22:23
Jadygöý
JADYGÖÝ

Gyrasy gyýçakly gara ýollaryñ,
Aý şöhlesi düşýän daşyna degen.
Aýagyna agram berýän gollaryñ,
Saçyny penjeläp başyny egen,

Däldiräp, gygyryp, için boşadyp,
Sessiz tümlük bilen aglaşan wagty,
Sen dälmidiñ bir degmezi hoş edip,
Gara ýaglyk bilen ýitiren bagty.

Sen jadygöý, sen bir pahyr ýalançy,
Edil ýyldyzlar deý başymy örtdüñ.
Senden dynmak üçin gijeler ýatyp,
Diñe gündiz bilen ýaşadym ýördüm.

Söýgä jadygöý deý oýun gurmadym,
Gaýta, oña nebsim agyrdy barha.
Syrly ýaglygyny bulap durmadan,
Ol nähili lezzet alyp bilýärkä?!

Diñe ejizligiñ ýazgydy bilen,
Ýaşasa durmuşdan utulýan şahyr.
Gözbagçy ykbalyñ ýazgydy has teñ,
Hatda jadylaram gutarýar ahyr.

Bägül ATAÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 113 | Добавил: Haweran | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 3.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Atsyz goşgy / Goşgular - 21.10.2021
Gökdepe galasy / Goşgular - 11.03.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler / Goşgular - 15.03.2021
Bahara hat / Goşgular - 20.02.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Ýa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021
Ырка / Goşgular - 06.03.2021



Всего комментариев: 9
0
"Süleyman jadygöý däldir "

0
Jady barmy diyyan şu durmuşda? Bir hekaya yazdym jadygöy hakda

0
7 Revo   [Материал]
Söz ýada aň derejesi bilen düşündirip bolmaýan zatlara jady diýilýän bolsa, onda, jady bar we ony sanasaň sogaby kän. Trillionlarça suwuk we gaz şekilli öýjükleriň sazlaşykly işlemeginden emele gelen bedenimiz, ýaşamagymyz üçin stimul berýän we biziň häzirki görýän realnostymyzy düzýän aňymyz, wagtlaryň jümmüşinden ýada uzak aralykdan öz täsirini ýetirip bilýän pikirlerimiz, reňksiz zatlara reňk çaýýan gözlerimiz we daş - töweregimizi gurşap alýan janly tebigada degişli bolan islendik zatlar muňa mysal bolup biler.

1
8 mango   [Материал]
tozanjyk bolmadyk bolsa, ertir juma hütbesinde okaýmaly wagyz eken, aýdanlaryň rewo daýy....
sag bol, birhili ynamymda güýçlenen ýaly boldum.
reňksiz dünýäniň bize reňkli görkezilmegi hasam geň.
ýöne muňa jady diýmän gudrat diýip bolar.

1
Hakykatdanam, jady barmyka şu durmuşda? Zhadi

1
Hayran galaymaly, şu goşgyny iberip, goydurayyn diyip yördüm. Haweri sen jadygöymi hä?

1
2 Aksary   [Материал]
Atymçaýly haltañ bagyny işip
Durkañ çal soradym oýun edip degşip
Men özüñe teşne özüñe aşyk
Mätäç däldim çaýa çala klasdaş

...Seniñ eliñdedi bagtymyñ bagy
Ýygan pagtamyzyñ ölçenýän çagy
Ýylgyryp ýüzüme seretseñ dagy
Men şol gün sygmazdym GOLA klasdaş

...şeýleräkmi Bägül hanym

Meýdança(my)

1
1 mango   [Материал]
Aýagyna agram berýän gollaryñ,
—-
Aýaga kelle agram berip biler,
Aýaga göwre agram berer…
Aýaga agram berýän gol - bu nähili bolýar?

1
5 Nurdan   [Материал]
"Gyrasy gyýçakly gara ýollaryñ,
Aý şöhlesi düşýän daşyna degen." - diýýär, daş degip awunan mahaly gollar hem ýük bolup bilmezmi?! Aslynda ýörän mahalymyz bar ýüki göterýän esasy aýaklarymyz. Diýmek goşgynyñ ol ýerinde terslik ýok bolýandan bolýa bolmaly

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]