09:47
It waspy
IT WASPY

"It geldi - gut geldi" diýen nakyl bar,
"Gut" diýmek bagtdyr, bagt bolarmyş it.
Asmanyñ ýüzüne gelende gubar,
itine äñeder mal bakýan ýigit.

Gijeler diñ salyp ähli çygşylda
Ýatandyr,
Ýatandyr ysgap şemaly.
Möjekler uwlaşyp galar alada,
şonda itiñ gözi ýanar şem ýaly.

Itiñ gözi gurat dürbüden gurat,
malyñ örüsinde bolsa bolsun düýt.
Bir kes goýunlara etse hyýanat,
It ony başarsa, etjekdir düýt-müýt.

Ýal berseler iýer, ýal bermeseler,
meýdanda aw edip, özüni eklär.
Kämahal adamlar äsgermeseler,
it buýsançly oglan ýaly öýkelär.

Göýä egni ýyrtyk kurtkaly oglan,
it şatlanýar añzak bolanda ahyr.
"Itler adamzada hut körpe dogan" -
diýipdir geçmişde bir beýik şahyr.

Allaberdi HAÝYDOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 23 | Добавил: Haweran | Теги: Allaberdi Haýydow | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sen / Goşgular - 28.10.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Dostum / Goşgular - 25.03.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Aýdym / Goşgular - 24.05.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Dag we Asman / Goşgular - 10.11.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Gije motiwleri / Goşgular - 12.02.2021
Taк / Goşgular - 04.04.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]