22:36
"Indi goşgy ýazmak aňsatlaşypdyr..."
"INDI GOŞGY ÝAZMAK AŇSATLAŞYPDYR...“

Indi goşgy ýazmak aňsatlaşypdyr,
Goşgy ýazýar oglan-uşak,
Ene-mama,
Ata-baba,
Şäher-oba.
Hem gyzlar, hem gelinler.
Kazylar hem kelanlar.
Polisaýlar, prokurorlar –
"Döwet galamy“ zorlar...
Saklap bilmän joşgunyny,
Ýazýar ýatlap ýaşlygyny.
Biri göwün hoşlugyny.
Biri ýatlap başlygyny.
Biri köýen söýginiň
Indi aradaşlygyny.
Biri Oguz han bilen
Ýatlap garyndaşlygyny.
Biri Görogly bilen
Ganybir gardaşlygyny,
Şonuň üçin özüniň
Her işde berdaşlygyny,
Tekrarlap, tekrarlap goşgy ýazýarlar.
Daýhan daýhanlygyn undupdyr birçak.
Pil depip däl, ýazyp-pozup,
Der dökýär burçak-burçak.
Aňkaryp galypdyr muňa Kerimem,
Berdinazaram,
Gurbannazaram...
Şo mahal zoňtar ses eşdilip gitdi:
- Ýazaram, ýazaram, ýazaram...

14.04.2016.





Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 3.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
Penjiräňi aç! / Goşgular - 16.03.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..." / Goşgular - 21.03.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021
Baýadowadan täze goşgular / Goşgular - 11.03.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021



Всего комментариев: 4
1
3 Atayew   [Материал]
ÝAZHA-ÝAZ!

Oňat döwür boldy, indi goşgyny
depder-depder edip, çem gelen ýazýar.
Ýüreginde bolmasa-da hoş duýgy,
Zehinden binesip çöňňeler ýazýar.

Her ýyl yglan edilende bäsleşik,
Öňürdikläp hem ylgaşlap, säpjeşip,
Utanç-haýaň serhetinden ätleşip,
Daýylar, daýzalar, ýeňňeler ýazýar.

Ýarty kerpiç bilen maňlaýna berseň,
Bulanan beýniler durlanar belkem,
Dälihana girip çykandyr görseň,
Aklyndan azaşan telbeler ýazýar.

Gowy goşgam çap edilýär çendanlar,
Hiç kim oňa baha bermez, geň galmaz.
Çemeçiller, söwdagärler, dellallar,
Bir söz bilen aýtsak, hemmeler ýazýar.

Eger çynyň bilen joşmasa göwnüň,
Waspyn edip bormy bagtyýar döwrüň,
Sakgalyn-sarmygyn galama öwrüp,
Garrap, sandan galan töňňeler ýazýar.

Meger alyp gaçýan borly hyýallar,
Öňler keşde çekip, gaýma gaýanlar,
Ýüz ýyl owal ärden galan aýallar,
Hem kazy-kelanlar – selleler ýazýar.

Şygyr döretmek kyn örtenmän, ýanman,
Dogry sözüň aýtman, öz syryň ýaýman,
Şahyr dostum, neçüýn otyrsyň ýazman,
Gör-ä, bu gün senden öňňeler ýazýar.

Atamyrat Atabaýew.

0
4 Revo   [Материал]
"Utanç-haýaň serhetinden ätleşip,
Daýylar, daýzalar, ýeňňeler ýazýar"

Şahyrçylyk - bu bir hudaýy berlen talant dälde, köp okamagyň, fantaziýanyň we duýgunyň gatyşmagy esasynda kemala gelýän senet. Onam islendik ynsan öz başarnygyna görä ýerine ýetirip biler. Biri ýiti ýazar akyl - huşuň aňk eder, biri kütek ýazar özünde baryn bagyş eder, ýene birem "Gowy goşgam çap edilýär çendanlar, Hiç kim oňa baha bermez, geň galmaz" diýip, gün astyndaky şöhleli ýerini özgelerden gabanyp ýazar. Ýöne, kim nähili ýazsada, gowy goşgylar elmydam adamlaryň ýüreklerinde orun tutar.

0
Like goydum

0
Garaz işlejek ýok, her kim okajak diýşi ýaly ejem görgüliñ, her kim şahyr boljak. Menä aydymçy bolmagy maslahat beryän size. Galamasynam özüñiz biliñ. Aý yone şu hili yazjak bolsañyz, bor, onda hemmäñiz şahyr bolaýyñ

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]