13:25
Indi sen ýatlarsyň men ýatlap boldum....

INDI SEN ÝATLARSYÑ MEN ÝATLAP BILEMOK...

Ýatlamak islämok ýatlamarynam,
Geçmiş hakda oýlam geçmişde galsyn,
Göwün men geljege gitmek islämde,
Neçün sen geçmişe ilişip galdyň.

Gyýylma ýüregim, aglama dünýäm,
Bir bikemal üçin degmez ýananňa,
Besdir şu çaka çen örtenip köýdiň,
Degmez gözüň ýaşlap şygyr ýazanňa.

Geljek üçin gadam urup, bat bilen,
Ýatlamalaň ýomagyny çözmerin,
Şatlanyber göwnüm käte ýat bilen.
Saňa dözdiler diýip, kimsä dözmerin.

Elenmekden, öwsen sowuk ýellere,
Mähir doly kalbym bilen men doňdym.
Saňa söýgim hakda, yhlasym hakda,
Indi sen ýatlarsyň -
men ýatlap boldum.

Aýly gijeleri üstüme örtüp,
Ýyldyzlardan hemaýata garaşdym,
Aýralygyň mukamyna üwrelip,
Käte, öýkeleşip käte ýaraşdym.

Zaryn ýelleň owazyna goşulup,
Seniň adyň tutup belent sözläpdim,
Göçgin bulutlary yzlaýan Aý deý,
Ykbalyňdan ykbalymy gözläpdim.

Akmaýaň ýoluny ýasanan gökden,
Hyýalymda gowuşmaga giderdim,
Duşup saňa sowgat berip söýgimi,
Özümi iň bagtly ynsan öýderdim.

Ýyldyrym çakanda, kalbym sarsdyryp,
Ýyldyz deýin gozümden sumat bolduň.
Zeminden ýitirip gökde gözlänim.
Indi sen gözlärsiň,
men gözläp boldum.

Gurbanmämmet MEREDOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 149 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 3.7/3
Всего комментариев: 17
1
17 Hyýalkeş   [Материал]
Meniñ meseläm "goşgularyñ" formasy bilen däl. Men aslynda bu iki "goşga" hiç hili teswirem ýazmandym. Sebäbi ikisem saýta girýär, göwünlerine degäýmäýin diýip. Emma bu "goşgular" kimdir birine görelde diýlip görkezildi welin, ýazmaly boldum. Hiç kimem bileninden galmasyn. Men öz şahsy pikrimi aýtdym. Hökman bir gapdalymdan çykyp jogap bermeli diýlen zat ýok.

0
16 Revo   [Материал]
Suraýyň hemme goşgylaryny dile çeper, ýiti, ýerlikli hasap etmesemem (meň öz pikirim) "Guş we derwüş" goşgysy soňky iküç günüň içinde saýtda okan iň gowy eserime öwrüldi.)

0
9 Hyýalkeş   [Материал]
Getiren "goşgulary" şeýle bir "goşgy" welin,öñündäki pikirleriniñ hem gymmatyny gaçyrypdyr.

0
10 Taryhçy   [Материал]
Gurbanmädiñ şu "goşgulary" goşgy bolsa we menem genial şahyr, super taryhçydyryn onda!

0
11 Taryhçy   [Материал]
Bagabat daýy oña sypaýyçylyk edipdir entegem.

-1
8 Zehin   [Материал]
@Hyyalkes dusunmedim siz @Bagabat agzan haysy pikrini goldamadynyz beren maslahatlarynymy yada gowy gosgy hokmunde getiren mysallarynymy?

0
7 Hyýalkeş   [Материал]
Zehin,men ä siziñ şu goşguñyza ýazylan teswirler bilen ylalaşamok.
Gošgy ortaça gošgy.@Bagabadyñ goýan teswirindäki getiren mysallary bilen-â asla ylalaşamok.Olary gowy goşgy diýip mysal getiripdir.Meniñ ûçin bolsa olar "goşgy".Başga-da şeýle pikir edýänler kãndir.Saýtdaky üç-bäş kişi şeý diýýâ diýip ýoluñyzy üýtgedäýmäñ!Elbetde çuñluk gözläñ.Ýöne ol mysallardaky zadyñ "çuñlukdygyny" unutmañ!Düşünensiñiz-le.Men ýaly pikir edýänleriñ sesi bolmak isledim.Üstünlik!

-1
14 Hаwеrаn   [Материал]
Hemme şahyry birikdirip Mahym Nurgeldiýewa edip bolmaýşy ýaly, hemme goşgy formalary-da, Siziñ göz öñüne getirişiñiz ýaly bolmaly diýen zat ýok.
Siziñ göz öñüne getirişiñiz, siziñ şygryýete bolan garaýşyñyz - bolubilse (olam bolubilse!) - şygryýetiñ bir penjiresi, bu uç-gyraksyz jadyly dünýäniñ bolsa penjiresi kän, çöwlümi kän, akymy kän, ýoly kän, ýordumy kän, ugry kän...

-2
15 Hаwеrаn   [Материал]
Suraý Babanyýazowanyñ, Laçyn Pürjäýewanyñ... başgalara meñzemeýän we başgalardan görnetin tapawutlanýan (stili, çuñlugy, dili we ş.m.) goşgularyna edebiýat dünýäsinde azy ýaran ýazyjy-şahyrlaram kem baha bermejegini bilýärin (berýän oñyn bahalaryny eşdibem ýörüs). Men Suraýyñ goşgularyna şu saýta agza bolany bäri, şu saýtda goşgularyny paýlaşýandygy üçin, ýa-da käbirleriniñ pikir edişi ýaly biziñ birki sany goşgymyza oñyn baha berendigi üçin ýüz görüp baha beremok: onuñ goşgularyny talypka (ýalñyşmasam olam biz deñ-duş talyp bolmaly) gazet sahypalarynda okap, başgalardan tapawutlanýan taraplaryny görüp bilýärdim. Ondan bäri birnäçe ýyl geçdi. Suraýyñ häzirki goşgulary has hem kämil we aýtjak sözüni gutarnykly aýdyp bilýär, soraga ýer goýanok.
Soñky goşulanlardan Meñli Aşyrowa hem aýratyn tapawutlanýar.

@Mangonyñ we @Bagabadyñ pikirlerini dogry hasaplaýaryn.

0
6 Bagabat   [Материал]
@Zehin, Gurbanmämmet inim, men-ä dogrusy, goşgy ýazyp bilmeýändigime otuz ýyl mundan ozal göz ýetirdim, şol sebäplem, şygryýet barada mümkin bolsa pikir aýtmajak bolýan. Sebäbi başarmaýan işiň hakda takal okan bolup oturmak birhili bolýan ýaly.
Ýöne, onda-da ýazuwa bolan yhlasyň hatyrasyna seň ýazýanlaň barada käbir zatlary belläýin:
1. Sende, tüweleme söz ukyby, kapyýa, sazlaşyk (ritm) duýgusy bar. Setirde pikirleriňi tygşytly hem düşnükli berip bilýäň;
2. Kärim boýunça halypalarymyň esasysy maňa şeýle diýipdi: "Derňew - bu umman. Ýüzjek ugruňy bilip ýüzmeseň, şol ummanda azaşyp ýitip gidersiň". Bu aýtgyny goşgy, hekaýa barada-da ulansaň boljak. Sen goşgy ýazaňda ýüzjek ugruňy bilýäň, kän bir çabalanyp, çar tarapa urlup, duýgulardyr-pikirleň içinde gark boljak bolup ýörmeýäň.
Bu ikisi ýazmak zähmetiňde gowy taraplaň.
Indi şygyr barada şahsy öz pikirlemmi aýdaýyn:
1.Şahsy tejribäme esaslansam, islendik eser adatça ýekeje jümläni ýa-da ýekeje jygba-jyg sýužeti aýtmagyň hatyrasyna ýazylýar. Goşgyň gowy zady - kyssadan tapawutlylykda şol aýdylasy gelinýän birje jümläni ýa-da jygba-jyg sýužeti bada-bat, göni birinji setirde ýa-da topbakda aýtmaga başlap bilýär (Kyssada şol jümläň täsirini döredýänçäň, ýazyp bizar bolýaň. Ol jümle ýa-da sýužet üçin ummasyz anturaž (bezeg) döretmeli);
Muny aýtmak bilen diýjek bolýanym, setirleň edil çüý ýaly, berk, göni hem-de bir kakaňda dessine ýürege "çümýän" bolmaly. Mysal gözläp daşa gitme:
Ine şeýle setirler:

Asmanda ýalňyz guş.
Ýerde bir derwüş.
(He.eý, guş, ýuwaş!!!)
(E.eý, derwüş, çüş.ş!)
Guş-a kermiş.
Derwüş körmüş.
Ýöne guş eşidýärmiş.
Derwüş görýärmiş.
Eýgörmüş.

Suraý Babanyýazowa (Guş we derwüş). Salgysy: http://kitapcy.com/news/mana_ucma_diyme/2021-09-16-17366

Gördüňmi, bujagaz oýnamyň nähilidigini?! Sähelçe söz welin, içiniň manysam, duýgusam ummasyz. Şujagaz oýnama sygdyrylan pikiri, duýguny şu täsiri bilen hekaýada emele getirjek bolsaň, hekaýa süýnüp-süýnüp poweste öwrüler. Olam başartsa.
2.Şygryň şu derejede täsirli bolmagy üçin bolsa, ol birinji setirinden geň galdyrmaly, "Bäý-bäh! O nähili beýle bolýar-aý?!" diýdirip, içiňi çekdirmeli. Şonda şol ilkinji setir tutuş goşgyny okamaga imrikdirýär.
Mysal üçin, @mangoň terjimesinde Stanislaw Misakowskiýniň goşgusynyň terjimesi:
Soýdular
sogan soýan ýaly.

Özüme gelemde gördüm ki,
içki dünýäm boşap ýatyr...
Şu setirlerde "soýdular" diýen söz bada-bat ünsüňi çekýändir. Özem "dile geldi bile geldi", bu terjimedäki görnüşi Misakowskiýniň originalyndan has güýçli bolupdyr:
"Меня ограбили начисто.
Когда я пришел в себя,
всё, что составляло мой внутренний мир,
бесследно исчезло."
Eger-de gönüden-göni terjime etmekçi bolsaň, onda şeýle bolmalydy:
"Meni taladylar, sap-tekiz.
Özüme gelemde,
Içki dünýäm özeni, ýitipdir,
nam-nyşansyz"...
Emma, bu terjime "soýdulardan" ýoluk ejiz gelýär duruberýär.
Umuman, @Zehin, diýjek bolýanym, öz ukybyň artykmaçlyklaryndan peýdalanyp, her ýazan setiriň bilen täzelik tapmaga, geň galdyrmaga dyrjaşsaň öz ýoluňy taparmykaň diýýän. Ýogsa, ýazýan zadyň näçe şygryýetiň kada-düzgünine laýyk bolsa-da gaýtalamak ýaly bolar durar.
Maslahatlarymy hondanbärisilik diýip hasaplamarsyň diýip, umyt edýän.

0
5 Aksary   [Материал]
Akmaýaň ýoluny ýasanan gökden,

Gowy

0
12 Taryhçy   [Материал]
Aksary daýy! Akmaýanyñ ýoly gökde öñ bar-a. O nirden ýasaýamyş osoñ?

0
13 Taryhçy   [Материал]
Yerine düşmedik manysyz setir.

0
1 mango   [Материал]
1) Ýatlamak islämok ýatlamarynam...
2) Indi sen ýatlarsyň – men ýatlap boldum.

hany, ýatlamak isläňokdyň? emma ýatladyň hem gezegi oňa geçirýäň?
Gurbanmämmet, "ýatlamaryn" diýip hem özüňi, hem ýatlaýanyňy, hem okujyny aldaýan ýal-a bolýar.

0
2 Zehin   [Материал]
Dost seret men önki yatlanlarymy aytyan haçanda tapdan dusen sonky netijede yatlamakdan el çekilyar. Hakykatdan hem bir naçe yylar yatlap yormegini goz onune tutyar

0
3 Taryhçy   [Материал]
Öz ýazan zadyňa ozüň aklawjylyk etme.

0
4 Taryhçy   [Материал]
Bahany il bersin.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]