19:25
Ir düşüpdir ýapraklar...
IR DÜŞÜPDIR ÝAPRAKLAR...

Ir düşüpdir bagymyzdan ýapraklar,
Ne beýle ir geldi güýzüñ ýelleri?!
Dek düýn ygşyldaşan terje ýapraklar,
Bu gün guçup ýatyr sowuk pelleri.

Ir düşüpdir bagymyzdan ýapraklar,
Gözel tebigaty hasrata baglap.
Şemal elewreýär, bulut aglaýar,
Şahyr sessiz otyr kalbyny daglap.

Ir düşüpdir bagymyzdan ýapraklar,
Agaçlar ene deý çekýär nalanym
Ýapraklar ýatyrlar, guçup topragy,
Ýatladyp ir giden körpe balany.

• BU GÜN ÝERE BAKYP AGLADY ASMAN...

Bu gün ýere bakyp aglady asman,
Sesin goýar ýerde hiç goýmaýardy.
Asmanyñ halyndan gapyl adamlar,
Henizem aşakda toý toýlaýardy.

Bu gün ýere bakyp aglady asman,
Daman gözýaş adamlary gagşatdy.
Bu gün ykbal är ýigidiñ goýnuna,
Namysyn aldyran bagty bagş etdi.

Allamyrat RAHYMOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 28 | Добавил: Haweran | Теги: Allamyrat Rahymow | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..." / Goşgular - 03.02.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Syr / Goşgular - 01.06.2021
Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň! / Goşgular - 13.01.2021
“A men seň toýuňda çabga guýdyryn!..” / Goşgular - 10.04.2021
"Ykbalym baglydyr..." / Goşgular - 16.03.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]