09:36
Internetli dünýä / hekaýalar toplumy - Imoçy ýeňňe

IMOÇY ÝEŇŇE

Goňşyň gelni bäbekhanadan çykanda, onuň “pişme bişirdisinden” göwni galyp, gaýtdy.
Dagy nä?!
Bu-la, hemişekisi ýaly bärden barjakdan.
Bäbek görlüp, “ýaşy uzyn bolsun”-dan soň, eýleki goňşy-boýdaşlary bilen çaý başynda oturjakdan.
Birsellem zyban neşesiniň pinegini göräkge, göwün gabyny gowzadyp, gybat kakjakdan.
A olar bolsa...
Haýsyny görseň, elinde telefon.
Şoňa tiňkesini dikişip, oňa: “bamysyňam” diýmeýäler.
Çagalaryndan assyrynlykda: “Ýör gidäli, bileje seýle-e-e!!!...” diýip, ýarygijeden soň, garaňky tamda äriniň böwrüne symsyklaýan ýaly, elindäkiň ýüzüne dürtekleşip, garabaşynagaý.
“Gyýw! Goýuňsana gyz, şonyňyzy! Siziňem, meň çagalam ýaly bolşup, şonyňyzdan aýrylyp bilmän otyryşyňyz dagy nätüýslek? Aýda-ýylda bir sapar başymyz jem bolýa. Geliň-ä bir, birhaýuk süýji-süýji söhbet edeýliň ahyry!” diýip, zynharlaýa welin, “diýýämiň” diýýänem ýok.
Gaýta, ekrana dürteklemäni hasam ýygjamladyp, oňa baka iň bärkisi kellänem galdyrman, hüňürdeşýärler:
-A-ýuw dogan, zamanadan ýaman konkretni yza galyp ýatyň! Bilip goý, doganjan! “Göriplikden garyplygam gowy” diýlişi ýaly, köpçülik bilen kök bolşasyň gelse, şu eýýamda özüňe: “IMO düşmez” diýdireňden “üme düşmez” diýdirip, “wäňk” adyny alanyň has awraýlydyr! Onnoňam, inni gybat kakmak üçin “toý-ýas” bahanasyny arap, başyň birigme aladasy ýok. Ýanyňdakyň gulagyny gazala-da, ine şu – biziňki dek, aýaňa gamaýja smartjyk edin! Onnoň özüňi “IMO”-da reg-le-de, bizleň grupba agza bol! Şo taýda-da näçe gepleşesiň gelse, ýazywer. Özüňem, özüňkiň gulak etini guradanyňa görä, oňa “galaksy” aldyrjak bol. Ol ýuzlamaga ykjam bolýa. Elbetde “onki pro maks” bolsa-ha has krutoý-la. Niräk götereňde-de, eýlekilerden utanman, eýläk-de-beýläk çaýkanjyran bolup, Hywa gapdalyňy ýelkenli gämiň ardy deýin ýaýkyldadyp, agzyňy-burnuňam çeýnäp gezmäge ýaraýa. Ýöne, onam näme, seňkiň çydam prasentiniň nähili-neneňdigin-ä bilmedik welin, biziňkiň-ä gulagyndan igletmek beýle-de dursun, kellesini kesseňem şony alyp berjekgäden otyr...
Şapbatdaky aýna guta çümäýjek bolup dümtünip oturyşlary, olaň ýeldirgän bolaýmagynyň gaty ähtimaldygyny çakladýan köne joralary, göräýmäge türkmençe gürleýänem bolsa, ol görgüli, beýnisine şunça agram salsa-da özüne berlen öwüt-nesihata ýarym-ýaltarak düşündi.
“IMO” diýýäler, “reg-le” diýýäler, “grupba” diýýäler, “gürleşesiň gelse, ýaz” diýýäler...
Hudaý bilsin, o gepler nämäni aňladýar?!
Gürleşesiň gelse, geplemeli dämi, gyz?! Onna: “ýaz” diýmekleri nämekä?!
“Galaksy” diýdigi ne diýdigi? “Onki pro maks” näme...
Toba, toba...Tüf-tüf-tüf...
Enesi pahyr: “Aýal görgüli görümden galjak bolup başlanda, kellesine eşek depen ýaly bolaýýamyş!” diýerdi welin, ýa bulaňkam şo boljak bolup ýatyrmyka?!
Ýöne, o diýilýän zat, her naçarda birhili bolup geçýä dämikä? Eýle bolsa, bulaň barysynyň bir wagtda turşusynyň depesine urup ýömesi nämedenkä?!
Ýa, bu-da, diňe orallyga ýetiberen heleý halkynyň ählijesine birden ýolugaýyp, nä, zakguntäjiňem “deltemi”, “peltemi” ýa “belkemi” diýilýän nejis hilisine çalymdaş bir zatmyka?!
Toba estagpurulla! Üç mertebe “tüf-tüf-tüf”! Adam pahyr ölmese, her zat görjek...

*****

...Ýüzüni sortduryp üýşmekden gaýdan ýeňňe, şuňa meňzeş pikirleri tünegine ýetýänçä, başyna boglan gyňajynyň aşak ýanyndaky bir ýerlerde, dynuwsyz pyrlady geldi.
Gowy zady, mydama hojalygyň biş-düşi, ýuw-art syr-süpüri bilen gydyrdanyp ýören görgüliň özi düşünmese-de, ýaňky aýdylanlara çagalary belet. Öýüne gelensoň, içki otagda nämedir bir zada güýmenip oturan uly ogluna maňlaý diredi.
-Oglum, “IMO” bolanda näme bolýa?!
Ata-enesine kän bir kellagyry döretmänräk, ýokary okuw mekdebiniň birinji ýylyny täzelikde tamamlandygy sebäpli, öz ýanyndan özüni Göroglyň edermenliklerine barabarrak gahrymançylyk görkezen hasaplap ýören ýigdi, ejesiniň oslagsyz sowaly geňirgendirdi.
Mugallymlaryna öýkünýärmi ýa-da özi indi jahyllykdan ýigitlige gadam basýarmy, ol soňky iki-üç aý bäri, näme geplese, gereginden artyk agras bolmaga çalyşýardy. Bu gezegem şol endigine eýerip, ol oýlanmasa-da dem salym oýurganýan kişisiräp, ýeňsesini gaşap oturdy. Soňam her bir sözüni hetjikläp, ägirt uly äwmezek howandarsyramak bilen dillendi:
-Mbäh! Eje! Ýaman surýoznyý soragy, woobçe niožidanny güpür-tapyrlykda beräýýäň-aýt! Inni, nä, men bu sowalyňa messež etmek üçin, ilki bilen-ä orta mekdebiň okuw programmasyna laýykatlykda informatikany, soňam özlemmiziň der saçyp öwrenýan maksatnamalammyzdaky kibernetikanyň, aýti tehnologiýalar ulgamynyň, galyberse-de webnetiň nämedigini düşündireýinmi-aýt, hä?!
Oglundan tamasy çykmadyk ýeňňäň öňki galan göwnüne, hasam gubar çökdi. Ýüzi boz-ýaz boldy. Hamy garalyp, çöpe dönen eljagazyny düwdi-de, kindiwanja ýumrujagy bilen, güberilip oturan köpbilmişiniň maňlaýyna, agyrtmanrak, assaja tokulatdy:
-Ah-heý! Kakaň ikiňe näme sorag ber-äý! Tüzüwje, dürsje jogap aýdaýman, “akyl sat” diýseň! Bir gulaç diliňiz bilen şony oňarýaňyz!-diýip, öýkeli hüňürdäbem gapdal otaga geçdi.

*****

Bu taýda-da körpesi çiň arkan düşüşine telefonda oýun oýnap ýatyr.
Ýene-de şunsyny eýlekilerinden özüne hamrak görýär.
Eýsem-de bolsa, haýsysy nemetmese-de, şuns-a megerem, nemetmese gerek.
-Guzym,-diýip ol, körpesine şelaýyn ýüzlendi:-Maňa “IMO” diýilýän zady öwredip biljekmi?
-Ulyňdan telefonyny alypbe! Paçak edeýin.-diýip, ýaňybir dokuzyny dolduran gögele, aýasyndaky ekrandan gözüni aýyrman ýatyşyna gomaljyrady.
-A özüňki näme? Senem mydama şolaňka dawagär!-diýip ol, gatyrganjak boldy.
-Oňky gymmady, gowusy, waý-faýam çalt işleýä!
Ýeňňe düşünmedi:
-Waý-waýy?!
Bir gözüni ekrandaky ganda-pyçak bolşup dert-azar garpyşýanlardan aýyrmaýan körpe, misli: “Nä, eje, üssümden güljek bolýaňmyň-aý?!” diýýän dek, beýlekisini ejesine alartdy. Onuň gara çynydygyny görübem, islemezlik bilen düzediş berdi:
-Waý-faýy. Interneti simsiz tutýan zat.
-Hä, şeýlemi! Bolýa, onna. Gyýw! Getir bärik, o eliňdäki haýranyňy! Ber, jigiňe!-diýip ýeňňe, içki otagyň açyk gapysyna garşy zowlatdy.
Ejesi hüňürdäp çykyp gidensoň, bolgusyz ýerden ony ynjydanyna müýnürgän ulusy, tumşugyny kürşerdibrägem bolsa, jyňkyny çykarman telefony getirip gitdi.
-Ine, şü inet,-diýip, özüniňkini bir gapdala oklaga-da, agasynyňkyny gyzyl tapan deý garbap alan gögele, säginmän “sapaga” başlady. Ekrandaky nyşanjyga dürtdi-de, ejesine somlady:-Şuňa basýaň. O açylýa. Soň ine, şu taýyk “IMO” diýip ýazýaň-da, “ent”-i basýaň. Olam açylýa. Girýäň. Ýa bolmasa, başgaça-da, göni “IMO”-ň yznaçogyna basybam girip bolýa...
-Gyýw, gyýw, dur entek,-diýip, körpesiniň barmagynyň çalt işleýşine, dessine gözi çaşarmaga ýetişen ýeňňe, onuň al-petinden aldy:-Bü nä, ýöne, düşünmäge-görmäge maý bermän: “dürtýäň, girýä, açylýa” edip gidip otyň?
Nä, bü adamlar özüňiz ýaly ejesiniň içinne telefon oýnap doglannyr öýdýämiň?
Bilseň bar-a, kakaň ikimiz seň ýalykak “telefon” diýilse, bir-ä, jyrryldadyp aýlanylýan çarhly, öküziň kellesine ursaň, janaweri seňseledip taşlajak, gödeňsiz lokga zatlar bardy. Olam diňe kalhoz başlygy bilen buggateriň kawnetinde.
Onnoňam hol, matroslaň gözenek derwezä dyrmaşýan kinosyndaky, çokgaja sakally Leýlin babamyzyň şahyndan aşak basyp: “Dewiçka, baryşna! Ysmolnyý aga bilen birikdirip göwer, pažalyssa!” diýýän hilisini görerdik.
A sen bolsa: “basýaň-girýäň” edip otyň! Howlukma ahyry.
-Bolýa, eje. Ine, şu nyşanjyk interneti aňladýa,-diýip, ejesiniň jibrinmesine dözmedik oglanjyk, haýaljakdan düşündirip ugrady...
...Dogabitdi aýtişnik zürýatlar, şu pisint zatlary öwrenmäge-de, öwretmäge-de çulum bolýar. Körpesem, özi aýtmyşlaýyn: “smarty çäýnek derejesinde ýuzlamagy” ejesine derrew öwretdi.
Dagy nä?
Açyp bilseň, ýapyp bilseň.
Giresiň gelýän ýere sümülmek üçin nirä, nädip dürtmelidigini bilseň.
Zarýady barmy-ýokmy, barlap, zarýada goýup bilseň.
“Çäýnekýuz” derejesiniň berilmeýän diplomynyň eýesi bolarsyň-da.
Onnoňam, kimdir biri ýaly tutuş adamzada “penjire” açyp berip, mälik-at-tütjar bolasyň gelmese ýa-da beýleki biri deýin öz ýasan enjamyň ýeňsesine mekru almasynyň gädik şekilini goýup, täze zamana badalga berijilige dalaş etmeýän bolsaň, şondan başga näme gerek?!
Derkaryňy gandyrmak üçin itenek-çomanak-da bolsa, ulanmagy başarsaň hop ýagşydyr-da...

*****

Körpesi öwredip boldy-da, agasynyň telefonyny ejesiniň eline tutdurdy.
-Me eje, inni özüň ýaňky görkezenlemmi gaýtala!
Ýeňňe telefony wawwasy bar ýaly, gorka-gorka aldy:
-Bü artyp galmyşyň bahasam-a nijeme ba. Birdenkä bir zat edip taşlaýsam, agaň bilen kakaň ikisi men pahyry çigligime çeýneselerem doýmyýalar...-diýip, eşidiler-eşidilmez hüňürdäbem, näme üçindir assaja titräp ugran barmagyny telefonyň ekranyna dürtdi.
Ýeňňäň içinden diýmişleýin: “o haram ölmüşem” hut şuňa garaşyp, amadyny peýläp duran dek, ilk-ä tapba garaldy. Soňam ýüzüne sanly düwmeleň hatar-hatar şekili çykdy.
Ýeňňäň zähresi ýaryldy.
-Aýtdym-a men, bü meýdi guramyşy “ellemäýin” diýip. Hanha, bü haram ölmüşe bir zada boldy...-diýip ol, hatyn edähetine eýerip, hemme zatdan öňürti howsala düşmäge howlukdy.
-Edil bir dürteniň bilen-ä eje, oňa hiş zadam bolmyýa. Men ony şipmaneriň üssünde bukulyp goýlan ýerinden aljak bolup, ýere-de gaçyryp gördüm. Hanha, henizem gül ýaly işläp du...-diýip hüňürdän körpesi, ejesine elini uzatdy:-Hany, getir eje, görüp-bakaly...
Döwüň jany iňňede bolsa, şu zamanyň ýaşlarynyňam jany şonsunda. Onýança, megerem, içki otagda gulagyny jam ýaly edip, bulaň gürrüňini diňläp ýatan bolara çemeli, işikden ulusy kellesini uzatdy:
-Eý, eý! Meň telefonymy nämedýäňiz-aý, şumat?! Ekdiňiz geräm, iýýäm, hä?! Öňem-ä ony kakama ýalbaryp-ýalbaryp zordanjyk alyndym...
Ejesi ýanyndadygy sebäpli, arkasynda toply-tophanaly leşger duran deý özüni arkaýyn duýýan körpe, ol-a bir uly aga ekeni, şu pille eger-de zerurlyk çyksa arlap duran gara jyndanam üýşenerli däl.
-Hiş zadam bolanok-how! Parola düşüpdir! Öllüň-aý, wapşe!-diýip ol, şo bir ýatyşyny dynnym ýalyjagam üýtgetmän, telefonyň ýüzünden barmagyny seretmän ýöretdi-de, ony açyp, ejesine uzatdy:-Me, eje! Yspakoýna ýuzlaber! Hiş zadam bolmyýa...
Agasy duranja ýerinde tütedi.
Ýöne nätsin?
Ejesi, hamana: “Hany wir, miltiň bolsa het et bakaly! Göreli seň Göroglydygyňy! Oklawyly aşhana-da aýakýeterden daşda dädir! Galyberse-de agşamara öýe dolanjak, arlap duran aždarha-da, Hudaýa şükür, elimizzen iýmitlenýännir!” diýen terzde, ýüzüne alarylyp durka, başga alajy barmy?!
Ol ahmyrly sojady-da, yzyna sümüljek boldy. Birdenem ýüzi boz-ýaz boldy:
-Eý, sen-eý, mütrük! Woobçe-de meň parolymy nirden bilýäň-aý, hä?!
-Hymh! Bollambir meň başyma, bet parol! Bilip-bilmez ýaly nämwara-aý, onyň-da!
-Eý! Sen, onnoňam ýaňy: “şifonerden gaçyrdym” diýdiňmi? Kim saňa: “elle” diýdi-eý, meň zadymy?! Asyl, arada birki günläp tel-im glýuçit etdi diýdim-le! Menem gaýta: “Muňa nämbolýakara-aý? Spam dagy düşüp zabitladymyka?” öz ýanymdan ýok zatlary kelläme getirip, woobçe dumka gitdim ýödüm...-diýip, jigisiniň ilki dilinden sypdyran gepi, üç-dört gün gijä galyp gelen “Pariž-Pekin” otlusy ýaly şu wagt aňyna ýeten ýigit, hyrra yzyna aýlandy-da, hüžžerildi.
Sögüşmek sungatynda garşydaşy kim bolsa-da, ony ýere sokup, tapbatlamak üçin üstünde-de bökjeklemäge endik eden hatyn edähetini işleden ejesi bolsa, körpesini goraglap, ulusynyň al-petinden almaga girişdi:
-Barsana, gir-de okuwyň bilen bolsan-a! Telefon janyňy alsyn! Şunyňa bir zat boldug-a, edil ýöne dilenip alnyp, ölnüp ýetileniňi ajal aljaga dönýäň! Ejeň bir zat diýsä-hä, şoň ýaly jalbaryňdan towsup çykaýjak bolup topulýan wagtyň ýok! Gaýta: “Şunça zady şujagaz salymda nädip öwredeýin-aýt?!” eden bolup, “dodagyňy çöwür” diýseň, saňa! Wa-eý! Bolluň meň başyma, ylmyň ýetmiş ýedi derýasynyň suwuny içen! Honha, oguljygym, bary-ýogy dördünji klas, seň ýaly uly okuwda okaýanna balagyny dar saýyp, çişip ýömese-de, iki agyz sözde öwredýä, seň o ejeňe aýtmaga dözmedik bolýan syrly okuwyňy! Ah-he-e-ý! Şü seň ýal-a temegiňi gündogara gönüläp, köçä sygman, guýrugyň sag taýy bilen-ä ýoluň ilerisine, sol taýy bilenem gaýrasyna kakyp, pason atyp ýort diýseň! Şony başarýaňyz...
Ejesiniň bu şerebeli gürrüňinden hälki sözüne onuň gaty öýkeländigine düşünen ulusy – ene kinesi ýazylýança, ýagny, uzak gitse takmynan ýarym sagat çemesi, “tüweleýden” gaçyp gizlenäýmese bolmajagyny aklynda aýlandyr-da – jyňkyny çykarman, içki otaga sümüldi.
“Ýow” gaýtaryp, “ýagydan” üstün çykan enel-oglam ýene-de telefony özleşdirmäge girişdiler.
-Eje, ýöne, telefona şuň ýaly dürtekläp durmagyn! Kän basyp, bloga düşürseň, onnoň ýene-de çykdajy edip, programmaçylara açdyrmaga äkitmeseň, ony ulanyp bolmyýa!-diýen körpesi, ejesiniň aňyna ýetäýjek gürrüň bilen “çäýnekler üçin aýti dersini” jemledi.
Şu döwrüň adamlarynyň, aýal-erkek hemmesiniň mahsuslygy – “çykdajy” diýen söz ýeňňäň beýnisine ykjam ornaşdy. Şondan soň ol telefona hasam seresapdan çekinjeň çemeleşdi. Emma, “yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar” diýleni. Höwesi zor bolansoň, agşama çenli telefonam, “IMO”-nam çalak-çulak ulanmagy öwrendi.

*****

Ýanýoldaşy işden geldi.
Hal-ahwal.
Nahar-çaý.
Içeriň gürrüňi – Şu günki harajatlar. Çagalaň kiçileriniň-ä garagollugy, gülkünç gepleri. Ulularynyňam sowajaňlygy, gyňyrlygy. Mal-hal, mellek-ekin, bazardaky bahalar we ş.m., we ş.m...
Garyndaşlaň gürrüňi – Kim sadaka berýär. Kim gyzyny çykarýar. Kim yzyna getirip, indem il gözüne deňli-derejeläp çykaran bolup, mundan buýanky beýlekileň gözüne çöp atýandyryn öýdýär. Kim gelin edinýär. Atgulak näme etseň, hem-ä hakyňy gidermersiň, hemem borjuňy ödärsiň. Kim ýarawsyz. Kim sag. Kim hakykatda kellesine eşek depen, ýöne il ýüzüne sersagsyran bolýar. Illerem şoň nähilidigini göre-bile bilip dursalaram, şoň şeýledigine ynanan kişi bolýarlar. Kimi göni şumat beýläk äkidiberseňem kesewiň gögerjek. Kimi bolsa näme etseňem, hatda kesewiňem gögermänjik geçäýer we ş.m., we ş.m...
Obaň gürrüňi – Kim öldi. Kim ölmedi. Ýöne şeýden bolsa, megerem gowy bolaýjak ýaly ekeni. Kim hakykatda diri, ýöne hakykatda öli. Kim ilden çykgynç näme edipdir. Kim, tüweleme, ýigrimi ýyl mundan owal pelan daýzamyzyň gül ýalyjak gyzyny aldy-da, ýakyn birküç günlükde rysgaly açylaýdy. Kim şomat özlemmiz ýaly akyllylar şunça zynharlasa-da, aýdylany bilen bolubermän, öz diýenini gögerdip, pelanyň ýurtýykan aýjynyna öýlendi-de, şondan bärem gözi şumlukdan açylmyýa we ş.m., we ş.m...
Dünýäň gürrüňi – Zakguntäç, owganlar, uçýan tarelkalar, tentedäki ekstrasensleň wuruşlary, kamediklabçylar. Leýdi Garga erkekmi ýa-da urkaçy?! Leýlin iň ahyrky tapylan müsür faraonymy ýa-da ýöne bir, soňky çykan kontrafakt mumyýa we ş.m., we ş.m...
Älemiň gürrüňi – Şü sorag tutuş goňşy gelinler bolup hemmämizi iňňän alada goýýa! Nähili pikir edýäň kakasy, Marsda ýaşaýyş bamyka? Ýok bolsa, onna o işigaýdan Ilon Mask nämüçin o taýyk şonça çykdajy etjek bolup dyzap ýatyrka? Ýa ol hakykatda beýlebir işigaýdanam däl-de, has öte geçen köpbilmişmikä?!
Onnoňam Wega ýyldyzy biziň Günümizzen “ýigrimi müň esse uly” diýip, rentewe gije-gündiz bagyryp ýatyr welin, birdenkä şo “Wega” diýilýän ýyzzylyň howry biziň obamyza gelip ýetip, mellegimizdäki ýaňy hasyla duranja hyýarymyzy ýakyp-çürüşdirip taşlaýmaz-la, hernä?! Ýa, şumatdan öňünden üstüne kölege eder ýaly gamyş-samyş guradynyp goýaýsakmyka, kakasy, hä?! We ş.m., we ş.m...
Imanyň gürrüňi – Ellini ýarpyladyň, namazyňy haçan okajak? Sen başladygyň menem başlaýan we ş.m., we ş.m...
Geljegiň gürrüňi – Gaýraky obada palçy gelin döräpmiş. Özem aýdan zady şap bolup duranmyş. Arada bir gün ilerki köçedäki goňşy gelin bogaz sygrynyň haçan guzlajagyny sorapmyş. O bilgiç gelinem: “nesip bolsa, ýakyn günlerde” diýipmiş welin, hakyýt şo diýlen wagtynda şo sygyr guzlaýypmyş. Ýa menem gidip göräýsemmikäm, hä kakasy?!
“Näme sorajak” diýýäňmi?
Weý!
Senem-ä kakasy! Heýem bir inni bilgiç bolar-da onnan sorara zat tapylmazmy?! Mysal üçin, ine goňşular men barada näme pikir edýä.
“O nämäňe derkar?” diýýäňmi?
Weh!
Bilseň gowy-da.
O arada bir gürrüňde özüň aýtdyň-a: “Abu Reýhan Biruniň ölüm ýassygynda-da kitap okap: “Bilmän öleniňden bilip öleniň ýagşy” diýenini.
“Sen näme Birunimi?” diýýäňmi?
Weh!
Bolmamda nä, gyz?
Näme gyz, adamyň adamdan tapawudy bamy diýsene?
O bendede bolup bilse özümiz ýaly Hudaýyň bendesi bolannyr-da. Şahy ýa-da toýnag-a bolan dädir, şoňam...we ş.m., we ş.m...
Geçmişiň gürrüňi – Ýaşkaň-a senem-ä gaty betjediň-le, kakasy, hi-hi-hi...Hudaýa şükür, ulyň-a bir agzyny açdygy, iň soňky diýmelisini birinji pagladyp göwerýän pöwheräk edilip ýasalypdyr welin, şü körpäň-ä, geň galaýmaly, hakyýt, edil sen bilen maňa meňzäpdir. Hem-ä dogumlyja, hemem mähirlije. Tüf-tüf-tüf, göz degmäwersin, uzagyndan bolawersin, hernä, we ş.m., we ş.m...
Zemin saýýarasynyň geologiki taryhynyň gürrüňi – Kakasy, şü rentewe aýtmyş, Atlantida akiýany owalybeletde Maryda bolupmyş diýýäler welin, şo çynmykar-a?!
Hä? “Atlantida okean dä” diýýäňmi?
Onna näme o? Antarktidamy?!
“Başga ýerde bir şuň ýaly zat gepläýme” diýýäňmi?!
Wa-eý!
Senem war-a, kakasy war-a, şü kulturnyý bir zat gepleşjek bollugyň, bada-bat şeý diýýäň-de, ýüzümi alýaň-da göwerýäň. Ýaşaşyp ýörenmize milýon ýyl bollam weli, gaty görer dagam öýtmüýäň! Şü uly ogluň aram-aram morta kepläp göwermesem, çakym çak bolsa, saňa çekip şeýle bolan bolamasa...we ş.m., we ş.m...
Ynsanyýetiň gelip çykyşynyň gürrüňi – Kakasy, şü rentewe aýtmyş, adam maýmyndan emele gelipmiş diýýäler. Biz çagakak bolsa, garrylar: “Adam palçykdan ýasalyp, jennetden kowlan” diýerdi. Haýsysy çyn bolýaka, kakasy? Bü meň çakym çak bolsa-ha rentewedäm-ä ýalan aýtmaly dä welin, bü garrylaňňam-a bizi aldany bilen towugy kürk bolup ýatan dä-dir-le! Ýa meň aýdýanym telekmi, hä kakasy?!
Näme geplemän, gözüňi agdaryberdiň-le?
Ýa kelläň dagy agyrýamy? Owkalap beräýin, bolmasa, hä?!...we ş.m., we ş.m...
Ylmy açyşlaň gürrüňi – Kakasy, ýene-de rentewe aýtmyş, şü “telefon” diýilýän ýerýuwutmyşy ýene-de bäş ýyldan adamyň özüne sanjym edip, endamyna göwerjekmişler welin, bizem-ä oňa çenli ýaňybir elliden agan bolýas. Ýa, bizem şomat özümize dessine telefon sanjym etdiräýsekmikä? Hä, kakasy? Onnoň ikimizem, ýöne bir mesawy gezip ýören ýerimizzenem biri-birimize jaň edişen bolup, daşymyza-da çykarman, içimizzen pynhanja-pynhanja kepleşen bolup ýösek, hä kakasy?! Neneň görýäň?! Hi-hi-hi...we ş.m., we ş.m...
Saglygyň gürrüňi – Şü gün-ä uzakly gün kelläm agyrdy durdy welin, ýene-de şo ýerýuwdanyň maňlit burýasy başlapdyr öýdýän. O diýilýän meýdi guramyş saňa-da täsir edýämi, kakasy?! Ýa, diňe meň ýaly garamaňlaý görgülide kasty barmyka, o meýdi çüýremişiňem, hä kakasy?!
Ýa, gidip, şuň nämüçrib ala-böle şeýle bolýandygyny şo palçy gelinden sorap geläýsemikä, hä kakasy?!
“Nä, onyň dugtormy?” diýýäňmi?
Wiý, a gyz, iller-ä: “Rentginnenem gowy bilýä. Seredip sanap otyr, hemmeje ýaramaýan ýeriňi!” diýişýäler.
“Kimiňkini bilipdir” diýýäňmi?
Wiý, o nemäňkini, gyz! Ho neme war-a, ana şo haçan görseň temegine gurt düşen zalýatyr goýun ýaly üsgürinjiräp ýör weli, şony gören badyna aýdypmyş: “Bokurdagyňda kem ba. Köpräk gyzgynjak süýt içseň, el bilen goparylan ýaly aýrylyp gidýänni, göze görünmeýän ýollaşlam gulagyma şumatjyk çawuş çakyp ýatyrlar” diýipdir. Olam gelip aýdylanyny edipmiş welin, edil şumad-a hossasy sypba-sypyrylyp gidibermese-de, öňküsinden-ä kän ýagşymyş...we ş.m., we ş.m...
Arzuwly gürrüň – Kakasy, bü ulyňam-a inni ikinji kursunda. Oňam başyny nogtalamaň ugruna çykywermeli...Tüf-tüf-tüf, estagpurulla, şü: “pylanyň pylanysy ýaly” diýdirmeýän, özlemmize çalymdaş, ýuwaşja, il bilen işi ýok, gowuja çaga duşawersin-dä, hernä, hä kakasy?! Onymyz herniçe pöwheräk bolsa-da, barybir özüňki özüňki bolýa dämi, nä? Maňlaýyna gowusynyň ýazylanny küýseýäň-dä, hä kakasy?!
Ýa, nä, kakasy, assa-ýuwaşjadan ökje ogurlap, ynsdan-jynsdan hiç kese billirmän, şo bilgijiň ýanyna baryp-gaýdakga, kimiň gapysyny kaksak bize “şap” boljagynyň takykja anygyna ýetip gaýdylaýsamyka, hä?!
Weý-weý! Näme “öwhüldeýäň”? Agzyňy dagy ýakaýdyňmy? Getir, käsäňi üfläp bereýin, kakasy...we ş.m., we ş.m...
Etnogeneziň gürrüňi – Kakasy! Arada bir gün patadan gelýädik welin, goňşy gelinleň biri: “Şü Afrikadaky “negir” diýilýän zeňňileňňem düýp asly türkmeniň garaja-guraja tiresindenmiş” diýdi. Innem şonnan bäri tutuş goňşular bolup barymyzy bir sowal agyr derde goýýar: O hebeşi görgülileri beýdip, ata ýurdundan jyda düşürip, şunnan şoňa, haýsy zalym äkidip taşlap gaýtdyka? Özem näme üçin o işigaýdan musurman bennelerini, şeýle ýowuz güne sezewar etdikä?
Weh! “Hemmesiniň musulmandygyny nirden bilýäň?” diýýäňmi?
Wiý-ý!!! Sen-ä oňaryp ataýdyň, aý oglan! Dagam, türkmen bolsalar, özlerem garaja-guraja tiresinden bolsalar musurman bolarlar-da! Nä dagy, şo tireden bolup olaň hytaý ýa-da hindi bolmajaklary belli ahyry...
Hä? Näme?
“Hytaý bilen hindi din däl-de millet” diýýäňmi?!
A menem şony aýdýan-da, dagy näme diýýän şumat?! Dagam o hebeşi görgüliler musurman bolsa hytaýly bolmaz diýip otyryn-da...
Beh, kakasy, nä uludan demiňi alýaň? Bu gün gatyrak ýadap geläýdiňmi ýa? Aýaklaňňy owkalap beräýin, bolmasa, hä?!
Onnoňam war-a, o benneleň, bir bäbenekleri ilkinji gijesinde ärinden elheder alan gelniň ýüzi deýin çym-ak diýämeseň, biz-ä şolaň başga keminiň bardygyny göremzok. Olaň garaýagyzjalygam, näme, her kimi bir Allaň ýaradyşy bardyr-da. Hemme kesem özlemmiz ýaly sygyryp suratyndan suw içip durmaly bolsa-da, onna, megerem Ýeriň ýüzünne owadanlygyňam gadry galmasa gerek. “Arzanyň arzysy bolmaz” diýlişi ýaly, seýrek däl bolup, eliňi uzadan ýeriňde hiç kese gerekgä çaşyp ýatan zadyňam gymmaty bolmaz-la. Şeýle dämi, kakasy, hä?!
Ýa, gidip şu zatlar hakda-da şo palçy gelinden elinjek soralyp gelnäýsemikä?!
“Nämetjek?” diýýäňmi?
Weý! Bilseň gowy-da, kakasy...we ş.m., we ş.m...
Zooseleksiýaň gürrüňi – Kakasy, şü towugyň etidir-ýumurtgas-a süýjem bolýa. Näçe iýseňem lejikdirmeýä. Hudaýa şükür, mesligimden kükräp diýemok welin, indugyňkyny bolsa, köp iýseň, yzly-yzyna iki iýdirýä. Soň birhili keşdiň çekmän başlaýa. Sewäp diýseň, ýumurtgasyndan-a gumuň ysy gelýä, etem öte şepbeşik bolýa. Inni men diýýän, şü eşek bilen aty çakyşdyryp gatyr alyp bolýandan bolsa, towuk bilen indugy çatybam, eti-ýumurtgasy-ha mäkiýanyňky ýaly, gabarasam hindiguşyňky ýaly täze bir janaweri alyp bolmazmyka, hä?!
Weý-weý, nä beýle ýöne “öwhüldäp” otyň-la, kakasy? Ýa çaýyň öte gyzgynmy? “Getir, üfläp, sowadyp beräýin” diýdim-ä! Howlukmaweri. Agzyňy bir ýakaýma. Owalam-a, uzakly gün gepleşere-ümmüldeşere adam tapman, içimiz hümmüldiden depme-dykyn bolup gidýä. Inni senem agzyňy ýakyp, birküç günläp hümürdeşmäge ýaramasaň, duran ýerimizde darka ýarylaýmaly birden, hi-hi-hi...
Ýa, munam: “Şeýtsem, işsiz gezip ýören perişdeleň biri “ämin” edip berermi? Habar tutup bersene!” diýip soramaga, şo bilgiç gelniň ýanyna baryp gaýdaýsammykam, hä?! Her niçigem bolsa, palçy boljakdan bolsa, beýleler bilen aragatnaşykdaky adamdyr-da, hä kakasy?!
Hä? Näme diýýäň? “Nä, beýle bilen aragatnaşykda bolar ýaly, o taýda sputnik anten ba diýip eşitdiňmi?” diýýäňmi, hä kakasy?!
Weh! Bolsa bolar oturar-da, kakasy! Nä, “şü-ýä ba” ýa-da “bü-de ýok” diýip sanap berer ýaly, beýläk baryp gelen-ä ýok öýdýän. Ýa bamy?! Biz-ä “ba” diýip eşitmändik welin, kim bilýä, siz bir köpüň içinne gezip ýören adamlar, biz ýaly öýden çykman, başyňyzy basyryp oturan däl. Onnoň eşiden ýa gören bolmagyňyzam ahmal, hä kakasy?!
Onnoňam war-a, kakasy, şo ýaňky palçy gelin, “aklyk” diýip nyrh kesmiýämiş. Uzadanyňa yrzamyş. Uzatmalysam bary-ýogy her girip-çykandan düwünçege düwlen birje gysym süýji-köke bilen onja manatmyş. Ýaman pesgöwünmiş, özem. Birden ýalňyşyp dagy, köpräk beräýseňem, gaşyny çytman alaýýamyş, dawa edip durmyýamyş...we ş.m., we ş.m...
Global kataklizmleň gürrüňi – Kakasy! Men-ä şü näme diýseňem, ertirde-birigünde şo bilgiç gelniň ýanyna gidip, şü kyýamat-magşaryň haçan boljakdygynyň anyk senesini sorap gaýtjak...
Weý-weý! Toba, estagpurulla! Näme, düwnäýdiňmi, kakasy? Birdenkä, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden “ühhüldäberdiň-le”! Ýa näme, owurtlanyň ýalňyş gidäýdimi? Dur, arkaňa kakaýyn! Noş, noş...
Hä?! Näme?! “Kyýamaty başyňa ýapjakmy?” diýýäňmi?!
Weý! Bilseň gowy-da.
Duraweri, kakasy! Intäk demiňi bir dürse! Gepläbermäge howlukma! Ýene-de düwnäýseň nätjek?! Özüňem kakasy, şu gün-ä gözüňi çalt-çaltdan agdarýaň welin, meň saňa kän pisindim oturanok! Mertsiräp, şunça aýtmajagam bolýansyň welin, seň hakykatdanam kelläň gaty agyrýa öýdýän. Ýa, sitramonjyk getirip beräýin, hä kakasy?!
Hä?! Näme?! “Gaýtalap soraýan: Kyýamaty başyňa ýapjakmy?” diýýäňmi?!
Äý kakasy, özüň bilýäň-ä, men pahyr, bar aladam şü tünekdir-dä. O elinjek malyň etini alyp, duldaky pitimizi gowurdakdan ýaňyja doldurdyk. Indem arada bir gün rentewede: “maýýalaň kalendaryna görä, kyýamata takmynan on-on bäş iş güni galypmyş” diýdiler welin, menem şonnan bäri iňkisde-dä: “Şü kyýamata çenli, sag-aman gowurdagymyzy bir isrip etmän, çagalar bilen iýip gutarsak” diýip. Ýaman ýerine düşüp bişirilensoň, özem öýde bakylan malyň mylkyldap duran etinden bolansoň, kyýamatdan soň iýilmän galyp, zaýalansa şonymyza erbet gynanjak-da...
Weý-weý! Nä beýle arkan-ýüzin gaýşyp gülüberdiň-le, kakasy?! Bü synlap ýatan telewiziriňde-dä bumat gülkünç zat görkezenoklar, hä?!...we ş.m., we ş.m...
Şahsy döredijiligiň hem galamhakyň gürrüňi – Kakasy, şü menem, şo-o-o eli çöplüje, maňlaýy çyzyk, gözi äýnekli jadygöý oglanjyk hakdaky kino war-a, şoň ýaly kitap ýazaýsam neneň görýäň, hä?! Bü goňşulaň biri aýdýa, şo kinoň kitabyny ýazan heleýe şoň üçin çemadan-çemadan pul beripmişle.
Eger-de haýsam bolsa bir zat ýazsaň, şonçalap pul berýän bolsalar, biziňem beýdip, sygyr saklap süýt-gatyk satyp ýa-da mellege hyýar-pomidor ekip, seň gazanjyňa ýarna etjek bolup, gara güne batyp ýörmämiziň bahasy jinnek ahyry!
Bir kitap ýazzyň – ogluňy öýerdiň.
Ýene-de birini ýazzyň – gyzyňy çykardyň.
Ýene-de birini şeýtdiň – seň maşşynyňy täzeledik.
Soň ýene-de birjigini nemetdiň – güpür-tapyr öýümizi dabanynnan depesine çenli gülpäpeläp taşladyň...
Hä, kakasy?!
Beh! Ýene “ühhüldäp” başladyň welin, bu gün saňa näme bolýa, gyz? Ýöne düwnüp ýatyrsyň-la! Dur, arkaňa kakaýyn! Noş, noş...
Hä?! Näme?! “Näme hakda ýazjak?” diýýäňmi?!
Weh! O hiç-le. Näme barada ýazjagymy eýýäm haçan oýlap tapyp goýdum. Inelikge, mysal üçin, bir ýokburun, hüwigöz, şytyrşeýtan bamyş. Şolam bir oglanjygyň ejesi-kakasyny heläk edip, oglanjygy ýetim goýýamyş. Olam ata-enesiniň daşgynrak garynnaşynyň elinne, hor-homsy bolup, basgançagyň aşagynnaky sübse goýulýan ammarjykda ýaşaýamyş. Bir günem olaň öýüne çapar baýguş gelýämiş-de, şo oglanjyk üçin jadygöýleň okadylýan ýaman ýokary okuwyna talyplyga çakylyk getirýämiş. Şo jaýda-da şo oglanjyk tä ýigit çykynça pelança ýyllap okap-okap, bir-ä çöpüni dogry bulaýlamany, birem öwran-öwran: “Parasetomolum aspirinus analgini” diýmäni, onnoňam “Ampisilinum askorbinkas sitrominian” diýip, tüzüwje gygyrmany öwrenýämiş...
Hä? Näme? “Boldy-boldy. Munyň plakat bolýa!” diýýäňmi, hä kakasy?!
O nähili “plakat” bolýamyş, gyz?!
“Plakat” däl, “edebiýat ogurlygy” diýýäňmi?
Ogurlyk nämişlesin, gyz? Nä, men bü aýdýanlammy, şo eli çöplüje oglanjyk hakyndaky kinony ýazan heleýiň kellesine girip, o taýdan alyp gaçyp gaýdypdyrynmy?! Men-ä o janaweri tanamogam, oň bir zadyny ogurlar ýaly...
Ýa, munam gidip, şo palçy gelinden...
Hä? Näme? “Gidäý” diýýäňmi?!
Weh! Kakasy, bü gezek nä, beýle çalt jylawumy başyma oraýdyň-la, hä?! Munyň-a birhili ýaman gümürtik bolýan ýaly...
Hä? Näme?! “Olam özüň ýalydyr. Özara gowy düşünişersiňiz” diýýäňmi?
Weh! Düşünişmän näme, gyz? Dagam, özi adam bolan iki sany janawer oňat düşünişer-dä... we ş.m., we ş.m...
Paşmadyk arzuwlaň gürrüňi – Kakasy, şü menem, ýaşkak dugtorçylygy okamaly ekenim. “Nämüçin?” diý-dä.
“Diýdi hasap edäý” diýýäňmi?
Hasap etmeli bolsa, onna, göz öňüne getir.
Ine men, egri dyzdan akja halatly, aýagymda-da akja jalbar, akja şypbyk, kellämde akja sopbaç. Özümem eşigim ýaly juw-akja, birenaýy bolup, asty-üsti-gapdaly ýylpyldap duran, tämizje, akja däliziň ugry bilen ýöräp barýan...Aýagymdaky şypbygam her ädemde “şyp-p-byk-k, şyp-p-byk-k” edip ses edýä...
Neneň görýäň, kakasy?!
Gelşerdimi?!
Ýa, munam gidip...
Hä? Näme? “Gidäý” diýýäňmi?!
Wiý! Kakasy?!
Intäk men saňa nirä, näme üçin gitjegimi aýdamok ahyry.
“Palçy gelniň ýanyna: “Dugtor bolan bolsam nätüýslek bolardy?” diýip soramagadyr-da” diýýäňmi?!
Wah, ýürejigim bol-a, kakasy! Hakyýt şony diýjek-diýjek bolup otyrdym welin, sen nädip billiň, gyz, hä?!
Aý, şü, enem pahyr: “Är-aýalyň topragy bir ýerden alnarmyş. Sulhy alşan höwürlerem uzak ýaşaşansoň biri-birine geplemänkä düşünip oturan bolarmyş” diýýädi. Ikimiziňkem, hakyýt şo bolýandan bolýa öýdýän, hä kakasy?!...we ş.m., we ş.m...
Paşan arzuwlaň gürrüňi – Kakasy! Şü ejeň pahyryň gaýnym bolanna ýüz-de müň alkyş edýännirin! Bilseň, ilki-ilkiler bende, telegime “telek” diýip käýýese, gökbeýniligimi edip gaty görerdim. Inni, bolsa, nesip etse gaýyn bolup gelin terbiýelemek nesibesi özümiňem alnyma ýetip gelýä. Şoň üçinem her günümde Alladan dileg edýän, gaýnym pahyryň hut özi ýal-a dä, şoň üçden biri ýaly bolup bilsemem, mennen bijaý mährem gaýynene çykar diýip...
...Kakasy, bahanasyz ýerden “naçar ejizligini” edip, şumjarýa diýme. Ýöne, ejeň pahyr, ýogalanyna on ýyldanam köp wagt geçenem bolsa, şumat-şumadam, näme etsem ýanymda durup, şo birmahal ýaş gelinkäm edişi ýaly: “Gyzym! Ýene birje çümmük duz ataý! Azajyk hamyryň duzy ýetmedi öýdýän!” ýa-da “Guzym! Gazanyňa esewan bolaweri. Bulap durmasaň, düýbi ýanjak bolaýýan bolmasyn!” diýip, her ädimimde gulagyma mähirli pyşyrdap duran ýaly...we ş.m., we ş.m...
...Bu gürrüňleň hemmesine-de puryja – ýarym sagat.
Ýetiş-ýetişme, uzakly gün höwrüňi göresiň gelip, içiň gepden dolup, ýüregiň gysyp giden bolsun, tapawudy ýok.
Laýyjak dört käse sygýan çäýnegini boşatdygy, ähli aýdýany ygtybarly rentewe bolmasa-da,
şoňa golaýrak bir ýerlerde mekan tutunan enteweden täzelikler başlanýar.
Onsoň, öňünden ýaňy tamşanyp ugran ýaly alnan ýarak köpegiň näderejede neneňsi bolýandygyny iş ýüzünde synlamak islemeseň, sag-aman şo gepleşik gutarýança öýüň hojaýynyna päsgel berdisi ýokdan bolýar.
Bu günem şeýle boldy.
Gürrüňleň görnüşleri diňlendi. Täzelikler görüldi. Soňam esasy gepiň başy çözüldi.
-Kakasy...
-Hümm...
-Şü maňa-da bir zerurlyk beýleki çykanda habarlaşaýmaga, ibalyrak telefon alnylaýsa neneň görýäň, hä?!
Diýýär, özem öz aýdýanyndan çalaja elheder aljak bolýarmy nämemi, öý bikesi gözüni pugta ýumýar. Demini döşüne doldurybam, beriljek jogaba garaşýar.
Kim bilýär, “hawf!” edilip, jabjynyljakmy ýa-da düýbünden ähmiýetem berilmän: “bolar-la” diýlip goýberiljekmi?
Şü gapdalynda güberilip ýatan bilen, özi aýtmyş: “milýon ýyl ýaşaşsa-da”, onuň her bir indiki hereketiniň niçik-neneň boljakdygyny ýoraýmak juda çetin.
-Bolar-la...
“Huw-f-f” edip, hatyny daşyna seda çykarman, kükrek doly howasyny assajadan boşatdy...

*****

Ertesi gün ulusy okuwdan gelenden soň, gidip ejesine eltelefon satyn alyp geldi. Özem şo “galaksy” diýilýäni bolara çemeli. Sebäp diýseň, ýeňňäň öz-ä, ol şapbat göwrümli, ýüzi aýnaly, gara gutujygyň nämesi “galaksy”?! Bilmeýär. Şoň üçinem çagalary näme diýse, şoňa-da ynanmaly bolýar.
Şol gün çagalary, körpesi başlyklaýyn üýşüp, ýeňňä öňki öwredilenini berkitmekden ötri, geçilenleri gaýtalamak sapagyny gurnadylar.
Ertesi gün okuwly okuwyna, işlem işine gider olup, öýde ýeňňäň ýeke özi galdy. Dogry, özüni kemsiden ganym joralaryna göz edip, olar bilen “IMO”-da süýnüp-sarkyp habarlaşasy gelip, içini it ýyrtyp gelýär. Ýöne, heniz elindäkä beýlebir ezber däldigi, ony birdenkä “pohuny böregine garyp” masgara bolaýmakdan çekinmäge mejbur edýär. Şoň üçinem ol öz ýanyndan, “ajygan ölmez alňasan öler” nakylyna eýermegi müwessa bildi-de, ýene-de birneme türgenleşmek isledi.
Telefonyny alyp, jaýlaşykly oturdy.
-Ýa zenanlaň piri How ene, senden medet!-diýibem, ony işletdi. Enaýyja owaz bilen ekran açyldy. Misli, dözümliräk daraberse ony ynjytmakdan wehim edýän dek, emaý bilen onuň ýüzünden barmagyny ýöretdi-de, “IMO”-ň nyşanjygyny tapdy. Üstünden basdy. Nyşanjyk açylyp ugrady-da, birdenkä...
Doňdy duruberdi.
Näme üçindir ini tikenekläp giden ýeňňe: “Bäh, bü-ýä “ýeser ýerde gaý tutdy” diýilýänine baraýdy öýdýän. Allajanlarym, bü ýerýuwutmyş nä saň-gaty boldy galaýdyka?!” diýip oýlandy. Biraz garaşyp gördi. Şol bir boluş. Gorka-gorka ýene-de dürtüp gördi. Jany bar-da, haly ýok. Hereket nol.
Ýeňňe aljyrap başlady.
“Bäh, nejisi getirilen gününiň ertesi bir zat edip, meýdini ýakaýan bolaýsam...”.
Ýeňňe howpurgady. Edil ýeňseçukurynda emele gelen buz ýaly der joýasy, oňurgasynyň üstüni yzarlap, ýagyrnysyndan aşaklygyna syry-y-lyp gaýtdy.
Ol näme etjegini bilmän, täze telefonyny penjiräň erňeginde goýdy-da, öý telefonyna topuldy. Ony höwürtgesinden sogrup, eline aldy-da, yzyna gaýtdy. Gelýärkä-de, düýnden bäri şu telefon bilen bagly islendik hadysa-da özüne halypa tutunýan körpesine jaň etdi.
Jaň gidýä. Ol almaýar. Iküç duguldy gidip-gitmänkä-de aňyrdaky öçürýär. Sapakda bolaýmasa.
Ýeňňe nämetjegini bilmän, penjiräň erňeginde garalyp ýatan telefony eline almaga-da üýşenip, aşak çökdi-de, muňalyp, körpesiniň yzyna jaň ederine garaşmaga oturdy.
Kän garaşmaly bolmady. Birsellemden gysymyndaky enjama jan girdi. Göterdi.
-How eje! Sapakdakam jaň edýäň-aý! Şumat: “ejem jaň edýä” diýip mollymdan wurughat allym...
-Oglum, bü ýigrenjiň-ä-hä, ýene-de bir zat bolly...-diýip ýeňňe, ogly gepläp ugrandan zeýrenjiredi.
-Nämbolýa?!
-Dürtýäň-dürtýäň, doňup dur-a. Hiç zadam üýtgänok, şo bir bolşy...
-Äý eje, düýn aýtdym-a-how, bir gezek dürteňde nemetmese soň kän nemetme diýip. Bolýa...-diýdi-de, aňyrdaky oýa batdymy nämemi, biraz dymyp durdy. Soňam sorady:-Penjire açykmy, eje?!
Ýeňňe düşünmedi:
-Hä?!
-“Okno açykmy?” diýýän-how, eje? Nä eşidilenokmy-aý?!-diýip körpesi gatyrgandy.
Ýeňňe oturan ýerinden boýnuny gaňryp arkasyna seretdi.
Üçgöz penjiräň ortaky ötügi açylýar. Şolam açyk. Irden öýe howa çaldyrmak üçin özüniň açyp goýşy.
-Hawa, açyk oglum.
-Onna, penjireden çyk, eje!
Ýeňňe ýene-de düşünmedi.
-Näme üçin?!
-Äý eje-how, aýdylanny edibersene!-diýip, aňyrdakyja hasam beter gyzarylmaga başlady:-Şu dara-direde men saňa haýsy bir zady çintgäp düşündireýin duraýyn-aý? Mollymam: “çalt gel” diýip, ugratd-a-how!
-Bolýa-la bir, bolýa-la! Kakasy ýaly bolup, derrew gaharlanyp başlaýa gyz, şujagazam...-diýip hüňürdeýän ýeňňe, hyklap-çoklap ýerinden dikeldi-de, penjiräň erňegine mündi. Açyk ötükden zordan bir aýagyny geçirdi. Ötük dar. Onda-da göwresine zor salyp, iteleý-iteleý ötükden aňryk ýarysyny ötürdi.
-Eje, näme bolaňokmyň-aý? Näme inni, penjireden çykma şoň ýaly kyn zatmy-aý?!-diýip, sesi telefondan daşyna çykar ýaly edilen oglanjygam aňyrdan gyssaýar.
Şol baramaşa-da gatyrak gyssanandygy sebäpli demi daljygyp, içine ýel düşdümi nämemi, ýeňňe ötükde göwresiniň ýarysy içerde, ýarysam daşarda ne eýläk, ne beýläk boldy galaýdy.
“Durnaň üstüne urna” diýleni, aljyrap gowuşgynsyz hereket edende-de, telefonam elinden gaçyrdy.
Aragatnaşygam kesildi...

*****

...Ýeňňe dyzap-dyzap ötügiň bendiliginden sypmaga dyrjaşýar.
Bolanok.
Gaýta öňem sähel bahana tapsa, gan basyşy basketbol oýnaýan görgüli, özüne zor salmakdan ýaňa başy aýlanyp, gözi garaňkyraýar. Ýüregem bulanjak bolýar.
-Wah, siziň bir! “IMO”-ňyzam gursun, nemäňizem!-diýip, ganym joralarynamy ýa-da öz-özünemi käýinjireýän ýeňňäň agysy tutdy.
Şol pille-de türkana görgüliň germesatan halyna Ýokardakyň rehimi indimi nämemi, ýeňsesinden, çensiz-çaksyz haýrany hekgermeklige ýugrulan tanyş ses eşidildi:
-Gelneje-e?! Nämbolýar-aý?!
Sese tarap gaňryljak bolsa bolanok. Diňe öňüne seredip bilýär.
-Jan guzym, kimem bolsaň, öňüme bir geç. Ýüzüňi göreýin, şumahal sesiňden tanamaga-da başagaý men-ä!
-Men-laý, gelneje,-diýip, goňşusynyň ogly – özüniň ortanjysynyň dosty çat maňlaýyna süýşdi:-“Tigriňizi beräýiň. Ejem: “dükana baryp gel” diýdi welin” diýmäge gellim-laý.
-Wah, oňaraýpsyň, oglum! Hydyr ata bolup ýetişdiň. Tigir hanha, öňküje alýan ýeriňde, tama söýelgidir. Ýöne ilki bir, men görgülä şü penjireden çykmaga kömek et, oglum!
-Bolýa, gelneje, häzir,-diýdi-de, on altysyny arka atan, irimçik, degenek jahyl, ýeňňäň elinden pugta tutup, bir dartanda ony ähtiýalan penjiräň bendiwanlygyndan azat eýledi.
-Wah-wah-eý, meň gara görgim-e-e-eý!!!-diýip, agyrdan ýerlerini sypalap durşuna ýeňňe, süýkdürip nalady.
-Gelneje, o taýda näme işläp ýöň-aý? Ýa aýna ýuwjak dagy bolluňmy?-diýip, ýeňňäň başyna ne külpetler düşendigini bilesi gelip içi byjyklaýan jahyl sorady.
-Aýna nämişlesin, oglum! Düýn telefon alyp berenlerin-ä bilýänsiň-le?
Ýigdekçe baş atdy.
-Inelikge, şony ýaňy açdym welin, ol birdenkä, sende ýok mende, doňdy oturyberdi. Onnoň, o körpäme jaň edip, näme etmelidigini sorasam, olam maňa: “penjire açykmy?” diýýä. “Açyk” diýsem. Onna ol aýdýa: “Penjireden çyk” diýýä. Menem penjiräň telefona näme dahylynyň bardygyna düşünmän: “Nämüçin?” diýsem, o ýeksurunam diýýä: “Eje, ýöne sorag berip ýatma-da, diýlenini edäýd-ä-how!” diýýä. Meňem ine şo diýlenni etjek bolşum-da...
Ýigit düşünmedi. Ýeňňe degişjek bolýandyr öýdüp, onuň ýüzüne şübheli-şübheli seretdi.
Ýok, gara çyny.
Birdenkä-de düşündi.
Saklanyp bilmän, iki bükülip gülmäge başlady. Hem-ä gülýär, hemem özüne gaşyny bürüşdirip tiňkesini diken ýeňňä, bir zatlary üzlem-saplam düşündirjek bolýar:
-Ha-ha-ha...geln...ha-ha-ha...gelneje! O ogluň...ha-ha-ha...O ogluň saňa: “telefondaky açyk penjireden çyk” diýipdir-ä, öýüňkiden diýmändir-ä...ha-ha-ha...Hudaý ba, gelneje...ha-ha-ha...başda bilen bolsam, şo durşuňa sýomka edip, TikToka goýardym. Bada-badam bir günüň özünne milýon prasmotr bilen milýard laýk toplardym...ha-ha-ha...Onnoň tiktokçylar TikTokyň teňňelerinden müňüsin-ä hasabyma geçirerdi...ha-ha-ha...Bet prikol-a boljak eken-aý, gelneje, şeýle dämi?!...
Çagasy bilen ýaşytdaş gögeläň üstünden gülüp durmasy, ýeňňäň janyna batdy. Bir tarapdan-a özüniň sadalygy zerarly şunuň ýaly gülkünç ýagdaýa uçrandygyna utandy. Ikinji tarapdanam – bu gögele, näçe haýbat atsaňam, bolan wakany iň bolmanda öýündäkiler-ä gürrüň berer – öz düşen gününiň ile ýaýrajakdygyna gahary geldi.
Ýeňňäň kellesi bijaý çalt işledi.
Ol dem salymam säginmän, dört çaganyň eminden gelip, olara islänini etdirmäge birmahal endik edip giden, ejelik sungatyndan juda tejribeli hatynyň hereketi bilen iki ädim öňe ätdi. Henizem gülküsini saklap bilmän düwlüp duran ýetginjegiň gulagyndan towlap tutdy. Egildi-de, hasam gorkunç bolar ýaly, onuň edil gulagynyň agzyna haşşyldyly pyşyrdady:
-Sen war-a köşejik, bu zatlar barada kime-de bolsa aýdyp bereňde, meň o Neme janyň ejesidigimem ýadyňa salgynyň, bolýamy?!-diýip, ortanjysynyň adyny mähirli tutdy.
Jahyl dessine lam-jim boldy. Edil şol pille, özi bilen deň-duş bolsa-da, özünden bir kelle uzyn, daýaw, çagalygyndan bäri boks bilen meşgullanyp ýören dostunyň gyňrarylyp duran hyrsyz göwresi gözüniň öňünde örboýuna galdy. Şol şekiliň gapdaly bilenem, dostunyň özüne nähak söz aýdylanda garşydaşyny bir uranda serreldip goýberýän, ululara mälim bolmasa-da, özüne aýan wakalary hyýalynda janlandy.
Dostam-a dostdur-la welin, eje eje bolar-da. Ejäň ýanynda dost näme, dogan näme...
Ýigdekçe özüne zor salyp ýuwdundy-da, bogazynda öz-özünden emele gelen düwni kynlyk bilen ýuwutdy.
-Ýak, gelneje! Oýun edýän-ä, men...Heýem bir men dostumyň ejesi hakda nemederinmi-aý, hä?!...-diýip, pessaýja myňňyldady.
Birdenkä müzzerilen ýigdekçäň ýüzüne jikjerilip duran ýeňňe, özüne ýardam beren, çagasyna deňdeş gögelä dözmedi. Gulagyny goýberdi-de, onuň başyny sypady. Mylaýymlyk bilen:
-Bolýa, oglum! Oýun edýäniňe-de, öz dostuň ejesini wejera etmejegiňe-de düşünýän. Bar oglum, alyp gidäý tigri. Özüňem taňryýalkasyn, köşek!-diýdi.
Soňam içerik girdi. Birsalym eýlesini-beýlesini sypalap, endamynyň agyran ýerleri köşeşýänçä, gyşardy. Emma, biraz wagtdan soň, ýene-de telefonyna ýapyşdy.
Gaýtmyşy ýok. “IMO”-çy boljagy gara çyny...
...Garaz, gepiň keltesi, hötjet ýeňňe, eýtdi-beýti, şu hunabalaryndan soň “IMO”-ny “ýuzlamaga” gaýym ökdeledi. Özüni ynjydan döwrebap joralary bilen topardaş bolup, ýazyşma keýpindenem çykdy.
Ýöne şondan soň bu maşgalaň durmuşynda bolup geçen birje üýtgeşiklik – ýeňňäň ýoldaşy işden gelende, öňki ýaly aýalynyň göwni gepden dyňzap durmasyny bes etdi.
Gum-guklyk.
Elbetde, hemişekisi ýaly: “Geldiňmi?” diýlip garşy alynýar.
Hal-ahwal soraşylýar...
Soň bolsa nahar iý, çaý iç, telewizor gör – gepleşjek bolup, derdinişjek bolup, pikir alyşjak bolup azar berýän ýok.
Keýpiň kelläňde.
Öý adamdan doly.
Ogullaň, aýalyň – her haýsy bir çüňkde ellerindäki aýna guta gark bolup otyr.
Dünýe ýumrulsyn – olar bihabar.
Aýna gutyň gafladyndan diňe iýip-içmäge, ýatmaga, onsoňam aýakýoluna gidip-gelmäge çykaýmasalar, galan zaman olaň hemmesi – kontaktda, netde, imoda ýa tiktokda...
A seň bolsa ýekeje özüň, öz tünegiňde – ýakynlaň arasynda ýalňyz...
Içiňi hümlet-de, synla-da otur, öň ine-gana tomaşa kylmaga goýulman gaharyňy getirilýän entewe-täzeligiňi...
“Iliň güýji siliň güýji”, “Il oňlasa atyňy soý” diýleni...
Hemme kişi şeýlekä, seň ýeke özüň ot bolaňda niräni ýakjak, ýuwha bolaňda niräni ýuwutjak?!
Göräýmäge alajyňam ýok ýaly...
Ýa, olam indi, öz-özüne: “bir başa bir ölüm” diýip göwünlik beräkge, ymykly “imokeşe” öwrülip, inete “oturaýsamyka”?!...






Категория: Hekaýalar | Просмотров: 283 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Муарон / новелла - 06.04.2021
Jarçy / oçerk - 10.01.2021
Лунный свет / новелла - 26.03.2021
Emläk ezeli / hekaýalar toplumy - Diwan - 26.05.2021
Ene / hekaýa - 12.01.2021
Awtorlaryň öwlüýäsi / syrly wakalar - 06.01.2021
Бобок / рассказ - 15.06.2021
Ангел / рассказ - 22.06.2021
Halallyk ýoly / hekaýa - 06.01.2021
Солдатик / рассказ - 09.06.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]