20:16
Iñ şadyýan zenan / hekaýa
IÑ ŞADYÝAN ZENAN

Ol birbada howanyň sowanyny aňşyrmady, sebäbi pikirleri bilen başagaýdy. Pikirleri bolsa durlandygyça bulaşýardy, bulaşdygyça-da ýitýärdi, gaçýardy. Olary täzeden yzyna dolap getirmek üçin ol çalaja ädimlerini haýallatdy, ýöne pikirlerem öýden çykan wagty mylaýym bolup, indem birden sowan howa ýaly üýtgäp durmasyny bes edenokdy. Ol özüni dürsemek üçin bir pursat aýak çekende, üşeýändigini bildi. Dişleri şakyrdap, aýaklary titiräp duran horajyk göwre uludan dem almak isledi, ýöne sowuk howa gursagyny gysyp duransoň, uludan demem alybilmedi. Onuň bir ýere ýygnanasy gelmeýän dodaklary “sowuk, sowuk” diýip pyşyrdady. Awtoduralga menzilinden çykyp-çykmankaň, her pasyla görä harydyny üýtgedýän satyjy daýza onuň bolup gelşine köpmanyly seretdi. Daýzanyň bir gözi kiçiräk, bir gözem elli teňňelik ýaly uly bolansoň, hemmäniň ýadynda aňsatlyk bilen galýardy, hemmelerem ähli “paty-putusy” bilen onuň aňynda ýerleşýärdi. Kim gelýär, kim gidýär, kim tanyş ýüz, kim nätanyş-ol şo menziliň hasap ýöredilýän “janly” ýandepderçesi ýaly bar zady kellesine ýazyp oturýardy. Saçlaryny hemişe soňky nysaga görä, on sekizinji asyr iňlis hanymlarynyňky ýaly depesinde dolap goýýan bu garaýagyz gyz, aýratynam, gülekligi bilen ýadynda galypdy. Bir gezek gapdalyndaky ýigit satyn alyp beren çigitlerini elinden gaçyranda, ol hezil edip gülüpdi. Satyjy daýza onuň garaýagyzdan gödeksi ýüzüne gelişmeýän näzik gülküsiniň insizje uzyn joýanyň töwregine ýygnanyşýan gök musaýyjalary pasyrdadyp uçurandygynyň şaýadam boldy. Daýzanyň göwnüne bolmasa, şol joýanyň ýanyndaky eýesiz pytyrap ýatan ýapraklaram birki ädim aňryk üflän ýuwaşja şemal şol gyzyň gülküsinden emele gelipdi. Gapdalyndaky adamlaryň birem gara eşikde bolmansoň, gara eşikli satyjy daýzanyň keşbi sowukdan titiräp gelýän gyza ak meýdançadaky gara gargany ýatlatdy. “Gak-gaak” Gyz onuň lak atmasyna üns bermedi. Şo pursat yza götinjeklän gök maşyn onuň ädimleriniň arasyny kesdi. Şonda daýzanyň lak atmasy gulagyna şeýleräk bolup eşidildi: “A gyz, üşäňokmy, gaty ýuka geýnipsiň?” Gyzyň sowukdan ýaňa gök reňk çalnan ýaly görünýän dodaklarynda ysgynsyzja ýylgyryş öwşün atyp gitdi. Şol ýylgyryş ýitip ýetişmänkä, daýza tarapa öwrülip, kellesini ýaýkady. “Ýok, üşämok” Gyzyň kellesini ýaýkaýşyndan nähili jogap berendigini aňlan daýza “Söýgi üşedýän däldir seni” diýip hüňürdedi.
Asmandaky gara bulutlardan ownujak buşlukçy damjalar gelip başladylar. Olaryň ilkinjileriniň biri gyzyň gyzaran we ýanynda elýaglygy ýokdugy zerarly ýygy-ýygydan elini tutup çekmeli bolýan burnuna damdy. Gyz ýukajyk žempirine hasam dolanan wagtynda kirpiler ýaly kellesini böwrüne sokup, düýrügip bilmeýändigine haýpy geldi. “Şonda-ha gowy ýylanardym” diýip pikir etdi. Onuň pikirleri yz tarapyndan gelen gelnalyjy kerweniniň batly we dowamly signal sesleri bilen tassyklandy. Alty-ýedi sany maşyndan ybarat gelnalyjy kerweni şardan we emeli güllerden bezelendi. Kerweniň başyny gotazlar bilen bezelen ak maşyn çekip barýardy. Maşynlaryň sag gapdalynda bolýan kiçijek aýnalardan ýukajyk ýaglyklar asylgydy. Gyz bu şowhunly “maşyn ýörişine” seredip barşyna “Toý güni ýagyn ýagsa, toý eýesi gysylýar” diýip, ulularyň degişmä salyp aýdýan kakdyrmalaryny birki gezek eşideni üçin “Kim gysyk bu gün toý tutýarka?” diýip ýylgyrdy. Şol wagtam “Gowumy gyz?” diýip, kimdir biriniň egnine kakan eli ony synlap barýan jadyly dünýäsinden alyp çykdy:
-Salam...m..., wiý, Gülbahar senmi ?-diýip, ol egnine kakan gyz bilen gujaklaşdy. Olar biri-birini uzak aýraçylykdan soň ýaňy tapan garyndaşlar ýaly mähirli salamlaşdylar, gyzgyn hal-ahwal soraşdylar. “Şahsy frontda nähili, täzelik barmy, toýa garaşsak bolýarmy?” diýip, ol bilesigelijilik bilen yzly-yzyna sorag sugşurdy. Sowukdan ýaňa tokarja ýaňaklary gülgün öwsüp duran Gülbahar hol beýleräkde özlerini ünsli synlaýan ýigide tarap ümledi:
-Ana, meniň-ä şazadam. Toýam nesip edenden basym bolmaly. Sähedimiz bellengi. Hökman gelgin, gyz! Saňa aýratyn çakylyk barar-diýip güldi. Ýigit tarapa henizem seretmegini dowam etdirýän gyz “Tüweleme” diýdi-de sözüne dyngy berdi. Onuň näme diýjek bolanyna derrew düşünen Gülbahardan ses çykmansoň, sözüni dowam etdi:
-Toýuňyz bolsa gowy-da şo, bagtyňyzam bolsun-da hernä...
Gülbahar bu sözlere ýylgyrdy-da, gyzyň sowukdan buza dönen inçejik barmaklaryny minnetdarlyk bilen gysdy. “Ýazylýandyr-da, Jemal!” Onuň sadalyk bilen aýdan bu sözleminde “Sen meniň ýigidimi başga gyz bilen gören bolsaňam, oňa ýalançy oglan ekeni diýen bolsaňam, maňa şol ýigit bilen söýüşmezligi, oňa ynanmazlygy maslahat beren bolsaňam, barybir ony bagyşladym. Meniň ynamym seniň şübhelenmäňden üstün çykdy. Ine, indem toýumyz” diýip, ýeňşini baýram edýän ýalydy. Ýeňlenler üçin iň agyr ýeňliş ýeňijiniň özüne garaşyk etmegi dälmi näme?! Şeýle bolsa-da, Jemal jorasynyň bagtyna ýürekden ýylgyrdy. Oňa geýen köýneginiň owadan gelişýändigini, söýülýän zenanlaryň, hakykatdanam, örän owadan bolýandygyny öwran-öwran ýatlatdy. Gülbaharam öz gezeginde bergili bolup galmady. “Onda sen hasam söýülýän bolmaly, sen mendenem owadan” diýip degişdi. Joralar bu gürrüňe sesli gülüşdiler. Olaryň gülki sesleri ýanlaryndan şaňňyrdap geçip giden täze gelniň kürte şaýyna gatlaşdy-da, çytyk howanyň özüne meňzäp barýan adamlaryň göwnüni göterdi. Jemal jorasy bilen sag bollaşansoň, basymrak öýe ýetmek üçin ädimlerini çaltlandyrdy. Eger adamlaryň ýöreýşinden olaryň näme pikir edýänini bilip bolýan bolsady, onda Jemalyň ädimlerinden “Ýagyş guýmanka, öýe bir ýetsedim” diýen pikiri okamak bolardy. Ýoldan gidip barşyna Gülbaharyň söýgi taryhynyň bagtly soňlamasyna henizem haýran galýandygyny bildi. “Men adam tanamog-ow” diýen pikirini tassyklarly görnen damjalar her ýerräkde “dogry-da dogry” diýşip, heşelle kakýan ýaly ýüzüni sylyp geçdiler. Öň dodaklary “sowuk, sowuk” diýip pyşyrdan bolsa, indi çalymtyl gara bulutlaryň reňkini alan howada deminiň galdyrýan yzy “sowuk, sowuk” diýip ýazdy. Ol köwüş satylýan dükanyň deňinden saç temençesi ýaly bildirmän geçibilmedi. Sebäbi dükanyň girer agyzdaky penjiresinden köwüş satýan tanyş gelnejäniň göni özüne seredýänini gördi. Bular ýaly pursatda salamlaşman geçmek edepsizlik boljakdy. Satyjy gelneje daşary çykan badyna kellesindäki mele ýaglygyň uçlary şemala pasyrdady:
-Salam, Külbikejik!-diýip, ol gyzyl dişlerini lowurdadyp ýylgyrdy.
-Salam, Bike gelneje.
-Köwüş nädýär? Şazadaňa tarap eltýärmi?-diýende zenanyň gözleri köpmanyly oýnaklady.
-Men sagat on ikiden soň öýden çykamog-a-diýip, Jemalyň özem birden kellesine gelen degişmä gülüp goýberdi. Satyjy gelneje-de oňa goşulyşyp, çasly gülensoň, sowugyň derdinden haýal etmän dükana girip gitdi. Ol öz ýanyndan ýüzi agyr bu gyzyň degişmesini gowulyga ýordy. “Söýgi ýüzlere şatlyk paýlaýar” diýip begendi. Diňe satyjy gelneje däl, nan satyp ýören garry daýza-da, ýaňy-ýakynraklarda pizza satmaga başlan on alty ýaşly ýigdekçe-de, käwagtlar salam berlip, käwagtlaram salam berilmeýän deň-duş gyzy Ogulsenemem onuň ýeňil gopup, ýylgyrybrak gelşinden şeýle pikir etdiler. Häzir Jemalyň awtomenzil duralgasyndaky oýlanyşykly ýüzünden nam-nyşan ýokdy. Ol öz dünýäsindäki ýatlamalar bilen başagaýdy. Ýatlamalar bolsa şeýlebir çalt geçýärdiler welin, olary dolulygyna aňyňda janlandyrybam bolanokdy. Olar hamana biri-biri bilen bagly zynjyrlar ýaly, birini gutardym etseň, beýlekisi başlaýardy. Dükandan çykyp, ýörite salamlaşan satyjy gelneje diýäýmeseň, megerem, köçedäki beýleki adamlar onuň ýadynda-da galan däldir.
Ol derwezäni açyp, öýüne ätläninden ýagyş ýagmasy güýçlendi. Aşahandan eşidilýän “şabyr, şabyr” ses etiň gowrulýandygyny daş-töwerege ýaýran tagamly ys bilen bile habar berdi. Şular ýaly pursatlara gabat geläýse, aşhananyň töweregine üýşýän pişiklerdenem öňürti Jemal ylgap gelýärdi. Naharyny ataryp duran zenan maşgala adatdaky gök önümlerini kesişdirse-de, adatdaky däl bir zadyň bolandygyny Jemalyň öz ýanyna gelmän, göni öýe girip gitmeginden syzdy. Birhaýukdan gyzynyň otagyna galanda, ilki gözüne ilen zat Jemalyň entegem öl-myžžyk eşikde durandygy boldy. Ol penjireden daşary seredip durşuna titir-titir edýärdi. Gyzyny özüne tarap öwren zenan maşgalanyň haýýaty göçüp, ýüzi duw-ak boldy. “Näme boldy, gyzym?” diýen sorag hakykatda bir gezek eşidilenem bolsa, zenan maşgalanyň gulagynda tä gyzynyň zowladyp aglamasyny jogap alýança gaýtalandy. Jemalyň demi-demine ýetmän: “Ol me...meni...taş..şş...lady” diýen sözlemi ýüregini entiretdi. Aýagynda ysgyn galmadyk zenan maşgala aşak çökdi. “Ine, ýüzüginem başyna ýapsyn” diýip, Jemal sag eliniň süýem barmagyndaky akja gaşly altyn ýüzügi çykaryp, ejesiniň gujagyna tarap zyňyp goýberdi. Eger şol wagt Gülbahara ýa köwüş satýan gelnejä şu ahwalaty görkezseň, olar heý, ynanarmydy?! Öňkülerinden şadyýan görünýän bu gyzyň awtomenzil duralgasyndan bäri soňy belli bolmadyk söýgi aýralygyny ýüreginde göterip gelýändigini ýene ýüz ýyl pikir edibem aňşyrmazdylar. Öýüň içindäki imisalalygyň tersine daşaryda harasat bolup ýagýan ýagyş Jemalyň söýgüsiniň üstünden guýdy. Hamana, şo ýagyş söýgüsini ýuwup äkidäýjek ýaly, ol penjireden gözüni aýyrman seretmegini dowam etdirdi. Ýalaňaç baglara üýşüşen gargalar onuň uzaklara gitjek söýgüsiniň ýasyna gelen ýaly ses-sedasyz otyrdylar. Hemme zat gapdaldaky zawoddan göterilýän goýy tüsse ýaly tukatdy. Jemal soň-soňlar şo gündäki ýagşyň ömründäki iň gussaly ýagyş bolandygyny ýatlar.
Onuň biraz köşeşendigine we indi aglamaýandygyna göz ýetiren ejesi eşigini çalşyp, gyzgynjak çaý içmäge-aşhana çagyrdy. “Olar ýaly ýigitleriň ýene ýüzüsi tapylar” diýdi. “Biz saňa iň gowusyny saýlarys, gyzym” diýip, gyzynyň aşaklary gury bolsa-da, üsti öllükden ýaňa biri-birine ýelmeşip duran saçlaryny sypalady. Şol wagt beýleki otagda telefon jyňňyrdady. Ejesi telefonuň aňyrsyndaky adama:”Hemme zat gowulyk, hudaýa şükür. Bu ýerde güýçli ýagyş ýagýar” diýmek bilen başagaý wagty Jemal penjireden asmana seredip, haçan ýagşyň öz söýgüsini gutarnykly ýuwjakdygy barada pikir edýärdi.

Bägül ATAÝEWA,
Murgap etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.

Makalaň çapa çykan ýyly: Iýun, 2018 ýyl

Makalaň metbugat çeşmesi: "Edebiýat we sungat" gazeti

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 107 | Добавил: Haweran | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Düýşüñ huşdaky dowamy / hekaýa - 12.01.2021
Нищий / рассказ - 03.05.2021
Ylham / hekaýa - 04.05.2021
Возвращение Гушганат / рассказ - 17.03.2021
Ленинградская больница - 17.02.2021
Пуговицы / рассказ - 25.06.2021
Ночная гостья / рассказ - 23.06.2021
Калитка / рассказ - 25.06.2021
Отцеубийца / рассказ - 03.05.2021
Ночь (Кошмар) - 07.04.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]