18:06
Il-gün şoña garaşýar
IL-GÜN ŞOÑA GARAŞÝAR

Ajap eýýam gelmedi
Magtymguly.


Köpelýär nämähremlik, bir-birine uýmaýan,
Ulus-il, diýar üçin tenha ýanyp-köýmeýan.
Köpelýär ýatyp iýýän, hiç pişäni söýmeýän,
Artyp barýar arada özgäñ derdin duýmaýan.
Arzuw etdi uly il ajap eýýam gelerne,
Garaşdy oñat güne, dünýäñ täzelenerne.
Duýjak bolmadyk asla, il-gün bagta garaşdy,
Özünem bilin guşap, bagta pugta garaşdy.

Söwda-saryga barsak, dükanlar çürkäp geldi,
Okuwa girjek bolsak, dekanlar çürkäp geldi,
Wraç hem ýuristlikde okanlar çürkäp geldi.
Lükge-lükge galyñy alanlar çürkäp geldi,
Haşamly kürsülere galanlar çürkäp geldi.
Etmişini az görüp, ýene tagta garaşdy,
Halkyñ halyn duýmady, il-gün bagta garaşdy.

Haka däl-de, nähaka serpaý bary ýapyldy,
Halal-haram gatyşdy, bir-birine sapyldy.
Alçy, kezzap, bigamlar aramyzda tapyldy,
Hakykaty diñlemän, gulaklarmyz gapyldy,
Çekinişip adamlar gepledi, ne syr açdy,
Halkyñ halyn duýmadyk, il-gün bagta garaşdy.

Sebäbini uzakdan agtarmalyñ adamlar,
Hasratymyz görüp dur durgunlykdan dadanlar.
Bu güne salan belli; küpür gepläp ädenler.
Synamyzy daglanlar, ömrümizi gädenler
Halkyñ halyn duýmady, il-gün bagta garaşdy,
Hakykat ýol almansoñ, gursagyndan göreşdi.

Il agysyn duýmadyk, oñaýdyk dymmak bilen,
Günäkäri gözledik, günäsin gömmek bilen.
Aga "gara" diýdik biz, gözümiz ýummak bilen,
Bitiren goşumyz ýok, bahany kemmek bilen.
Agzalalyk döredýän syhy dürtmäni goýsak,
Ak ýürek bendelere gara sürtmäni goýsak,
Hiç nadara ýol almaz, bogaz ýyrtmany goýsak,
Iş bitirmän iki ýan ýöne ýortmany goýsak.
Başlygy ynanmasa elgarama öwse-de,
Oñat bolar zamana, ýol galmasa ýöwsele.
Saçagmyz doly bolar, ilime nur saçylar,
Baş maksada ýetiler - ösüşe ýol açylar.

Sabyr käsämiz dolup, ýetip gelýär señrige,
Jübsi galyñ betpäller çydam etmän deñlige,
Gije-gündiz hars urdy, kümüş-gyzyla bakdy.
Kimseler garyp galdy, kimse kemsiz baýlaşdy,
Ekilmedik bugdaýy gögermänkä paýlaşdy.
Dogulmadyk ogluna kimse jaý salyp goýdy,
Gonamçylyk düzünden aýlap paý alyp goýdy.
Gaçýar olar zähmetden, gaçyp ýörler "zulumdan",
Aýlap ýörler parany gutulmaga ölümden.
Sypma ýog-a hiç kese Ezraýylyñ elinden,
Haýyr bolmaz o mahal tanyş-biliş, puluñdan.
Gepletseñ bu adamlar, dillerinden "dür saçdy",
Halkyñ halyn duýmady, il-gün bagta garaşdy.

Töwerek-daşlar awa, şora hem laýa döndi,
Ökünip, ah çekişip, günümiz aýa döndi,
Goh-galmagal köpeldi, dünýä saraýa döndi,
Düýp sebäbi köñüller, kalbymyz zaýalandy.
Asla duýjak bolmadyk, il-gün bagta garaşdy,
Adamlar nesýe däl-de, her gün nagta garaşdy.
Tankyt etmek ýoñ boldy her ýetene könäni,
Başarýar öli şire syçanam pis diýmäni.
Halamaýar halkymyz nogsanlygy sanany,
Il solar ak ýürekden işde güýjün synany.
Azaltsak boş maglumat, maslahaty bermäni,
Adamdan anketany goýsak belent görmäni,
Bes etsek göwni aldap, boş mejlisler gurmany,
Oñ bolar hakykatdan çykarsak düz-bir many.
Buýrup bilsek ynsaba, nebis diýen kesele,
Ileri bor işimiz, düzeler bar mesele.
Meniñ ajap ülkäme şol üstünlik ýaraşýar
Ak ýürekli adamlar, ana, şoña garaşýar.

Kaýum TAÑRYGULYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 79 | Добавил: Haweran | Теги: Kaýum Tañrygulyýew | Рейтинг: 2.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022
Käşgä gidip bolsa... / Goşgular - 25.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Maslahat / Goşgular - 25.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022
Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Ýadygärlik galsyn / Goşgular - 23.01.2022
Eje / Goşgular - 26.01.2022
Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]