03:57
Iň uly mesele
IŇ ULY MESELE

Bar zat ýüregiňi agyrdýar.
Çözülmeýän mesele.

Saňa aýam-günem düşünenok.
Bir çüňkde sessiz eňremek.
Dünýäň ikiýüzlüligine däl,
million ýüzlüligine düşünmek.

Ökünmek.
Gorkmak.
Tisginmek.
Uçup gidip barýan jigeri
köşeşdirmek.
Bile aglaşmak.
Gözüniň ýaşyny
elýaglygyň bilen süpürmek.

Utulmak.
Erkek adam kimin utulmak.
Boýnuňa almak.

Dünýäde mesele kän.
Bir meseläň näçe diýseň çözgüdi bar.

Iň uly mesele:
Çözgüdiň iň haýyrlysyn saýlamak.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 127 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 7
0
7 Mähriban   [Материал]
Taňryýalkasyn!

0
6 MмС   [Материал]
Jemlemani halamadym. Gosgyn ritmi gowy

0
5 mango   [Материал]
suraý hanym, bu goşgyňa 4-lik goýjak.

0
4 Tumarly   [Материал]
Siz haýyrly çözgüdiñizi tapdyñyz dogan. Şygryýetde öz ýüzüñiz, sözüñiz bar. Şu ýoly sypdyrma

0
3 Tumarly   [Материал]
Meseläñ mesele däl diýýälermi :)

0
2 Bagabat   [Материал]
Köplenç adamyň özüne hatda oň özem düşünmeýä. Bir Alla anygyny bilýä. Şoň üçinem: "Özüni bilen weli" diýilýär. Diýmek, welilik gudraty ilki bilen özüňi bilmekden başlanýan bolara çemeli.
"Bile aglaşmak" hakda aýdylanda bolsa, durmuşda gülkiňe çyn şärik kän-de, agyňa çyn agydaş seýrek. Şoň üçinem, owal Alla aglamalam etmesin, agydaş gözlemelem. Ýöne, durmuş süýjüsiz bolmaýşy ýaly, ajysyzam bolmaýar. Şonda-da tesellisinem ýany bilen dert bereniň, gert döredeniň Özi bersin...

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Suraýjan ömrün bolsun gadyrdanym!
Goşgyda agşam başymdam geçiren ahwalymy dolulygna beýan edipsiñ. Ýürekdeş diýilýän adamlar şeýle bolýan bolsa gerek. Çözgüdiñ iñ haýyrlysy bize aýan däl uýam. Goý, Alla hemmämizi iñ haýyrly ýola gönükdürsin!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]