23:24
Janköýerler / hekaýa
JANKÖÝERLER

(Iki wakaly bir hekaýa)

1998-nji ýylyň on ikinji iýulynda, ýekşenbe güni Fransiýanyň paýtagty, Parižde, Sena derýasynyň kenarynyň gyrasyndaky stadionda futbol boýunça dünýä çempionatynyň final oýnunyň başlamgyna entek wagt bardy. Hoşgeldi bilen Gyzylgül bu gün durmuş toýuny gurýardylar. Agşamky restorandaky toý ýaňy başlap, ýaş çatynjalar ýerlerine geçip oturanlarynda, Gyzylgül Hoşgeldiň aladaly görünýänine ilkibada kän bir gabak galdyrmadyksyran bolsa-da, ýanýoldaşynyň hyýaly toý bilen däl-de, başga ýerdedigine gözi ýetdi. Sebäbi birnäçe sorag bilen ýüz tutanda, Hoşgeldi onuň soragyny “Hä?” diýip, iki gezek gaýtalatdy; suratçy ýakyna gelip, surata düşürjek bolanda bolsa, Hoşgeldiň ýeňinden çekip turuzmaly bolupdy. “Ýok, muňa bir zad-a bolupdyr, düýnki Hoşgeldi däl bi” diýip, Gyzylgül howsala düşüp başlady. Onuň oýuna her hili pikirler geldi: “Aramyza çöp atjak bolup, biri muňa gep içirendir. Ýa, nähoşlaýdymyka?” diýip, uly ünjä galdy. Tans etmäge çykanlarynda-da, Hoşgeldi Gyzylgül üçin ýasama ýylgyrýan ýalydy.
Agşamky toýy sag-aman sowdular. Myhmanlaryň aglabasy ýagşy dilegler bilen ýaş çatynjalara bagtly durmuşy arzuw edip, öýli-öýlerine dagansoňlar, toý eýeleriniň bir özleri galyp, “ak-gögi” tamamlap, ýaşlaryň gapysyny ýapanlarynda, gijäň ýary bolupdy.
Aradan sähelçe wagt geçensoň, gapyny kakdylar, Gyzylgül hasyr-husur kürtesine bürendi, Hoşgeldi gelniniň ýanyndan turup gapyny açdy. Ýaşlar üçin ýeňiljek agşamlyk getirdiler. Üsti çäýnek-käseli, akja salfetkaly we iki bölejik tortly mejimäni Hoşgeldi gelniniň öňünde goýdy. Gyzylgül mejimäniň üstündäki zatlary sanap, “muny kim taýýarlanam bolsa örän yrymçyl oýdýän—diňe ikimiz üçin niýetläp getiripdir. Şoňa-da şükür” diýip, içini gepledip, birneme rahatlandy:
—Çaý içjekmi, guyup bereýinmi?—diýip, adamsyny gözastyndan synlady. Gyzylgülüň göwnüne bolaýmagy hem mümkin—Hoşgeldi duýdansyz hödür-kereme tisginen ýaly boldy.
—Hä, hawa guýaý bir käse!—diýip, ol dillendi-de ýene öz oý-pikirleri bilen gümra boldy. “Maňa barmysyňam diýenok” diýip, Gyzylgül ýene ünjä gitdi. Geçen bolsa on-on bäş minut geçendir-dä, Hoşgeldi naýynjar sesi bilen, edil ogurlyk edýän ýaly, boýnuny burup, ýuwaşjadan, Gyzylgüle ýüzlendi:
—Gyzylgüljan, sen meni bagyşla—diýende, Gyzylgülüň ýüregi çalt-çalt urup, gulaklary gyzardy, gözlerini mölerdip, Hoşgeldä seretdi.—Meň gyssagly işim çykdy, gitmesem bolanok, dogry iki sagatdan gelerin, saňa soň gürrüň bererin. Eger sorasalar, “daş çykdy häzir gelýär diýäý”—diýip, köwşünini eline aldy-da, penjirä tarap ýöneldi. Gyzylgül näme diýjegini bilmän çala başyny atdy, Hoşgeldi muňa üns bermän, gyssagly penjireden çykyp gitdi. Gyzylgül açyk penjirä aňkaryp durşuna birhaýukdan özüne gelip, ylgap baryp, hasyr-husur penjiräni ýapyp, ony tutysy bilen örtdi.
“Allajanlarym, bu adam bu biwagt nirä gitdikä, gijäň ýarynda nähili gyssagly iş çykyp biler, özi hem toý güni, birinji gije...”, diýip, ýaş gelin oýa batdy, soň gapynyň gulplydygyna göz ýetirensoň mejimäň başyna geçdi. Ol uzakly gün agzyna tagam almandy, irdenki, atasy öýünden gaýtmanka içen kofesi, içi “eljuk” diýýär. Sowan çaýdan bir owurtlap, çemçejigini torta uzatdy. “Gyssagly iş” ýadyna düşdi-de, çemçejigini gaharly, eliniň tersi bilen mejimäň içine oklap goýberdi-de, düşekleriň arasyndan bir ýassygy soguryp çykardy-da, kellesini goýup gyşardy. Ilki potologa seredip, oýa-pikire gidip, gözlerini açyp ýatdy, soň uzak gün aýak üstinde bolup, ýadanyndanmy, nämemi irkileninem bilmän galypdyr. Näçe wagt ymyzgananyny bilenok, gapy kakylmadyk bolsa meger ertire çenlem ýatmagy ähtimaldy. Ol hasanaklap ýerinden turdy, gözlerini owkalaşdyryp, gowşan başýaglygyny täzeden daňyp, howul-hara öýmesini boýnundan orap, kürtesini başyna atyp gapa golaýlanda, gapyň aňyrsyndan:
—Gyzylgül, bu men, Maral. Açaý gapyňy! –pessaý ses eşidildi. Gyzylgül özünden uly eltisiniň sesini tanap, bir eli bilen kürtesini gysymlap, gapyny çalarak açdy-da, eli mejimeli eltisini içerik saldy. Maral ýalym-ýulum edip, ýap-ýaňy gowurlanja goýunyň bagyr-böwrekli jamyny çaýly mejimäniň boşrak ýerine goýdy, soň okaraň gapdalyna bir tegelek enaýy myssyjak nany goýdy-da:
—Alyň, iýiň noş bolsun, ajygansyňyzam. Wiý, hany Hoşgeldi?
Täze gelin kürtesiniň aşagyndan bir eliniň aýasyny çykaryp, “Bilemok” manyny aňlatdyrdy-da, kellesi bilen penjirä ümledi.
—Hä, şeýlemi, daşardamy, dostlary geldimi? —diýip, Maral täze eltisiniň ýüzüne çiňerildi. Onýança daşarda alawagyrdy bolup, keýpi kök erkek adamlaryň sesleri gelip başlady:
—Eý, Hoşgeldi! Penjiräňi açeý, seni biri görjek diýýär.
—Birem däl birnäçe adamyň senesi ör-rrän göresi gelýär.
— Hany, täze geliniň bukjasyndan bize-de dadyr-da how!—diýişip, jogap bolmansoň, daşardakylar penjiräň aýnasyny kakyp başladylar. “Gygyrarlar, kakarlar goýarlar, giderler-dä”, diýip, Maral çydajak boldy. Daşardakylaryň gitmek niýetleri ýokdy. Maral Gyzylgüle soragly seretdi, Gyzylgül kürtäň aşagyndan iki egnini gysyp sessiz jogap berdi. Ahyry bolmansoň, Maral tutyny çekip, penjiräni açdy-da Hoşgeldiň dostlaryna:
—Hoşgeldi bir ýaňa çykypdyr öýdýän, bärd-ä ýok ol.
—Maral gelneje oyun etmesene, biz dostumyzyň güler ýüzüni birje gezek görsek onsoň dargajak, how—diýip, boýny “kebelekli” bir ýaş oglan aýagynyň üstünde yraň atyp duran ýerinden üzlem-saplam gepledi. Oglanlaryň keýpleri kökdi. Olaryň arasyndan ýene biri iň soňky sesi bile gygyrdy:
—Eý, Hoşgeldi sen eýýäm geliniň arkasynda gizlenmäge başladyňmy, irräk däl-maý?! Olaryň bolup durşyna Maralyň gahary geljek boldy:
—Hany, ýuwaşrak boluň! Ýatan bar. Hoşgeldiň nirededigini siz bilmeseňiz, gelni nireden bilsin—diýip, hüjüme geçdi.
—Aý, Maral gelneje, biz-ä hä-äli dostumyzy “bagtly boluň!” diýip, gelnine tabşyryp gaýdyşymyz, şondan bäri ony göremzog-a, how. Dogrudanam, ol öýde ýokmy?—diýip, Hoşgeldiň dostlarynyň biri seslendi. Indi Maralyň çyndanam gahary geldi:
—Ynanmaýan bolsaň, gelde barlap gidäý!
—Borla, gelneje gaty görmesene, toýçylykdyr-da—diýişip, oglanlar az salym öz aralarynda “hümür-sümür” edişip, dagamak bilen boldylar. Maral penjiräni ýapyp, tutyny goýberdi, Gyzylgüle ýüzlendi:
—Al, gelin, sen bir nahar sowamanka iý-dä! Ýa, täzeden gyzdyryp geläýeýin?—diýende, gelin “ýok, gerek däl” manyda başyny yralady. —Aýtman-diýmän nirä gidiberdikä? Jany sag bolsa bolýa-la—diýip, Maral täze gelin ýeke galmasyn diýip, Gyzylgüliň ýanyna geçip, oturdy. Geçen bolsa on-on bäş minut geçendir-dä, şol iki aralykda çaýam içilmedi, naharam iýilmedi. Ýene penjiräň aýnasy kakyldy. Maral bilen Gyzylgül bir-biriniň ýüzlerine soragly seredişdiler. Aýna ýene kakyldy. Maral ýerinden turup, penjiräni açanda, Hoşgeldi daşarda tans edip durdy:
—Ur-ra, Fransiýa çempion, urr-a Zidan çempion! Maral gelneje, Fransiýa çempion! Men bu gün nähili bagtlydygymy bir bilsediňiz? Zidan çempion!
—Seň bagtyn iki sagatdan bäri saňa näme bolanyny, nirä gidenligiňi bilmän ýoluňa gözüni dikip otyr, sen bolsa entäp ýörsüň, utanaňokmy? Dereew il görmäkä öýe gir!—diýip, Maral hemleli sesi bilen azgyryldy. Hoşgeldi aýakgabyny çykaryp, penjirä dyrmaşyp başlady. Maral oňa:
—Bar gapydan gir! Sen näme, ogrymy penjireden girer ýaly? Gyzylgül saklanyp bilmän pyňkyryp goýberdi.
—Gelneje giräýeýin-dä! Gapydan girmäge utanýan—diýip, Hoşgeldi gelnejesine ýalbardy.
—Ýeri, bolýar-da—diýip, Maral ýumşady. Penjiräni giňräk açyp, Gyzylgüle sargady—Gyzylgüljan berkräk tutgyn, başda gowşak tutsaň, bular soň hezil berýän däldir—diýip, ýaşlar bilen hoşlaşyp çykyp gitdi.
Soň, Hoşgeldi köçäň beýle tarapyndaky goňşylaryna baryp, Fransiýa bilen Braziliýanyň final oýnuny görenini, özüniň söýgüli komandasynyň—Fransiýanyň, esasanam kumiri—Zidanyň çempion bolnanyny gyzykly edip, Gyzylgüle gürrüň berdi.



Abadanyň hasabyna görä ol öz dogurmaly wagtyndan bir-iki gün ätläpdi. Ýöne ol üç çagany kadaly doguransoň, özüni arkaýyn duýýardy. Onsoňam, hemmeleri haýran galadyrýan hadysa¬—onuň çagalarynyň bary bazardan duşenbä geçilýän gijede dogulýardy. Bu gezegem şolar ýaly bolaýmagy gaty ähtimaldy. Bu gün dynç güni bolansoň öýdäkileriň hemmesi öýdedi. “Brazilýa bilen Fransiýanyň arasyndaky final oýuny telewizor ýarygije geçensoň, 13-nji iýulda, gije sagat birlerde görkezjekmiş” diýip, janköýerler sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Şol sebäpli Abadanyň ogly bilen adamsy ol oýuny arkaýynlykda görmek üçin, öýleden soň uly jaýa geçip ukylaryny alypdylar. Ogly, Kerim, Ronaldaň komandasy—Braziliýa çempion bolar diýýärdi, kaklary bolsa, Fransiýa, Zidana jankoýerlik edýärdi. Ogly Ronaldo meňzejek bolup, sertaraşa gidip saçyny hem şonuňka meňzedip oňartdy, sary reňkli №10 futbol maýkalaryny gezekli-gezegine geýip, egninden çykaranokdy.
Gelin-gyzlaryň futbola gyzygýany seýrekdir welin, Abadan edil erkekler ýaly fytbolistlere çenli beletdi, ýöne onuň üçin haýsy ýurt çempion bolanda-da parhy ýokdy, ol diňe futbolistlere janköýerlik edýärdi, aglaba-da oglunyň janköýerlik edýän komandasyna—Brazilýa. “Eger-de oglanjyk dogulaýsa, adyna haýsy çempion bolsa ýa Ronaldo, ýa-da Zidan dakaryn” diýip, degişýärdi. Abadanam dünýäniň futbol boýunça on altynjy çempionatynyň käbir gyzykly oýunlaryny görüp gelensoň, final oýnynam bir göräýsem diýip, göwün edipdi.
Agşam gün ýaşansoň, Abadan içindäki tanyş sanjylary duýup başlady, ýöne olar entek gowşagrakdy we seýrek tutýardy. Ol öňki çagalaryny duşenbede doguransoň-a, “aý, bolsada gije ýarymdan soň bolar-la” diýip, özüne teselli berýärdi, onsoňam, ol bu gün esasy oýuny göremeli ähyry. Futbolam-futboldyr welin, häzir onuň esasy aladasy aman-sag ýeňlemekdi we ol alada birneme aladalandyrsa-da, syr bildirmejek bolýardy.
Wagt diýilýän zat derreew geçip dur. Futbolyň başlamagyna bir sagat galanda, Abadanyň burgusy birneme güýçlendi, ýöne, entek howlugyp, howsala düşer ýaly sebäp ýokdy, şonuň üçinem ol özüni örän arkaýyn we ynamly duýýardy. Ol ätýaçlygy göz öňünde tutup, biline ýüň ýaglygyny aýlady, kän gezmelemejek boldy.
Ahyrsoňy final hem başlandy. Oýunyň birinji döwründe Abadan sanjylardan känbir biynjalyk bolmady, oýunyň ikinji döwri başlanda sanjylar onçakly ýiti bolmasa-sa, ýygjamlaşyp başlady: tutýar-goýberýär, tutýar-goýberýär—ýöne, birsyhly biynjalyk edip dur. Arasynda käwagt tisginibem gidäýýär. Ogly bilen adamsynyň bar nazary telewizorda, Abadan bir tisginip biygtyýar “oh” diýende, adamsy Atajan öwrülip, Abadana seredende, Abadan hemme zadyň gülala-güllükdigini eliniň yşaraty bilen düşündirip, adamsynyň ýüzüne ýylgyryp seretdi. Abadan öýüň içinde gezmeläp ýörşüne iki gözüni telewizordan aýyranokdy—öýdäki janköýerleri bilen telewizorda bolup geçýän hadyslara deň tomaşa edip otyrdy, ýanyndaky janköýerler bilen deň gohlaýardy: “Aý”, “Ah-heý...”, “Bol-bol!” sözleriniň arasyna, sanjylaryna çydaman “Wah” diýip, bilini tutanda, adamsy bilen ogly muňa janköýerleriň adaty sesidir öýdüp, pitiwada bermän, ünslerini ekrandan sowman otyrdylar.
—Menem-ä, ahyryna çenli oturjak bolaryn—diýip, Abadan janyna aram tapjak bolup, dişrlerini gysyp, kä oturýar, kä turýar. Oýun ahyry gutardy, adamsy Fransiýanyň çempion bolanyna begenip, uçaýjak bolýardy, ogly şumjaryp aglap otyrdy...
Abadan agyrysyna zordan döz gelip, adamsynyň ýüzüne naýynjar garap:
—Atajan, ýör gideli—diyip, pessaýja dillendi. Atajan şobada düşünip, hasyr-hsur geýinmäge başlady.
1998-nji ýylyň 13-nji iýulynda, ýene-de öňkileri ýaly, ýekşenbeden duşenbä geçilen gijesi Atajan bilen Abadanyň üçünji gyzlary boldy. Onuň adyna Bossan dakdylar.

Kakajan Balkanow .

2017 ý.





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 165 | Добавил: kbalkanov4 | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Otluçöp - 06.01.2022
Ýetmiş güne durýan iñ uly gije / hekaýa - 24.04.2022
“Mini Futurisme” kysymly kyssajyklar - Peýdaly aýti - 18.05.2022
Aşk boğar İnsanı / hikaye - 06.01.2022
Gülgün jorap / hekaýa - 11.01.2022
Старик Иуда / рассказ - 24.01.2022
Гвоздь / мини-рассказ - 23.05.2022
Gurjak teatrynda bolan waka / hekaýa - 22.01.2022
Ожидание / рассказ - 15.01.2022
Ýer elenýä / hekaýa - 13.05.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]