03:23
Irki goşgulardan
• Kime garaşýaň?

Kime garaşýaň,
Gyrpyldysyz gözleriňi sowa bilmän uzakdan,
Boş-a bilmän oý-pikirli duzakdan.
Kime garaşýaň?

Çümdürip ak goluňy,
Batgasyna buludyň,
Garaýarsyň garasyna iňrigiň,
Ýoluň ýitýän ýerine!
Ýagyş bary damar-damar ýaprakda,
Ezilip güýzüň güni,
Damja bary kirpikde,
Çöke düşüp toprakda,
Kime garaşýaň?

* * *

Ýum gözüňi bir bada,
Çykar ak goluňy tümünden bolduň,
Açylsyn howa,
yer-gün çalyksyn,
Asman, ýere ýoluksyn.

Ýitip barýar gözýetim,
Batyp barýan şapakda,
Kime garaşýaň?
Bakylyk bar bolsa ýalançydan soň,
Ebediýet sen,
Çyn özgeriş sen,
Maksat-niýet sen,
Ýaradylyş sen.

Sen söýginiň goragy-a,
Sen jahanyň sylagy-a,
Garaşma tur ýeriňden,
Sen güneşiň ojag-a,
Kime garaşýaň?

• Çatrykda

Çatryga ýetdik,
Yzda galdy uzak ýol,
Aýlawlary, belgileri bilen,
kötelleri, inišleri bilen,
Doňlary, günešleri bilen.

Çatryga ýetdik,
Yzda galdy ýaşlygymyz,
Ýazlary,
Güýzleri bilen,
Agylary,
Gülküleri bilen,
Gijeleri,
Gündizleri bilen.

Çatryga ýetdik,
Yzda galdy şatlyklar,
Gaýgymyz,
Goşgymyz,
Söýgimiz.

Çatryga ýetdik
Hoşlaşdyk,
Sen saga gitdiň,
Men sola!

• Adyň

Barmagym bilen,
Aýnaň buglaryna adyňy ýazýan,
Aýnaň buglaryndan, adyňy bozýan,
Ýene ýazýan,
Ýene bozýan,
Ýene, ýene, ýene-de.
Doly durlananda aýnanyň ýüzi,
Özümi däl,
Seni görýän aýnada.

Dyrnagym bilen,
Köňül daglarynda adyňy ýazýan,
Köňül daglaryndan adyňy bozýan,
Ýazýan, bozýan,
Ýazýan, bozýan, Ýene-de,
Durlanyp dur köňülim,
Durnalyp dur aýna deý.

Ýüregim bilen,
Şygrymyň teninde adyňy ýazýan.

Ibrahim B.





Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
Baýadowadan täze goşgular / Goşgular - 11.03.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021



Всего комментариев: 11
0
11 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Aksary, Suraÿ, Meñli, Elena we Mango okanyñyz hem syn ÿazanyñz üçin kôp minnetdar!

0
9 mango   [Материал]
ybraýym däde. gaýrat edip wagt tapsaňyz aşakdaky tema hem baryp gaýtsaňyz. pikiriňizi aýtsaňyz begeneris.

kitapcy.com/news/ hazirkizaman_eyran_poeziyasy/ 2021-10-19-17782

0
10 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Hökman Mango daÿy, Birki günüñ dowmynda öz pikirimi ÿazjak bolaryn. Öñem bir temanyñ üstüni açypdyk, Erkin (Modern) gošgy barada, šony hem yzarlap bilsek gowy boljak. Belki ÿaš šahyrlar haÿyrlansyn! Šo wagtlar išim köp boldy, ÿazyp bašladym weli yzy bolmady.

0
7 mango   [Материал]
"kime garaşýaň"da pessimist birine optimistik maslahat beripsiň diýip düşündim.
birinji bölümi pessimistiň hal-ahwaly...
ýöne, näçe pesimist görünse-de gahrymanyň bu ejizligi maňa ýarady: "Damja bary kirpikde, Çöke düşüp toprakda, Kime garaşýaň?".

ikinji bölümi optimistiň maslahaty...
haladym hem kabul etdim bu maslahaty:
"Garaşma tur ýeriňden, Sen söýginiň goragy, ...jahanyň sylagy, ...güneşiň ojagy, Kime garaşýaň?"
ýöne "Bakylyk bar bolsa ýalançydan soň" diýip şübhelenýän ýaly edip, "Ýaradylyş sen" diýip öz şübhäňi dagytmagyň gyzykly. ýaradylan bar bolsa, ýaradanam bardyr...
---
"çatrykda" - muny has haladym.

Çatryga ýetdik
Hoşlaşdyk,
Sen saga gitdiň,
Men sola!

her ýagdaýda hem ahyr soňy - çatrygyň, hoşlaşygyň, sagyň we çepiň... boljagyna boýun bolmaly öýdän. birhili alasarmyk duýgy bilen meni çatryga taýýarlap goýan ýaly boldy...
---
"adyň" - bu owadan surat bolupdyr....
tehnikasam gyzykly....
ilki aýnada... soň şol hereket köňül daglarynda gaýtalanýar. üçünji gaýtalanma hem şygyr teninde...

bu (gaýtalamak) tehnikany "kime garaşýaňda" hem ulanýaň.
birinji bölümdäki detallara ikinji bölümde täzeden gaýdyp gelýäň... gyzykly usul.
1) Gyrpyldysyz gözleriňi sowa bilmän... *** Çümdürip ak goluňy, Batgasyna buludyň ...
2) Ýum gözüňi bir bada, Çykar ak goluňy tümünden buluduň ...

ybraýym däde. meňli hanymyň 3-nji teswirdäki belliklerine goşulýan... kä sözleriň goşulmalary barada...
goşgularyňy haladym. minnetdar.
täzelerindenem oklap duruň.

0
Çatryga ýetdik. Ajaýyp goşgy ekeni.

0
5 Pero   [Материал]
Goşgulary gaýta-gaýta okadym, ajaýyp! Formasy, many çuñlugy, täsiri gaty gowy! Galamyñyz ýiti bolsun!

0
4 Pero   [Материал]
Çykar ak goluňy tümünden bolduň, " bärde "bolduñ" däl-de "buluduñ-bulduñ" diýjek bolupsyñyz öýdýän

0
3 Pero   [Материал]
Çümdürip ak goluňy,
Batgasyna buludyň,
Garaýarsyň garasyny iňrigiň,
Ýoluň ýitýän ýerini!
Ýagyş bary damar-damar ýaprakda,
Ezilip güýzüň güni,
Damja bary kirpikde,
Çöke düşüp toprakda,
Kime garaşýaň?

"Garaýarsyň garasyny iňrigiň, " şu ýerde garasyna bolmaly.

Ýoluň ýitýän ýerini!" bärde-de ýerine bolmaly. Yok şol durşuny saklajak bolsañyz "garaýarsyñ"-y "synlaýarsyñ"-a ûýtgetse-de bolar.

1
8 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Ÿalñyšlary doly kabul edÿärin. Tañry ÿalkasyn Meñli hakym! Dogrusy öńem bir gezek ÿazypdym, Türkmensährada ene dilimizde hiç hili okuw bolmansoñ, biziñ ÿazÿan tekstlerimizde gramatiki ÿalñyšlar köp gabat gelÿär. Indiki gošgularda bular ÿaly ÿalñyšlar kemeler ÿaly, šeÿdip aÿdyp (ÿazyp) dursañyz gowy. Ÿene bir gezek minnetdar! Düzederin.

0
2 Mähriban   [Материал]
Barmagym bilen,
Aýnaň buglaryna adyňy ýazýan,
Aýnaň buglaryndan, adyňy bozýan,
Ýene ýazýan,
Ýene bozýan,
Ýene, ýene, ýene-de.
Doly durlananda aýnanyň ýüzi,
Özümi däl,
Seni görýän aýnada.

Nähili gowy!
Ybraýym aga, ömrüňiz uzak bolsun!

0
1 Aksary   [Материал]
Gowy goşgylar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]