlanyp, bir tarapa ugur etmekçi halaty, ertirki dana gojanyň “Gyşyň güni kyrk tüýsli...” diýenine bardy. Birsalymyň içinde edil hersi erik ýaly iri-iri ýagyş damjalary paýrap döküldi. Jelaleddin şahalaryndan düýe asybermeli äpet sazagyň aşagyna gelip, Akguşunyň jylawyny çekdi. Aradan bir käse gyzgyn suw içer salym geçse geçendir, eýýam seýreklenen bulutlaryň synlaryny serpen Günem jyklap seretdi. Gün şol kä görnüp, käte gizlenip barşyna, asmanyň bulutlaryny bir tarapa kowmaga başlady.
Jelaleddin ýene-de Akguşuna bil baglap, onuň ýörän tarapyna kaýyl bolup gitmegi ýüregine düwdi. Henizem doly diňmedik ýagşyň sowuk damjalary öňki ýaly galbirden dökülen dek bolmasa-da, uşak-gözden geçýän ýaly owunjak sepeläp, şazadanyň jylaw tutup oturan elini ýuwýardy, Akguşuň ýalyny kömelek çöpläp ýörkä ýagşa galan gyzlaryň zülplerine ogşadyp ezýärdi.
Birdenkä uzakdan dört-bäş sany gara nokat görnen ýaly boldy. Jelaleddin gözüni gyrpman, olara seretdi. Ol gara zatlar nämekä? Aradan salym geçdigiçe, gara nokatlaryň özüne golaýlaşýandygyny, kem-kemdenem ulalýandygyny bildi. Olar käte ýüpe düzülen ýaly biri-biriniň yzyndan, käte-de biri-biriniň deňinden toparlanşyp aldygyna ylgap gelýärdi. Göz bilen çen tutar ýaly aralyk galanda, Jelaleddin olaryň bäş sany itdigini tanady. Ýöne az salymdan olaryň awa alyp gaýdan tazylaryndan görelerinip iriräkdigine, özleriniňem hemmesiniň akjymak-çalymtykdygyna göz ýetirip, birhili alasarmyk ýagdaýda, näme etjegini, näme goýjagyny bilmän, ýaýdanyp durdy. Akguş hem olara baka başyny öwrüp, birhili tisginen ýaly horguryp, burnuny arçady, hatda bir ädim, ýarym ädim öňe ýörejek ýalam etdi.
“Belki-de möjek-gelegurtdyr” diýen pikir kellesinde ýyldyrym çaltlygynda gelip geçen Jelaleddin okdur ýaýyny ele alyp, ökjesi bilen Akguşy hürseklänsoň, ol janwar buýruga mähetdel öňe ýumlukdy.
Kowguçy—ite meňzeş gelegurtlaryň iň öňdäki daýawragy agzyndan hyllygyny syçradyp, bogazyny hyrladyp ýetip gelýärdi. Olaryň bäşisiniňem çalymtyk sary tüýleri, hälki apy-tupanyň, soňraky ýagyş-ýagmyryň derdinden bulaşypdyr. Garynlary aç bolmaga çemeli, gapyrgalarynyň gutarýan ýerinden artky tumpujiniň aralygyna kelle sokubermelidi.
Öňdäki möjek bilen yzdakylaryň arasynda bäş-alty ädim bardy. Jelaleddin oňa-da az begenmedi. Sebäbi ol öňdäki ýetip gelýäni awlap biläýse, yzdakylaryň biri golaýlaýança, ýene-de okuny alyp ýetişjekdi.
Gelegurtlaryň öňbaşçysy Akguşuň düwülgi guýrguna bäş-alty ädim ýetip ýetmänkä, Jelaleddin onuň açyk agzyndan peýkamyny mäkäm çenäp, sypdyryp göýberdi. Agzyndan giren okuň badyna gelegurt dik ýokary towsup, iki-üç mertebe asmanda togalanyp, tüdürilip düşen ýerinde çabalanmaga başlady. Beýleki gelegurtlar kowgyny dowam etdirdiler. Indi olaryň ikisi öňe saýlanyp, hersi Akguşuň bir tarapyndan gelmäge synanyşdy. Bu erbetligiň alamatydy. Eger-de, olaryň ikisi-de des-deň Akguşuň yzyndan ýetse, Jelaleddin birini peýkam bilen urýança, beýlekisiniň üstüne bökmegi, oňa çenli galanlarynyňam kömege ýetişmegi ähtimaldy.Şonuň üçinem haýsam bolsa, biriniň yza galmagyny islän Jelaleddin Akguşuny gyssady.
Ýaşyl ädigiň ökjeleri bilen iki mertebe çalt-çalt hütledilen Akguş nämäniň-nämedigine düşünen ýaly, öň aýaklarynyň gerimini açdy, basyşyny batlandyrdy. Az salymdan öňdäki iki gelegurduň biri ýuwaş-ýuwaşdan yza galyp ugrady. Emma beýlekisiniň gara-çynydy, gapdallap gelip üstlerine zyňaryn diýen tama bilen, çalasyn ylgaýardy. Ol gapdaldan Akguşuň sagrysynyň deňine golaý gelende, Jelaleddin keseräk oturyp, ýene-de peýkamyny çekip göýberdi. Şo halat üçünji gelegurt golaý gelip, öz wagşylyk emelini etjek boldy, ýagny art aýaklary bilen bularyň üstüne aldygyna gum sowrup başlady. Üstki gatlagyny ýagyş öllänsoň, ilki çägeler lokgalaýyn seçelendi. Emma, oňa çenli ýene-de Akguş arany ep-esli açdy. Art aýaklary bilen gum peşäp başlan gelegurt, onuň yzyndakylar böwründen ýaralanan ikinji gelegurdyň ýanyna baryp, ysyrganyşyp durdylar. Aýtmyşlaryna görä, möjekler öz ýoldaşlarynyň maslygyny üleşýärmiş.
Megerem, şol çyndyr, ol wagşylar awdan tamasyny üzüp, indi öz ýoldaşlarynyň maslygynyň daşyna geçip, dişlerini şakgyldadyşyp, biri-biriniň üstüne hyrryldaşyp başladylar.
Jelaleddin Akguşuny ep-esli çapyp, bir depä çykdy-da, jylaw çekip, yzyna seretdi. Emma indi gelegurtlaryň garasy-da görnünenokdy. Ol Akguşy gyssaman, birsalym öz maýdalyna sürüp gitdi.
Akguş bir depä çykdy welin, Jelaleddin gözlerine ynanman aşak seretdi. Oýda, bir sazagyň düýbünde üç sany gara göründi. Olar gymyldaýardy. Akguş öňküsi ýaly kürtdürmän, olara bakanindigiçe, üç gara, üç sany göwre bolup göründi. Kem-kemden üç göwräniň biri gyzyl köýnekli, beýleki ikisi gök donly gyz bolup çykdy.
Jelaleddiniň ýadyna Naýzaly gojanyň ertiriki ýoran düýşi düşdi.
“Megerem, sen üç sany juwangyza duşup, şolaryň birine hak aşyk bolarsyň...” “Eý Hudaý, meniň bu düýşümmika ýa-da huşum?! Gojanyň aýdanlary birujundan çyn bolup barýar-la...”
Akguş gyzlara baka ýöräp barýarmy ýa-da gyzyl köýnekli gyz ony özüne tarap çekýärmi, Jelaleddin munam birbada saýgaryp bilmedi. Şazada golaýlaşyberende, olar ýere seredişip, çugutdyryp oturdylar. Akguşuň özi gyzlaryň ýanyna gelip, aýak çekende, olar ürken tez jerenler ýaly ör turup, ýüzlerini ýerden galdyrman, kesä sowup durdylar. Ýaz ýagyşynda gyzyl köýnegi endamyna mazaly ýelmeşen gyz dört örüm şar-gara saçynyň gulagynyň öňündäki hem yzyndaky örümini jüpläp tutup durşuna, bilniksizden çalaja titireýärdi.
Bölek bulutlaryň arasyndan ýalbyrap çykan älemgoşar gyzyl köýnekli gyzyň ak ýüzünde, şar-gara öljümek saçlarynda oýnap, Jelaleddiniň gözlerini gamaşdyryp, ýüregini jigledip gitdi. Şo halat Akguş başyny ýaýkap, burnuny tyrryldatdy. Megerem, ol eýesiniň üstünde dymyp oturyşyny halan däldir, ýa bolmasa, geplemäge gep tapman, huşy başyndan göçen Jelaleddine medet beresi gelendir, gyzyl köýnekli gyz atyň bu hereketine çalaja tisgindi. Öýkenine howa ýetmän, agzyndan ýalyn ýaly gyzgyn howa gelýän Jelaleddin özüne zordan erk edip:
— Gurgunmysyňyz, gyzlar — diýdi.
Gyzlardan jogap bolmady. Ol özüniň erkek kişidigine görä hemem şazada bolup çöl-beýewanda duşan üç sany ejiz zenanyň öňünde müzzerip durmagyny gelşiksiz görüp, özüni ele almaga çalyşdy. Agzyny çalaja açyp, sergin howadan dem aldy.
— Biz... Men aw edip ýörkäm azaşdym— diýip, birneme özüni dürsan Jelaleddin dillendi. Şondan soň gyzyl köýnekli gyz ýüzüni känbir ýerden galdyrman, keseräk sowup durşuna, gabak astyndan Jelaleddine seredip göýberdi welin, onuň alma gözlerinden çykan uçgunlar gyzyň peýkam dek gezelen kirpiklerinden atylyp, ýigidiň ýüregine ot bolup ýapyşdy. Jelaleddiniň tasdan essi aýylsa-da aýylypdy welin, gyzyň özüniňem başy aýlanyp, ýagşa ýuwulan ýaňaklary nar ýaly gyzardy. Jelaleddin Akguşuň üstünde mundan köp otursa agyp gaýdaryn gorkusy bilen, ýere düşüp, sag eli bilen eýeriň tylla çaýylan gaşyndan ýapyşdy. Gyzyl köýnekli gyz ýüzni joralaryny golaý eltip, bir zatlar çawüş çakdy.
— Siz näme ogryn gepleşýäňiz?
Gyzlar onuň sowalyna jogap bermediler. Ýöne indi gyzyl köýnekli gyzyň özi birneme merdemsiräp sowal berdi:
— Siz Jelaleddinmi?
Jelaleddiniň ýüregi gobsunyp gitdi.
“Bu çol-beýewanda meni nireden tanaýarkalar?”
Ol haýran galmakdan ýaňa aňk bolup durşuna, ýene-de sowal berdi:
— Siz meni nireden bilýäňiz?
— Bilýäs-dä— diýip, gyzyl köýnekli gyz çalaja gülümsiräp, aý ýaly ýüzüni bu sapar Jelaleddine dogumlyrak öwürdi. Soňra onuň beýleki joralary-da ogrynça seredişdiler.
— Siziň öýüňiz nirede? Bu ýerde näme işleýäňiz?
— Odun çöplemäge geldik welin, ýel turup, ýagyş ýagaýdy. Öýümiz daşda däl.
Jelaleddiniň şondan soňra gyzlaryň beýle ýanyndaky üç sany üýşmek oduna gözi düşdi. Olaryň biriniň üsti gök don bilen ýapylgydy. Elbet-de, bu gyzyl köýnekli gyzyň donudy. Jelaleddin gyzyň näme üçin egninden donuny çykaryp, odunyň üstüni ýapanyna düşünmän sowal berdi.
— Siz näme üçin donuňyzy odunyň üstüne ýapypsyňyz? Köýnegiňiz öl-suw bolupdyr.
— Eger ýapmadyk bolsam, onda odunam, üsti-başymam öl bordy. Indi men öýe bararynda, gury odunlarym bilen ot ýakyp, üsti-başymy guradaýaryn.
Gyzyň pert-pert jogabyna Jelaleddin haýran bolup, aýdara söz tapmady. Ol oýlanyp durdy-durdy-da:
— Belkem, gysganmasaňyz gury odunyňyz bilen ysly suwam içip bolar. Getiriň, odunlaryňyzy ata ýükläliň.
— Biziň garyp çatmamyz bar, şazadany çagyrar ýaly gurbumyz ýok.
— Şazada-da adam ahyry, çatma-da garybam bolsa, gurplam bolsa, çatma.
Jelaleddin çykalyp daňlan çöplemeleri Akguşuň üstüne atyp, özi gyzlar bilen pyýada ýöräp ugrady.
Üç-dört depeden aşdylar welin, gyzlaryň öýleri göründi. Jelaleddin:
— Öýüňiz golaýjakda ekeni, ýagyş başlamanka ylgasaňyzam, öýüňize ýetjek ekeniňz— diýdi.
— Ýagyş duýdansyz başlady. Birden başlan ýagyşyň uzak ýagmajy belli ahyryn.
— Ýiti gyzyl tiz solýar diýmekçi bolýaňyzmy?
— Ýok juda beýle-de däl. Solmak-solmazlyk boýagyň hiline bagly.
“Tüweleme, gyza akyl bilen görk-ä berilen ekeni” diýip, Jelaleddin içini gepleti.
— Ynha biziň öýümiz— diýip, gyz bir çetde ýegşerilip oturan gara öýi görkezdi. Onuň joralary çöplemelerini arkalaryna alyp, aňyrky öýlere tarap gitdiler. Jelaleddin Akguşunyň uýanyny ýere gömlen sazagyň şahasyna iltäp, öýe girdi. Öýde hiç kim ýokdy.
— Kakaň, ejeňiz nirede?
— Kakam dowar bakýar, ejem ilerki öýde biriniň sadakasyna gitdi.
— Siziň bu ýeriňiz näme diýip atlandyrylýar?
— “Teşne oý” diýilýär.
Gyz eýýam tüňçäni dury suwdan dolduryp, ortadaky ojakda ot ýakypdy. Indi bolsa hem Jelaleddiniň sowallaryna jogap berýärdi, hemem çalasynlyk bilen çäýnek-käsäni ýuwup-süpürişdirýärdi.
— Meniň adym-a bilýäňiz, siziňki näme? — diýip, Jelaleddin sorady.
— Akmaral.
— Gowy adyňyz bar ekeni. Tüýs özüňize mynasyp.
Akmaral hiç zat diýmän, bir eli bilen uzyn dört örüm saçyny ýokary çekip, ysly gyzgyn suwy demlemäge oturdy. Jelaleddiniň bolsa şu gün ertirki kowalan tez jereni ýadyna düşdi. Akmaralyň garlawajyň ganaty ýaly egrelip duran gaşlary tisginip, ak ýüzüne gamgynlygyň alamatlary çaýylan ýaly boldy. Muny aňan Jelaleddin sebäbini sorady. Akmaral azajyk oýlanyp oturansoň, degişme äheňde, ertir çagy açylan ter gunça ýaly gyzaryp dillendi:
— Belkem, şol gören jereniňiz mendirin.
Jelaleddin gyzyň ol sözlerine birhili boldy. Ynanjagynam bilmedi, ynanmajagynam. Belkem, dogrudyr. Sebäbi onuň gözüne şol maraldan başgasy görünmändi. Belkem, bu gyz jeren sypatynda muny azaşdyryp, yzyna tirkäp, şu ýere getirendir.
— Ertir irden Akmaýany sagyp otyrkam, şeýle bir dünýäm daraldy, şeýle bir ýüregim gysdy... — Akmaral saçlarynyň ujuny çöşledi, onsoň gaýtadan ördi, ýene-de çöşledi... — Onsoň... onsoň näme etjegimi bilmedim. Onsoň arzuw edip başladym... Keýikdir jerene öwrülip şu sähraň eýlesine-beýlesine ylgap çykasym geldi. Birdenem... Birdenem meniň göwräm boşap galana döndi, ýadyma hiç zat düşmän, Akmaýany sagmagyda unudyp, şo-ol oturyp galypdyryn. Birhaýukdan özüme geldim. Ýüregim bir ýerden ýüwrüp geleniňki ýaly, şeýle bir urdy, şeýle bir urdy... onsoň öýe bardym. O ýerde-de kararym ýetmän, joralarymy alyp, çöpleme bahanasy bilen çöle çykdyk. Näme üçindir öten agşamam ýatyp bilmedim, irkilsem, düýş görüp oýandym. Her niçik, giň sähra göwnüme teselli berdi.
Jelaleddiniň ýadyna gupbe bir zat düşdi. Näme üçin Jelaleddin heniz bukuda durka, dury suwuň tolkunynyň suraty endamynda oýnaýan näzik keýigi — ýeke-täk diňe şo keýigi awlamagy ýüregine düwdükä? Bu nämäniň ahwalaty? Bu düýşmi ýa-da huşdaky waka?
Bu gudratmy ýa-da boljak zatmy?
Şol owadan jemally keýik — Akmaralyň özi bolaýmasyn. Belkem, ol Keýik bolup, Jelaleddiniň gözüne görünendir. Şonuň üçinem ol beýleki keýiklerden özbaşyna bir ýana sowlup, şazadany yzyna tirkäp, bu ýerik getirendir.
—“ Ertir irden Akmaýany sagyp otyrkam, şeýle bir dünýäm daraldy, şeýle bir ýüregim gysdy... Onsoň... onsoň näme etjegimi bilmedim. Onsoň arzuw edip başladym... Keýikdir jerene öwrülip şu sähraň eýlesine-beýlesine ylgap çykasym geldi...” Birdenem meniň göwräm boşap galana döndi...”
Şazada Akmaralyň bu diýenlerini ýatlady, erteki, rowaýatlardaky ençe menzil aralykdan biri-biriniň başylaryna iş düşende ýanlarynda häzir bolýan perileri, aşyk-magşuklary ýatlady...
Belkem, Akmaralam şu gün ertir säherde gözel keýikleriň sypatynda şazadanyň gözüne ilendir.
Ine, bu gudrat işi ýa-da başga bir zat?!
Jelaleddini öten agşam düýşünde görenini, bu jelegaýda karar tapman, ýüregi howul alyp, çöle çykanyny aýtmaga Akmaralyň bogny ysmady, gyzlyk utanjy ygtyýar bermedi. Ol muny ölse-de aýdyp biljek däldi. Ýogsam başga-da aýtmaga zat kändi, juda kändi. Muhammet soltanyň tagta çykandaky toýa kakasy Akmaralam, ejesinem äkidipdi. Ine, şonda Akmaral Jelaleddini daşrakdan görüpdi. Ine şondan bärem ýakyndanam bir görsemdim diýen arzuwy ýüreginde besläp ýatyp-turýardy. Ine, bu gün onuň özi aýagy bilen geldi. Akmaralyň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Ynha, düýşüne girip ýören şazadasy, iki ädim golaýynda otyr. Ikiçäk gepleşmäge-sözleşmäge-de hiç kim päsgel berenok. Ýok, päsgel berýän bar. Olam Akmaralyň elini-aýagyny, zybanyny ýüpsüz-zynjyrsyz baglap goýan, gudratly gyzlyk utanjy. Ol göze görünmeýän belent diwar bolup, ýüregindäki arzuwlary, göwnündäki matlaby orta dökmäge ygtyýar etmeýär. Gara gözler bilen ine-gana seredip doýmaga ygtyýar etmeýär... Ýene-de bir ullakan sebäp: bularyň hersi bir aýry-aýry adamlar. Biri, gökde, biri ýerde. Şazada kim, çarwa gyzy kim?! Olary birleşdirýän hakykat diňe erteki-rowaýatlarda, arzuw-hyýallarda ýaşaýar.
Jelaleddin hem agşamky düýşüni, bu günki wakalary serinde aýlap oturuşyna, iki gözüni Akmaraldan aýryp bilenokdy.
Ol bu gyz bilen arasynda haýsy-da bolsa göze görünmeýän bir gudratly syr bar diýen karara gelip, uludan demini alanda, agzyndan howur çykyp giden ýaly boldy.
Dymyşlyk barha uzaga çekip barýardy. Ol gurşun ýaly barha agralyp, kelledäki beýnini mynjyradyp barýardy. Jelaleddin ýene-de bir gürrüňe başlamaga hyýallandy. Emma nämeden, nähili başlajagyny bilmän, uşlybyň ujuny ýitiren ýaly, töwerek-daşyna garanjaklady. Şonda ol Akmaralyň çep gözüniň çalaja gyşaryp gidenini, gaty synçylyk bilen seredäýmeseň görübem, duýubam boljak däldigini görüp galdy. Bu oňa gepbaşy boldy.
— Garyp çatmamyz bar diýýädiňiz, emma gowy ekeni-le, ýöne tüýnüginiň çagaragy sähelçe gyşygyrakmy ýa göwnümemi?
Jelaleddin muny aýtsa-da aýtdy welin, yzyndanam gaty ökündi. Ýüregi üzülip, nazaryndan döýüp bilmän oturan gyzyna gödek degişenine näler ökündi. Emma indi giçdi. Jelaleddiniň gyzdan uzur soramak üçin, agzyny açanam şoldy, Akmaral gaharlanmagyň deregine gülümsiräp jogap berdi:
— Çagaragy gyşygyragam bolsa, tüssesi dogry çykýandyr.
Jelaleddin diýere zat tapman, ýere bakdy. Gyzyň degişmä degişme äheňinde beren jogaby oglanyň maňzyna batdy. Ondan gysga, manyly jogaby tapmak mümkinem däldi. Diňe ýerliksiz sowal bereniň özi utanyp oturybermeli boldy.
Akmaralam öz gezeginde ony synap görmegi ýüregine düwdi. Böwürde duran dört aýak taganly gazany ortadaky oduň üstünde goýdy.
— Ejem häli gaýnatma ataryp gidipdi. Bir gaýnasa bişer, siz ajygansyňyzam— diýip, Akmaral gazanyň aşagyna ot ýakdy.
Bir käse ysly suw içer salymdan gazan gaýnady. Akmaral gazanyň içindäki omaçadyr-etlere degmän, bagyr bilen öýkenini saýlap, tegelek çöregiň üstüne çykardy-da, Jelaleddiniň öňünde goýup, “Hany, sen mundan näme many çykarýarsyň?” diýen, manyda syrly garap, daş çykyp gitdi. Jelaleddin bolsa etdir süňkünden bir bölegem atylman, öz öňüne bagyr-öýkeniň, onda-da duz-çöregiň üstünde çakarylyp goýlan saçagyň başynda maňlaýyny tutup oturdy. Ol Akmaralyň daş çykyp gitmesiniň emmasyna-da düşündi. Bu gyzyň Jelaleddine päsgel bermän, ýeke özüniň oýlanmagyna puryja berip gidişidi. Ine saňa hiç bir kitaba ýazylmadyk, medresede okadylmadyk, öwredilmedik sähraýy gyzyň sapagy. Gurhany eýýam bir sapar göçürip çykan, ençeme sowatly molla-müftilerden sapak alan Jelaleddin çölde duşan bisowat gyzynyň bu syrly sowalyny çözüp bilmese, gaýdyp bu jelegaýlarda onuň gözüne görünmäge ejap etjekdi. Ikinjidenem, ol mundan beýläk Akmaraly ýatlaman oňup bilmejegine göz ýetirýärdi. Onuň üçinem, isleseň-islemeseň, güýjüň çatsa-çatmasa, pähimiň ýetse-ýetmese, elde baryny edip, tegelek çöregiň üstünde goýlan bagyr-öýkeniň syryny açmaly. Onda-da, sähra maralynyň ýigidiň akylyna syny oturar ýaly, meseläni dogry çözmeli.
Şu çaka hiç kim beýle çylşyrymly synagy Jelaleddiniň öňünde goýmandy. Ol mollanyň dersinde Gurhanyň sürelerini aňsat ýatlapdy, asman ýyldyzlarynyň ýerleşişini, Abu Aly ibn Synanyň — Lukman hekimiň syrly tilsimlerini hyruç bilen öwrenip, ýalňyşman dogry jogap berýärdi. Gel-gel, indi bu gyzdan basylyp, Akguşa atlanyp gidibermeklik gelşiksiz dälmidir?!
Jelaleddiz telpegini çykaryp, goltugyndaky ak parça ýaglygy bilen gytygyrak, gara saçlarynyň düýplerinde, gulaklarynyň arkasynda peýda bolan çyglary süpürişdirdi. Soňra adamda, haýwanda bagyr-öýkeniň ýerleşýän ýerini göz öňüne getirdi, olaryň tagamyny ýatlady, näme üçin gerekdigini aňynda aýlap çykdy.
Jelaleddiniň agyr pikirlerden gamgyn-çynlakaý sypata öwrülen ýüzi çalaja ýagtyldy. Ol bir zady bildi. Bagyr-öýkeniň näme üçin tegelek çöregiň üstünde goýulandygynyň emmasyna göz ýetirdi. Musulman ymmaty dogry gepleýändigine güwä geçmek üçin ýa Gurhandan, ýa-da duz-çörekden ant içmeli, kasam etmeli. Bu çörek şonuň üçin goýlan bolmaly. Emma, bagyr-öýkeniň syry näme? Iň esasy şuny bilmeli. Jelaleddin kakasynyň Suriýadan[1] getiren pyçagyny gynyndan sogrup, eline aldy. Ol pyçagy bilen arasyndan bir zat gözleýän ýaly, bagyr-öýkeni eýlesine-beýlesine öwrüşdirip gördi. Bagyr-öýken näçe gaýnap bişse-de, biri-birine ýapyşyp ýatyrdy.
“Hä... düşnükli” diýip, Jelaleddin çaga ýaly begendi. Diýmek bu gyz meniň synlaýşymdan, gözlerimden hemme zady aňypdyr.”
Jelaleddin pyçagy bilen bagyr-öýkeni owunjak bölejiklere bölüşdirdi. Soňra-da olary eli bilen garyşdyryp, çöregiň üstünde tümmekläp goýdy. Şazada köp oýlardan soňra şeýle karara gelipdi.
“Ol menden “Eger aşyk-magşuklygyň çyn bolsa, ynha, öňüňde duz-çörek bar. Kasam et. Biz bir göwrede bir ten, bir jan bolup bagyr-öýken ýaly birleşip ýaşaşyp bilerismi ýa-da aramyza rakyp düşüp, bölünişik bolarmy?” diýip soraýar.”
Akmaral gara öýüň ýeňsesiniň bir çetini emaý bilen galdyryp, bosagadan ätläp-ätlämänkä, balkyldaýan gara gözlerini şazadanyň öňündäki saçagyň üstünde duran çörekli bagyr-öýkene aýlady. Jelaleddiniň öz synagyndan geçenini aňan gyzyň jemaly nurlanyp, ýüz-gözi öňküden-de ýagtylanyp, aý ýaly ýagty saçdy. Ol goşa al alma ýaňagynda kiçijik çukanajyk ýasap ýylgyrdy-da, makullaýjylyk bilen başyny atdy. Beren jogabyna mollasynyň baş atyp makullaýşyndan soňra talybyň[1] begenip, başynyň göge ýetişi kimin, Jelaleddiniň hem üstünden agyr daş aýrylana döndi.
Ol bahar aýy sähranyň baýyrlarynda ýeke açylan enaýy bägül ýaly öz joralaryndan owadan jemaly, akyl-huşy bilen saýlanýan gyzyň synagyndan geçenine içinden begendi. Gyz hem medresede sapak alyp ýören, köp-köp danalaryň gürrüňlerini diňlän, köp-köp enaýy zatlary, köp ýurtlary gören şazadanyň synagyndan geçipdi...
... Şazada Akguşuny ýorgasyna göýberip, Akmaralyň salgy beren ýoly bilen sürüp barýardy. Onuň gözüne sazakly-çerkezli gum depeleri-de, apy-tupan, ýagyşdan soňky ýalbyrap çykan güneşiň gerişleri gyzdyrýan tarapyna kuýaşlamaga çykan alaka, körsyçanlar-da, tä ýanyna birki ädim barýançaň, ýolda oturyp saýraýan torgaý guşlar-da görnenokdy, torgaýdyr geçiguşlaryň, sähranyň onlarça guşlarynyň her dürli enaýyja sesleri, saýraýyşlary-da gulagyňa eşidilenokdy. Onuň gözleriniň öňünde diňe Akmaralyň aý jemaly mähirli ýylgyryp durdy, onda-da onuň şazadany ugradan pursatyndaky jemaly. Jelaleddin Akguşy on-on iki ädim sürüp, yzyna gaňrylyp sereden-de, Akmaral gara öýüň gapdalyna çykyp, ak gamyş ýaly öýdümeçi barmaklaryny hereketlendirip, hoşlaşanda şazadanyň ýadygär beren göwher gaşly ýüzügi gyzyň barmagynda lowurdap, ondan çykan şöhle tyg onuň ýüregini ýagtyldan ýaly boldy. Şol ýagtynyň şöhlesine gyzyp giden ýaş ýürek henizem sowaşman, gaýtam üstüniň ojary ýetirilýan ojak ýaly lowlap gyzýardy. Wagt geçdigiçe, pursat ötdugiçe, onuň ody barha beter öç alyp tutaşýardy. Gyzgyny on iki süňňüne ýaýraýardy. Gulaklarynda, beýnisiniň içinde bolsa diňe onuň bilen gepleşen gepleri, gyzyň agzyndan çykan sözler bal bilen şerbete garylan ýaly onuň ýürek-bagryny meýmiredip bimar edýärdi.
Kerwenleriň dowar sürüleriniň biri-birine meňzäp ýatan ak çägeli depeleriniň arasyndan salan egrem-bugram ýoly şazadany köşk tarapa alyp barýardy. Ýollar, ýollar... Bularyň belendi-pesi, düzi-çarkandagy diňe ötülip geçilenden soňra bilinýär. Öňdäki belent gum depesiniň aňyrsyndaky ýoluň näjüredigini ýöräp görmeseň, biljek gumanyň ýok.
Jelaleddiniň bu günki duýdansyz uçraşan söýgi ýoly-da, belkem, giň sähranyň çarkandakly, belentli-pesli, kötelli, howply ýoluna meňzeşdir... Elbetde, ýöremedik ýoluňdan ötüp görmeseň, onuň nähilidigini öňünden aýtmak çetin, kyn, töwekgellik bolýar.

____________________________
[1] Suriýa — Siriýa, Şam.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 38 | Добавил: Haweran | Теги: Hojanepes Meläýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]