06:22 Internetde tanyşdyk | |
INTERNETDE TANYŞDYK Sen maňa ýazdyň, menem saňa, Bahar internetde tanyşdyk. Ýazyldy günbe-gün köp hatlar, Şeýdip, has güýjedi tanyşlyk. Gatnady yz üzülmän hatlar, Hatlar yzy, jaňlar alyşdyk. Tanyşlyk yzy ýazdy söýgä, Bile ýürekleri çalyşdyk. Ne meni gördiň, ne men seni, Diňe hyýallarda görüşdik. Şatlygy has köpräjik paýlap, Gaýgyny-da deňje bölüşdik. Diňe hyýallarda duşuşyp, Kyn günde kömege baryşdyk. Ara bolsa-da müňlerçe metr, Ýürekler ýakyndy garyşlyk. ...Ýöne güýz aýralyk diýýärler, Birden aralary açyşdyk. Güýzde tänen ýaprak mysaly... Güýzde bir-birekden gaçyşdyk... Ylham GURBANALYÝEW. 2020. | |
|
√ Dykma serdar / Goşgular - 30.01.2022 |
√ Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022 |
√ Аксакал / Goşgular - 25.02.2022 |
√ Bagyşla / Goşgular - 14.01.2022 |
√ Ejeme / Goşgular - 17.02.2022 |
√ Kerwen / Goşgular - 22.02.2022 |
√ Köňül pelsepesi / Goşgular - 01.01.2022 |
√ Фрейдизм / Goşgular - 21.02.2022 |
√ Ümlük / Goşgular - 22.01.2022 |
√ Men daglaryň reňkin söýdüm / Goşgular - 19.02.2022 |
Всего комментариев: 4 | ||
| ||