16:33
Jäheksiz setirler
JÄHEKSIZ SETIRLER

başy gök direýän
bir beýik baýyrda,
ýaksalar belentden ody...
bolsam, şol oduň oduny...
ýalkymyna ýagtylsa ýollar,
ýylysyna çoýunsa gollar...
hiç daşa oýman adymy,
ýazsalar şony ýakanyň adyny...

bir gämi ýasasalar gök deňizde,
ýelkenini dokasalar göwnümden,
bogaldaga zor berip, öňe dartsa gämini,
çapgyn ýel doldursa, ýelken-göwnümi,
gämi döz gelse ähli harasatlara,
şatyrdasam-da ýyrtylman tupanlara,
äkitsem, äkitsem, äkitsem gämini,
ajap ülkäň firdöws kenaryna...
gämiň çekgesine ýazman adymy,
daksalar şony ýasanyň adyny...

ýol gursa biri, daglary ýaryp,
şoň elinde külüň bolsam, pil bolsam...
şol ýoldan geçip gidende gelnaljy,
ýolgyrada kirşen basan gül bolsam...
men-külüň bilen owradyp harsaňlary,
men-pil bilen çarkandaklar düzlense,
soňra men-gül bilen bezeseler şol ýoly...
ýolbaşyna ýazman guranlaň adyn,
ýolugra aýtsa ýöreýänler alkyşyn...

şemiň ýagtysyna kitap ýazsa biri,
gamyş galam bolsam onuň elinde...
setire hünji bolan söze öwrülip,
labyzly aýdylsam, okaýanyň dilinde.
men-galam hyzmat etsem tä ölýänçä,
soňam miras galsam ozduran şägirde...
kitabyň sahabynda goýulmasyn adym,
diňe ýazsam bolýar, geçip ägirtden-ägirde…

Öwezgeldi BEGLIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Myhman0430 | Теги: Öwezgeldi Begliýew | Рейтинг: 4.6/7
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Ýyllar geçse, agraslansam..." / Goşgular - 12.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Kakamjan / Goşgular - 14.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 Taryhçy   [Материал]
Sowugrak

0
5 Edebiyatcy   [Материал]
Jäheksiz setirler biraz "jäheklenen" bolsa belki mundanam has owadan, owazly goşgy bolardy...

0
4 Revo   [Материал]
Goşgunyň manysy umumy alanyňda erbet däl. Ýagşylyk, il-gün, adamzat ähmiýetli işler üçin, özüňi harçamaklyga bolan höwes we öwezine hiç zada garaşmazlyk. Diňe, il-gün bähbitli işiň netijesine, hasylyna guwanmaklyk duýgularyndan şöhlelenip ýazylan goşgy. Ýöne, meň pikirimçe üstünde işlemeli taraplary: bir bitewi sužet bolmazlygy, meňzetmeleriň aşa köplügi ýada doly ýerli-ýerinde däldigi hem-de çeperçilik tarapdanam käbir ýerleriniň agsaklygy.

"başy gök direýän
bir beýik baýyrda,"

Baýyryň beýikligine we başynyň göge diremegine känbir ynanasyň gelenok (baýyrlar ortaça 200m töweregindäki depelere aýdylýarmyka diýýärdim).

Baýyryň üstünde belentden ýakylan oduň ýalkymynyň ýollary ýagtylmasy we adamlary ýylatmasy (çoýundyrmasy) gowy zat egerde aňzakly gyş gijesi bolsa, ýöne, jokrama tomus günortanynda tersine. Ýagny, sužet has takyk we real bolmaly.

"bir gämi ýasasalar gök deňizde,"

Deňiz gök ýada göm-gök ýa gyşda suw sowanda bolýar ýada çuň ýerleri. Ýalpak ýerleri mawymtyl (goşmaça maglumat).

Göwünden ýelken. Pasyrdaýan ýelken. Ýelkenler ýeldä bilmedim welin, harasatda açylmaýar. Harasat ýyrtyp taşlaýar (meňzetmedir düşünýän, ýöne, aňymda galan faktlara çapraz bolansoň belleýän).

Dagdaky kirşenem biraz...

0
3 Mähriban   [Материал]
Sag eliň berenini sol el bilmesin diýýäňizmi?
Üstünlikler!

0
2 mango   [Материал]
men bu ýerlerini haladym:

äkitsem, äkitsem, äkitsem gämini,
ajap ülkäň firdöws kenaryna...

gämiň çekgesine ýazman adymy,
daksalar şony ýasanyň adyny...

dört bölekdäki edilen gürrüňlerden soňky ikisi – ýol bilen kitap barada aýtsam, şol ikisini halkyň peýdasyna goýup bilseň ölümden soňam sogaby geljek işleriň hataryna girýär.
(goşguda gahryman ýoly has primitiw gurallar bilen gurupdyr. bolsun. bu bir simwolizm diýäýeli.)
erkin ýazylan goşgular has gyzykly ýaly.
üstünlikler öwezgeldi daýy.

0
1 Haweran   [Материал]
"ýol gursa biri, daglary ýaryp,
şoň elinde külüň bolsam, pil bolsam...
şol ýoldan geçip gidende gelnaljy,
ýolgyrada kirşen basan gül bolsam..."

Berekella!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]