13:35
Istärin
ISTÄRIN

Halk aýdymyna, klassyka, esasanam, Magtymgula öýkünip ýazylan goşgy

Ýamandan ýagyrnym ýagyr,
Men bir ýagşy net islärin.
Gyzyma uýatdyr haýa,
Ogluma sünnet istärin.

Myhman sowan saçak bolsa,
Bir wepadar gujak bolsa,
Tamdyramda gyjak bolsa,
Ne başga senet istärin.

Agram salmasam bilime,
Degmese wepam ilime,
Türkmen düşmese dilime,
Bir çolaja çet istärin.

Namart törde oturmasa,
Mert iç işikde durmasa,
Duşman ýeňseden urmasa,
Gelse pete-pet istärin.

Kim türkmeni gyssap bilen,
Ony ýere ýassap bilen,
Gözi gyzyl gassap bilen,
Ýüzbe-ýüz söhbet istärin.

Talaňa düşen dükanda,
Tamy awladym mukamda,
Dowzaha dönen mekanda,
Kiçijek Jennet istärin.

Oljany bolja getiren,
Üstünden kerwen ötüren,
Ýolda paç ýygnap oturan,
Abraýly döwlet istärin.

Ärdek ýaşap geçse peder,
Nesil kimden heder eder,
Gelen geler, giden gider,
Bir açyk serhet istärin.

Milletine arka duran,
Özi iýmän, ile beren,
Raýatyny eziz gören
Täze hökümet istärin.

Kasasdyr ýerliksiz azap,
Mesde güýç, ejizde hasap,
Bäş barmakdan ýumruk ýasap,
Düýpli hereket istärin.

Şiraly NURMYRADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022
Муза / Goşgular - 21.01.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Боль Вьетнама / Goşgular - 11.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]