14:52
Jañ
JAÑ

Mekdepdäki jañ däl,
Ýok, başga ýerde,
Örän uly ýerde duran bir jañdan
Soradylar: - Sesiñ ýaman gaty-la,
Dünýäni doldurdyñ bu elhenç ýañdan.

Jañ diýdi: - Bilemok näme edýänim,
Ýene-de bir zady ymykly belle:
Tapawut ýok,
Kim ursa-da ýañlanýan,
Iñ esasam: akyldan boş bu kelle!

* * *

Bu gün başlygmyzyñ öýi ala-ýaz,
Ortarada uly saçak ýazlypdyr.
Gaýnatma, palow bar,
Çekdirme, çorba...
Diýmek, azyk meselesi çözlüpdir.

* * *

Orta barmaklary ýüzükli hatyn
Äriniñ ölümin diläp gezermiş.
Sen şeýle et, heleý,
Çünki Biribar
Aýalyñ dilegin terse ýazarmyş...

* * *

Ýalan bilen ýoldaş bolma,
Başarsañ, çyn, rasty gözle.
Duşmanyñ özi tapylar,
Sen özüñe dosty gözle.

Süýji iýseñ, süýjüni däl,
Ajyny dadany gözle.
Dellalyñ özi tapylar,
Sen zanny adamy gözle!

• GARANTGA

Bakja ekinlerni gora sen diýip,
Bähbidi ir bahar sakçy goýdular.
Şagaldyr tilkiler gelmezi üçin
Gowja bir garantga ýasan diýdiler.

Bähbitde bakjadan başga bähbit ýok,
Derrewjik ýasandy bir garantgany.
Bakja ýetişýänçä goraldy meýdan,
Garantga-da tapdy özünde many.

Şeýle bolup,
Ynha, bir gün ýetişdi
Gawundyr garpyzlar - şerbetli-bally.
Şol günem sakçymyz maşynyn alyp,
Ýetişen bakjadan ýolmaga geldi.

Şagaldyr tilkiler gowy ekeni,
Olar ýaşyl bakja darap bilmedi.
Garantga ýat gözden gorady zady,
Emma sakçysyndan gorap bilmedi.

Nury BAÝRAMOW.

"Tokmak" žurnaly, 1990 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 47 | Добавил: Haweran | Теги: Nury Baýramow | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Umyt / Goşgular - 16.02.2021
Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021
Я учусь у Ленина / Goşgular - 16.04.2021
Duýduñmy?! / Goşgular - 27.05.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Ýodajyk / Goşgular - 08.02.2021
Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]