09:35
Internetli dünýä / hekaýalar toplumy - Bihaýa wirus

BIHAÝA WIRUS


…Kompýuterini täzeledi.
Köpden bäri kül-külüne düşüp ýören pyglynyň paşmak nesibesi, megerem, hut şu ýekşenbä ýazylan bolara çemeli.
“Aýal” diýlen janaweriň-ä edäheti, maşgala gapjygynda gündelik desbi-dähillikden kör köpük artdygy: “Nirdesiň bazar sary?!” diýäkge, ökjesine tüýkürýär-de, ony tizräk sowmaga rowana boluberýär.
Dagy nä?!
Ol ejiz naçar halyna, ertiriň gaýgysyny edip nätsin?!
Şondan başga, has derwaýys işi ýokmy nä, onyýnyň?!
Gara günüň aladasyny edip, ojagaz-bujagaz zerurlyklar üçin süýşürip-ýygşyryp goýjak bolmak ýalaky bolar-bolgusyz zatlara, goý, ol özüne: “Är menem!” diýip, haýbat bilen döşüne-döşüne kakyp ýörýäniň kellesi agyrsyn!
Nä, dagy, haçan görseň işden aryp gelen kişi bolup, telewiziriň öňünde ýedi eplem bolup ýatmakdan özge hiç zady başarmaýan o jemendeleň, şondan möhüm wäjibi bamy?!
Munuňam öý-ojagynyň törbikesi, megerem, agzalanlary aňynda aýlandyr.
Ýa-da başga bir, özüne ýetik ähmiýetli sebäplerden ugur alandyr.
Magadyny Alla bilýär!
Görme-görşe gelen gyzynam yzyna tirkedi-de, derrew bazara ýumlukdy.
Ýaňy üç ýaşap barýan agtygynam munuň garamagynda garamaga galdyrdylar.
Eneli-gyz ikisi, gaýym semreýşine bykynlary güpberilip, ýaldyrap duran göleli-sygyr kibi iki ýaňa ýaýkyldaşyp, dar dälizde ýumry ýerlerini çakyşdyryp, tirkeşip ugrady.
Çykyp barýarkalaram: “Içiň ýansyn! Öl, ölýän bolsaň!” diýen ýaly edip, heniz, buşugmak üçin jalbarynyň iligini ýazdyryp bilmeýänje ýaňkyja:
-Guzym-oglum, babaňa göz-gulak bolawergin! Buwun, onuň dyýynç günüdir. Abyrsyz hepdäň dowamynda, öýde bolýan ýekeje güni bir, onyýnyň idi-yssywatyny kem etmäwergiň!-diýip, tabşyranam bolýarlar-a!
Haý, günüňize ýanaýyn!
Indi, dynç gününiň lezzetinden gana-gana dynç almal-a ol bolsa, onuň hyzmatynda: “Lepbeý baba! Gulluk-how-gulluk saňa bizlerden!” diýäkge, ýortup-ýüwrüp ýörmelem, ine şu, erni suwly çagajyk bolsa…
Bolaýypdyr, onda!
Onuň heniz içi gaty ýanyp başlamanka, hernä, işigiň jaňy jyňňyrdady-da, kompýuterçi ussa geläýdi.
Alçak ýigit ekeni.
Salam-helikden soň ikisiniň arasynda tas otuz ýyldan gowrak aratapawut bardygyna garamazdan, derrew üýni alyşdy ötägitdi.
Işine-de ezber ekeni.
Dilem dek durmaýar welin, elem dilinden känbir gijä galyp barmaýar.
-Agam, munyýnyň operatiwkasy taryhda seneýazgysam galmadyk gadym döwürlerdäki ýaly 250 megabaýtlyk däl-de, 12 gigabaýtdyr!-diýip, ussa juwan hem-ä gürleýär, hemem gurnaýar.
Özem kompýuteriň simlerini seretmän sepleşdirýänem bolsa, megerem, eli endik edip gidenindendir, simlerem, ötürtgiçlerem edil, öz-özünden bilipmi ýa-da juwan ussanyň gatyrganmagyndan eýmenipmi, barmaly ýerine baryp, girmeli ýerine-de girip barýan ýaly.
-Alt-ty ýüz-z on alt-ty gig-gabaýt/sek-k-kunt geçirijilik uk-k-kyply, tup-p-ba-tut-t-tuşlygyna on beýr gigabaýtlyk wideohakydaly, ýagny wideokartly...
Öý eýesi özi üçin edil çürbaş matematikanyň deňlemeleri deýin, syrly hem nämälim bolan jümleleri jadylanana dönüp, agzyny öweldip diňleýärdi.
Onuň gulagyny giden bir düşnüksizlikden hem-de “gigabaýtlardan” doldurýan ussa juwan bolsa, barha agzyny köpürjikledip, harydynyň öwgüsini ýetirip gidip otyr:
-Dopbaja-dogry tört-t ter-ra-baýtlyk göwrümli winçesteri dagy, mil-l-ýon-n-a dä, bäş-ş müň-ň mil-l-ýar kino ýazdyrsaňam içine ap-baja-arkaýynja sygşypjyk ýatýa olar...
Gepiň keltesi, ertekilerde aýdylmyş: “az ýöräp, köp ýöräp”, ahyry, juwan ussa, öz gurnaşdyrýan enjamlarydyr-programmalarynyň tarypyny ýetirip durşuna, edýän işini tamamlady.
Özüniň düşnüksiz hem syrly waspnamasyna agzyny öweldip duran babadyr-agtyk ikisiniň gözüniň alnynda, täze kompýuteri işletdi. Onuň içinde haýsydyr bir programmalary tans oýnadyp görkezdi.
-Äý jigi, men-ä bü seň gür berýän zatlaňňa heýç aň ýetirip ýetişemmok. Bü “kompýuter” diýilýän bela-beterden doly gapyrjagam, diňe onda ýazýan ylmy işlerimdir-makalalarymy resmileşdirmek üçin ulanyp bilýän. Munyýnyň ondan soňky ala-haralary meň üçin çözülmez matallygyna galýa...
Özüne janygyp ýagdaýyny düşündirjek bolýan garryny diňlemänem, juwan ussa:
-Ýaşuly, internetem waý-faýyň üsti bilen çatylandyr. Özem, degmänkäň işläp duran, betindendir!-diýdi-de, enjamyň soňky waspyny ýetirip, hakyny hasaplaşakga, garasyny saýlamak bilen boldy. Diňe daş işikden çykyp barýarka sägindi-de, az-kem oýurganyp:
-Agam, fleşkama antiwirusyň ustanowka programmasyny salmandyryn...Ertir gelip, nemedip gidäýerin-dä, bolýamy-aý, agam?!-diýdi.
Olam: “Ýak, senem-ä köşek! Ýeri şu ikarada ertire çenli nämbolsun?! Şu öýüň içinde şo plastmas gapyrjaga jyn urar öýdýäňmi? Nätseň şeýdibersene...” diýen terzde, göwnübirlik bilen elini salgady.
Ussa ýigdiň yzyndan gapy ýapylyp-ýapylmanka-da, kompýuteriň öňündäki kürsüde gögeleje bezzat joňkardy. Birje pursat säginmänem, ony edil özi ýasan ýaly, joýstigiň kursoryny küştdepdi oýnatdyryp, onuň içini dem salymda gyzyl-dörjük etdi.
Ýeriň ýüzünde bary-ýogy şujagaz ýyljyk ýaşan bolsa-da, özünden ýigrimi esse kän ýaşan garry babasynyň özüni haýran galyp synlap durşuna üns bermänem, agtarýan ýitigini tapdy. Dessine-de oýnuň içine gaçdy.
...Kontrol straýk, warkraft, tankodrom, arkada, dürli şuterler...
“Wah, ýaňky ökde-de bolsa ýaňra ýigit, muň içini oýundan dolduraýypdyr-a! Inni bu çagany çabalanyp durana döndermän, Klawa daýzany oň elinden alyp bir bolarmyka?!” diýip, agtygyny synlaýan garry iňkise gitdi.
Şo pille-de...
Ilk-ä kompýuter: “Wö-ö-ňk!!!” edip, güňleçden zoňtar ses çykardy. Soňam ekranyň ýüzi hüýt-gara boldy.
“Wah, Alla janlarym! Gelen güni köýdürip eliňe tutdurdy geräm!” diýip, kompýuteriň bolşuny agtyjagyndan gören garry, hasyrdap onuň ýanyna bardy:
-Hany tur, oglum! Näme etdiň, muny?!-diýip, ony göterip kürsüden aýyrdy-da, özi ýerine geçdi.
-Hiş-ş žadam edemo-o-how, bawa...-diýip, bezzat öýkeli jogap gaýtardy.
Garryň ekranyň öňüne geçip – komp elibinden şermende, degdi-gaçdy ýuzerleň ilkinji edäheti – onuň özi aýtmyşlaýyn: “Klawa daýzaň” düwmelerini başly-barat basyşdyryp başlaryna mähetdelem, monitoryň ýüzi ýagtyldy. Şekil peýda boldy.
Gözüň ak ýagyny iýip gelýän, ýüz-keşbem, endamam lowurdap duran näzenin!
Döşünden ýokarysy görünýänem bolsa, diňe şol görünýän ýeri 26 dýuýmlyk ekrany tutuşlygyna doldurýar.
Özem bu şekil dem salym gymyldaman doňup durdy-da, birdenem oňa jan girdi.
Aklykda ýumurtga bilen bäsleşjek juw-ak göwsüni gizleýän göwüsbendi zym-zyýat boldy. Ol bihaýa bolsa dişlerini akjardyp ýyrşardy-da, mähnet mämelerini ekrandan daşyna çykaraýjaga çalym edip tyrsyldatmaga başlady. Şol hereketi bilen birlikde-de, kompuň dinamiginden: “hyjuwdyr, sabyrsyzlykdan ýaňa dyňzap duran” diýdirýänskiý, gyryljak ses ýaňlandy:
-Mynçgala-a-san-n-a meni! Mäj-j-jerle-e-sen-ne!
Garryň ýüzi boz-ýaz boldy. Bu wejeralygyň tomaşaçysy ýekeje özüň bolsaň-a ýene ýagşy. Emma ýanynda mana düşmez agtyjagam bar ahyry.
Ol bu bihaýa şekili sumat etmek üçin näme etmelidigini bilmän aljyrap, howul-hara hereketler bilen hasam çalt-çaltdan klawişaň düwmelerini basyşdyryp ugrady.
Şol wagtam, “Durnaň üstüne urna” diýlişi ýaly, ünsden düşürilen bezzat kürsüniň ýeňsesine ýarmaşdy-da, babasynyň egninden jyklady:
-Gopdy-y-y!!! Oh-ho, bawa! Eýkek! Memmejik...Bawa-a, goýsana-a!!!
Garryň ýüzünde heýgenek bişiribermeli boldy. Ol hasam aljyraňňy hala düşdi. Bir eli bilen-ä:
-Bawa-a! Duýsana-how, memmejik göýje-e-e-k!-diýip, ýetişibildiginden kellejigini talawladýan agtygynyň gözüni ýapjak bolýar. Beýleki eli bilenem, göýä bu wejeralyga şol günäkär ýaly, “Klawa daýzaň” depesinden inýär. Şol başagaýlygyna-da içinden ýaňra ussa käýinjiremegä-de ýetişýär: “Häý seniňem bir nemäňi nemedeýin! Diýmäýin diýsem, köp gürlän bolup! Esasy zady gurnamansyň ahyry! “Waý-faýa çatdym. Internete ellemänkäň girýä!”. Hanha, antiwirus goýman, waý-faýa çatsaň! Gör-ä bi, o “internet” diýilýän möýkerepden sokulan zadyň, meň täzeje kompumy kellesine geýip ýatyşyny! Nemesini nemetdigimiň içigar galmyşy diýsänim! Inni muny nädip aýyrmal-a, hä?!”.
Dergazaba münen garry, düwmeleri näçe şakyrdatsa-da, kompýuteri eýelän bihaýa wirus-şekiliň piňine-de däl. Şol bir hereketini gaýtalap, takmynan ep-esliň ýarysyndanam mähnet göwüslerini işdämen tolkun atdyryp, her dört-bäş sekuntdan bir gezek:
-Mynçgala-a-san-n-a meni! Mäj-j-jerle-e-sen-ne!-diýip, otagy ýaňlandyrmagyny dowam edýär.
Ahyry, bu ahwalat garryň degnasyna degdi.
-Äý, tüteýän bolsaň tütäpler geçsene!-diýip hüňürdedi-de, oturan ýerinden eglip, kompýuteriň simini dürtgüçden sogurdy. Jan kirşi gyrlan dek, komp nähilidir birhili “hyrp” etdi-de, öçdi.
-Bawa-a, öçüýme-dä-ä! Memmejik göýäli-i!-diýip naýynjar peltekleýän agtygyna üns bermän, dem salymda beýnisi garjaşan garry, azak-tenek nepesini durlamak üçin, kürsüň gerşine ýaplanyp, jaýlaşykly oturdy. Göz açyp-ýumasy salymdanam, oslagsyz tolgunandanmy nämemi, gursagynda emele gelen sanja diň salyp, dikeldi. Ýürek dermanyny atmak üçin aşhana ýöneldi.
-Bawa-a-a, nene-de memmejik göýäli-i-i!!!-diýip hötjetlik bilen gaýtalamagyny bes etmeýän bezzadam yzyna düşdi...
...Aýalydyr-gyzy bazardan dolanýança garry birneme köşeşdi. Hatda, ussa ýigde jaň edip, onuň bilen gaharlanmanrak, belli bir derejede parahat gepleşmegiňem hötdesinden geldi. Ol günortanky arakesmede gelip, kompýuterini arassalamagy hem-de onda wirusa garşy programmany gurnamagy wada berenden soň-a, hasam göwni aram tapdy.
-Mama, etje! Bawam biýen ikimiý uýýakan memmejik göýdük!-diýip, peltek garagol, bazarçylar işikden giren badyna buşlady.
Eneli-gyz garra ýazgaryjy äňedişdi.
“Ogurlyk eden utanmaz, üstüne gelen utanar” diýleni. Etmedik işine müýnürgemäge mejbur garryň biygtyýar ýüzi gyzardy.
-Ýaňy kompýuteri gurnap gitdiler...oňa-da bujagaz oýnap otyrka, internetden wirus girdi-le-how...-diýip, ol ýarym-ýalta hymy-symy etdi-de, özüni didiwana mündüren goşa bakyşyň öňünden bahymrak gürüm-jürüm bolmakdan ötri, içki otaga ýumlukdy.
-Babaň bilen memmejikden başga zadam gördüňizmi, oglum?!-diýip aýaly, yzyndan oňa eşitdiribräk duzlap galdy. Hatyn kitüwliligi şu gün oýlanyp tapylan zat däl. Dünýe döräp bar. Beýdeni bilenem oňman, aýaly, “ýetimi ýetip ur, ýetip bilmeseň atyp ur” diýlenine eýeripmi nämemi, garryň giden otagyna-da eşidiler ýaly batlyraga-da suňşurdy:
-Onnoňam, näme guzym, şeýdip hemmämizi öýden ugradyp, ýekelikde ine-gana tomaşa eder derejede, şo babaň ikiňiziň synlap doýup bilmedik “memmejigiziň” öň elýeterindäkiden nämesi üýtgeşikmiş, gyz? Hä, guzym?!
Hernä, üşerilip mamasyny diňleýän oglunyň gulagyny ýapyp durşuna, gyzy:
-Bolýa-la, eje! Kakam: “wirus” diýip aýtd-a,-diýdi-de, jylawyndan çekäýdi. Ýogsa, näme üçindir kalbyna kine aralaşan hatyn, meger-de bolsa, goýar ýerde goýmazlygam ähtimaldy.
Bujagaz wakaň ýene-de bir gowy zady, ussa ýigit aldamady. Diýen wagtynda gelip, garryň kompýuterini haýasyz wirusdan tämizläp berdi.
Ýöne, garry çakdan aşa duýguçyl bolandanmy nämemi, soň-soňlaram kompýuteriniň öňünde işläp otyrka, ondan duýdansyz ses çykaýdygy, on iki süňňi bilen titräp, tisginip gidýär. Dessine-de gözüniň öňünde, takmynan ep-esliň ýarysyndanam äpet göwüslerini işdämen tolkun atdyraga-da:
-Mynçgala-a-san-n-a meni! Mäj-j-jerle-e-sen-ne!-diýip, gyryljak çawuş çakýan şekil peýda bolýar. Şonda-da ol ýeňsesinden bezzat agtygy jyklap:
-Gopdy-y-y!!! Oh-ho, bawa! Eýkek! Memmejik...Bawa-a, goýsana-a!!!-diýip, ulili bilen gygyryberjek ýaly, daş-töweregine howatyrly ýaltaklanyny özem duýman galýar...

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 116 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Hyýalkeş   [Материал]
Garaşyp ýördüm şu topluma.Super.
Ýöne ýekeje bimaza eden zat kä sözleriñ aýdylyşy ýaly ýazylmagy kä sözleriñ asla aýdylmaýyşy ýaly ýazylmagy.Meselem : "heýç".
@mango daýyñ aýdyşy ýaly kitapça ilki myhman bolup girýän döwrümde minutda iki üç gezek şon ýaly zatlar çykýardy.Orsça.Ûstesine de suratam bar welin ilkä men nirä düşdümkäm diýip pikir etdirýär soñam töweregiñde adam barka girmezligi öwrenýäñ.
Bolsa-da agza bolanymyzdan soñ şol reklamalar aýryldy.

0
1 mango   [Материал]
tehniçeskiý bellikler:

kompýuterçiň leksikonyndan: -Agam, munyýnyň operatiwkasy
ýaşulyň leksikonyndan: -Äý jigi, men-ä bü seň gür berýän zatlaňňa heýç aň ýetirip ýetişemmok. ...Munyýnyň ondan soňky ala-haralary meň üçin ...
----
juwan-laryň gaýtalanmagynyň manysy nämäkä?
1) ...12 gigabaýtdyr!-diýip, ussa juwan hem-ä gürleýär, hemem gurnaýar.
2) ...öz-özünden bilipmi ýa-da juwan ussanyň gatyrganmagyndan eýmenipmi...
3) ......“gigabaýtlardan” doldurýan ussa juwan bolsa, barha agzyny köpürjikledip...
4) ...ahyry, juwan ussa, öz gurnaşdyrýan enjamlarydyr-programmalarynyň tarypyny ýetirip durşuna...
5) ...garryny diňlemänem, juwan ussa: -Ýaşuly, internetem waý-faýyň üsti bilen çatylandyr.
-----
"kitapça" telefondan giremde hökmän aşakdan bir gyzdan mesaž gelýär (reklama). orsçalap: adym marina, ýaşym pylany, güýmenje gözleýän, özümem baryp bilýän, bas üstüme..." her gezegem ýanymda biri göräýmesin diýip, "отменить" atanajygyna bahymrak basmak bilen....
kyn öz-ä....

0
2 Bagabat   [Материал]
"Munyýnyň"-da, "juwan"-da bilgeşleýin edilen.
Manysy?
Adatça şuň ýaly wakalar durmuşda gürrüň berlende, artykmaç (gerekmejek) sözler köp ulanylýar. Gürrüňi "bezemek" üçin. Şol gürrüňçilige ýakyn dili işlemek üçin synag görnüşli bir zatlar-da.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]