21:00
Islemedim
ISLEMEDIM

Islemedim söýmegiňi Leýli deý,
Maňa ýeterlikdi adaty söýgiň.
Yşgymyzy samramandym meýli deý,
Oň üçin gerek däl, üýtgeşik öwgiň.

Söýgim üçin etmejegim etdim men,
Şonuň üçin ähli zada kaýyldym.
Ýyly mähir, hoş sözüňden ötdüm men,
Her günki güklileriňe maýyldym.

Tutmasamda ilki söýgiň ornuny,
Ondan has-da gowysyna dyrjaşdym.
Adalatsyz berdiň diýip oýnuňy,
Ykbal bilen telim sapar erjeşdim.

Sygmasa-da arzuwlarym hiç içe,
Köçe çykyp gygyrmadym hiç haçan.
Men seni söýüpdim özümden geçe,
Mendim hyýallarda asmana uçan.

Öz dünýämde biziň bagta taý ýokdy,
Toý edipdim seniň bilen her gije.
Bihuş galan däli köňlim saýrakdy,
Emma indi sensiz boljak bu bije.

Arzuw gülim-arzuw bolup galarsyň,
Gynanmaryn söýen ýürek köýlenne.
Özgä ýar bolup, bir günem bararsyň,
Garaşaryn toýuň boldy diýlenne.

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aýak yz / Goşgular - 08.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Düşnüksizlik / Goşgular - 30.01.2022
Нарушение гармонии / Goşgular - 16.02.2022
Речка Руза / Goşgular - 29.01.2022
Ненаписанные стихи / Goşgular - 25.02.2022
Тревога / Goşgular - 21.01.2022
Мерцающий свет / Goşgular - 22.02.2022
Talant gara däldir / Goşgular - 22.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]