17:41
Jadyly senet
JADYLY SENET

Aýdym-sazym,
Gadymyýetden ýadygär.
Sende gudrat-kerem,
Jady bar.
Sende lowlap duran yşkyñ ody bar.
Sende Oguz han dek ärleriñ
Gaýraty bar, mertligi bar, zory bar.
Danalar danasy Gorkut atanyñ
Nazarkerde paýhasly didary bar.
Watan, il-gün üçin al ganyn döken
Görogly gerçegiñ namys-ary bar.
Şahyrlar şahyry Magtymgulynyñ
Berkararlyk islän hak şygary bar.
Owazlar älemne ýañ salan ussat
Babagammar piriñ çyn dutary bar.
Bagtyýarlyk döwri äleme doldy,
Adyñ-abraýyñ, belent mertebäñ.
Güller açar, dürler saçar, nurlanar,
Arşa galar seniñ geljegiñ-ertäñ.

Zehininden dürler döküp, zer döküp,
Ýaşap geçen beýik ussatlarmyzy.
Belent mertebeli Prezidentimiz,
Sarpa goýup galdyrdy tirseklerine.
Ýaşap ýören şeýda bilbilleriñ-de,
Hyruç goşup berdi ýüreklerine.

Amanmyrat MAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 22 | Добавил: Haweran | Теги: Amanmyrat Maýew | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Goşgy / Goşgular - 31.01.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Owadan geline / Goşgular - 16.03.2021
Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]