14:14
Ile gerekli bolmak
ILE GEREKLI BOLMAK

Waharman gawuny nähili süýji,
Şonda-da paçagyn oklaýas mala.
Süýji-süýji söze ynanyp käte,
Birdenem düşýäris ýaramaz hala.

Ganañsoñ bulagyñ şerbet suwundan,
Çeşme ýatdan çykýar, yzda taşlanýar.
Adamzatda ýagşy zady unutmak,
Mümkingadar şu zatlardan başlanýar.

Durmuş ýörelgesi zarlyk hem barlyk,
Barly bolsañ, dost tapylýar daşyñda.
Ile gerekli bol, ýörelgäñ bolsun,
Şonda hiç wagt zarlyk bolmaz başyñda.

Öte syr saklama iliñ-günüñden,
Pis maksadyñ azaşdyrar ýoluñdan.
Öz bähbidiñ arap, özüñ pis etme,
Il söýmese, peýda bolmaz puluñdan.

Süleýman ÖWEZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 68 | Добавил: Haweran | Теги: Süleýman Öwezow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

“Ýöne hakykaty aýtmaly bolsa...” / Goşgular - 31.01.2022
Ýagyşly gün... / Goşgular - 18.01.2022
Джульетта / Goşgular - 04.02.2022
Когда выпадет снег... / Goşgular - 22.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
«Ты никогда меня не спросишь...» / Goşgular - 23.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Первый снег / Goşgular - 16.02.2022
Georgiy Şengeliden goşgular / Goşgular - 23.02.2022
"Их-то Господь — вон какой!" / Goşgular - 15.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]