02:21
Iň mähriban adam
IŇ MÄHRIBAN ADAM

Pasyllaň içinden bahary söýüp,
Ýigitleň içinde bir seni söýüp.
Diňe bagtlydygym bilmek isledim,
Mähribanym, bahar bolmak isledim.

Dünýäni nädeýin özüň bolmasaň,
Diňe seň bagtyňa baglansyn alnym.
Ýakyn bolanlaram bolupdy, bu gün
Iň mähriban adam sen bolup galdyň.

Ähli zatlar öz wagtynda bolup dur,
Gijä galman geler ömrümiň ýazy.
Soňy süýji bolýar ertekileriň,
Ömrüň ýary durmuş, erteki ýary.

Ömür geçýär, geçse, geçsin, şo ömür,
Seni söýmek üçin geçende näme?!
Seniň ömrüň öwrülmese ömrüme,
Ne derkar bar meniň mundan gitmäme?!

Her näme bolsa-da, niçik bolsa-da,
Diňe-diňe saňa baglansyn alnym.
Sebäbi şu uly dünýäň içinde ,
Iň mähriban adam sen bolup galdyň...

2014 ý.

***

Bulut çöker, meň derdimi kim çeker,
Seň derdiňi çekýän,
Saňa dert berýän
Hemmesiniň munda barlygy üçin,
Bu zatlaň baryny ýürek göterýär.

Ýaşamagam kyn däl, diňe söýme kyn,
Olam näme, kime aňsat düşüpdir.
Öň başbermez deňiz ýaly duýgulam,
Parahat deňiz deý, gör, köşeşipdir.

Men bolsa söýginiň aýdymyn aýdýan,
Karkara deý gygyramok, aglamok.
Bir gün ak atynda geljekdir diýip,
Hol alçak ýigide umyt baglamok.

Ýürek ýalňyz bolsa asuda bolýar,
Jeza-da berýän ýok söýeniň üçin.
Ahyr bir gün şol menzile ýeterin,
Goý, bu gün bolmasyn, bolmasyn ýakyn.

Ýöne bolsun onda ullakan şatlyk,
Ýöne hiç bolmasyn maňa dert berýän.
Diňe şol gowluga ýetjegim üçin,
Bu zatlaň baryny ýürek göterýär.

Kalba ýazylan zat bozulmaýar hiç,
Ýüregiňe agyr düşse her gezek.
Käte kalby diňe gussadanam däl,
Hatda söýgüdenem goramak gerek.

2014 ý.

***

Alyslara uçup giden ýaşlygym,
Geçipsiň sen bir ajaýyp düýş deýin.
Juwanlykda serim sämedip söýgä,
Uýupdyryn galan zatlar hiç deýin.

Kim söýgä ir duşýar, kimse duşmaýar,
Kimleriň gijiräk açylýar bagty.
Nesibe, kä ýeňýäň, käte begenýäň,
Ýöne bar zat bolar bolmaly wagty.

Puşmanam ýok, ýöne, ýöne... ýürek bi,
Wah, ýürege emir edip bolmaýar.
Garaşmaýan kişiň çykýar öňüňden,
Garaşan adamyň ömür gelmeýär.

Saňa, saňa bütin ömür garaşyp,
Ne-hä aglabildim, ne-de bir gülüp.
Sen gelersiň meniň giden mahalym,
Ah, ýazyp bilmedik şygyrlam bolup.

Ýyllar bolsa, geçip barýar düýş bolup,
Käteler ýürege bir gussa düşýär.
Sen bolmasaň gün geçmejek ýalydy,
Gün sensizem dogýar, sensizem ýaşýar...

2014 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Гадание / Goşgular - 20.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022
Jigime nesihat / Goşgular - 13.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Руфь / Goşgular - 18.01.2022
Ýyldyrym / Goşgular - 27.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mahremlik   [Материал]
Ýürek ýalňyz bolsa asuda bolýar
Jezada berýän ýok söýeniň üçin
Şu setirler gaty gowy okyjyň göni ýüregne täsir edýän setirler

0
1 mango   [Материал]
"Bulut çöker, meň derdimi kim çeker" - ýaman dirije setir eken. berekella.
şeýle söýgi goşgularyň sujuk bolmak şansy uly bolýar. emma, suraý hanym suwjarmandyr. muňa-da berekella.
soňkyja goşguny has haladym, ýöne:
"Nesibe, kä ýeňýäň, käte begenýäň" -diýeňde ýeňmegiň özi begençli dälmi näme? "kä, käte" diýeniň üçin "ýeňmegiň" tersi agzalaýjak ýaly welin, "...kä ýeňýäň, käte ýeňilýäň".... diýen ýaly.... düşündirip bildimmi?
---
Garaşmaýan kişiň çykýar öňüňden,
Garaşan adamyň ömür gelmeýär.


ýyl 2022. garaşanyňdan habar barmy?
ýa töwerek garaşmaýanlaňdan dolumy? :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]