22:47
Iñlis teatry / dowamy
• Iňlis balet sungaty

Ýewropa ýurtlarynda bolşy ýaly Angliýada-da teatr tans sungaty gözbaşyny orta asyrlardaky dürli baýramçylyklardan alyp gaýydýar. Tanslar bir tarapdan köpçülikleýin halk çykyşlary, beýleki tarap-dan feodal gatlagyň gapy meýdançalarynda geçirilýän toýlardan, dürli şagalaňlardan emele gelipdirler. Belli bolşy ýaly XIV asyrlarda "mummings” "Mummings desgaýzings” (Desguisings), "rýaženiýa” (Şu sözleriň üçüsem gowy, owadan, masgarad eşiklerini geýen personažlary, sazandalary aňladýar. Sözlüge seret.) geýnüwli adamlar köçe baýramçylyklaryna çykyp özlerini italýan köşkleriniň öňünde çykyş edýänlere çalymdaş etdirjek bolupdyrlar.
XV asyryň birinji on ýyllygynda olarda guramaçylykly çykyşlar peýda bolup başlapdyr. Bu ýagdaý dramalaşdyrylan tanslary, gepleşikleri (dialoglary) öz içine alypdyr. XVI asyrdan başlap, XVII asyryň üç onýyllygy tamamlanýança "nikaply” tans çykyşlarynyň gülläp ösen döwri bolupdyr. Şol döwrüň meşhur dramaturglary hasaplanýan Ben Jonson, J.Milton "nikaply” tans çykyşlaryna goşguly komediýalaram salypdyrlar. Bu çykyşlar balet komediýalaryna çalymdaş bolupdyr. XVII asyrda bolup geçen bu täzelik Fransiýada ýaýrapdyr. Dramaturg Ben Džonson, hudožnik Inigo Jons, kompozitor A.Ferrabosko, tans goýujylar I.Hern, T.Jaýls aragatnaşykda işlemek arkaly öz döwründe bu ugurdan belli bir üstünliklerem gazanypdyrlar.Gaza-nylýan üstünliklere garamazdan XVII asyryň 2-nji ýarymynda "puritanlar” ("Puritan”- arassalamak. Sözlüge seret.) tarapyndan yzarlamalara, teatrlaryň ýapylmagyna gabat gelinipdir. Şeýle yzarlanmalara gabat gelinse-de, "nikaply” tans hereketleri dowam etdirilipdir. Ýurtda bolup geçýän ýagdaýlara garamazdan, kompozitor U.Dawenant hudožnik D.Uebbanyň gatnaşmagynda G.Lousyň, G.Kukanyň, M.Lokanyň "Gabawdaky Rodos” sazly dra-masyny sahna çykarypdyr. Sazly spektakllarda "nikaply” çykyşlar XVII asyryň aýaklaryna çenli saklanyp galypdyr. Bloynyň "Wenera we Adonisi” (1682), dramaturglar Bomontyň we Fletçeriň ýazgylary esasynda Pereselliň "Korol Artury” (1691), bulardan başgada, olardan esli wagt soň, sah-na çykarylan Gendeliýanyň "Rinaldosy” (1711), "Asis we Galeteýi” (1720) Fransuz opera-baletlerine golaý bolup sahnanyň köp bölegini dürli tanslar tutupdyr.
1720-nji ýylda Londanda "Korollygyñ Akademiýasy” açylypdyr. Bu Akademiýanyň Iňlis baletiniň ösmegine goşandy örän uly bolup-dyr. XVIII asyryň birinji ýarymynda Angliýada "pantomimleriň” dürli taraplaryny öz iсne alýan tanslar tomaşaçylary özüne çekipdir. Şol tanslar operalaryň elementlerini (başlangyçlaryny), farslary özünde birleşdiripdir.
Italýan balet sungatynyň uly ussady, pedogogy, baletmeýstry, teoretigi J.Uiwer sahna tans garyşdyrylan drama eserlerini çykarmak bilen meşhurlyga eýe bolupdyr. Onuň opera we drama garyşdyrylyp tomaşaça hödürlän "Marsa we Wenera bolan söýgüsi” (1717), horeografiýa üçin ýazan "Tans sungatynyň anatomiýasy we mehanikasy” (1721), "Mimiň we pantomimiň taryhy” (1728) atly ylmy işleri iñlis balet sungatynda belli bir dereje-de yz galdyrypdyr. Teatr eýesi we mim tansy boýunça meşhur aktýor J.Riç "Linkolns Inn Filds”, "Kowent-Garden” teatrlarynda yzygiderli pantomim we balet tanslaryny goýupdyr. Şol tans truppalarynyň içinde diňe bir Iňlis tansçylary çykyş etmän, daşary ýurtly tansçylar we şol bir wagtyň özünde fransuz balerinasy (tansçy gyzy) M.Salle hem çykyş edipdir. Şeýle çykyşlar pantomimlriň üsti bilen balet hereketlerine (dramatizasiýa) esasy geçiş döwri hasaplanýar. 1734-nji ýylda M.Salle Londanyň teatrlarynda "Pigmalion”, "Wakh we Ariadna” atly pantomim baletlerini sahna çykarypdyr. Bu pantomim balet tanslarynda-da Iňlis tansçylary bilen başga ýurtdan bolan tansçylar we M.Salleniň şägirdi Rodžers hem çykyş edipdir.
Iňlis pantomimasy fransuz tans sungatynyň reformatory Ž.Ž.Noweriň döredijiligine-de, öz uly täsirini ýetiripdir. 80-nji ýyllarda Ž.Ž.Nower öz truppasy bilen Angliýada gastrollarda bolupdyr. Şol truppanyň içinde meşhur iňlis tansçysy S.Slingsbi hem çykyş edipdir.
XVIII asyryň aýaklarynda XIX asyryň başlarynda Londonyň teatr sahnalarynda bolýan tans çykyşlarynda beýleki Ýewropa ýurtlardan bolan meşhur tansçylar tans goýujy baletmeýstrler çykyş edipdirler. Olardan Ž.Doberwal (1783-1785, soň 1791-1793 aralygynda) çykyş edipdir. Ş.Didlo "Zefir we Flora” (1796ý), Bossi "Henzi we Tao” (1801) spektaklynda balet tansynyň ilkinji görnüşleriniň doly emele gelmegini gazanypdyrlar. Bu ýagdaýy döwam etdiriji balatmeýstrler bolupdyr. Şolardan Ž.Perro "Undinu” (1843, tansçy Puni), ,,Esmeraldy” (1844), "Padekatr” (1845, tans-
çy Puni) spektakllaryny sahna çykarypdyr. Şol spektakllarda tansçy Puniden başgada M.Taloni, F.Elsler, K.Grizi we beýleki tansçylar bolupdyr. Şol ýyllarda zehinli Iňlis balerinasy K.Uebster hem öz döredijilik ýoluna başlapdyr.
XIX asyryň ortalarynda Angliýada balet sungatynyň elementlerini özünde birleşdirýän pantomimler bolup, olar Isa pygamberiň (a.s) doglan güni bilen baglanyşykly bolupdyr. XIX asyryň ikinji ýarymynda Londonda aýdym we tans bilen baglanyşykly ýörite uçilişeler açylyp ugrapdyr. Akrobatik tanslaryny ýerine ýetiriji zehinli tansçy gyzlaram sahnada peýda bolup ugrapdyr. Olardan aýal doganlar Berrisonlar has-da meşhurlary hasaplanypdyr.
Balerinalaryň arasynda arasynda dürli klassyk tanslary, dürli sazly teatrlarda ýerine ýetirmekde 60-njy ýyllarda L.Tomson, 70-nji ýyllarda K.Wo-gan meşhur bolupdyr. Londanyň iň iri "mýuzik-hollary” (estrada teatry) bolan "Algambra”, "Emraý” (Bu teatrlar XIX asyryň aýaklarynda peýda bolupdyr) teatrlarynda uzak ýyllaryň dowamynda tansçylar A.Žene, F.Bidels, başga ýurtlardan gastrola gelen tansçylar L.Ýu.Kýakşt (1910-njy ýylda), Ýe.W.Gelser (1911-nji ýylda) çykyş edipdirler.
XX asyrda iňlis baletiniň ösmeginde S.D.Dýagilýew tarapyndan döredilen "Rus möwsümi” balet truppasynyň täsiri örän uly bolupdyr. Bu balet truppasy 1911-1929-njy ýyllar aralygynda Londonda gastrolda bolmagyny dowam etdiripdir. Şol balerinalaryň arasynda A.Pawlowa has-da tapawutlananlaryň biri hasaplanýar. A.Pawlowa London şäherine göçüp barmak bilen 1913-nji ýylda "Iňlis tansçylary” atly mekdebi üýtgedip, ýörüte balet mekdebini açýar. S.D.Dýagilýewiň tansçylar truppasyndan rus we fransuz familiýaly tansçylar özlerine täze familiýalary we atlary alypdyrlar. Olardan A.Sokolowa-H.Mannings, I.Stahhis-N.de WaluaI, A.Dolin-P.Hilli-Keý, A.Markowa-A.Marks familiýalary we atlary almak bilen Iňlis baletlerinde şol atlar bilen çykyş edipdir. Angliýada T.P.Krasawina, N.G.Legat ýaly balet pedagoglary, mugallymlary, aktýorlary yzygiderli şol ýerde bolup işläpdir.
Birinji Jahan urşundan soň Angliýada birnäçe täze studiýalar we balet mekdepleri açylypdyr. Şol mekdepleriň hatarynda 1920-nji ýylda M.Ramberiň balet mekdebem işe başlapdyr. M.Ramberiň mekdebiniň okuwçylary 1930-njy ýylda "Balet klubyny” döredipdir. Wagtyň geçmegi bilen "Balet kluby” M.Remberiň hatyrasyna "Balle Rember” balet truppasy atlandyrylýar. Şol truppa şu günlerem ýaşamagyny dowam etdirip gelýär.
1926-njy ýylda N.de Walua (ýokarda adyny üýtgeden - I.Stannis) tarapyndan tans mekdebi açylypdyr. 1930-njy ýylda milli iňlis baletini döretmek maksady bilen "Kamergo jemgyýetçiligi” döredilipdir. Bu döredilen jemgyýetiň öz truppasy bolmadygy üçin spektakllarda çykyş edip ýören aktýorlardan, Rembo we N.de Walua truppalaryndan ýörüte tansçylar çagyrylypdyr.
1930-1933-njy ýyllarda "Kamergo jemgyýetçiliginde” Ulýams tarapyn-dan döredilen "Iow” truppa baletmeýstri N.de Walua, Uolton tarapyndan döredilen "Fasad” truppa baletmeýstri F.Aşton Angliýada öz repertuarlaryny döredipdir. Truppalaryň umumy ýolbaşçysy N.de Waula bolupdyr. Şol truppalar "Wik Uells balle” ady bilen "Old Wik”, "Sedler Uells” teatrlaryn-da çykyş edipdirler. 1942-nji ýyldan soň, bu balet truppasy "Sedlers-Uells-balle” ady bilen çykyş etmäge başlapdyr. 1957-nji ýyldan bu truppa "Korollyk baleti” ady berilip ýurdyň iň uly balet truppasyna öwrülipdir. Ýokarda adyny agzan "Sedlers-Uells-balle” truppasy ilkinji işe başlan döwürlerinden klassyky baletlere ünsi güýçlendirmek bilen "Guw kölüni” (1932), "Žizeli” (1934) iňlis sahnasynda goýupdyr. Şeýle klassyky tanslaryň üsti bilen ýaş iňlis tansçylary terbiýelinipdir. Şol bir wagtyň özündede iňlis balet sungatynyň milli repertuary döredilipdir. "Iow” baletinden soň, XVIII asyr iňlis hudožnigi U.Bleýkanyň "Iowa kitabynyň” sýužetlerinden çekilen suratlaryň esasynda Gortanyň "Wezipe bolmak” (1935) baleti goýulýar. Spektaklyň baletmeýstri N.de.Walua. Bu balet Iňlisler üçin mahsus, wäşi "burlesk” baleti häsiýete eýe bolupdyr. Balet sungatynyň bu žanrynda baletmeýstr Dž.Kranko işlemek bilen ol, Salliwen-Makkerasyň "Ananas Poll” (1951), Arnoldyň "Suini Todd” (1959) baletlerini sahna çykarypdyr.Iňlis baletiniň başga bir häsiýetli ugrunu tansçy, mim aktýory, baletmeýstri R.Helmen uruş we ondan soňky döwürde tragik mim baletlerini goýmak bilen spektakllara filosofiki mazmun beripdir. Ol Çaýkowskiniň sazyna "Gamleti” (1942), Blissiň sazyna "Gorbalsdaky täsinlik” (1944), "Adam Zerro” (1946) baletlerini tomaşaça hödürläpdir. Baletmeýstr F.Aşton klassik tanslara ünsi çekmek bilen "Jaýyň öňi” (fasad) balet komediýasyny, kompozotor Listiň sazyna "Dantasonata” (1940) kompozitor Frankyň sazyna "Simfoniýa üýtgeşmeler” 1946) baletlerini goýupdyrlar. Şol döwürlerde iňlis baletinde düýpli, köp bölümli baletlerem peýda bolup ugrapdyr. Kompozitor Prokofýewiň "Zoluşka” (1948), kompozitor Hensiň "Undina” (1958) baletleri köp bölümli düýpli eserler hasaplanýar.40-50-nji ýyllarda ýaş Iňlis baletmeýstrleri K.Makmilan, A.Rodriges, Dž.Karter peýda bolýarlar. Şol döwrüň iňlis tansçylary köplenç ýerli, esasanam korollygyň balet mekdebiniň uçurymlary bolupdyrlar. Korollygyň balet mekdebinden bolan M.Fonteýn, R.Helpman, P.Argaýl, B.Greý, M.Soms, H.Týorner ýaly meşrur tansçylar bolupdyr. Olardan başgada, N.Nerina, D.Bler, S.Berýozo-wa, A.Linden, E.Faýfild, A.Peýj belli tansçylar bolupdyrlar. J.Gilpin, S.Gilmor ýaly meşhur tansçylar "Balle Ramber” truppasynda çykyş edipdirler.
Iňlis baleti özüni ýokary saýmak keselinden daşda saklap, lirizmi, mylaýymlygy, manylylygy özünde jemläpdir. Umuman iñlis tansçylarynyň arasynda oňat mim tansçylary bolup iňlis halk tanslaryna az üns beripdir. Angliýada "Korollygyň baletinden”, "Balle Ramberden”başga-da, "Balle Metropoliten” /bu truppa 1947-1949ýý. hereket edipdir), "Festiwal balle Londons” (1950-nji soňra), "Tietr balle Uestern” (1957-nji ýyldan soňra) hereket edipdir. Şol döwürdenem iňlis balet sungaty şu günüň talabyny ödeýän balet sungatyna tarap ýol çekipdir.

• Iňlis sirk sungaty

Angliýada sirk sungatynyň peýda bolmagy XVIII asyrdan hasap edilýär. Beýleki ýurtlarda bolşy ýaly Angliýada hem, at üstündäki dürli oýunlardan başlanýar. At üstünde dürli oýunlary etmekligi, atlary çapmaklygyň, atlara diýen etdirmekligiň (dressirowka) ilkinji görnüşleri 1780-nji ýylda F.Astleýiň sirk kärhanasyndan başlanýar. Soňra F.Astleý ýörüte salnan amfiteatrda sirk çykyşlaryny gurapdyr. "Astleýiň amfiteatry” atlandyrylýan sirk wagtyň geçmegi bilen Korollygyň (şalygyň) sirki atlandyrylýar. Sirkdäki çykyşlar akrabat, ýüpde gezmek ýaly dürli žanrlary öz içine alsa-da, esasy žanr at çapmakdan we atlara diýen etdirmekden ybarat bolupdyr. F.Asteý öwredilen atlary sirk arenasyna çykarandan soň,onuň ogly bile çykyş edýän gyzy bilen arenada atly mim sahnajylaryny görkezipdir. Bu sirkde ýüpde gezýänler, itlere baş öwredijiler we masgarabaz Sonders öz ussatlyklaryny görkezipdirler. Masgarabazlar köp halatda pantomimo sahnalaryny gurapdyrlar.
Wagtyň geçmegi bilen çykyşlar arenada we arena birleşýän sahnada amala aşyrylypdyr. Bu çykyşlar yzygiderli ösdürilip, teatrlaşdyrylan atly tomaşa we pantomima öwrülipdir. XIX asyryň ortalarynda esasy çykyşlar akrobatikadan, žonglýorlardan (oýunda birden hokga çykarmaklyk), gimnastlardan we ekwilibristlerden (darbazlardan) ybarat bolupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde ýolbarslara, gaplaňlara, leopardlara arenada diýen etdirmeklik (dressirowka) ýola goýlup ugrapdyr. Bu zatlara garamazdan "Kowen-Garden”, "Druri-Leýin” teatrlaryda goýulýan drama spektakllary sirk sungatynyň ösmegini togtadypdyr. Sahnada pantomimleriň giňden ýaýramagy, sahnada peýda bolýan söweşler, ýangynlar, tupan-lar, suw almalary ýaly sýužetleriň "Seringapatamadaky gabow we çozuş, ýa-da Tippy Saibiň ölümi”, "Tussaglykdaky owadanlyk, ýa-da Mawrlar we afrikalylar”, "Batyr kazak ýa-da Haýynlygyň jezalandyrylyşy” ýaly sahna eserlerini öz içine alýan tomaşalar tomaşaçylary sirk sungatyna tarap çekmegi başarypdyr.
1814-nji ýylda F.Asteýiň aradan çykmagy bilen sirkler başga birnäçe telekeçileriň şol sanda A.Dýukronyň eline geçipdir. A.Dýukronyň döwründe atly tomaşa geň galdyrýan, täsin tomaşa öwrülipdir. Atly sirk spektakly bo-lan "Waterlo söweşi” ýalynlaryň we aýyň ýagtysynyň aşagynda atlylaryň we pyýada goşunyň söweşi, ýanýan şäher, şotlandlaryň atylyşa sezewar edilişi, Napolýonyň gaçyşy örän ynandyryjylykly ýagdaýda tomaça ýetiri-lipdir. A.Dýukronyň sirk artistlary öz döwründe uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. Olardan masgarabaz D.Dýukro esasy ýer degişli bolup galýar. XIX-XX asyrlarda Iňlis sirkinde masgarabazlar Ganlon Li, Toni Graýs, Lawater Li, çapyksuwar gyz L.Bulford döwrüň beýik artistleri hasaplanypdyr. A.Dýukrodan soň, sirkiň ýolbaşçylygy J.Sanjeriň eline geçýär. Ol Angliýanyň köp şäherlerinde ýörüteleşdirilen sirk binalarynyň gurylmagyny gazanypdyr. Dž. Sandžer haýwanlara (zoologik) pantomimleri döretmegiňem hötdesinden gelipdir. Sirk arenasynda ýüzläp atlar, düýeler, zebralar, aýylar, piller, ýol-barslar ýaly haýwanlar çykarylypdyr. J.Sanjaryň sirkinde merikaly kowboýlar (Demirgazyk Amerikada ýaşaýan maldarlar), indeýler Isa pygamberiň (a.s) doglan gününe bagyşlap çagalar üçin pantomimleri taýýarlap dyrlar.
1920-nji ýylda Londanyň "Olimpiýa” sirkinde B.Milson tarapyndan Isa pygamberiň doglan güni bilen baglanyşykly çykyşlar täzeden ýaýbaňlandyrylypdyr. Sirk artistleriniň gatnaşmagyndaky uruşdan saplanan Ýewropada her ýylda şeýle çykylaryň gaýtalanmagy, olarda iň zehinli artistleriň çykyş etmegi uly üstünlik getiripdir.
1950-nji ýyllarda Angliýada 1894-nji ýylda salynan sirk jaýynda iňlis we daşary ýurt sirk artistleri çykyş edipdirler. Muňa garamazdan ýurtda durgunly sirk truppalary bolman tomus aýlarynda göçme sirkler hereket edipdir.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 30 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]